13:49 Ählumumy edebiñ esaslary / soñy | |
2.6. Egin-eşik geýinmegiň medeniýeti
Pedagogika we edep-terbiýe
Egin-eşik adamzat durmuşynda aýratyn ähmiýetli zatlaryň biri. Rus halkynyň belli nakyllarynyň birinde aýdylyşy ýaly, biz öz gündelik durmuşymyzda her bir adamyňy geýnişi boýunça garşylap, aklyna görä ugradýarys. Egin-eşigiň jemgyýetçilik durmuşyndaky wajyp orny barada türkmen halkynyň döreden pähimleri hem az däl. Olardan birini mysal getireliň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Mämmetweli Keminä degişli hekatlaryň birinde şeýle gürrüň berilýär: «Günleriň bir güni Kemine özüniň köne donuny geýip, toý ýere barýar. Toýa hyzmat edýän ýaş-ýeleňler Keminäni tanaman, onuň bigelşik, durşy bilen ýamadan doly köne donuny görüp, toý ýerinden kowýarlar. Kemine öýüne gelip, ýuwnup-ardynyp, özüne timar berip, täze çäkmenini egnine geýip, gaýtadan toý ýerine barypdyr welin, hälki ýigitler ony hormat bilen aýratyn hezzetlenilýän myhmanlaryň oturan ak öyüniň töründe oturdyp, öňüne içi palawly tabagy goýupdyrlar. Şonda Kemine çäkmeniniň ýeňini tabaga sokup, «Iý çäkmenim, iý. Bu saňa getirilen palaw» diýenmiş. Töwereginde oturanlar geň galyjylyk bilen oňa ýüzlenip: «Molla Kemine, bu näme etdigiňiz boldy?» diýip soranlarynda, Kemine: «Ýaňy men bu ýerik mellekde işläp ýören ýerimden egnimdäki köne donum bilen göni geldim we¬lin, oglanlar kowup goýberdiler. Onsoň men öýe baryp, egnime şu çäkmenimi geýip, täzeden gelemde, oglanlar meni şu öýde oturdyp, öňümde palawly tabagy getirip goýdular. Şonuň üçinem, men bu palaw maňa däl-de, meniň çäkmenime hödürlenen diýip düşündim» diýip jogap beripdir. Häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda egin-eşige işewür adamyň wizit kartasy hökmünde seredilýär. Gowy we gelşikli kostýumy bolmadyk adama işewür adamlaryň birleşmesine deň-derejeli agza bolup giräýmek aňsat düşmeýär. Ýöne ýere eýýäm XIX asyrda geljekki dünýä belli milliarder Rokfeller özünde galan iň soňky puluny haýsydyr bir täze önümçilik аçmаk üçin sarp etmän, diňe iki sany zady edinmek üçin harçlaýar, has takygy, pulunyň bir bölegine ol özüne aňrybaş gymmat matadan tikilen kostýum we aýakgap, beýleki bölegine bolsa, Amerikanyň iň baý adamlarynyň esasy ýygnanyşýan ýeri bolan golf klubynyň agzalyk petegini satyn alýar. Gowy kostýum we dilewarlyk onuň golf klubynyň agzalary bilen ýakyn aragatnaşyga we olaryň ynamyna girmäge mümkinçilik berýär hem-de oňa täze tanyşlarynyň üsti bilen uly göwrümli biznese başlamaklyga giň ýol açýar. Bu hereket Rokfelleriň diýseň akylly we öňdengörüjilikli adam bolanlygyna doly şaýatlyk edýär. Egin-eşik medeniýetine degişli ýene bir bellik. Rus halkynda «Sen maňa kim seniň dostuňlygyny at, men saňa seniň kimligiňi aýdaýyn» diýen ýörgünli pähim bar. Egin-eşige hut şu nukdaýnazardan seredip, bu jümläni biraz ütgedibräk: «Sen maňa öz geýýän egin-eşigiňi görkez, men saňa seniň kimligiňi adaýyn» diýen görnüşe hem getirmek mümkin. Gelşikli egin-eşik döwlet edaralarynyň işgärleri üçin hem esasy gerek zatlaryň biridir. Ýöne beýle diýildigi olar owadan we gymmatbaha egin-eşik edinmek hakda aladalanmaly diýildigi däl. Esasy mesele olaryň egin-eşik geýinmegiň medeniýetinden doly habarly bolmagyndan we egin-eşik medeniýetiniň ählumumy kabul edilen kadalaryny dolulygyna berjaý etmäge çalyşmaklary bilen baglanyşyklydyr. Indi şol kadalar we düzgünler baradaky gürrüňe geçeliň. Egin-eşik medeniýetiniň esasy düzgünleri, erkek adamlar babatynda aýdylanda, aşakdakylardan ybaratdyr: 1-nji düzgün Hiç haçan kostýum12 bilen sport aýakgabyny bilelikde geýmek bolmaýar. Sebäbi, olar öz ulanylmaly ýerleri boýunça biri-birleri bilen düýpgöter tapawutlanýan zatlardyr. 2-nji düzgün Kostýum geýip, onuň ýany bilen sport ýan torbasyny götermek nädogry. Gerek bo¬lan hatlar, resminamalar we beýleki mada zatlar üçin «diplomat», portfel, papka, keys tipli zatlary ulanmaga çalyşmaly. Eger-de, sport torbasyny götermek gaty zerur bolan ýagdaýynda, ýan torbanyň kostýum bilen çalymdaşrak reňkde bolmagy hakda aladalanmaly. Umuman, häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda erkek adamlara gaýyşdan, reňki gararak, göwrümi boýunça o diýen bir uly bolmadyk portfel götermek maslahat berilýär. «Diplomat», barset, keys görnüşli zatlary ulanmak soňky döwürde kän bir ýörgünli däl. Portfeller, esasan, zerur bolan resminamalary we kostýumyň jübülerinde ýerleşdirilmegi amatly bolmadyk zatlary (şahsyýetnama, pasport, bellikler kitapçasy, açarlar, wizit kartlary üçin niýetlenen gutujyk, portmone, äýnek we ş.m.) salmak üçin ulanylýar. Onuň içine artykmaç köp zat salmak maslahat berilmeýär. Portfel nepis eýlenen hakyky deriden ýasalan we goýy reňkde bolmaly. 3-nji düzgün Kostýum geýilse, hökamany suratda galstuk dakynylmagy ýatdan çykarylmaly däl. Kostýum galstuksyz geýilmeýär. Emma sport biçüwli, klublar üçin niýetlenen penjekler (gürrüň gapdal jübileri aýratyn ýelmenen ýaly edilip tikilen, tirsek ýerleriniň üstünde gaýyşdan ýa-da başga bir goýy reňkli berk matadan bölek berkidilen, sag döşünde haýsydyr bir gerb ýa-da emblema ýerleşdirilen we ş.m. aýratynlyklary bolan penjekler) geýlende galstuk dakynmak hökman däl. Şeýle penjegiň aşagyndan futbol maýkasynda, switerem geýip bolýar. Ýöne şeýle görnüşde işjeň we resmi gepleşiklere gatnaşmak dogry hasaplanylmaýar. Iki bortly, ýagny penjegiň oňündäki ilikleri sag we çep tarapdan hatar edilip tikilen kostýumlar hem hökmany suratda galstuk dakynylmagyny talap edýär. 4-nji düzgün Kostýum bilen geýilýän köýnek hökmany suratda uzyn ýeňli bolmaly. Gysga ýeňli köýnek geýip, onuň ýakasyndan hem galstuk dakynyp, kostýum geýmek düýbünden nädogry. Köýnegiň ýeňiniň ujy (manžeti) penjegiň ýeňiniň ujundan 1,5-2 sm daş çykyp duran görnüşde bolmaly. Kostýum bilen geýilýän köýnegiň boş jübüsi bolmasa gowy. Emma şeýle jübüsi bolaýan halatynda hem ol jübä hiç bir zat salmak bolmaýar. 5-nji düzgün Galstugyň ters ujunyň onuň esasy böleginiň aşagyndan görnüp durmazlygynyň aladasyny etmeli. 6-njy düzgün Daňylgy galstugyň uzynlygy barada aýdylanda, onuň aşaky ujy jalbaryň kemeriniň ildirgijiniň ortasyna golaý bolmaly, galstugyň ondan aşak düşüp durmagy-da, ondan kelte bolmagy-da nädogrudyr. 7-nji düzgün Galstugyň ini penjegiň ýakasynyň inine deňeçir bolmaly. 8-nji düzgün Galstugyň reňki kostýumyň reňkinden açygrak, köýnegiň reňkinden bolsa, goýaňsyrak bolmaly. 9-njy düzgün Galstugyň we kostýumyň çyzyklary biri-biriniňkiden tapawutly bolmaly. Sebäbi, kostýum bilen galstugyň bilelikde bir sistemany emele getirýändikleri üçin, olaryň elementleri hem birmeňzeş bolmasa gowy. 10-njy düzgün Agşamky dabara gatnaşmak üçin gelen kostýum bilen tebigy ýüpekden edilen galstuk dakynmaly. 11-nji düzgün Galstuk ýokary hilli we gymmatbahaly matadan tikilen bolsa, ol boýundan aýrylanda, hökmany suratda bozulup aýrylmaly. Umuman alnanda hem iş adamlary her gezek öz galstuklaryny bozup, boýnundan aýyrmaly. Şeýle edilmedik ýagdaýynda galstugyň çigim ýerinde aňsatlyk bilen düzedip bolmaýan ýygyrtlar emele gelýär. Her gezek daňyp-bozup durmak zerurlygy bolmadyk rezina berkidilen galstulary iş adamlaryna ulanmak maslahat berilmeýär. 12-nji düzgün Iş ýerinde geýýän kostýumyňyz bilen beýleki işgärlerden artykma tapawutlanjak bolmaly däl. Kostýumyňyzyň reňki gaty bir göze ilginç bolmasa gowy. 13-nji düzgün Iş adamlary üçin goýy reňkliräk kostýumda işe barmak maslahat berilýär. 14-nji düzgün Açyk reňkli kostýumlary işden daşary ýerlerde geýmek mümkin. Iş ýerinde geýilýän kostýumlaryň reňki garamtylrak, goýy gök, garamtyl çal bolsa, gelşikli hasaplanylýar. 15-nji düzgün Ala-mula we gaty goýy reňkli köýnekleri hem kostýum bilen geýmek dogy däl. 16-njy düzgün Iş adamlary üçin «men bärde» diýip, «gygyryp» duran galstuklary daňynmak hem gelşiksiz hasaplanylýar. Mysal üçin: (uly gülli artykmaç ýalpyldawuk we ş.m.) 17-nji düzgün Hiç haçan goýy reňkli kostýum bilen açyk reňkli joraby hem geýmek bolmaýar. 18-nji düzgün Iş kostýumy bilen geýilýän jorabyň gonjy uzyn bolmaly. Kelte gonçly jorap geýip, stoluň başynda oturan adamyň injigi görnüp dursa, gelşikli däl. 19-njy düzgün Eger-de, goýy garamtyl reňkli kostýumyň aşagyndan ak köýnek geýlen bolsa, aýakgabyň reňki hem garamtyl bolmaly. 20-njy düzgün Açyk reňkli kostýumlary işden daşary ýerlerde gündiz geýmek dogry hasaplanylýar, agşamara geçirilýän dabaralara we kabul edişliklere goýy reňkli kostýumy geýip barmak maslahat berilýär. 21-nji düzgün Resmi ýagdaýlarda penjegiň ortaky iligi (eger penjek iki ilikli bol¬sa, ýokarky iligi) hökmany suratda ildirilen görnüşde bolmaly. Oturlan ýagdaýda bolsa, ilikleri ýazdyrmak dogry hasaplanylýar. Ýerinden turan erkek adama penjeginiň ýokarky iligini ildirmek maslahat berilýär. 22-nji düzgün Gulluk eri üçin niýetlenilen kostýumlaryň elmydama ütükli we arassa saklanylmagy barada aladanmaly. Bu düzgün aýakgaplar, joraplar, elýaglyklary üçin hem hökmanydyr. 23-nji düzgün Her bir iş adamsynyň kostýumy öz ölçegi boýuna onuň göwresine doly laýyk gelmelidir. Dar penjegiň, gysga ýa-da dazzarylyp du¬ran jalbaryň gelşiksiz bolşy ýaly, ýeňleri uzyn we göwreden has giň penjegem, çakdanaşa uzyn jalbaram iş adamsyna gelişmeýär. 24-nji düzgün Elmydama moda kowalaşjak bolup hem durmaly däl. Eger-de, kostýum gelişmeýän bolsa, onuň moda laýyk gelýänliginden ne peýda? 25-nji düzgün Döwlet gullygynda işleýän erkek kişi öz ýany bilen elmydama iki sany elýaglyk götermeli. Olaryň birinjisi zerurlyk çykanynda ulanylýan elýaglyk bolup, ol jalbaryň jübüsinde ýerleşdirilmeli. Beýleki arassa elýaglyk bolsa, penjegiň içki jübüsinde ýerleşdirilmeli. Ýöne şunuň bilen bir hatarda soňky döwürde elýaglyk meselesinde başga garaýşyň hem döräp başlanlygyny-da, aýdyp geçmek gerek. Egin-eşik etiketiniň meselelerine degişli soňky ýyllarda çykan edebiýatlarda adaty elýaglyklara derek, gigiýena taýdan howpsuz bolan ýeke gezeklik çygly kagyz süpürgiçleriň (salfetkalaryň) ulanylmagynyň amatlylygy baradaky pikir hem öňe sürülýär. 26-njy düzgün Iş ýerinde geýilýän kostýumyň penjeginde, jalbaryň-da jübülerinde hiç bir artykmaç zat bolmasa gowy. Jübi telefony, pul gapjygy, wizit kartlary üçin niýetlenen gutujyk, içi açarly futlýar ýaly gerekli zat¬lar hem, mümkin bolsa, erkek adamyň öz ýany bilen göterýän, ýagny golunyň astynda bolan portfelde ýerleşdirilmeli. 27-nji düzgün Aýagy kelte adamlara uzyn penjekli kostýum geýmek maslahat berilmeýär. 28-nji düzgün Resmi ýagdaýlarda penjegiň ilikleri elmydama ildirilgi bolmaly. Ilikleri ildirilen penjekde başlygyň kabinetine girilýär, maslahatlara we ýygnaklara barylýar, çykyş etmek üçin tribuna çykylýar, teatra, toý-dabara, ýas ýerine barylýar. Ýöne, beýle diýildigi penjegiň hemme ilikleriniň ildirilgi bolmalydygyny aňlatmaýar. Eger-de, penjek üç ilikli bolsa, diňe ortaky ilik, iki ilikli bolsa, diňe ýokarky iligiň ildirilgi bolmagy ýeterlik. Oturylan halatynda, hasam kresloda, iş we nahar stolunyň başynda, ilikleriň hemmesiniň ýazdyrylmagy dogry hasaplanylýar. 29-njy düzgün Döwlet edarasynda işleýän adamyň dürli hili çäreler üçin niýetle¬nen kostýumlary bolup, olaryň sany azyndan üç sany bolmaly. Köýnekleriň sany 12-den az bolman, olaryň hemmesi açyk reňkli nah matalardan tikilen bolmaly. Iş adamsyna emeli matalardan tikilen köýnekleri geýmek masla¬hat berilmeýär. Ak köýnekler diýseň ýokary derejede, gar kimin ap-ak bolmaly. Köýneklerde göze çala ilýän çyzyklaryň bolmagyna rugsat berilýär. 30-njy düzgün Köýnegiň ýakasy häzirki zaman (klassyky) usulda bolmaly. Emma, köýnegiň akasy her bir adamyň boýnunyň we ýüzüniň aýratynlygyna laýyk gelmeli. Hortaň boýny bolan uzyn adamlar giň we burçlary ýakyn ýerleşdirilen ýakalary bo¬lan köýnekleri geýmeli. Emma dolmuş ýüzli, ýogyn we gysga boýunly adamlara inçe ýakaly köýnekler gelişýär. 31-nji düzgün Köýnekleriň ýeňujylary (manžetleri) ýönekeý, ýagny ilik bilen ildirilýän we goşaldylan görnüşde - ýörite ildirgiçler (rus dilinde - zaponka) bilen ildirilýän, görnüşde bolýar. Döwlet edaralarynda işleýän erkek adamlara, hasam olaryň resmi kabul edişliklere gatnaşanlaryna, goşalaýyn manžetleri bolan köýnekleri geýmek maslahat berilýär. Ýöne, şeýle köýnekler gelende, hökmany suratda, ildirgiçleriň gelşikli bolmagyna, olaryň gymmatbaha metallardan (altyndan, kümüşden, platinadan) ýasalan bol¬magyna, olaryň gaşlarynyň bolsa, gymmatbaha daşlardan bolmagyna üns berilmeli. Ýönekeý metallardan ýa-da plastmassadan ýasalan, gaşlary arzan, emeli daşlardan bolan ildirgiçleri ulanmak iş adamlaryna maslahat berilmeýär. 32-nji düzgün Döwlet edarasynda işleýän erkek kişi kostýum bilen birlikde öz aýakgabyna hem aýratyn üns bermelidir. Iş kostýumy bilen tutuşlygyna hakyky deriden edilen, esasan bagjykly, köwüşleri geýmek maslahat berilýär. Geýilýän köwüşleriň ökjesi o diýen beýik bolmasa gowy. Weýurdan ýa-da zamşadan tikilen köwüşleri geýmek hem iş adamsyna maslahat berilmeýär. Lakly köwüşleri esasan frak we smo¬king ýaly kostýumlar bilen geýmek dogry hasaplanylýar. Üstinde göze ilginç metal ildirgiçleri bolan köwüşler hem iş adamlaryna gelişmeýär. Erkek adamyň aýakgabynyň daşy-da, içi-de elmydama arassa bolmalydyr. Adam aýagynyň bir gije-gündiziň dowamynda 200 ml golaý der bölüp çykarýanlygy üçin aýakgaplaryň içi elmydama ýörite guradyjy (aýakgap dezodrantlary, ys dargadyjylaryny, guradyjy çyralary) ulanyp arassalap durmaly. 33-nji düzgün Döwlet edarasynda işleýän erkek kişä ýuka ýüň ýa-da nah joraplary geýmek maslahat berilýär. Joraplaryň gonjy hökman uzyn bolmaly. Ýüzünde «çyzyklary we nagyşlary bolan joraplary geýmek nädogry. Joraplaryň reňki kostýumyň reňkine gola ýa-da onuň bilen sazlaşýan görnüşdc bolmaly. Esasan, joraplar bir reňkde we goýy reňkli bolmaly. Açyk reňkli joraplar diňe açyk reňkli kostýumlar bilen işden daşary ýerlerde geýlip bilinýär. Goýy reňkli kostýumlaryň aşagyndan ak joraplary geýmek düýbünden ýalňyşdyr. 34-nji düzgün Kellä şlýapa geýmek soňky döwürde iş adamlarynyň arasynda o diýen bir ýörgünli däl. Eger geýiläýende-de, ol kostýum bilen sazlaşykly saýlanylyp alynman, esasan, üstki eşiklere görä saýlanylýar. Şlýapa köplenç gymmatbaha matadan tikilen uzyn paltolar bilen gowy gelişýär. Papagy kostýum bilen geýmek mümkin. Kellä geýilýän zatlar erkek adamyň daş-töwerek tarapyndan kabul edilişine (imijine) iň agytly täsir edýän zatlaryň hataryna girýär. Her bir erkek kişi telpekdir, papagy ýa-da şlýapany jemgyýetde eýeleýän ornuna, ýaşyna görä (sosial statusyna) saýlap almaly we diňe olary özüne gelişýänlerini geýmäge ýykgyn etmeli. Häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda iş adamlaryna gyrasy inli şlýapa geýmegem, beret geýmegem, garaköli baganadan pilotka görnüşde tikilen telpegem geýmek maslahat berilmeýär. Emma gyrasy kiçeňsiräk şlýapalar, tüýleri gyradeňräk bo¬lan suw haýwanlarynyň derisinden tikilen telpekleri welin, geýmek bolýar. Iş ýerinde erkek adamlara beret geýmek maslahat berilmeýär. 35-nji düzgün Erkek adamyň ellikleri gara ýa-da başga bir goýy reňkli bolmaly we esasan aýakgabyň we portfeliň reňki bilen sazlaşmaly. Ellikler hem edil kellä geýilýän zatlar ýaly, amalyýet ähmiýetli aksessuarlaryň hataryna girýär. Ellikler hökmany suratda ýokary hilli eýlenen teletinden tikilen bolmaly. 36-njy düzgün Erkek adamyň öz kostýumynyň daşyndan geýýän üstki ilkleri kostýumyň reňki we matasynyň fakturasy bilen çalymdaşrak bolsa dogry hasaplanylýar. Umuman, daşky eşikleriň reňki barada aýdylanda, olaryň çalymtyl, garamtyl ýa-da gök reňklerde bolmagy maslahat berilýär. 37-nji düzgün Iş adamlarynyň aksessuarlarynyň işinde boýna dakylýan şarflar we kaşneler hem aýratyn orun eýeleýär. Şarflar ýüň we ýüpek matalardan bolup, olar howa şertlerine laýyklykda boýundan dakylýar. Dokalan şarflary dakynmak iş adamlaryna maslahat berilmeýär. Iş adamsy paltodyr, plaşyny egninden çykaran badyna, boýnundaky şarfydyr, kaşnesini hem aýyrýar. Jaýyň içinde kostýumyň üstünden şarf dakynyp aýlanyp ýörmek gelşikli hasaplanylmaýar. Şarflar we kaşneler birsydyrgyn reňkli matalardan ýerine ýetirilen bolmaly. Olaryň reňkleri goýy bolmaly. 2.6.1. Döwlet edaralarynda işleýän erkek kişileriň aksessuarlarynyň käbirleri barada aýratynlykda 2.6.1.1. Pul gapjygy (portmone) Döwlet gullukçysynyň pul gapjygy hem edil işewür adamlaryňky ýaly, hakyky gaýyşdan, ýuka görnüşde, goýy reňkli bolsa gelşikli hasaplanylýar. Işewür adamlaryň ulanýan gapjygynda şaýlyklary salmak üçin ýerler bolmaly däl. Olarda diňe kagyz pullary, töleg kartlaryny we wizit kartlaryny salmak üçin niýetlenen «jübüjikler» bolmaly. Pul gapjygyny hiç haçan jalbaryň arka tarapyndaky jübä salmak bolmaýar. Ol portfelde ýa-da penjegiň içki jübüsinde ýerleşdirilmeli. 2.6.1.2. Ruçkalar Ruçka haýsydyr bir resminamalara gol çekmek we maslahatlardyr ýygnanyşyklarda degişli bellikler etmek üçin ulanylýan enjam. Häzirki zaman işewür adamlaryny we döwlet işgärlerini bu enjamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Talyplara, mekdep okuwçylaryna, ýönekeý wezipedäki adamlara ujy şarlyja ýönekeý, arzan bahaly ruçkalary ulanmak hem mümkin bolsa, wezipeli adamlara şeýle ruçkalary ulanmak maslahat berilmeýär. Ujy şarlyja ruçkalary hem ulanmak mümkin, ýöne olar metaldan edilen we atly kompaniýalaryň önümi bolmaly. Gymmatbaha ruçkalary öndürýän dünýä belli kompaniýalaryň hataryna Parker, Sheatter, Mont Blanc we Cross ýaly kompaniýalar degişlidir. 2.6.1.3. Äýnekler Äýnekleriň reňki we çarçuwasy her bir iş adamsynyň ýüzüniň aýratynlygyna laýyk gelmeli. Optiki äýnekleriň çarçuwasy agymtyk reňkli altyndan, kümüşden ýa-da platinadan bolmaly. Gadagan zatlar barada aýdylan-da, olar esasan günden goraýan, aýnasy tüm garaňky reňkde (kinolarda şeýle äýnekleri köplenç gizlin agentler içalylar dakynýar) bolan äýnekler bilen baglanyşykly. Ählumumy etiketiň düzgünlerine görä, seýle äýnekleri dakynmak işewür adamlara maslahat berilmeýär. Günden goraýan äýnekleriň aýnasynyň aňyrsyndan onuň eýesiniň gözleriniň biraz görnüp durmagy gerek. Günden goraýan äýnekleri edara jaýynyň içinde dakynmak bolmaýar. 2.6.1.4. Goşar sagatlary Işewür adamlara-da, döwlet gullukçylaryna-da gelşikli mehaniki, bagjagazy hakyky gaýyşdan bolan goşar sagatlaryny dakynmak maslahat berilýär. Emma şeýle sagatlar belli firmalaryň önümi bolsa, has dogry hasaplanylýar. Dünýäde giňden tanalýan sagat öndürýän firmalaryň hataryna Bulgari, Patek Philippe, Rolex, Swatch, Rado ýaly firmalar girýär. Iş adamsynyň sagadynyň ýüzünde göze ilip duran gymatbaha daşlar bolmaly däl. 2.6.1.5. Bezegler Bezegler barada aýdylanda, elindäki nika ýüzüginden başga iş adamsy hiç bir bezeg berýän zatlary (ullakan ýüzükleri, boýna dakylýan altyn zynjyrlary, bilezikleri) dakynmaly däl. Hatda, häzirki döwürde galstuklara dakylýan ilgençekler hem modadan çykan bezegleriň hataryna girýär. 2.6.1.6. Kemerler Erkek adamlaryň kostýum bilen dakynýan kemerleri goýy reňkli, kostýumyň reňkine çalymdaş bolmaly. Kemerler hakyky gaýyşdan bolsa, ýüzüne lak çalynmadyk bolsa gelşikli hasaplanylýar. Kemeriň ildirgiji ýönekeý, kiçi möçberli, gaty bir göze ilmeýän görüşde bolmaly. Kemer gereginden artyk uzyn bolmaly däl. Kemer bili gaty gysyp duran görnüşde dakynylmaly hem däl. 2.6.1.8. Saýawanlar Iş adamlaryna goýy reňkli, uzyn hem-de egreldilen tutawajy bolan saýawanlary ulanmak maslahat berilýär. Ol zerur bolan halatynda, pişege derek ulanylýan görnüşde bolmaly. Saýawanyň tutawajynyň daşy gaýyşdan bolmaly. 2.6.2. Ноşboý ys beriji atyrlar we parfýumlar barada Işewür adamlar we döwlet edaralarynda işleýän erkek kişiler üçin hoşboý ys beriji atyrlar we parfýumlar hem edil kostýum, galstuk we aýakgap ýaly wajyp zatlaryň hataryna girýär. Iş adamsyndan gelýän ys onuň imijine aýgytly täsir edýän zatlaryň biri hasaplanylýar. Irden, işe ugralanda, erkek adam ýiti ysy bolmadyk ýeňil losýonlardan (sakgal syrylandan soň ýüze çalynýan suwuklyklardan) ýa-da ýönekeýräk ysly atyrlardan (eau de toilette) peýdalansa, dogry hasaplanylýar. O diýen bir ýiti ysy bolmadyk parfýumlary (eau de parfum) erkek adamlara agşamara geýirilýän dabaralara gatnaşan mahaly ulanmaklyk maslahat berilýär. Ummasyz ýiti ysy bolan parfýumy sepinip, jemgyýetçilik ýerlerine barmak iş adamsy üçin gelşiki däl, Hassahanalarda işleýän lukmanlara-da, mekdep mugallymlaryna-da artykmaç ýiti ysly atyrlary we parfýumlary iş wagty ulanmak maslahat berilmeýär. Her bir erkek kisi özüniň ulanýan atyrlaryny we parfýumlaryny öz eýeleýän jemgyýetçilik statusyna göra saýlap almaly, özüne has laýyk gelýän ys berijileri ulanmaly. Hoşboý ys beriji atyrlar we parfýumlar bilen bilelikde erkek kişiler dürli görnüşli dezodorantlardan (pürkülýän ys aýryjylar) hem sowatly peýdalanmagy başarmaly. Erkek adamlar üçin häzirki döwürde atyrlaryň we parfýumlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Olary öndürmek boýunça özüni bütin dünýä tanadyp ýetien firmalaryň hataryna Christian Dior, Rochas, Givenchy, Hermes, Calvin Klein, Paco Rabanne, Faconnable, Carolina Herrera, Chanel, Courregess, Doice & Gabbana, Kenzo, Aramis, Hugo Boss, Antonio Banderas ýaly firmalar girýär. Bu firmalaryň çykarýan atyrlary we parfýumlary iş dünýäsinde uly abraýdan peýdalanýar. 2.6.3. Galstuklar we olaryň daňlyş usullary barada aýratynlykda Galstuk erkek adamyň kostýumynyň aýrylmaz bölegidir. Erkek kişiniň egin-eşikleriniň içinde diňe galstuga bezeg berijilik funksiýasy degişlidir. Her bir erkek kiçi galstugy geýýän kostýumy we köýnegi bilen baglylykda ulanmagy başarmaly. Iş adamlarynyň daňynýan galstuklarynda artykmaç şekiller bolmaly däl. Galstuklaryň dürli hili daňlyşy bolup, olar, esasan, düwnüň (çigimiň) emele getirilişi bilen tapawutlanýar. Düwünler galstuklaryň matasyna, uzynlygyna ýa-da gysgalygyna, köýnegiň ýakasynyň aýratynlygyna görä saýlanylyp alynýar. Galstuklaryň düwünleriniň emele getirilişiniň esasy usullarynyň hataryna Windzor, Kelwin, Pratt (Şelbi), Grançester, Kawendiş Nýuklassyk, diagonal düwün, gündogar düwüni, onassis we ş.m. atlary bolan usullar girýär. şolaryň 5 görnüşiniň üstünde durup geçeliň. 2.6.3.1. Gündogar düwüni Bu görnüşli daňlyş iň ýönekeý usul hasaplanylýar. Seýrek ulanylýan usul. Agyr (galyň) matadan edilen, örülen ýa-da ýüňden edilen gals¬tuklar üçin ulanylýar. Gaty uzyn daňуlmaýar. Ýalňyş daňlan halatynda gelşiksiz bogun (çigim) emele gelýär. 2.6.3.2. Ýönekeý düwün (çigim) Galstuk daňlyşynyň iň köp ýaýran usuly. Düwnüň özüne çekiji assimetriýasy bar. (Simmetriýa berjek bolup çalyşmaly däl). Islendik matadan edilen galstuk üçin, islendik uzynlykda daňlan galstuklar üçin ulanmak mümkin. Hemme galstuklar üçin ulanarlyklygy we ýönekeýligi bu düwnüň artykmaçlygy hasaplanylýar. 2.6.3.3. Kelwin Bu düwün gündogar düwnüne meňzeş ýeke-täk tapawudy galstugyň giň ujunyň esasy çigimiň daşyndan bir gezek artyk aýlandyrylyp daňylýanlygynda. Netijede, owadan we simmetrik görnüşli düwün emele gelýär. 2.6.3.4. Pratt (Şelbi) Bu düwüniň ady barada jedel ony oýlap tapan iki sany adamyň- ýewropaly Prattyň we amerikaly Şelbiniň atlary bilen bagly. Gysga galstuklar üçin ulanylýar. Seýrek ulanylýar, ýöne çigim islendik ýakaly köýnege gelişýär. Daňmasy biraz kynrak. 2.6.3.5. Wiktoriýa Bu usul hem galstuk düwünleriniň ýönekeýleriniň biri. Emma onuň özüne çekiji kiçiräk aýratynlygy bar. Bu aýratynlyk bolsa, esasan, galstugyň bir ujuny halkaň daşyndan iki gezek bogmak arkaly emele getirilýän ýogyn düwüm bilen baglanyşyklydyr. Şeýle düwüniň ulanylmagy könelşip, öz ilki durkyny ýitiren galustuklaryň ýetmezçiliklerini gizlemäge mümkinçilik berýär. Amatly taraplary: inçe galustuklar üçin ulanmak mümkin. Ýetmezçiligi: galustugyň ýeterlik derejede uzyn bolmagy zerur. Hakykatynda welin, galstuk düwünleriniň sany gaty kän (täze çigim, gannower, widzor, sent-endryu, erkin görnüşli çigim, ýarym windzor, goşalaýyn çigim, grançester, kawendiş, diagonallaýyn çigim, onasiss we ş.m.). Ýöne, ýokardaky sanalan ýönekeý bäş düwüni emele getirmäni öwrenen adam hiç haçan galstuk daňlyş meselesinde ullakan bir kynçylyk çekip durmaz. 2.6.4. Erkek kişileriň egin-eşik medeniýeti bilen baglanyşykly goşmaça maslahatlar • Iş adamsyna şol bir kostýumy 2 gün yzygiderli geýmek maslahat berilmeýär. • Kostýumyň penjeginiň eginleri ony geýen adamyň öz egninden kiçi-de, ondan uly hem bolmaly däl. • Penjegiň uzynlygy erkek adamyň aşak goýberilen gollarynyň barmaklarynyň başlanýan ýerindäki uzynlykda bolmaly. • Penjegiň ýeňleriniň ujy goşarlary ýapmaly. Penjegiň ýeňi erkek adamyň elleriniň hatda ýarysyny ýapyp duran bolsa¬da, gelşiksiz. Gollar öňe tarap uzadylanda, penjegiň ýeňinden köýnegiň ýeňi görünmeli. • Penjek erkek adamyň göwresine doly laýyk gelmeli. • Sport tipli inçemik göwresi bolan erkek adamlar bili birneme inçeldilen penjegi geýip bilýärler. • Dolmuş, az-kem garynlagrak erkek adamlara giňiräk biçüwli penjekleri geýmek maslahat berilýär. • Iki bortly ýagny öňündäki ilikleri iki taraplaýyn bolan penjekleri geýmek boýy uzyn erkeklere gelişýär. • Kelte boýly erkek adamlara bir bortly iki ýa-da üç ilikli penjekleri geýmek maslahat berilýär. • Penjegiň aşaky bölegi erkek adamyň bilinden aşaky bölegini gysyp durmaly däl. • Penjegiň ýakalary penjegiň döş tarapynyň üstüne edil oňa ýelmenen ýaly görnüşde bolmaly. • Has inli ýakasy bolan penjekler bilen inli galstuklar dakynylmaly. • Ählumumy etiketiň düzgünlerine laýyklykda köpçüligiň arasyna barlanda, penjegi çykaryp, köýnekçe oturmak gelşikli hasaplanylmaýar. Emma käbir resmi däl, ikçäk duşuşyklarda, hatda iki döwletiň ýolbaşylarynyň-da res¬mi döwlet edarasyndan daşardaky bolýan duşuşyklarynda (mysal üçin, öz ýokary derejeli myhmanyny özüniň şäherden uzakda ýerleşýän rezidensiýasynda kabul edýän halatynda) köýnekçe we galstuksyz bolmaklyga rugsat berilýär. • Hiç haçan penjegiň iň aşaky iligi ildirilgi bolmaly däl. Oturgyçda oturlanda, penjegiň diňe ýokarky iligi ildirilgi bolsa, kresloda ýa-da diwanda oturlanda, penjegiň hemme ilikleri hem ýazdyrylgy bolmaly. Ýöne ör turlanda welin, üç ilikli penjegiň ýokarky iki iligi, iki ilikli penjegiň bol¬sa, ýokarky iligi hökman ildirilgi bolmaly. Ilikleri ildirilen penjegiň astyndan erkek adamyň garnynyň çykyp durmazlygy üçin, özüne kostýum saýlaýan adam kostýumyň penjeginiň ýeterlik derejede giňirak bolmagy hakynda aladalanmaly. • Penjegiň döş tarapynyň üstündäki jübä hiç bir zat salynmaly däl. Dabaraly duşuşyklara we resmi kabul edişliklere barlanda, ol jübä galstugyň matasyna meňzeş matadan edilen ýaglyjagy çala uçlary görünýän görnüşde salmak mümkin. • Köýnegiň ýakasy giň hem bolmaly däl, o diýen bir dar hem bolmaly däl. Ýaka bilen bokurdagyň arasyndan süýem barmak erkin geçip biler ýaly bolsa, köýnegiň ýakasy laýyk hasaplanylýar. • Jalbaryň uzynlygy barada hem aladalanmaly. Jalbaryň uzynlygy öňe tarap ädilen-de, jorap görünmez ýaly derejede bol¬maly. Gönümel durlan mahaly, jalbaryň aşaky ujy aýakgabyň üstini biraz ýapyp durmaly. • Jalbaryň oň tarapyndaky göni çyzyk görnüşli ütük yzy ýokardan aşak bir sydyrgyn, hiç ýerde gyşarmaýan şekilde bolup, onuň uç tarapy aýakgabyň merkezine gönükdirilen bolmaly. • Aşaky ujy inçelýän görnüşli jalbar geýlen-de, aýakgabyň ujy hem inçe bolmaly. • Garny çykyp duran erkek kişilere jalbarynyň kemerini garnynyň aşagyndan ildirilen görnüşde daňmagy gelşiksiz hasaplanylýar. • Dolmuş we ýognas adamlara giňişräk, dikleýin çyzyklary bolan jalbarlary geýmek maslahat berilýär. • Sagat 20-den soň geçirilýän kabul edişliklere we çärelere erkek adamlar diňe goýy reňkli kostýumlarda barmaly. • Şar gara reňkli kostýum bilen şar gara reňkli galstuk dakynmak bolmaýar. Ýewropa ýurtlarynda şar gara kostýum bilen şar gara galstuk ýas ýerlerine barlan wagty geýilýär. 2.7. Erkek adamlaryň zenan maşgalalar bilen baglanyşykly berjaý etmeli etiket düzgünleri • Bu ýerde biz, esasan, erkekleriň zenanlar bilen baglanyşykly ber¬jaý etmeli etiket düzgünleri barada gürrüň açmakçy bolýarys. • Köçeden ýörelende, erkek adam zenan maşgalanyň çep tarapynda bolmaly. Aýal maşgalalaryň sag tarapyndan ýöremeklige harby adamlara (eger olar harby eşikde bolsalar) rugsat berilýär. Eger-de, zenan maşgala tötänleýin büdrese ýa-da typsa, erkek adam onuň tirseginden tutup, goltgy berip bilýär. Erkek adamyň tirseginiň astyndan elini ildirip ýöremek zenan maşgalanyň öz islegine bagly. • Gapdalynda zenan maşgala bar mahaly, erkek adam çilim çekmekçi bolan halatynda, hökmany suratda, zenandan rugsat soramaly. • Haýsydyr bir ýerik barlanda ýa-da gaýdylanda, erkek adam ze¬nan maşgala gapyny açyp berip, ony özünden öň goýbermeli. Yzygiderli ýerleşen iki sany gapy bolan ýagdaýynda, erkek adam birinji gapydan özi öňürti geçip, ikinji gapyny zenan maşgala üçin açyp bermeli. • Basgançakdan ýa-da eskalatordan ýokarlygyna tarap ýörelende, erkek adam bir-iki basgançak zenan maşgalanyň yzyndan ýöremeli, aşak ýörelende bolsa, tersine, zenan maşgaladan bir-iki basgançak öňde ýöremeli. • Lifte girilende, ilkinji bolup erkek adam girmeli, liftden çykmaly bolanda welin, gapyň agzyna kim golaý bolsa, şol çykyp bilýär. • Ýeňil maşyna münülende, erkek adam sürüjiniň sag tarapyndaky gapylaryň yzkysyny açyp, zenan maşgalanyň maşynda ynjalykly oturmagy üçin şert döretmäge çalyşmaly. Özi bolsa, sürüjiniň tarapyndaky gapynyň yzkysyny açyp, sürüjiniň göni yzyndaky orny eýelemeli. Maşyndan düşülen-de, ilki bilen erkek adam düşüp, ol maşynyň yzyndan aýlanyp gelip, zenan maşgalanyň gapysyny açyp berip, onuň düşmegine ýardam bermeli. Eger-de, erkek adamyň özi ýeňil maşynyň sürüjisi bolsa, onda ol zenan maşgala sag tarapky gapylaryň birini açyp berip (köplenç halatda, yzky gapyny), zenan maşgalanyň tirseginden emaý bilen tutup, оňа maşynda oňaýly ornaşmaga ýardam bermeli. Eger-de, erkek adamyň özü-de, onuň ýanyndaky zenan maşgala-da taksä münmekçi bolsalar, olaryň ikisi hem yzky orunda ýerleşmeli. Bu ýagdaýda hem erkegiň hereketleri ýokardaky aýdylanlar bilen meňzeş. • Eger-de, erkek kişi haýsydyr bir toý dabarasy ýa-da resmi kabul edişlik ýaly para zenan maşgala bilen bile baran bolsa, ol zenan maşgala onuň üstki eşiklerini (paltosyny, şubasyny, plaşyny) çykaryşmaga ýardam bermeli. Ýöne şeýle hereketi diňe zenan maşgalanyň rugsady bilen etmeli. Zenan garşy bolan ýagdaýynda, «Geliň, men Size kömek edeýin!» diýip dyzap durmaly däl. • Zenan maşgala gapydan giren halaty erkek adam hökman ýerinden turmaly. Oňa oturmak üçin ýer görkezip, ol oturandan soň, öz ornuna geçip oturmaly. Emma bu düzgün başlyk bilen onuň tabynlygyndaky zenan işgär babatynda hökmany suratda berjaý edilmeli düzgün däl. • Zenan maşgalalaryň dik duran halaty erkek adamlaryň oturmagy nädogry. Bu düzgün jemgyýetçilik ulaglarynda (awtobus, tramwaý, trolleýbus, metro) hem erkekler tarapyndan berjaý edilmeli düzgünleriň hataryna girýär. Emma bu düzgüni berjaý etjek bolmak maýyp ýa-da ýaşy bir çene ba¬ran gojalara hökman däl. • Etiket düzgünlerine laýyklykda, erkek adamlara zenan maşgala bilen belleşilen duşuşyga gijä galyp barmak gelşiksiz hasaplanylýar. Gowusy, şeýle duşuşyklara erkek kişi mümkin boldugyça, bellenilen wagtdan birneme irräk barmaga çalyşmaly. Garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykan halaty, erkek kişi duşuşmaly zenan maşgalasyna özüniň gijä galmagynyň mümkinligini öz wagtynda duýdurmaga çalyşmaly ýa-da duşuşygy iki tarap üçin hem amatly bolan wagta geçirmeli. • Erkek kişi islendik ýaşdaky zenan maşgala onuň agyr ýüklerini göterişmäge kömek bermeli. Ýöne bu düzgün zenan ýan torbasy, ýeňil plaş ýa-da palto ýaly zatlara degişli däl. Ol zatlary aýal maşgalanyň özi hem göterip bilýär. Emma aýal maşgala, öz saglyk ýagdaýyna görä, hatda şeýle zatlary hem özbaşdak götermäge ýaramaýan bolsa, onda, hökmany suratda oňa kömek bermeli. • Zenan maşgala bilen gürleşip duran halaty erkek kişi ellerini döşüniň üstünde biri-biriniň üstünde goýup ýa-da jübüsine sokup durmaly däl. Elinde haýsydyr bir zady (maşynyň açaryny ýa-da başga bir şoňa meňzeş zady) barmaklarynyň daşynda aýlap hem durmaly däl. Beýle etmek duşuşylýan adama kembaha garalýan ýaly bolup görünmegi ahmal. • Her bir erkek adam zenan maşgala bilen duşuşyga baran¬da, gelşikli, duşuşygyň maksadyna bolup geçýän ýerine we wagtyna görä geýnip barmaly. • Zenan maşgala bilen duşuşyga barýan erkek kişi endamyndan ýakymsyz ys gelmezligi barada alada etmeli. Duşuşyga gitmezden oň suwa düşülse, gowy dezodorantdan (deriň ýakymsyz ysyny peseldýän) peýdalanylsa dogry hasaplanylýar. • Erkek kişi özüniň sakgalynyň elmydama tekiz syrylgy, saçynyň daralgy, egin-eşikleriniň gowy ütüklenen görnüşde bolmagy hakda alada etmeli. Saçy düşüp başlan ýa-da doly düşen erkekler özüniň bu kemçiligini gizlejek bolup, saçynyň galan bölekleri bilen kellesiniň saç düşen ýerlerini ýapjak bolmaly däl. Erkek adamlaryň öz çalaran, ak giren saçlaryny haýsydyr bir reňkleri ulanyp, boýajak bolmagy hem dogry hasaplanylmaýar. 2.8. Egin-eşik meseleleri barada zenan maşgalalara degişli käbir maslahatlar Bu ýerde biz öz statusy boýunça döwlet edarasynyň işgäri bolan ýa-da telekeçilik bilen meşgullanyp, işjeň gatnaşyklara, şol sanda daşary ýurtly işewürler bilen geçirilýän gepleşiklere yzygiderli girişýän zenan maşgalalara degişli käbir maslahatlary bermekçi bolýarys. Emma bu maslahatlaryň milli egin-eşigi geýinmegi halaýan türkmen gelin-gyzlaryna dolulygyna däl-de, belli bir derejede peýdaly bolup biljekligini öňünden ýatlatmakçy bolýarys. Biziň bermekçi bolýan maslahatlarymyz, esasan, aşakdakylardan ybarat: • Zenan maşgalanyň göwresiniň käbir kemçiliklerini ýapyk reňkli, göze ilginjräk şekilleri bolan matadan tikilen köýnekler arkaly gizlemek mümkin. Şeýle şekiller biliň biraz ýognaslygy, egniň az-kem küýkiräkligi ýaly kemçilikleriň göze ilip durmazlygyna ýardam berýär. • Uzyn boýly zenan maşgalalara kiçijik, kelte boýly zenan maşgalalara bolsa, uly ýan torbalary götermek maslahat berilmeýär. • Dolmuş zenan maşgalalara dik çyzykly egin-eşikleri. Şeýle hem goýy reňkli matalardan tikilen eşikleri geýmek masla¬hat berilýär. • Ýognasrak göwresi bolan gelin-gyzlara matasynyň ýüzünde iri şekiller bolan eşikleri we ýakasy ullakan keşdeli köýnekleri geýmeklik maslahat berilmeýär. • Hortabrak gelin-gyzlara giňişräk köýnekleri geýmek masla¬hat berilýär. • Iň esasy maslahat: islendik egin-eşik zenan maşgalanyň ýaş aýratynlygyna we onuň şahsy häsiýetine laýyk gelmeli. Ýaş uly zenan maşgalalara ýaş gyzlar ýaly geýinjek bolmagyň gelşikli däldigi öz-özünden düşnüklidir. Häsiýeti boýunça utanjaňrak we arzuwçylrak gyzlara öz köynegi bilen bilelikde goşmaça aksessuarlary (açyk reňkli elwan ýaglyk, şarf ýaly edilip boýna daňylýan owadan ýüpek öýme we ş.m.) ulanmak maslahat berilse, çalasyn hereketleri etmegi halaýan, özüni kähalat ýetginjek oglan kimin alyp barmagy gowy görýän, aýaklaryny uzyn ädimläp ýöreýän ýaş gyzlara sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen eşiklere meňzeşräk eginbaş geýinmekleri maslahat berilýär. • 40-50 ýaşlaryndaky zenan maşgalalara gysga köýnek ýa-da biliniň daşyndan inli kemer dakynmak maslahat berilmeýär. • Çendenaşa ak ýüzli gelin-gyzlara ak we aşyk mawy reňkli egin-eşikleri, ýaňaklary gyzylymtylrak gelin-gyzlara bol¬sa, açyk gyrmyzy reňkli egin-etikleri geýinmek maslahat berilmeýär. • Zenan maşalalaryň gözelligine aýgýytly täsir edýän zatlaryň biri hem olaryň öz saçlaryny timarlaşydyr. Edaralarda işleýän gelin-gyzlara iş ýerinde saçlaryň ýönekeýräk timarlany usulyndan peýdalanmak maslahat berilýär. Saç göze ilginç reňkler bilen boýalan bolmaly däl. Eger-de saç reňklenen bolsa, ol zenan maşgalanyň ýüzüniň we gözüniň reňkine laýyk gelmeli. Saçyň uzynlygy ortaça bolmaly, sebäbi gaty uzyn saç hem, artykmaç kelteldilen saç hem işleýän gelin-gyzlara gelşik bermeýär. • Zenan maşgalanyň egnindäki eşigi bilen onuň ulanýan aksessuarlary (mysal çin, ýan torbasy) birmeňzeş reňkde bolmaly. Umuman, edarada işleýän gelin-gyzlaryň egin-eşik ansamblynda iki reňkden artykmaç reňk ulanylmasa gowy hasaplanylýar. Mysal çin, goýy gyrmyzy köýnek ýa-da palto bilen gara köwüş geýilse, olar biri-birlerine laýyk gelýär. Ýöne zenan maşgala öz gyzyl köýneginiň üstünden gyzyl palto ýa-da plaş geýse, kellesine ýa-da boýnuna gyzyl ýaglyk daňynsa, aýagyna-da gyzyl köwüş, ellerine-de gyzyl ellik geýse welin, gaty gelşiksiz görnüş emele gelýär. • Zenan maşgalalar öz egin-eşiklerinde haýsy reňkleriň biri-birlerine laýyk gelýänligini hökman göz öňünde tutmaly. Sary we goňur reňkler, mysal üçin, ýaşyl reňk bilen gyzyl reňk bolsa, ak we gara reňkler bilen sazlaşýar. • Edarada işleýän gelin-gyzlara aýakgaby ýalaňaç aýagyna geýmek maslahat berilmeýär. Ýylyň haýsy pasylydygyna garamazdan, islendik aýakgap jorap bilen ýa-da kapron jorap (çülki) bilen geýilmeli. • Iş ýerinde ökjesi artykmaç beýik bolan köwüşleri geýmek ýa-da öýde geýilýän «şypbygy» geýip, aýlanyp ýörmek gelşikli hasaplanylmaýar. • Boýy kelte we bilinden aşagy ýognas bolan gelin-gyzlara bili artykmaç inçeldilen köýnekleri geýmek, billerinden gaty daňlan kemer aýlamak maslahat berilmeýär. • Göwresi ýognasrak gelin-gyzlara gysby biçilen köynekleri geýmek maslahat berilmeýär. • Boýny hortaň we uzyn bolan zenan maşgalalara ýakasy döşüniň aşaky bölegine golaý açyklykda bolan köýnekleri geýmek maslahat berilmeýär. Emma boýny ýognasrak we kelteräk bolan zenanlar welin, ýakasy döşe çenli açyk bolan hem geýip bilýärler. • Eginlek gelin-gyzlar öz eginlerine ýeňi reglan biçüwli köýnegi geýip, öz egniniň kemçligini gizläp bilýärler. • Boýy gaty kelte we ýognasrak göwresi bolan gelin-gyzlara endamyna ýelmeşip duran ýaly biçüwli köýnekleri geýmek maslahat berilmeyär. Şeýle köýnekler olaryň göwresiniň käbir kemçilikleriniň daş-töwerekdäkileriň üns merkezine düşmegine esas döredýär. • Matasynda irimçik nagyşlar ýa-da keseleýin uzyn çyzyklar bolan köýnekler gapdaldan seredilen-de, göwräni ýognas görkezýän bolsa, maýda keşdesi we dikleýin çyzyklary bolan köýnekler göwräni biraz inçeldýär. Edarada işleyän zenan maşgala üçin gelşikli eşikler we gowy timarlanan sag bilen bir hatarda onuň öz ýany bilen göterýän ýan torbasy hem aratyn rol oýnaýar. Ýan torbalar zenan maşgalanyň egnindäki eşikleri, daşky görnüşi, ýaşy we sosial statusy bilen sazlaşykly saýlanyp alynmaly. Edarada işleýän gelin-gyzlaryň ýan torbalary gaty we göni formaly bolup, ol göwrümi boýunça ortalyk derejede, ini we uzynlygy boýunça A4 kagyz sahypasynyň ölçeginde, dörtburçluk (kwadrat ýa-da trapesiýa görnüşinde) şekilli bolsa dogry hasaplanylýar. Ýan torbanyň inliligi eýesiniň göwresiniň inçemikligine ýa-da ýognaslygyna laýyk gelmeli. Inçemik göwresi bolan gelin-gyzlara ini uly bolmadyk ýan torbalary götermek maslahat berilýär. Ýan tor¬balar gowy eýlenen deriden bolup, onuň daşy tekiz bolsa gowy. Ýan torbanyň içinde her dürli zatlar üçin aýratyn ýer bolup, olarda zenan maşgala üçin iş ýerinde iň zerur bolan zatlar (äýnek gutusy, wizit kartlary üçin niýetlenen guty, pul gapjygy, maşynyň we öýüň açarlary, elýaglygy, çyg salfetkalar bukjasy, kiçijik kosmetika gapyrjagy, mobil telefony, ruçka, organaýzer) ýerleşdirilmeli. Häzirki döwürde zenan maşgalalary mobil telefonsyz göz önüne getirmek kyn. Edarada işleýän zenan maşgalalar öz mobil telefonlaryny boýnundan asyp ýörmeli däl. Telefonyň daşky gaby hakyky deridcn bolmaly. Telefonyň daş ýüzünde hem artykmaç nagyşlar we şekiller bolmasa gowy. Ruçka barada aýdylanda, ol gymmatbaha metaldan bolup, onuň daşy hem gymmatbaha daşjagazlar bilen bezelen bolmaly Zenan maşgalalaryň ulanýan optiki äýneginiň daşky çarçuwasy nepis görnüşli, altyndan ýa-da kümüşden bolsa gowy. Edarada işleýän gelin-gyzlar hökmany suratda goşar sagadyny dakynmalydyr. Sagat dakynmaýan zenan maşgala başgalaryň gözüne wagtyň gadyryny bilmeýän adam ýaly görünýär. Zenan maşgalanyň dakynýan goşar sagady el bilen tow berilýän (mehaniki) sagat bolma¬ly. Sagadyň minutlary we sekundlary görkezýän diljagazlary bolmaly. Sagat belli firmalaryň (esasan, şweýsar firmalarynyň) biriniň önümi bolmaly. Sagadyň bagjagazy gelşikli, nepis bilezik görnüşinde hem bolup bilýär. Ýöne edarada bagjagazy gaýyşdan bolan sagatlar dakynylsa, has dogry hasaplanylýar. Elektron sagatlary edarada dakynmak maslahat berilmeýär. Bezegler barada aýdylanda, edarada işleýän zenan maşgalalara artykmaç köp şaý-sepleri dakynmak maslahat berilmeýär. Işjeň gatnaşyklaryň edebiniň meselelerine degişli edebiýatlaryň tas hemmesinde diýen ýaly, edarada işleýän zenan maşgalalar şay-sepleriň dürli görnüşleriniň (gulak halkasy, barmaklaryna birnäçe ýüzük, boýnuna zynjyr, ýakasyna broş, goşarlaryna bilezik) dakynyp, işe gelýän bolsa, şeýle hereket ol maşgalanyň medeniýetiniň juda pesligini subut edýänligi nygtalýar. Iş ýerine zenan maşgala şaý-sepleriň haýsy hem bolsa, diňe birini dakynyp gelmeli. Mysal üçin, edarada işleýän zenanyň boýnundan gaty bir göze ilip durmadyk inçejik zynjyrjyk asylgy bolsa, barmagyn-da altyndan nepis ýasalan nika ýüzügi (ýuka we inçe görnüşli) bolsa, goşarynda bagjygy gaýyşdan gymatbaha sagady bolsa, ýeterlik. Edarada işleýän zenan maşgalanyň geýýän egin-eşigi ýokary hilli matalardan tikilen bolmaly. Arzan tirikotaždan tikilen eşik edara işinde gelşikli hasaplanylmaýar. Iş ýerinde zenan maşgala hiç haçan burny açyk we ökjesi inçe hem artykmaç beýik bolan aýakgaby geýmeli däl. Zenan maşgala ýylyň islendik paslynda iş ýerinde köwşüni ýalaňaç aýagyna geýmeli däl. Onuň aýagynda hökmany suratda jorap ýa-da kapron bolmaly. Zenan maşgalalar ýüzüniň makiýažy, dodaklarynyň renkienilişi, gaşlarynyň we kirpikleriniň timarlanylyşy hakynda hem elmydama aladalanmalydyrlar. Ýöne, olaryň timarlanyşynda we boýalşynda hiç hili artykmaçlyk bolmaly däldir. Ýüzüne pudra artykmaç çalnan, dodaklaryny gözc ilginç reňklän ýa-da gaşlarydyr, kirpiklerini artykmaç garalap, gözleriniň daşyny gereginden artyk boýan gelin-gyzlar özleriniň medeniýetsizliklerini görkezýärler. Zenan maşgalalar atyrlardan we parfýumlardan hem sowatly peýdalanmagy başarmalydyrlar. Iş ýerinde ummasyz ýiti ysy bo¬lan atyrlardan we parfýumlardan peýdalanmak zenan maşgalanyň medeniýetiniň juda pesliginiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Häzirki döwürde zenan maşgalalar üçin niýetlenilen hoşboý ys berijileriň giň sanawy bar. Ýöne her bir zenan olaryň içinden diňe özüne laýyk gelýänlerini, olaryň haýsy ýerde ulanylmakçy bolýanlygyny göz öňünde tutup, saýlap almaly. Aýdaly, duhileri ýagny parfyumlary, esasan, agşamara geýinilýän dabaralara (toýlara, teatra, konserte, agşamky geýirilýän kabul edişliklere) gatnaşylan halatynda ulanmak mümkin. «Parfýum» sözi fransuz dilinden gelip ykan söz bolup, onuň üsti bilen ys beriji goşundylary ýokary derejede (20-30% möçberinde) bolan suwuklyklar aňladylýar. Olara başgaça duhi hem diýilyär. Aňrybaş gowy hasaplanylýan duhiler köplenç kiçijik (7-den 15 ml) çüýşejiklerde (flakonjyklarda) satuwa çykarylýar. Ys beriji goşundylary pes mukdarda bolan suwuklyklara fransuz dilinde Eau de Parfum (gündizik atyry) diýlip at berlipdir. Olaryň düzüminde hoşboý ys beriji goşundylaryň möçberi 15%-den 5% aralygynda bolýar. Iş ýerinde zenan maşgalalara Eau de Parfum diýilýän suwuklykdan peýdalanmak gelşikli hasaplanylýan hem bol¬sa, olary her gün sepinip ýörmeli däl. Kähalat olara derek Toilette peýdalanylsa dogry hasaplanylýar. Olaryň düzüminde hoşboý ys beriji goşundylaryň möçberi 10-20% aralygynda bolýar. 2.9. Telefonda gürleşmegiň edebi Häzirki döwrüň edaralaryndaky alnyp barylýan işi telefonsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Telefon bu gün iş gatnaşyklarynda giňden ulanylýan serişde. Ol, esasan, iş adamlarynyň biri-birleri bilen habarlaşmagy, iş bilen baglanyşykly haýsydyr bir maglumatlary özara alyp-çalyşmaklary üçin ulanylýar. Bu serişdäniň işjeň gatnaşyklarda ulanylyşynyň hem ählumumy kabul edilen edep kadalary bar. Biz bu bölümde şol kadalaryň üstünde durup geýmekçi bolýarys. Iş ýerinde telefonda gürleşmegiň edep kadalary hakynda umumy görnüşde şu aşakdaky maslahatlary bermek mümkin: • Ählumumy edebiň kadalaryna görä iş ýerinde telefonda edilýän söhbet gysga we gös-göni iş bilen baglanyşykly bolmaly. • Telefonda pyşyrdap gürlemek-de, gaty sesiň bilen gygyryp, gürleşip oturmak hem gelşiksiz hasaplanylýar. • Jaň edýän adam ilki salam berip, soň özüniň kimligini tanatmaly. Gerek bolan halatynda, jaň edýän adam öz wezipesi hakynda hem aýtmaly. Soňra bolsa, ol sypaýyçylyk bilen özüne gerek adamyň telefona çagyrylmagyny haýyş etmeli. • Eger-de Siz aýlan telefon belgiňiziň dogrulygy hatada ikirjiňlenýän bolsanyz, onda Siz onuň dogrulygyna degişli sowal bilen ýüzlenip, anyklaň. Ýöne, beýle diýildigi, Siziň jaňyňyza jogap beren adamdan onuň telefonynyň belgisini soramaklygy aňlatmaýar. Siz özüňiziň aýlan belgiňizi jaňyňyza jogap beren adama aýdyp, onuň dogrulygyny ýa-da nädogrulygyny anyklaň. • Telefon jaňynyň sesine trubkany galdyran adam «Allo», «Men Sizi diňleýän» ýaly jümleleri aýdyp-da, edaranyň (ýa-da bolümiň) adyny aýdyp-da jogap berip bilýär. Käbir edaralarda belli bir işgärlerc öz adyny, familiýasyny we eýeleýän wezipesiniň adyny aýdyp jogap bermek barada hem ýörite görkezme berilýär. • Telefondaky söhbetdeşligiň arasy haýsydyr bir tehniki sebäplere görä kesilen halatynda, belgini gaýtadan jaň eden adam aýlaýar. Söhbetdeşligi hem ilki bilen jaň eden adam tamamlaýar. • Eger-de, Siziň jaňyňyza jogap berilmeýän bolsa, jaň edilýän tarapa Siziň jaňyňyzyň sesi 4-5 gezek eşidilýänçä garaşyp görüň. Jaňyňyza jogap berilmeýän bolsa, gaýtadan 15-20 minutdan jaň edip görüň. • Edaralarda işleýänler iş wagty gelýän telefon jaňlaryna gijikdirmän, 1-2 signaldan soň trubkany galdyryp, jogap bermeli. Eger-de, kimdir biri ýalňyşyp, Siziň belgiňizi aýlan bolsa, oňa hoşamalyk bilen «Bagyşlaň, Siz belgini nädogry aýlapsyňyz» diýip jogap bermeli. • Size jaň eden nätanyş adama «ýaşuly», «daýza», «jigim», «agam» ýaly sözleri ulanyp, ýüzlenmek nädogry. Gowusy, jaň eden adamyň adyny bilmäge çalyşmaly ýa-da şeýle mümkinçilik bolmadyk halatynda, oňa «bagyşlaň», kömek edip bilmänligim üçin, gaty görmäň ýaly umumy görnüşli jümleleri ulanyp, jogap beriň. • Ählumumy edebiň kadalaryna görä, hiç bir adama (eger-de bu barada Sizden haýyş edilmedik bolsa) irden sagat 8-den öň we agşam sagat 11-den soň jaň etmek nädogry hasaplanylýär. Emma «Tiz kömek gullugy», «Ýangyna garşy göreş gullugy», polisiýa bölümi ýaly edaralara islendik wagtda hem, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda jaň etmek mümkin. Şeýle ýerlere jaň edilende, sypaýyçylykly ýüzlenmelere wagt ýitirmän, emele gelen ýagdaýy bada-bat habar bermeli. Sorag-jogap gulluklaryna jan edilen ýagdaýynda hem ýüzlenmelere, gutlaglara wagt sarp etmän, derrew özüňizi gyzyklandyran sowaly bermäge girişmeli. • Eger-de, Size telefonda gödek jogap beren bolsalar ýa-da paýyş sözleri aydan bolsalar, Siz hem ol tarapa şeýle sözleri aydyp jogap bermekçi bolmaň. • Eger-de, Size edilen jaňyň wagty Siz haýsydyr bir wajyp iş bilen meşgul bolup oturan bolsanňyz (mysal üçin, ýygnak ýa-da maslahat geçirip otyrkaňyz), jaň eden adamdan ötünç sorap, oňa özüňiziň soň jaň etjekligiňizi aýtmaly. Ýygnagy (maslahaty) öz iş otagyňyzdan başga ýerde geçirýän bolsaňyz, onda Siziň niredeligiňiz we näwagt boşajaklygyňyz baradaky habary jaň eden tarapa etirmekligi sekretara ýa-da Siziň otagyňyzdaky telefona jogap berip biljek başga bir işgäre tabşyrmaly. • Eger-de, ýygnak (maslahat) wagty Size haýsydyr bir ýere gyssagly jaň etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, ýygnaga (maslahata) gatnaşýanlardan ötünç sorap, ýygnak jaýyndan çykyp, gerek ýeriňize jaň etmeli. Emma Siziň tele¬fonda edýän gürrüňiňiz artykmaç dowamly bolmaly däl. Başarsaňyz, ýygnaga gatnaşyjylary artykmaç garaşdyrman, yzyňyza dolanyp gelmeli. • Jaň edilen wagty trubkany galdyryp, hiç hili jogap bermän, başgalar bilen edilýän gürrüňi dowam etmek hem gelşiksiz hasaplanylýar. • Jaň edýän tarapa duýdurmazdan, telefon gullugynyň ses gataldyjy düwmesini hem basmaly däl. • Birnäçe işgäriň bilelikde ulanýan telefonyna jogap bereniňizde, jaň edyän adamyň gürleşmekçi bolýan işgäri ýerinde bolsa, oňa telefon trubkasyny beriň. Eger-de ol işgär ýerinde ýok bolsa, onuň haçan ýerinde boljaklygyny jaň edýäne habar beriň ýa-da onuň haýyşyny degişli işgäre ol ýerine gelenden soň ýetiriň. • Eger-de jan edýän adamyň soraýan işgäri öýünde ýa-da haýsydyr bir iş bilen çykyp giden bolsa, onuň öý telefonynyň we mobil telefonynyň belgilerini jaň edýän adama bermek gelşiksiz hasaplanylýar. Emma öz telefon belgilerini oňa jan eden adamlaryň hemmesine aýdylmagyna razylyk beren işdeşiňiziň belgilerini welin, jaň eden adama berip bilersiňiz. • Telefonda gürleşmegiň ýokarda agzalan düzgünleri mobil telefonlaryny ulanyjylar üçin hem degişlidir. • Köpçülik ýerlerinde (teatrda, kinoteatrda, muzeýde, sergidc, dürli ýygnaklarda) mobil telefonyndan jan etmck we gelen jaňa jogap bermek, «sms» habarlaryny ýollamak medeniýetsizlik hasaplanylýar. şeýle ýerlere barlanda, mobil telefony öçürilse gowy. • Başga adamlaryň, hatda öz ýakynlaryňyzyň hem mobil telefonyndaky «sms» habarlaryny, gelen we edilen janlaryň sanawyny okamak gelşiksiz hasaplanylýar. • Mobil telefonynda gürleşilende gaharlanmak, artykmaç igenmek, öz ýadawlygyny duýdurjak bolmak nädogry hasaplanylýar. • Mobil telefonynda gürleşip durkaňyz, aglamjyramak, paýyş sözleri ulanyp, gürleşýän adamyňyza jabjynmak, onuň bilen dawalaşyp durmak ýaly hereketler hem gelşiksiz hasap edilýär. • Mobil telefonynda gürleşilende, uzak wagtlap sesini çykarman durmaklyk hem gowy däl. • Mobil telefonynda edilýän söhbetdeşligiň dowamlylygy 5 minutdan artykmaç bolmasa, dogry hasaplanylýar. • Telefonda gerekmejek boş gürrüňleri edip durmak nädog¬ry hasap edilýär. • Mobil telefonynda gürleşip durkaňyz gaharlanyp, arabaglanyşygy kesýän düwmäni birden basyp goýbermek hem nädogry hereket hasaplanylýar. • Mobil telefonlary SMS (iňl. short message service - gysga habarlar gullugy) habarlaryny ulanmaga giň mümkinçikleri döredýär. Mobil telefonlarynyň bu mümkinçiliginden häzirki ödwürde diňe bir ýaş-ýeleňler peýdalanman, ondan eýsem, işewür adamlar-da, hatda, käbir döwlet ýolbaşçylary-da (Mysal üçin, Germaniyanyň kansleri An¬gela Merkeliň 20 döwletiň 2009-njy ýylda bolup geçen sammitinde SMS habaryny ýazyp oturan pursatyny görkezýän fotosuraty şol döwürde telewizion habarlarda we gazetdir-žurnallaryň sahypalarynda aýratyn orun eýeläpdi) zerur bolan halatynda peýdalanýarlar. Adyndan hem görnüşi ýaly, SMS habarlary ýazgylaýyn göwrümi boýuça juda kiçi bolup, olary, esasan, gyssagly habarlary birek-birege eşitdirmek üçin ulanmak maslahat berilýär. SMS habarlary köplenç latyn elipbiýinde ýazylyp, olarda dyngy belgilere üns berilmeýär, olarda dürli hili gysgaltmalar, käbir harplary haýsydyr bir sanlar we simwollar (mysal üçin amerikan dollarynyň $ görnüşli simwolyny «ş» harpyna derek ulanmak) çalşyrmak ýaly usullar indi köpler tarapyndan ulanylýar. Soñy | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||