12:07 Ählumumy edebiñ esaslary | |
ÄHLUMUMY EDEBIŇ ESASLARY
Pedagogika we edep-terbiýe
2.1. Salamlaşmak we görüşmek edebi, ýüzlenmek we tanyşdyrmak düzgünleri Her bir işiň «bismilladan» başlanylyşy ýaly, döwlet gullukçylarynyň berjaý etmäge çalyşmaly ählumumy edep kadalary baradaky gürrüňi hem edepliligiň «bissmillasy» hasaplanylýan salamlaşmak edebi hakyndaky gürrüňden başlamak isleýäris. Birbada göräýmäge, salamlaşmak düzgünleri barada aýratyn gürrüň edip oturmagyň hajaty hem ýok ýaly. Emma, bu mesele dogrusynda gürrüň edere zat az däl. Köp kişi onuň düzgünleri bara¬da çagalykdan «gulagyna guýlan» kadalary gyşarnyksyz berjaý edip gelýän-de bolsa, ol kadalardyr, düzgünler köplenç halatda milliligiň çäginde bolup, ählumumy kabul edilen edep düzgünlerinden birneme tapawutlanýar. Adamlaryň özara gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýetli orny eýeleýän salamlaşmak edebiniň uzyn taryhy bar. Taryhy maglumatlar adamlaryň gadymy döwürlerden bäri jemgyýet bolup ýaşap başlanlaryndan soň aw awlamakda, zähmet çekmekde, goňşuçylykda ýaşamakda, tebigatyň zabun güýçlerine garşy göreşmekde bileleşip hereket etmeklige, ýagny özara hyzmatdaşlyga girmeklige mejbur bolandyklaryny tassyklaýar. Olar biri-birleri bilen alyş-çalyş, baryş-geliş edipdirler. Şonuň üçin-de, olara biri-birleri bilen düşünişmek, oňşukly ýaşaşmak, biri-birleri bilen garyndaşlyk, tiredeşlik, obadaşlyk, dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamak gerek bolupdyr. Birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk açmak üçin bolsa, adamlara haýsydyr bir özüne çekiji sözi ýa-da hereketi oýlap tapmak gerek bolupdyr. Salamlaşmagyň häzirki döwürde kabul edilen kada-düzgünleri köp asyrlaryň dowamynda adamlar tarapyndan kämilleşdirilip, bize ýetirilen kadalardyr. Gadym döwürlerde adamlar dürli hereketleriň, yşaratlaryň üsti bilen biri-birleri bilen salamlaşypdyrlar. Mysal üçin, gadymy aziýalylar biri-birleri bilen salamlaşanlarynda ellerindäki taýaklaryny, naýzalaryny ýokary galdyryp, gygyryşypdyrlar. Afrikanyň gadymy taýpalarynda salamlaşylanda, adamlar bir elini döşüniň üstüne goýup, salam berýän adamsyna başyny egipdirler. Gadymy Tibetde çagalar uly ýaşlylara salam berenlerinde telpeklerini çykaryp, dillerini görkezip, hormat bilen baş egipdirler. Ýaponiýada we başga käbir aziýa ýurtlarynda çagalaryň ene-atasynyň öňünde dyza çöküp, hormat bilen tagzym etmekleri, hindileriň elleriniň iki aýasyny biri-biriniň üstünde goýup, maňlaýynyň deňine ýetirmekleri salamlaşmagyň gadymy nusgalarydyr. Hindileriň käbir taýpalarynda duşuşan adamlaryň biri dodagyny we burnuny beýlekisiniň ýaňagyna degrip, uludan dem alypdyr we şeýle etmek bilen salamlaşýan adam¬syna özüniň ony ysgap lezzet alanlygyny görkezip, salamlaşýan adamsyna özüniň uly hormatynyň barlygyny bildirmäge çalşypdyr6. Wagtyň geçmegi bilen, adamzat jemgyýeti barha kämilleşipdir we dürli halklar özleriniň ýaşaýyş durmuşlaryna laýyk gelýän edep kadalaryny, şol sanda salamlaşmak edebiniň täzelenen däplerini oýlap tapypdyrlar. Eger-de, gadymy adamlar, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, taýakdyr, naýzalaryny ýokary galdyryp, özleriniň duşman däldigini görkezen bolsalar, soň-soňlar adamlar öz elleriniň ýaragsyzlygyny boş ellerini, açyk aýalaryny biri-birine uzadyp görkezipdirler. Salamlaşylanda edilýän hereketleriň üsti soňa baka degişli sözler arkaly doldurylypdyr. Salamlaşmakda häzir ählumumy ulanylýan birmeňzeşräk hereketler emele gelen-de bolsa, salamlaşmakda birek-birege aýdylýan sözler we söz düzümleri häzire çenli hem belli bir derejede öz köpdürlüligini saklap gelýär. Munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar. Şeýle köpdürlülik, esasan, dürli halklaryň ýaşaýyş durmuşlarynyň şertleriniň biri-birleriniňkiden tapawutly bolanlygy bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, gadymy hytaýlylar biri-birlerine salamlaşanlarynda «Siz iýdiňizmi?» diýip ýüzlenipdirler, gady¬my parslar bolsa, biri-birlerine «şadyýan bol!» diýipdirler, gadymy afrikalylaryň käbir taýpalarynda salamlaşýanlar biri-birlerine «Men seni görýärin» diýip ýüzlenipdirler. Ruslar we beýleki slawýan halklarynda salamlaşýanlar biri-birlerine jan saglygyny dileg edipdirler. Häzirki döwürde türkmen dilinde giňden ulanylýan «Salam» sözüniň manysy hem birek-birege sag-salamatlygy dileg etmek bilen baglanyşyklydyr. Gelip çykyşy boýunça bu söz arap dilindaki «selime - saglyk, sagdyn bolmak» işliginden emele getirilendir. «Salam» sözüni adamlar «salamun aleýk, salamun aleýkum», «salawmaleýkim», «salamälik» şekillerinde, onuň «saglyk-salamatlyk we parahatçylyk bolsun» manysyny göz öňünde tutup biri-birlerine sataşanlarynda ulanýarlar. «Salam» sözi musulmanlaryň mukaddes kitaby bolan «Kuranda» hem ulanylyp, ol bu ýerde «ebedi saglyk we «jennet manylarynda getirilipdir. Ýörite edebiýatda «salam» sözüniň arap diline gadymy ýewreý we arameý dillerindäki «şalom leka» sözden geçenligi hakynda hem maglumat berilýär.7 Döwlet gullugynda salamlaşmak edebiniň özboluşly aýratynlygy bolupdyr. şeýle özboluşlulyk döwletiň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Häkimiýeti elinde jemlän ýokary gatlaklar özleriniň tabynlygyndakylardan degişli düzgünleri berjaý etmeklerini talap edipdirler, özlerine adatdan daşary gadyr-hormat goýulmagyny isläpdirler, salamlaşmagyň we görüşmegiň täze-täze köşk düzgünlerini oýlap tapypdyrlar. şalar, soltanlar, korollar özleriniň huzurlaryna gelen köşk emeldarlaryny iki bükülip, dyza çöküp, emedekläp, ýer ogşap, özleriniň ellerini ýa-da aýaklaryny ogşap görüşmäge mejbur edipdirler. Özleriniň girizen şulara meňzeş kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edip, olary bozanlary agyr jezalara sezewar edipdirler. Girizilen kadalar soň-soňlar diňe bir köşk emeldarlary üçin hökmany bolman, eýsem monarhlaryň huzuryna gelen daşary ýurtly ilçiler üçin hem hökmany suratda berjaý edilmeli düzgünlere öwrülipdir. Hat-da, daşary ýurtly ilçiler tarapyndan şeýle düzgünleriň doly berjaý edilmedik ýagdaýynda, bir ýurduň patyşasynyň «biedep ilçisini» iberen ýurda uruş yglan edenligi hakynda taryhy maglumatlar az däl. Mysal üçin, Müsüriň patyşasy Sargon II «Assiriýanyň häkimi gymmat bahaly sowgatlar bilen huzuryma gelip, meniň aýagymy ogşamakdan ýüz öwürdi» diýen bahana bilen Assiriýanyň üstüne uruş yglan edipdir. Salamlaşmagyň birek-birege gadyr-hormat bildirmek ýaly mukaddes manysynyň barlygyna garamazdan, onuň asyl manysyny ýoýup, özlerinden pes wezipedäki adamlardan özleriniň «artykmaçlyklaryny» görkezmäge synanyşýan wezipeli adamlara-da, öz «başlyklary», «hojaýynlary», «ýaşululary» bilen duşuşanlarynda, olara ýaraňjaňlyk edip, tamakinçilik bilen ýasama ýylgyryp, iki bükülip, «başlygynyň» elini ogşap, salam berýän emeldarlara-da duş gelmek bolýar. Şeýle bolsa-da, köpçülik welin, salamyň asyl manysyny üýtgetmän saklap gelýär we berjaý edýär. Her bir edepli adam salamlaşmagyň özi üçin mukaddes borçdugyna düşünmelidir we onuň kabul edilen kadalaryny doly berjaý etmäge çalyşmalydyr. Uly bolsun - kiçi bolsun, tanyş-nätanyş, aýal - erkek ýa-da başga milletiň wekili bolsun, tapawudy ýok, her bir adam duşuşan adamsyna salam bermelidir we özüne berlen salamy almalydyr.Ylaýta-da, salamlaşmak edebiniň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek döwlet gullukçylary üçin, olara döwlet häkimiýetiniň adyndan halkyň arasyna çykýan adamlar hökmünde, döwlet häkimiýetiniň halkyň arasyndaky abraýynyň ýokary bolmagyny gazanmaklygyň esasy şerti hökmünde, diýseň hökmanydyr. Döwlet gullukçysynyň salamlaşmak edebiniň häzirki döwürde ählumumy kabul edilen kada-kanunlary bilen bir hatarda öz milletiniň salamlaşmak edebiniň düzgünlerinden hem habarly bolmagy we halkyň arasyna çykanda ol düzgünleri berjaý etmäge çalyşmagy medenýetliligiň nyşanydyr. Türkmen halkynyň salamlaşmak edebi barada aýdylanda, onuň esasy düzgünleri aşakdakylardan ybaratdyr: Iki elläp salamlaşylanda, ilki salam berýän adam «Salawmaleýkim!», ýa-da dolulygyna aýdylanda: «Es-salamu aleýkum we rahmetullah» diýen sözler bilen duşuşan adamsyna ýüzlenýär we iki elini oňa tarap uzadýar. Şonda başga ýere seretmän, gadyrly we açyk ýüz bilen garşydaşyň ýüzüne seretmeli. Salamlaşylan wagty başga ýere seretmek. Sowuk-salalyk, biperwaýlyk bilen garşydaşyňa seretmek nädogry hasaplanylýar. Salam alýan adam hem güler ýüz bilen «Aleýkum essalam» (dolulygyna aýdylanda «We aleýkum essalam») diýip jogap gaýtarýar8. __________________________ 8 Bellik: Türkmenlerde erkek adamlaryň arap dilinde Es-salamu aleýkum we rahmatullah diýip berýän salamynyň Şu salamm saňa bolsun diýen manysy bar. Salam berlen adamyň WE aleýkum es-salam diýip berýän jogabynyň bolsa we meniň salamym hem Saňa bolsun diýen manysy bar. (Ö.M.) Salamlaşmagyň bu görüşi türkmenlerde esasan erkek adamlaryň arasynda ulanylýar. Iki el bilen elleşilip salamlaşylanda görüşýänleriň elleriniň aýalary biri-biriniňkä ykjam ýetmelidir. Görşülende gereginden artyk el gysmak ýa-da barmaklaryň uçlary bilen elleşmeklik gelşiksiz hasaplanylýar. Umuman, kabul edilen ýörelgelere görä, iki eliň bilen görşüp salamlaşmak birek-birege has ýakyndan ysnyşmagy aňladypdyr. Şoňa görä görüşmek üçin el-ele berlende hiç hili gaçalak, birek-biregiň göwnüni ýykmak, ulumsylyk etmek ýaly hereketlere ýüz urulmaly däldir. Elinde il tarapyndan halanyp barylmaýan şel ýa-da ýara bar bolan adam beýleki adamlar bilen görüşmekden saklansa dogry hasaplanylýar. Hajathanadan çykan ýa-da mal soýup duran adam başga adam bilen elleşip görüşjek bolup durmaly däl-de, diňe dilden salam berip hem bilýär. Durmuşda duşuşýan adamlaryň ikisiniň-de bir wagtda salam berýän halatlaryna-da gabat gelinýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda birek-birege bir wagtda berlen salamlar jogapsyz galmaly däldir. Ýagny, salam beren adamlaryň ikiside sag eginlerine garap, «We aleýkum essalam» diýip jogap bermelidirler. Bu däp şeýle görnüşde berlen salamy her bir adamyň sag egninde oturan perişdesi kabul edýärmiş diýlen ýörelge bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň milli däbine görä, köpçülik ýerlerinde, ýas ýerlerine, toý-märekä barlanda, köplenç aýratyn bir adama salam berilmeli däl-de, bütin märekä gönükdirilen salam berilmegi dogry hasaplanylýar. Bazarda, içi adamlardan doly dükanda, otly ýol menzilinde, köp adamly awtobus duralgasynda we ş.m. beýleki köpçülik ýerlerinde hemmelere salam bermegiň hajaty ýok. Diňe şol adamlaryň arasynda tanyş adamlar bar bolsa, şolar bilen salamlaşmak ýeterlik hasaplanylýar. Durmuşda köp adamyň üýşüp, aýratyn bir hormatlanylýan adama salam berýän halatlarynda bolýar. Mysal üçin, gadym döwürlerde türkmenlerde şeýle düzgün hanlara, tire kethudalaryna, Käbä gidip, hajy bolup gelenlere, pirdir, işanlara, molladyr, ahunlara salam berlende ulanylypdyr. Häzirki döwürlerde hem bu düzgün ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, okuwçylaryň we talyplaryň öz mugallymlaryna üýşüp salam bermegi, köpçülik ýerine gelen uly wezipeli ýa-da il arasynda aýratyn hormat bilen sylanylýan ýaşuly adam garşylanylanda berilýän salam şeýle düzgüniň özboluşly görnüşleridir. Köpçüligiň üýşüp salam beren adamsy bolsa, öz gezeginde, ähli adama deň derejede gönükdirilen jogap salamyny berýär, onuň köpçüligiň içinden aýratyn bir adam bilen salamlaşyp, görüşmegi nädogrudyr. Türkmenlerde salamyň gaýybana görnüşleri hem häzire bu güne çenli giňden ulanylyp gelinýär. Görme-görşe ge¬len myhmandan adamlar öz tanaýan adamlarynyň atlaryny ýekeme-ýeke tutup, özlerinden olara salam aýdylmagyny sorapdyrlar. Bir ýerden ikinji bir ýere iberilýän salamy öz wagtynda eýesine ýetirmek ony äkidýän we getirýän adamyň mukaddes borjy hasaplanylyp, iberilen salamyň geleňsizlik, biperwaýlyk edilip, wagtynda eýesine gowşurylmazlygy biedeplik hasaplanylypdyr.9 ____________________________________ Türkmen halkynyň milli däplerinde haýsydyr bir öýe barlanda, ol öýde adamyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, salam bermek düzgüni hem bar. Barlan öýe sag aýagyňy içerik ätläp, açyk ýüz bilen salam berilýär. Eger-de öýde öý eýeleri bar bolsa, salam berlende, olaryň ýüzüne güler ýüz bilen garap salam berilýär. Bir öýe myhmançylyga baran erkek adamlaryň baran maşgalasynyň gelin-gyzlaryna dikanlap seredip oturmagy ýa-da öýüň gymmatbaha zatlaryndan gözüni aýyrman oturmagy gelşiksiz hasaplanylypdyr. Myhmançylyga barlan öýde adam köp bolsa, onda olaryň hem- mesi bilen elleşip görüşmek dogry hasaplanylypdyr.Emma bar¬lan öýdäki adamlar nahar edinip oturan bolsalar, hemmeler bilen ýekenmä-ýekän görüşjek bolman, hemmä gönükdirilen umumy salam bermek dogry hasap edilipdir. Barlan öýde oturan myhmanlar duz-tagam bilen meşgul bolmadyk ýagdaýynda hem-de olaryň hemmesi-de bir meňzeşräk ýaşdaky adamlar bolsalar, onda olaryň her biri bilen sag tarapdan barlap görlülip başlanýar we görşülip bolnandan soň ilkinji salam berlen adamyň ýanyna gelip, bir ädim yza çekilip durulýar. Haçan-da, «geçiň, oturyň» diýlenden soň, görkezilen ýere barlyp oturylýar. Oturylandan soň, öýdäki adamlar bilen hal-ahwal soraşylýar. Eger-de oturanlaryň arasynda has ýaşulurak ýa-da hormatlanylýan adam bar bolsa, onda ilki şondan başlap, saga tarap, oturanlar bilen görşülip çykylýar. Türkmen halkynyň milli edep kadalaryna görä, kiçi ýaşlylar uly ýaşlylara, ulaglylar pyýada, ýöräp gelýän oturana, jaýa gi¬ren jaýda oturana, wezipesi ýokary adamlar wezipesi pesräk işgärlere, atly eşeklä salam bermeli bolupdyr. Öňden gelýän däplere laýyklykda, türkmen ýaşululary ýaş ýigitler, gelin-gyzlar olara ilki salam bermelidirler diýip durman, ýaş-ýeleňlere gabat gelenlerinde: «Saglykmy, oglum, gurgunlykmydyr?», gelin-gyzlara duşanlarynda bolsa: «Amanlykmy gelin?», «Gurgunlykmy, keýgim?» ýaly sözleri olara gönükdirip, deňlerinden geçiberipdirler, salam bermändikleri üçin günäläp, ýaşlary utandyrjak bolup hem durmandyrlar. Türkmen halkynyň milli däplerinde erkek adamlaryň aýal-gyzlar bilen salamlaşyşynda hem özboluşly kadalar we düzgünler az däl. Erkek adamlar aýallar bilen elleşip salamlaşanlarynda olaryň özleriniň sag elini donunyň ýeňiniň içinde saklap, goluny arka tarapy bilen aýal maşgala tarap uzatmagy, salamy kabul edýän aýal maşgalanyň bolsa, salam beren erkek adamyň uzadan sag goluny ýeňiniň daşyndan iki eli bilen gysymlamagy dogry hasaplanylypdyr. Ýaş aýallar öz maşgalalarynyň erkek agzalary ýa-da beýleki uly ýaşly garyndaş erkekler bilen salamlaşanlarynda «Salamälik, ýaşuly», «Salamälik, daýy», «Salamälik, atasy» ýaly sözler bilen ýüzlenipdirler. Ýaşynýan erkeklerine gabat gelenlerinde, ýaş gelinler baş atyp ýa-da az-kem säginmek arkaly, yşarat bilen salam beripdirler. Gelin-gyzlaryň erkek adamlar tarapyndan: «Saglykmysyňyz, gurgunmysyňyz?» diýlip, aýdylyýan sözlere olaryň hiç hili jogap gaýtarman, şol tarapa çalarak seredip geçmegine-de kadaly ýagdaý hökmünde seredilipdir. Türkmen halkynda aýal-gyzlalyň özara salamlaşyş düzgünlerinde hem özboluşlylyk kän. Milli däplere görä, aýal maşgalalar biri-birleri bilen elleşip görüşmändirler, biri-birlerine salam berenlerinde «Salamälik» diýip ýüzlenipdirler, elleşip görüşmegiň deregine biri-birleriniň iki egnine iki eli bilen kakypdyrlar. Şeýle usulda görüşülende aýallaryň uly ýaşlysy kiçi ýaşlynyň eginlerine iki eli bilen kakyp, «Amanlykmy, saglykmy?» diýip ýüzlenipdir, öz gezeginde kiçi ýaşly aýal maşgala «Hudaýa şükür, sizem sag-amanmysyňyz?» diýip jogap gaýtarypdyr. Ýaşy has könelişen aýallar bilen salamlaşylanda, ýaş kiçi gelin-gyzlar olaryň ýanyna baryp, salam bereninden soň, eginlerini aşak egipdirler, ýaşuly aýal bolsa oturan ýerinden iki eli bilen onuň eginlerine kakypdyr. Türkmen halkynyň salam bermekden saklanmak bilen baglanyşykly milli däpleri hem bar. Mysal üçin, milli kadalara laýyklykda aşakdaky halatlarda salam bermekden saklanmak dogry hasaplanylypdyr: • Azan aýdyp durana; • Kitap okap oturana; • Uklap ýatana; • Hajathanada oturana; • Mal soýup durana; • Hammamda suwa düşüp durana. Salamlaşmak edebiniň ýokarda sanalyp geçilen kadalary türkmenlerde, esasan-da, oba ýerlerinde, enteklerem belli bir derejede saklanylyp gelinýär. Ýeri gelende, bu däp-dessurlaryň dürli taýpa-tirelerde we sebitlerde özboluşly aýratynlyklarynyň hem barlygyny belläp geçmek gerek. Türkmen halkynyň salamlaşmak bilen baglanyşykly özboluşly milli pähimleri hem kän. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde: «Salamlaşyk duşmanyny dost eýlär», «Her demde bir salam», «Edep seresi - salam, üşük seresi - kelam», «Ýedi adimden bir salam, ilki - salam, soň - kelam» ýaly pähimleri görkezmek hem ýeterlik. Salamlaşmak edebiniň türkmen halkyna mahsus milli aýratynlyklary barada ýörite durup geçmegimiziň esasy sebäbi, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, bu kadalary bilmekligiň döwlet gullukçylary üçin, ýagny olaryň halkyň arasyna döwlet edarasynyň işgäri hökmünde çykýanlygy üçin wajyplygy bilen baglanyşyklydyr. Salamlaşmagyň milli däplerinden daşary döwlet gullukçylary üçin salamlaşmak edebiniň häzirki döwürde ählumumy kabul edilen düzgünlerinden habarly bolmagy we olary berjaý etmegi has-da wajypdyr. Indi salamlaşmagyň şol kada-düzgünleri baradaky gürrüňe geçeliň. Häzirki zaman etiketinde salamlaşmagyň galtaşma (kontakta) girişýän adamlaryň jynsyna, ýaş aýratynlygyna we eýeleýän wezipesine görä tapawutlanýan ählumumy kabul edilen düzgünleri bar. Salamlaşmak edebiniň iň esasy elementleriniň biri elleşip görüşmek hasaplanylýar. Bu kadanyň ähliumumy kabul edilen düzgünleri esasan aşakdakylardan ybaratdyr: • Erkek kişi zenan maşgala bilen salamlaşanda, eger-de, zenanyň özi elini uzatmasa, elleşjek bolup, elini uzatmaly däl. • Erkek kiçi salamlaşan halaty gözündäki äýnegini (günden goraýan) aýyrsa, elligini çykarsa, kellesindäki telpegini, şlýapasyny biraz ýokary galdyrsa (emma bu düzgün beret, sport papagy we lukmanyň telpejigi ýaly başa geýilýän zatlara degişli däl) dogry hasaplanylýar. • Aýallar erkekleriň salamyna biraz kellelerini aşak yrap we ýylgyryp jogap berýärler. • Kafede, restoranda otyrkaňyz, başga stollarda oturan tanyşlaryň bilen diňe kelläňizi biraz aşak egmek görnüşde salamlaşmak dogry hasap edilýär. Erkek kişi aýal maşgala salam berende, az-kem ýerinden turup, çalarak baş egmeli. Eger-de, aýal maşgala onuň oturan stoluna golaý gelse, erkek adam ýerinden doly turmaly. Salamlaşmak edebiniň esasy düzgünleri, umumy görnüşde aşakdakylardan ybaratdyr: • Erkek kişi aýal maşgala, ýaş kişi ýaşy uly adama, ýaşy kiçi aýal maşgala özünden ýaşy uly aýallara we erkeklere, salam berýär. • Içi adamlardan doly jaýa girip, hemme kişi bilen elleşip salamlaşmak hökman däl, emma az sanly adamlaryň oturan ýerlerinde görşüp (çykaýmak aýyp zat däl. • Köçeden geçip barýan tanşyňa uly iliň bilen gygyryp, salam bermek nädogry hasap edilýär. • Eger-de, erkek kişi aýal maşgala bilen bile barýan bolsa, ýolda gabatlaşan tanşy bilen, ýanyndaky zenan maşgalany taşlap, salamlaşmakçy bolmaly däl. Gowusy, ol öz tanşy bilen ýanyn¬daky aýal bilen bile baryp, salamlaşmaly. • Taksä münülen halatynda, erkeklerem, aýal-gyzlar hem sürüjä salam bermeli. Awtobusa ýa-da trolleýbusa münülende welin, sürüjä salam bermek hökman däl. • Salam bermek düzgüni dellekhana, tikinçilik ýaly durmuş hyzmatlary edaralaryna müşderi hökmünde girilen halatynda hem ýerine ýetirilmeli. Elleşip görüşmek düzgüni hemme ýerde ulanylýan düzgün. Ýöne kimiň-kime ilki elini uzatmagy barada käbir kabul edilen umumy düzgünler bar: • Kiçi ula salam berýär, emma elini ilkinji bolup uzatmak hukugy uly ýaşla degişli. • Erkek kişi aýal maşgala salam berýär, elini ilkinji bolup uzatmak hukugy aýal maşgala degişli. • Elini erkek adama görüşmek üçin uzadan zenan maşgalanyň elini gaty gysmak nädogry. Zenan maşgala Siziň gaty ýakyn tanşyňyz bolsa, birazrak aşak eglip, elini uzadan zenanyň elini bolsa birazrak aşak eglip, elini uzadan zenanyň elini bolsa biraz ýokary galdyryp, onuň uzadan golunyň arka tarapyny çalarak ogşamak mümkin. Umuman, bir edarada işleýänler üçin salamlaşmagyň, elleşip görüşmegiň we birek-biregi tanyşdyrmagyň esasy düzgünlerini aşakdaky görnüşde hem suratlandyrmak mümkin: Tablisa 2 Salamlaşmagyň dürli ýagdaýlardaky esasy düzgünleri T/b Işgärleriň biri-birleri bilen duşuşan halatlarynda Ilkinji bolup degişli hereketi etmeli salam bermekde elleşip görüşmekde birek-biregi tanyşdyrmakda 1. Erkek kişi + + Aýal maşgala + 2. Uly ýaşly adam + + Kiçi ýaşly kişi + 3. Wezipesi ýokary bolan adam + + Wezipesi kiçi bolan kişi + 4. Toparyň deňinden geçip barýan adam + Toparda duran + + 5. Olara giren adam + + Otagdaky kişi + + 6. Gidip barýany ozup geçen kişi + Gidip barýan + 7. Otaga giren toparyň ýolbaşçysy + Otagdaky toparyň ýolbaşçysy + + «+» belgi bilen kimiň degişli hereketi ilkinji bolup etmelidigi görkezilýär. Elleşilip görşülen halatynda, görüşýän adamyňyzyň elini ähli güýjüňiz bilen gysmaly däl. Esasan-da bu düzgün aýallar bilen elleşilende hökman. Elleşip görüşmek bir edarada işleýänler üçin elmydama hökman däl. Mysal üçin, edara ýolbaşçy işgärleriň köplük bolup oturan jaýyna girip, biraz başyny egip we ýylgyryp, «Ertiriňiz haýyrly bolsun!», «Sag-gurgunmysyňyz?» ýaly jümleleri ulanyp, ýüzlenip bilýär. Erkekler we aýallar biri-birleri bilen salamlaşanlarynda, el uzatmak hukugy aýallara, ýolbaşçy bilen onuň tabynlygyndaky işgärler salamlaşanlarynda, ilkinji bolup el uzatmak hukugy ýolbaşçy işgäre, kiçi bilen uly salamlaşanda, ilkinji bolup el uzatmak uly ýaşla, ärli aýallar bilen entek durmuşa çykmadyk gyzlar salamlaşanlarynda, ilkinji bolup gol uzatmak hukugy ärli aýala degişli. Köpçülik bilen elleşip görşülen halatynda, olaryň içinde Siziň halamaýan adamyňyz bar bolsa, onuň bilen salamlaşman geçmek medeniýetsizlik hasaplanylýar. Tablisa 3 Elleşip görüşmekde gabat gelýän dürli hereketler we olaryň manysy Elleşip görüşmeklikdäki hereketler Manysy 1 2 Guraksy el bilen kelteden gowuşgynsyz (göwünli-göwünsiz) görüşmek Biparhlygy, göwnüýetmezçiligi aňladýar. Uzak wagtlap elleşip durmak we elleriň aýasynyň çygjarmagy Güýçli tolgunmany aňladýar. Birneme uzaldylan görnüşli biraz ýylgyrybrak, gadyrly garaýyş bilen elleşmek Hoşniýetliligiň nyşany. Salamlaşylýan adamyň elini çakdanaşa uzak gysyp durmak Elini görüşmek üçin beren adamda oňaýsyzlyk döretmegi mümkin. Elleşýän adam uzadan eliniň aýa tarapyny beýleki adamyň eliniň üstünde goýýar Agalyk etmäge çalşylýan elleşme. Elini uzadan adam özüniň ýokarylygyny görkezmek isleýär. El aýa tarapy ýokary edilip uzadylan Tabyn bolmaga taýýarlygy aňladýar. Özara söhbeti başlamak hukugyny başga adama bermek gerek bolanda ulanylýar. Elleşýän adamlaryň ikisiniň-de elleri deň derejede ýerleşýär Görüşýän adamlaryň ikisiniň-de birek-birege hormat goýýandyklaryny aňladýar. Aralygyň golaýlygyna garamazdan, epilmedik goly uzaldyp salamlaşmak Hormat goýulmaýanlygynyň alamaty. Şeýle hereketiň maksady – aralygy saklamak we deňsizligi duýurmak. Barmaklaryň uçlary bilen görüşmek: ele derek beýleki adamyň aýasyna diňe barmaklaryň ujunyň uzadylmagy Şeýle görnüşde elleşýän adam öz garşydaşyny özünden daşyrak saklamak isleýär. Iki el bilen goşawuçlap, beýleki adamyň elini gysmak Şeýle hereketi eden adamyň açyk ýürekliligini we oňa ynanyp boljaklygyny aňladýar. Diňe biri-birlerine gaty ýakyn adamlaryň arasynda ulanylýar. Elleşilende çep el görşülýän adamyň sag eliniň üstüne goýulýar Açyklygyň we ýürekdeşligiň nyşany. Goýulýan el näçe ýokarda ýerleşdirilse (eliň ýeňsesinde, tirsege golaý ýa-da egine golaý bolsa), şonça¬-da ýürekdeşligiň has çynlakaýlygyny aňladýar. Salamlaşmak edebi baradaky gürrüňi şu aýdylanlar bilen jemläp, adamlaryň biri-birlerini tanyşdyranlarynda nähili hereketleri etmelidigi, has dogrusy, bu babatda kabul edilen esasy edep düzgünleri baradaky gürrüňe geçeliň. Köp ýerde birek-biregi özara tanyşdyrmak meselesi ýüze çykýar. Bu babatda kabul edilen ählumumy edep düzgünleri, esasan, aşakdakylardan ybaratdyr: • erkek adamy zenan maşgala bilen, kiçi ýaşly adamy uly ýaşly bilen, sallah erkek adamy maşgalaly erkek adam bilen, kiçi wezipeli işgäri uly wezipeli bilen tanyşdyrmak dogry hasaplanylýar; • okuw jaýyna sapak geçmäge ilkinji gezek gelen mugallymy okuwçylar bilen okuw jaýynyň ýolbaşçylaryndan biri, haýsydyr bir zähmet edarasyna duşuşyga gelen artisti ýa-da başga bir hormatly myhmany çäräniň esasy guramaçylaryndan biri tanyşdyrýar; • edara täze gelen işgäri edaranyň ýolbaşçylaryndan biri tanyşdyrýar; • myhmanlary biri-birleri bilen öýiň eýeleri ýa-da çäräniň guramaçylary tanyşdyrýar. Soň gelenler olardan ой gelenler bilen tanyşdyrylýar. Emma ýaşy kiçiler elmydama kimiň haçan gelenligine garamazdan, uly ýaşlylar bilen tanyşdyrylýar. Adamlaryň aralaryndaky söhbet köplenç olaryň biri-birlerine ýüzlenmeginden başlanýar. Ýüzlenmegiň hem özboluşly düzgünleri bar. Ýüzlenmegiň düzgünleri degişli şertler bilen baglanyşykly. Mysal üçin, mekdep okuwçysy öz mugallymyna ýüzlenmekçi bolanda, elini galdyrýar we mugallymyna «Siz» diýip ýüzlenýär. Umuman, «Siz» diýip ýüzlenmek düýbinden nätanyş, nätanyşrak. ýaşuly, uly wezipeli we hormatlanylýan adamlara ýüzlenilende kabul edilen düzgün. Resmi duşuşyklarda we ýygnaklarda adamlaryň biri-birlerine, «Siz» diýip ýüzlenmegi dogry hasaplanylýar. Hatda ýygnaga ýa-da duşuşyga gatnaşýanlaryň arasynda biri-birine gaty ýakyn adamlar hem biri-birlerine «Siz» diýip ýüzlense gowy. Ýaşy kiçi adam özünden has uly adama «Sen» diýip ýüzlenip başlasa, edepsizlik hasaplanylýar. Ýöne ýaşy uly adam ýaşy kiçi söhbetdeşine özüne «Sen» diýip ýüzlenmegine rugsat berse welin, başga gep. Başlyk adamyň öz tabynlygyndakylara «Sen» diýip ýüzlenmegi hem gaty bir dogry hasaplanylmaýar. Işgärler hem öz başlyklaryna (hatda onuň ýaşy kiçi ýa-da ol işgär bilen ýakyn garyndaş hem bolsa) «Sen» diýip ýüzlenmese gowy. Türkmenlerde ýaş kiçiler özünden ululara köplenç «pylan aga» diýip ýüzlenýärler. Ruslar we beýleki birnäçe slawýan halklarynda ýaşy uly adama köplenç onuň adyny we atasynyň adyny tutup ýüzlenmek ýörgünli. Bu kada häzirki döwürde türkmenlerde hem tas däbe öwrülen diýen ýaly. Türkler başga adama ýüzlenenlerinde, köplenç ýüzlenilýän adamyň adynyň yzyndan «beý» (eger erkek adam bolsa) we «hanym» (eger ýüzlenilýän zenan maşgala bolsa) diýip ýüzlenseler, iňlisler «ser», amerikanlylar «mister» goşulmalaryny ulanyp, adamyň adyny ýa-da familiýasyny tutup, ýüzlenýärler. Kähalatlarda adamyň adyna derek onuň çininiň (Mysal üçin, «jenap general») ýa-da ylmy derejesiniň (Mysal üçin, «hormatly professor») ulanylmagy hem dogry hasaplanylýar. Sungat işgärlerine ýüzlenilende, «maestro» diýlen söz hem ulanylýar. Umuman, adamlaryň biri-birlerine ýüzlenenlerinde ulanýan sözleri we goşulmalary hemme ýerde we hemme medeniýetlerde birmeňzeş däl. Bu ýerde esasy zat söhbetdeşlige girişýän adamlaryň öz ýüzlenmelerinde biri-birlerine goýýan sarpasyny we hormatyny bildirmäge çalyşmaklygydyr. 2.2. Wizit kartlaryny (tanyşdyrgyçlary) gowşurmagyň we kabul etmegiň edebi Wizit karty (tanyşdyrgyç) - dört burçly gaty kagyzda şahsyň ady, familiýasy, wezipesi, iş salgysy we telefon belgileri ýazylan kiçi ölçegli kagyz bölegi. Häzirki zaman dünýäsinde resmi we işjeň duşuşyklarda adamlar wizit kartlaryny özlerini biri-birine tanyşdyrmak üçin ginden ulanýarlar. Wizit kartlarynyň dürli görnüşleri bar we olaryn esasy görnüşlerine aşakdakylar degişlidir: • standart görnüşli wizit kartlary; • ýöriteleşdirilen görnüşli wizit kartlary; • resmi däl gatnaşyklar üçin (mysal üçin, maşgala arasyndaky gatnaşyklary üçin) niýetlenilen wizit kartlary; • edaralaryň, kompaniýalaryň wizit kartlary we ş.m. Bazar ykdysadyýetiniň ösen ýurtlarynda wizit kartlary häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda wajyp ähmiýetli roly oýnaýar. Käbir ýerlerde wizit karty şahsyýetnama derek hem ulanylýar. Häzirki döwürde giňden ulanylýan wizit kartlary öz gözbaşyny baryp 16-njy asyrdan alyp gaýdýar10. Italiýanyň Paduýa uniwersitetinde okaýan germaniýaly talyplar tomus dynç alşa gaýtmazdan öň öz professorlary bilen hoşlaşmaga baranlarynda, olara öz maşgala gerbleri şekillendirilen miniatýuralary galdyrypdyrlar. Talyplar ol miniatýuranyň ýüzünde öz atlaryny we degişli senäni ýazypdyrlar. Iň irki wizit karty 1731-nji ýylda Forensiýada (Italiýa) ýasalypdyr diýlip hasaplanylýar. Ol kartlardaky ýazgylar esasan elde ýa-da litografiýa usulynda ýerine ýetirilipdir. (çaphana usulynda wizit kartlary XX asyryň başlarynda ýasalyp başlanylypdyr. Wizit karty ýuka karton kagyzynda 40 mm x 70 mm ölçegden 70x100 мм ölçeg aralygynda ýasalýar. Häzirki döwürde käbir işewür adamlar iki taraply wizit kartlaryny hem ulanýarlar. Onuň bir tarapynda ýazgylar milli dilde bolsa, beýleki tarapynda daşary ýurt dilleriniň birinde ýerine ýetirilýär. Emma beýle etmek diplomatik protokolyň düzgünlerine ters gelýär. Hakykatynda wizit kartlarynyň diňe bir tarapynda ýazgylar bolmaly. Onuň arka tarapy goşmaça bellikler etmek üçin arassa bolmaly. Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde wizit kartlarynyň iki görüşi, ýagny biri milli dilde, ikinjisi bolsa, degişli daşary ýurt dilinde taýýarlanylan görnüşleri ulanylýar. Wizit kartlarynyň reňki ak bolsa dogry hasaplanylýar. Wizit kartlarynyň esasy wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr: • iş salyşýan adamlaryň biri-birlerine özlerine degişli esasy maglumatlary (ady, familiýasy, iş ýeri, wezipesi, iş salgysy we telefon belgileri we ş.m.) bermegi; • taraplaryň geljekde iş salyşmak isleýändiklerini biri-birine duýdurmagy; • bir tarapyň beýleki tarapa öz hormatyny we minnetdarlygyny bildirmegi; • şeýle hem wizit kartlary baýramçylyklar, belli bir seneler bilen baglanyşykly gutlaglar we sowgatlar iberilende iberilýän zadyň gapdalyna goşulyp (kimiň iberenligini bildirmek üçin), iberilýär. Wizit kartlaryny gynanç bildirmek üçin hem ulanmak mümkin hasaplanylýar; ____________________ 10 Käbir çeşmelerde wizit kartlarynyñ döreyiş taryhynyň Gadymy Hytaý bilen baglanyşdyrylmagyna hem duş gelmek bolýar. Biziñ eramyzdan öňki ikinji we üçinji asyrlaryň aralygynda hytaý emeldarlary ýörite permana laýyklykda gyzyl kagyzdan ýasalan kartlarda öz atlaryny we eýeleýän wezipelerini ýazmaga borçly edilipdirler (Ser: http://ru.wikipedia.org/wiki/Bизитная_кapточка). • Wizit kartlary haýsydyr bir zadyň ýany bilen iberilende, kartyň çep tarapynyň aşaky böleginde galam bilen ýazylan «Sizi gutlaýar», «Size gynanç bildirýär» görnüşli ýazgylar ýazylýar. Bu ýazgylaryň şeýle görnüşde bolmagy gutlag iberýän ýa-da gy¬nanç bildirýän adamyň adynyň we onuň kimliginiň wizit kartynda ozal ýazylanlygy bilen baglanyşyklydyr. Wizit kartlary iberilende degişli halkara simwollary hem ulanylýar. Işjeň gatnaşyklarda şeýle simwollar seýrek ulanylýan bolsa, diplomatik gatnaşyklarda olardan giňden peýdalanylýar. Ol simwollar öz gelip çykyşy boýunça gysgaldylan fransuz sözleridir. Olaryň manysy aşakdaklardan ybaratdyr: p.f. (pour feliciter) – gutlamak; p.f.N.a. (pour feliciter nouvel an) – Täze ýyl baýramy bilen gutlamak; p.c. (pour condoleances) – gynanç bildirmek; p.p.p. (pour prendre part) – gynanç bildirmek we gerek bolan kömegi bermäge taýýarlygyňy bildirmek; p.p.c. (pourprendre conge) – ýurtdan gidilende hoşlaşmak. P.c., p.p.p и p.f. ýazgyly wizit kartlaryny alan adamlar şeýle karty iberen adama özüniň p.r (pour remercier) ýazgyly kartyny ýagny «Sag boluň, minnetdar» diýen manylary berýän ýazgy bolan kartyny jogap hökmünde ýollaýar. Eger-de baýramçylykdan soň birnäçe gün geçen bolsa, p.r.p.f. ýazgyly wizit karty ugradylýar. • Wizit kartlary araçy tarapyndan haýsydyr bir adamy beýleki bir adam bilen tanyşdyrmak üçin hem ulanylýar. Araçy p.p.(pour presenter) ýazgyny öz wizit kartyna ýazyp, özüniň tanyşdyrmakçy bolýan adamsynyň wizit kartyny öz wizit karty bilen tanyşdyrylýan adama ýollaýar. • Wizit kartlary bilen alyş-çalyş etmek özara tanşylanda ulanylýar. Olar haýsydyr bir ýere (edara ýa-da öýe) barlyp gaýdylan-da hem goýlup gaýdylýar. • Tanşylanda, ilkinji bolup öz wizit kartyny gelen myhman gowşurýar. Daşary ýurtlara sapar edilende ilkinji bolup öz wizit kartlaryny kabul edýän tarapyň wekilleri sapara gelenlere gowşurýarlar. Bu düzgün Ýaponiýada we Koreýada hökmany hasaplanylýar. Beýleki ýurtlarda sapara gelenler hem öz wizit kartlaryny ilkinji bolup hödürläp bilýärler. Emma beýle etmek gaty bir dogry hasaplanylmaýar. • Wizit karty gowşurylanda onuň eýesiniň ady sesli okalýar. Öz wizit kartlaryny biri-birine gowşurýan adamlar kartlaryny uzadanlarynda, biraz başlaryny egmeli. Wizit kartlaryny esasan sag el bilen uzatmak dogry hasaplanylýar. Ýaponiýada we beýleki käbir Aziýa ýurtlarynda iki el bilen gowşurmak düzgüni gyşarnyksyz berjaý edilýär. • Ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilende iki tarapyň hem gepleşige gatnaşýan agzalary biri-birlerine öz wizit kart¬laryny gowşurmaly. Wizit kartlary subordinasiýa laýyklykda gowşurylýar. Ilkinji bolup öz wizit kartyny kabul edýän tarapyň ýolbaşysy myhmanlara ol tarapyň ýolbaşçysyndan başlap, paýlaýar, soňra kabul edýän tarapyň ýolbaşçysyndan soň ikinji orny eýeleýän adam, soň beýleki agzalary paýlap çykýarlar. Edil şol tertipde kabul edilýän tarapyň wekilleri hem öz wizit kartlaryny kabul edýän tarapyň agzalaryna paýlap çykýarlar. Kabul edýän tarapyň agzalary özlerine gowşurylan wizit kartlaryny myhmanlaryň garşyda oturan tertibinde öz öňlerinde hatar edip goýmaly. Gowşurylan wizit kartlarynda gepleşigiň dowamynda haýsydyr bir bellikler etmek, olary eplemek, ýa-da olary eýläk-beýläk süýşürip oturmak nädogry hasap edilýär. • Wizit kartyny beren adama her bir adam öz wizit kartyny şobada berse gowy. Eger-de, wizit kartyny şobada gowşurmak mümkinçiligi ýok bolsa, ony 24 sagadyň dowamynda etmekçi bolmaly. • Wizit kartlarynyň indi hemme ýerde ginişleýin ulanylýanlygy üçin her bir işewür adamyň ýanynda azyndan 10-15 sany wizit karty bolmaly. Wizit kartlarynyň umumy sany hem 150-200 töwerek bolsa dogry hasaplanylýar. Wizit kartlaryny saklamak üçin ýörite gutujyklardan peýdalanmaly. • Wizit kartlarynda köp maglumat bolmaly däl. Esasan, edaranyň ady, wizit kartynyň eýesiniň ady we familiýasy, onuň eýeleýän wezipesi, ylmy derejesi we alymlyk ady, edaranyň telefonynyň we faksynyň belgileri, edaranyň salgysy ýaly maglumatlar ýazylýar. Wizit kartynda kartyň eýesiniň şahsy elektron poştasynyň we mobil telefonynyň belgisi hem ýazylyp bilinýär. Emma öý telefonynyň belgisini we öý salgysyna degişli maglumatlary wizit kartlarynda ýazmak işewür adamlara maslahat berilmeýär. Bu düzgün, esasan-da, döwlet edaralarynyň işgärlerine degişlidir. Ýokarda agzalan maglumatlardan daşary öz hormatly atlary, döwlet sylaglary we baýraklary baradaky maglumatlary özleriniň wizit kartlaryn¬da erkin suratkeşler, artistler, alymlar we ýazyjylar görkezip bilýärler. Olar öz wizit kartlarynda öz öý salgylaryny-da, öý telefonlarynyň belgilerini-de görkezip bilýärler. • Wizit kartlaryna golaý tanyşdyrgyçlar uly göwrümli maslahatlar, konferensiýalar, sergiler, festiwallar we ş.m. çäreler geçirilende hem ulanylýar. Olara beýdj diýilyär. Beýdjler boýundan asylýan ýa-da döşe dakylýan görnüşlerde taýýarlanylyp, olaryn ýüzünde çärä gatnaşýan şahsyň ady we fa¬miliýasy, wekilçilik edýän ýurdunyň ýa-da edarasynyň ady görkezilýär. Çäräni gurnaýjylaryň beýdjlerinde olaryň ady we familiýasy bilen bir hatarda çärä degişli haýsy wezipäni ýerine ýetirýänligi hem görkezilýär. 2.3. Sowgatlary gowşurmagyň we kabul etmegiň edebi Birek-birege haýsydyr bir zatlary sowgat etmek, haýsydyr bir zatlary ýadygärlik hökmünde gowşurmak adamlaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda gadymdan bäri ulanylyp gelinýän düzgünleriň biri. Sowgat bermek arkaly adamlar biri-birlerine goýýan hormatyny bildirmäge çalyşýarlar. Nähili zatlaryň sowgat edilmelidiginiň, sowgatlary gowşurmagyň we sowgady kabul etmegiň hem özboluşly düzgünleri bar. Bu düzgünler dürli halklarda entegem özüniň milli aýratynlyklaryny belli bir derejede saklaýan-da bolsalar, sowgatlar meselesinde häzirki zaman işjeň gatnaşyklarynda kabul edilen ählimumy düzgünler hem bar. Şeýle düzgünlerden habarly bolmagyň döwlet gullukçylary üçin-de, diplomatik Işgärler üşin-de zerulygy ýörite düşündirişi talap etmeýärmikä öýdýäris. Bir ýerik iş saparyna baran adama ýurt bilen, onuň baran şäheri, baryp gören ýerleri, kompaniýalary, okuw jaýlary bilen baglanyşykly ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak indi köp ýerlerde giňden ulanylýan düzgün. Köplenç şeýle ýadygärlik sowgatlarynda döwletiň, degişli şäheriň gerbi, bar firmanyň emblemasy we beýleki şekiller öz beýanyny tapýar. Ilkinji duşuşykda kabul edýän tarap iş saparyna gelen myhmanlara sowgat gowşurýar. Daşary ýurtly myhmana sowgat bermek arka¬ly myhmançylyga alan tarap öz myhmanyna hormat bilen garaýanyny we geljekde onuň bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýarlygyny aýan etmäge çalyşýar. Taraplaryň soňky duşuşyklarynda iki tarap hem biri-birine sowgatlar gowşurýar. Daşary ýurtdan gelen myhmanlara sowgatlar gowşurylan-da, gelen toparyň agzalarynyň wezipe derejeleri hökmany suratda göz öňünde tutulýar. Bu şertiň bozulmagyna käbir azia ýurtlarynyň wekilleri gaty görmek bilen garaýarlar. Şol bir myhmanlar soň ýene-de iş sapary bilen gelen ýagdaýynda, olara öňki berlen sowgatlardan üytgeşigräk sowgatlaryň berilmegi dogry hasaplanylýar. Gül sowgat bermegiň hem özboluşly düzgünleri bar. Gül dünýäniň köp ýerlerinde sowgadyň görnüşi hökmünde ulanylýar. Hindistan ýaly käbir ýurtlarda welin, güle sowgat hökmünde garalmaýar. Hindiler her bir täze gelen myhmany onsuzam özleriniň gadymdan gelýän däplerine görä, güllerden düzülip ýasalan girlýandlary olaryň boýnundan asyp, garşylaýarlar. Hatda bu düzgünlerini olar özleriniň daşary ýurt gatnaşyklarynda – resmi myhmanlary garşylanlarynda hem ulanýarlar we hindileriň bu hereketi diplomatik protokolyň nukdaýnazaryndan hem geň görlüp durulmaýar. Ýaponlar üç dörtlük san gorkuly san hasaplanylyp, her bir zady, şol sanda gülleri hem, dörtden köp ýa-da az sanda bermek däbi ulanylýar. Haýsydyr bir ýere güller ýörite sebede salnyp iberilende güliň eýesi, onuň ýany bilen özüniň wizit kartyny hem ýollamaly. Gül sowgat bermegiň ählumumy kabul edilen düzgünlerine laýyklykda, erkek adamlara gül sowgat bermek nädogry hasaplanyl¬ýar. Emma erkek adamlaryň ýubileý toýlarynda olara gül sowgat ber¬mek mümkin. Käbir ýurtlarda döwlet ýolbaşyylaryna hem gül sowgat berilýär Maşgalaly erkek adam durmuşa çykmadyk gyza gül sowgat berse, nädogry hasaplanylýar. Aýal maşgala hem erkek adama gül sowgat berse, ýalňyş hasaplanylýar. Käbir ýurtlarda sowgat berilýän gülleriň reňkine we sanyna hem üns berilýär. Mysal üçin, Germaniýada ak we sary reňkli gülleri sow¬gat bermek gelşiksiz hasapanylýar. Ýaponiýada hrizantema diýlip atlandyrylýan gül imperatoryň simwoly hasaplanylyp, olary başgalara diňe imperatoryň maşgalasyna degişli adamlar berip bilýär. Fransiýada hrizantemalar gussaly wakalar bilen baglanşykly ulanylýar. Norwegiýada sowgat berilýän gülleriň sany jübüt bolmaly, tersine slawýan halklarynda welin, jübüt sanly güller diňe merhumlaryň mazaryna goýulýar. Ýeke güli hem sowgat bermek dogry hasaplanylýar. Nobel baýragynyň eýesi Ýasunari Kawabata aýtmyşlaýyn: «Bir gül ýüz gülden hem gowy, sebäbi onuň ýekejesi hemme gül diýilýän ajaýyp zadyň hli enaýylýygyny bermäge ukyply». Küýzejiklerde oturdylan gülüň sowgat hökmünde gowşurylmagy barada aýdylanda, şeýle görnüşde gül gowşurmak, umuman alnanda, dogry däl. Emma, Siziň sowgat berýän adamyňyz muny Sizden haýyş eden bolsa, onda küýzeli güli sowgat hökmünde gowşuryp bolýar. Eger-de Siz myhmançylyga maşgala dabarasyna gatnaşmak üçin baran bolsaňyz, eliňizdäki güli daşynyň dolanan kagyzy bilen hem gowşuryp bilersiňiz. Emma Siz eliňizdäki gül bilen myhmanlaryň oturan otagyna giren bolsaňyz, gülüň daşky gabyny aýryp, toý eýesine gowşurmaly. Ýöne beýle etmek dolaglaryň hemme görnüşlerine degişli däl. Eger-de Siziň sowgat bermekçi bolýan gülüňiz gül salonynda ýörite edilip, owadan gaplanan bolsa, onda güli daşyndaky gaby bilen hem gowşuryp bolýar. Güller ýokary tutulyp gowşurylýar. Keselhanalara gülli barmak düybünden nädogry hasaplanylýar. Sebäbi, käbir güller näsag adamlarda öz ysy bilen nähoşluk döredip bilýär. Sowgat gowşurylan ýagdaýynda, sowgady alan adam şobada sowgadyň daşky gabyny aýryp, ony açyp görmeli we sowgat beren adama minnetdarlyk bildirip, sowgadyň gowulygyny nygtap, sowgat beren adamyň ýagşy niýetlerini bellemeli. Sowgat bilen haýsydyr bir öýe myhmançylyga barlanda sowgady öý eýesine gapyň agzynda gowşurjak bolup durmaly däl. Sowgat berýän adam öz üstki eşiklerini (paltodyr plaşyny) çykaryp, özüni birneme timarlap, adamlaryň üýşüp oturan myhman otagyna geçip, şol ýerde myhmanlaryň aňynda öz sowgadyny öý eýesine gowşurmaly. Sowgat hökmünde berilýän zadyň daşky gabynyň (dolagynyň) owa¬dan we gelşikli bolmalydygy, sowgadyň çyndan ýylgyrylyp, ýakymly sözler adylyp berilmelidigini hem ýatdan çykarmaly däl. Sowgat berilmegi nädogäry hasaplanylan zatlar barada aýdylanda, şeýle zatlaryň hataryna, esasan, el ýaglygy, pyçak, sagat, ýüz görülýän aýna ýaly zatlar girýär. Fransiýada aýal maşgalalara duhi sowgat bermek gelşiksiz hasap edilýär, sebäbi bu iki adamyň arasyndaky gaty pynhan gatnaşyklary aňladýar. Hindistandan gelen myhmanlara teletinden, ýagny sygyr derisinden taýýarlanylan önümleri sowgat etmek bolmaýar. Sebäbi, hindi halky üçin sygyr mukaddes jandar hasaplanylýar. Umuman, sowgat bermek nädogry hasaplanylýan zatlara aşakdakylar degişlidir: • Zenan maşgalalara güýçli spirtli işgileri sowgat bermek nädogry hasaplanylýar. • Dünýäniň köp ýurtlarynda sagat, ýüz görülýän aýna we pyçak ýaly zatlary sowgat bermek gelşiksiz hasaplanylýar. • Öz fotosuratyňyzy, eger-de, muny Sizden ýörite haýyş etmedik bolsalar, sowgat bermäň. Ýöne köplenç halatda belli artistlere, aýdymçylara we sportsmenlere olaryň muşdaklary şeýle haýyş bilen kän ýüz tutýarlar. Şeýle haýyş bilen ýüz tutanlara öz suratyňyzy öz arzuwlaryňyz we şahsy goluňyz bilen gowşurmak dogry hasaplanylýar. • Jandarlary (at, it, pişik, balyk, guş we ş.m.) hem Size gaty ýakyn bolmadyk adamlara sowgat hökmünde gowşurmakdan saklanmaly. Ýöne Siziň sowgat berýän11 adamyňyz bu barada Size öň ýaňzydan bolsa ýa-da Siz onuň şeýle sowgady hakykatdan-da minnetdarlyk bilen kabul etjegine gözüňiz doly yetyän bolsa, onda belki sowgat berip bolar. Emma, umuman alnanda, janly zatlary sowgat bermek ählumumy edebiň kadalaryna dogry gelmeýär. • Janly ösümlikleri (agaç we gül nahallaryny, küýzejiklerde ýerleşdirilen otag ösümliklerini) sowgat bermek hem o diýen bir dogry hasaplanylmaýar. • Erkek adamlar zenan maşgalalara, eger-de olar gaty ýakyn aragatnaşykda däl bolsalar, işki aýal geýimlerini hiç haçan sow¬gat bermeli däldirler. Sowgat hökmünde berilmegi maslahat berilmeýän zatlaryň hataryna dermanlar we gigiýena üçin niýetlenen zatlar (sabyn, diş çotgasy, polotensa we ş.m.) hem girýär. Bu hili zatlaryň sowgat hökmünde berilmeginiň o diýen bir dogry hasaplanylmaýanlygynyň sebäbi öz-özünden hem düşnüklidir. Eger-de, dermanlar sowgat hökmünde gowşurylan ýagdaýynda, sowgat gowşurylýan adama onuň nasaglygyny ýatladýan ýaly bolup görünse, gigiýena üçin niýetlenilen zatlaryň sowgat derejesinde berilmegi olaryň sowgat berilýän adama onuň özüniň şahsy arassylygy hakynda alada etmelidiginiň ýaňzydylýan ýaly bolup görünmegi mümkin. Içki eşikleri biri-birlerine diňe ýakyn garyndaşlar (erkek kişi öz aýalyna, aýal maşgala öz adamsyna, iki aýal dogan ýa-da iki ýakyn jora) biri-birlerine sowgat ___________________ 11 Bellik: Sagadyñ sowgat berilmeli däldigini diñe bir zat bilen düşündirmek mümkin. Sagat wagty ölçeýän gural. Adam ömri hem (päkli, ýagny belli bir wagt geçenden soň ömür ölüm bilen tamamlanýar. Sagat sowgat berip, biz sowgat gowşuran adamymyza onuň ömrüniň çäklidigini ýatladýan ýaly görünýäris. Sagadyň sowgat berilmeli däldigi baradaky garaýşyň onuň aslynda sowuk ýarag hökmünde oýlanyp tapylanlygy bilen baglanşykly bolmagy mümkin. Ýüz görülýän aýnanyň sowgat berilmeli däldigini hem düşündirmek kyn däl. Sebäbi, aýna adama wagtyň geçmegi bilen barha garaýanlygyny ýatladýar. Emma muňa garamazdan, käbir ýurtlarda (mysal üçin, Eýranda) sagat iň gowy sowgat hasaplanylýar. Kähalat sagadyň hem sowgat berilýän ýerleri bolýar. Sowet Soýuzynyñ soňky ýyllarynyň taryhyna degişli wakalaryň birini munuň aýdyň mysaly hökmünde getirmek mümkin. «Täzeden gurmaklyk» diýilýän döwürde E.A.Şewardnadze SSSR-iñ Daşary işler ministri wezipesine bellenýär we onuň ilkinji resmi iş saparlarynyň biri ABŞ bolýar we ol ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti R.Reýgan bilen duşuşan-da, oňa sapy gymmatbaha daşlar bilen haşamlanan (inkrustirlenen) gruzin gamasyny: «Ynha, bu kiçijik ýaragjagazy Size Sowet Soýuzynyñ adyndan sowgat berip, men biziñ döwletimiziň doly ýaragsyzlanmaga hem taýýardygyny ýaňzytmak isleýärin» diýen sözleri aýdyp gowşurypdyr. (Ö.M.) hökmünde berip bilýärler. Ýaş ýigide hem öz halaşýan gyzyna içki egin-eşiklen sowgat bermek gelşikli däl. Aýal maşgalalara kuhnýa üçin niýetlenilen enjamlary we gap-gaçlary sowgat hökmünde bermek hem elmydama dogry hasaplanylmaýar. Şeýle zatlaryň sowgat berilmeginiň nädogrulygy olaryň aýal maşgala ýeňil bolmadyk öý işlerini ýatlatmagynyň mümkinligi bilen baglanyşyklydyr. Käbir halklaryň käbir zatlar bilen haýsydyr bir yrymlarynyň baglanyşyklydygy üçin sowgat berilýän zatlara degişli yrymlar barada hem pikir edilse gowy. Mysal üçin, el ýaglygynyň sowgat berilmeli däl zatlaryň hataryna girýänligi, birinjiden, onuň, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, gigiýena üçin niýetlenenligi bilen bagly bol¬sa, ikinjiden, käbir halklarda elýaglygyň gözyaşa getirýänligi ya-da adamlary biri-birleri bilen jetleşdirýänligine degişli yrymlaryň ýörgünlidigi bilen baglanyşyklydyr. Sary reňkli gülleriň aýralygyň alamatylygy bilen baglanyşykly yrym hem bu gülleriň sowgat edilmeginden saklanylmagyna sebäp bolup bilýär. Sowgatlar gowşurylanda, olaryň käbirlerinden hem bolýar. Haýsy sowgatlardan nähili görnüşde ýüz öwürmegiň hem ählumumy kabul edilen kadalary bar. Umuman, haýsy sow¬gatlardan nähili we nädip ýüz öwrüp bolýanlygy barada aşakdaky maslahatlary bermek mümkin: • Eger-de Size gowşurylýan sowgat çakdanaşa gymmat bahaly bolup, ol Sizi özüňizi sowgat beren adamyň öňünde borjňy duýmaga mejbur edýän bolsa, onda şeýle sowgady kabul etmekden boýun gaçyrmak mümkin. • Ýöne sowgatdan ýüz öwürmegiň hem özboluşly kadalarynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Şeýle sowgady bermekçi bolan adama özüniň sowgady näme üçin kabul edip biljek däldigiňizi ýokary sypaýyçlyk bilen düşündirip, ol adama sowgady saýlamak üçin sarp eden wagty we Size goýýan gadyr-hormaty üçin öz minnetdarlygyňyzy bildiriň. • Emma hiç haçan sowgatdan ilk-ä ýüz öwrüp, soňra-da öz ozalky aýdan zatlaryňyzy ret edip, almakçy bolaýmaň. Sowgatdan sypaýylyk bilen çürt-kesik ýüz öwrüň. Sow¬gady gowşurjak bolan adam bilen hem araňyzy öňküsi ýaly gowy derejede saklamaga çalşyň. 2.4. Jemgyýetcilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edebi 2.4.1. Restoranlarda, naharhanalarda, kabul edişliklerde stoluň başynda oturmagyň düzgünleri Diňe käbir gündogar ýurtlarynda bolaýmasa, köplenç halatda häzirki zaman naharhanalarynda, restoranlarynda, kafelerinde nahar iýmek, çaýdyr, kofe içmek ýaly hereketler esasan stoluň başynda bolup geçýär. Stoluň başynda oturyp naharlanmak, toýdur dabara gatnaşmak, myhmanlary garşylamak, resmi we resmi däl kabul edişliklere gatnaşmak indi ählumumy däbe öwrülip barýar. Biziň türkmen halkymyzyň şäher ýerlerinde ýaşaýan bölegi indi öz toýlaryny we beýleki üýşmeleňlerini esasan stol gümäp, gelen myhmanlary keçedir, halyň üstünde ýazylan sapagyň başynda oturtman, stoluň başynda oturdýarlar. Bu däp dünýäniň köp ýurtlarynda öňden bäri ulanylyp gelinýän däp. şonuň üçin-de, stoluň başynda oturmagyň, naharlanmagyň we myhman kabul etmegiň, stoly nahar iýilýän ýa-da içgiler içilýän dürli enjamlardyr, gap-gaçlar bilen bezemegiň, myhmanlara haýsy naharlaryň öňürti, haýsylarynyň bolsa soň alnyp berilmeginiň, haýsy görnüşli naharlary haýsy enjamlary ulanyp iýmekligiň, haysysy içgileriň nähili gaplara we näçe möçberde guýulmagynyň we stoluň başyndaky şular ýaly beýleki hereketleriň ählumumy kabul edilen etiket düzgünleri bar. Şeýle düzgünlerden habarly bolmak we olary berjaý etmek diňe bir edepliligiň däl-de, eýsem ýokary medeniýetliligiň nyşany hasaplanylýar. Stoluň başynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti bilen baglanyşykly gürrüňi salamlaşmak edebi baradaky bölümimizdäki ýaly söhbet görnüşinde däl-de, maslahatlar we sowallara jogaplar görüşinde bermegi makul tapdyk. Stoluň başyna geçeniňizden soň, esasy üns bermeli zatlar: • Öz oturşyňyza. Gaýşarylyp, her aýagyňyzy bir tarapa uzadyp ýa-da bir aýagyňyzy beýleki aýagyňyzyň üstünde goýup oturmak gowy däl. • Stoluň başynda iyip-içmekligiňiz üçin özüňize amatly ýagdaýda oturmaly. Stola gaty ýakyn hem, ondan gaty bir daşda hem oturmaly däl. • Oturgyçda göni oturmaly, stol bilen siziň göwräňiziň aralygy 8-10 sm çemesi bolmaly. Erkin oturmaly, dartgynlyk bolmaly däl. • Aýaklaryňyzyň dyzyňyzdan aşagy göni saklanylmaly, daban taraplary parallel ýerleşdirilmeli. • Elleriňizi nahara çenli we arakesmelerde dyzyňyzyň üstünde saklamaly. • Tirsekleriňizi stoluň üstünde goýmak nädogry hasaplanylýar. Stoluň üstünde diňe aýalaryňyzy goýup bolýar. Indi bolsa, restoranlarda nahar edinilende, köplenç ýüze çykýan sowallaryň käbirine jogap bermäge çalşalyň. • Haçan çarşajyk sag elde we haçan çep elde bolmaly? Et iýilýän mahaly çarşajyk çep elde, pyçak bolsa sag elde bolmaly. Içdäaçar, gök önümler we kartoçka iýlende, çarşajygy sag ele hem geçirmek mümkin. • Eger-de stolda ýag, ikra, mürepbe (jem, miwe baly) ýaly iýmitler goýlan bolsa? Ilki öz tabagyňyza buterbrod etmekçi bolýan zadynyzdan öz pyçagyňyz bilen az-kem mukdarda alyp, soňra ony çörege çalmaly. • Guş etini eliň bilen ýa-da çarşajyk bilen iýmelimi? Towugy, indýugy, bedenäni edil beýleki gyzgyn naharlar ýaly çarşajygyň we pyçagyň kömegi bilen iýmeklik maslahat berilýär. • Balygy nähili iýmeli? Balyk «iýmesi kyn» naharlaryň hataryna girýär. Balykdan edilen naharlaryn ýany bilen köplenç ýörite pyçak (piljagaza menzeş) berilýär. Eger şeýle pyçak berilmedik bolsa, iki sany çarçşagygy ulanmaly. Balyk gylçygy agzyňyza düşen bolsa, ony dilimiziň kömegi bilen agzyyza golaýladan çarşajygynyzyň üstüne ýükläp, tabagynyzyň gyrasynda goýmaly. • Çöregi çarşajyk bilen almak mümkinmi? Çöregi eliň bilen almaly. Agzyňa çöregiň kiçijik bölejiklerini çep elin bilen salmaly. Çaşajygynyzyň dişlerini tabagyňyzyň gyrasyna ýaplap goýmaly. Pyçak sag elde bolmaly. Siziň çöregiňiz çep tarapyňyzda salfetkanyzyň üstünde bolmaly. Sizden sag tarapdaky çörek Siziň goňşynyza degişli. Çörek çep el bilen alynýar. • Gapdalynda oturan zenan maşgala hyzmat etmelimi? Hökman. Ona stoluň başynda oňaýly oturmak üçin şert döretmäge, stoly üstündäki naharlardan (içdäaçarlardan) alyp bermäge taýyn bolmaly. Eger-de Sizinň hödür eden hyzmatlaryňyzdan ol ýüz öwürýän bolsa, artykmaç dyzap hem durmaly däl. • Çorbany (supy) nähili iýmeli? Çapyrdadyp içmeli däl, soňky çemçeleri tabagy özüňizden garşy tarapa az-kem gyşardybrak içmeli, çorbaň galan az bölegini tabakda galdyrmak mümkin, soňuna çenli içjek bolmak hökman däl. • Ýumurtgany nädip iýmeli? Ýumşak gaýnadylan ýumurtganyň ýokarysy pyçak bilen kesilýär we soňra kiçijik çemçejik bilen onuň içi iýilýär. Heýgenek we çapady görnüşde bişirilen ýumurtga nahary çarçajygyň we pyçagyň kömegi bilen iýilýär. Glazunýa görnüşli ýumurtga kiçijik çemçe bilen iýilýär. Gaty gaýnadylan ýumurtganyň daşy soňuna çenli arassalanylandan soň gapdaldaky tabaga ýerleşdirilip, pyçak bilen ikä bölünip, çarşajyk bilen iýilýär. Süňkleri we gylçyklary agzyňyzdan tabaga tüýkürip çykarmaly däl. Olary agzyňyza golaýladan çarşajygyňyzyň ýa-da çemçäniň kömegi bilen agzyňyzdan çykaryp, tabagyňyzyň gyrasynda goýmaly. Nahar iýenmizde we stoluň başynda oturan halatyňyz nädogry hasaplanylýan hereketler: • Uly bölekleri dişläp alyp, agzyňa saljak bolmak, agzyňy çakdanaça doldurmak; • Agzyňy şapbyldadyp oturmak, gägirmek, gyzgyn nahary üfläp, sowatjak bolmak, tabagyňyzy çarçajyk ýa-da pyçajyk bilen kakyp oturmak; • Agzyňyz doluka gürlejek bolmak. Gowusy, iýýän zadyňyzy gowy çeýnäp, ýuwudanňyzdan soň gürrüňe goşulyň; • Barmaklaryňyzy ýalamak. Gowusy, kagyz süpürgiçden peýdalanyň; • Pyçak bilen iýmek; • Stoluň aňry çetindäki nahardan aljak bolup, stoluň üstüne abanmak. Gowusy, şol nahara golaýrak oturanlaryň birinden alyp bermegini haýyş ediň; • Öňüňize goýlan nahary içgin synlap oturmak, onuň içini ynamsyzlyk edip, çarşajyk bilen dörjeläp oturmak; • Uly tabakda goýlan bölekleriň içinden öz isleýän bölegiňizi aljak bolup dyzamak. Gowusy, saýlaman, iň çetki bölegi alyň; • Öňüňize goýlan nahara at dakjak bolmak. Ol nahary halamaýan bolsaňyz hem saklanjak boluň, sebäbi beýlekilerem işdäsini bozmagyňyz, myhman ýermiziň eýeleriniň göwnüne degmegiňiz mümkin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |