DULLARYÑ ÝYGNAGY
Soñky wagtlarda biziñ obamyzda dürli toparlar işläp başlady. "Alyp-satarlar", "Gybatkeşler", "Dullar"... aý, garaz, sanap tükeder ýaly däl. Özlerem etdik işleri barada häli-şindi ýygnanyşyk geçirip, biri-birlerine "hasabat" dagam beren bolýarlar-how.
Ýöne, dogrymy aýtsam, şol "guramalaryñ" arasyndaky "Dullar" toparynyñ işleýşi has-da öwgä mynasyp. Bary-ýogy 7-8 adam adam bolsalar-da, özlerem her gün diýen ýaly ýygnanyşyp durýarlar. Ynansañyz, şolaryñ geçirýän "mejlisi" hol altmyşynjy ýyllaryñ kommunistleriniñ ýygnagyny ýadyña ýadyña salyp dur. Aý, iñ gowusy, ap-aýdyñ bolar ýaly, olaryñ ýygnanyşygyndan birje parçajygyny size aýdyp bereýin-le.
...Hemişekileri ýaly, bu gezegem öý eýesi, toparyñ kethudasy, ýa-da illeñ aýdyşy ýaly, Nunna sallah nobatdaky "mejlise" ýolbaşçylyk etdi. Ol elindäki depderini ýokary galgada-galgada, endige öwren şol bir sözleri bilen giriş sözüne başlady:
- Ä-hüm, täk-täk, ýoldaş dullar, özüñize mälim bolşy ýaly, biziñ işimizde öñegidişlik duýlanok. San taýdanam köpelmesek, azalyp gidemzok. Meñ-ä, how, näme diýjegimem bilýän däldirin. Size kethuda bolanym bäri elimden gelenini edýänem welin, asla ösüşe gözüm düşenok. Ýogsa, ynha, özüñize mälimdir, men size bolsun edip, obamyzdaky ähli dul aýallaryñ hasabyny ýöretmek üçin şu depderi tutundym (ol elindäki depderi has-da ýokary göterip mazamlady). Olaryñ ýaşyny, gylyk-häsiýetini, aý, umuman tutuş häsiýetlerini aýdyñ edip, onam şu depdere ýazyp çykdym. Her bir zenanyñ gylyk-häsiýetine görä, öz razylygyñyz bilen olary size paýlaşdyryp çykdym. Ýeri, indi size başga näme gerek? Näme müzzerilişip ýörsüñiz? Ýaşyñyz bolsa ellini garbap barýar. Tijeniñ-how, sakgaldaşlar, ýogsa obamyzdaky dul aýallaryñ soñuna galdyñyz siz. Walla, şu bolşuñyz bilen siz zenan ysyna zar bolup, müjerret gidýäñiz-how!... - diýdi.
Yzyndanam depderiñ gatyny açdy-da, sanap başlady.
- Ynha, mysal üçin, Kelhany alyp göreliñ. Oña Täjigüle eýelik etmek tabşyrylypdyr. Özem, gör, haçandan bäri oña aşyk bolup ýör. Bir köpüklik oñarýan zadam ýok. Göreninden, ädimini çaşyryp, dilini ýitirip, başagaýlap ýör.
Kelhan ýagşydan-ýamandan zat diýmän, başyny aşak sallap, ýylçyr kellesini gaşamak bilen oñaýdy.
Nunna sallah indi Myllyga sürnüp ugrady.
- Ýa-da, ynha, ýoldaş Myllygy alaly. Ynha, şu depderde oña Sonagüle eýelik etmek bellenipdir. Ýeri, ol nädýä? Hiç zadam edenok. Mylkaryp ýör. Ýogsa, aýdyşlaryna görä, ikisiniñ gylyk-häsiýetlerem meñzeş bolmaly. Dulluk stažlaram deñeçerräk bar-how.
Myllygam Myllyk-da, ýüzüni salajyk-sulajyk edip, eşidiler-eşidilmez hüñürdeýär.
- Aý, özä, başardanog-aýt. Walla, söz aýdaýmagam ýeñil däl, öz-ä kyn-how...
Nunna sallah has-da örç alýar.
- Ýeri, nämesi kynmyşyn. Halys ýetdiren bolsañ, maña gulak goý. Ynha, ýolda-yzda ýada çolarak ýerde sataşdyñmy, şeý diý: "Sonagül jan, seniñem ýorganyñ içinde buz öwüsýär, meniñem. Gel, gowusy, şol ýorganlary birleşdirägede, içini gora öwreli"...
Oturanlaryñ biri-ýarymy saklanyp bilmän, pyñkyryşdy. Nunna olara hyýrsyz garady-da, gaharly gürledi.
- Eý, sen Çerkez çakyr, ýeri nämä gülen bolýañ? Seniñ özüñ şolardan gowumy diýsene. Ýadyñdamy, ine şu dullary paýlaşamyzda (ol barmagyny yzly-yzyna depdere dürtdi) ilden öñürti sen Çemengüle eýe çykypdyñ. Dogrumy? Dogrudyr. Men kän aýdandyryn. "Ah-ow, çakyrdan ýasalan çöp injik, şu Çemen saña eýgertmez. Ol çüýşedäki "Çemen" çakyry däldir. Ol bir tulumdan dörän ýaly bela-how, gujagyña-da sygmaz. Togalanaýsa dagam seniñ myžžygyñy çykarar. Sen, gowusy, özüñe kybapdaşragyny saýla-how" diýipmidim? Diýipdim. A sen näme diýdiñ? "Päheý. "Heleýiñ tulasyndan, ýigidiñ arrygyndan..." diýilýändir. Edil gözünde ot ýakaryn" diýen bolup, baý, gürläpdiñ-ä. Ynha, indi görüp ýörsek, sen Çemengüliñ däl-de, "Çemen" çakyrynyñ gözünde ot ýakýan ekeniñ. - Soñam elini salgap goýberdi-de, käýindi.
- Aý, sendenem düzüwlilik çykjaga meñzänok. Ýene-de gülenem bolýar-aýt.
Keýpi ýetik bolanda Çerkezem kän bir gep çekip oturanokdy. Ýöne bu gün welin, ol düýbünden başga hörpden gopdy.
- Ah-ow, Nunna sallah, halys partbiletimizi aljaga dönderdiñiz-le-how. Näme, añsatdyr öýdýäñmi?! Ýöne oturan ýeriñse bolsadyny ekip otyrsyñ-aýt, walla... - diýdi.
Nunna sallah onuñ sözüni şarta kesdi:
- Sen ýoldaş, çemen çakyr, wiý, Çerkez çakyr, geplemän otur. Häzirlikçe, şu ýerde men kethuda. Onsoñam sen diñe özüñe çekip oturma, ynha Şammy däde bar, Çary çaýşyk bar, honha-da Aba pöwhe bar, şolaryñ hijisem senden gowy däl. Bolup ýörüşlerem eger-egwr öýlenjege meñzänok bulañ...
Nunna sallah ýene birneme käýindi-käýindi-de, ahyryn sözüni jemledi.
- Indi bolsa, ýoldaş dullar, men gelen kararym bilen sizi tanyş etmek isleýärin.
Ol indi has-da agrassyrap, ýerinden dikeldi.
- Onda şeýle karara gelýäs. Spisok paýlanyşygynda jübütini saýlan adamlara ýene bir aý puryja bermeli. Eger-de şol bir aýlykda özgerişlikler bolmasa, onda hwatitt, olaryñ "kandidaturalaryny" çalşyrmaly bolar. Düşnükli gerek?
"Ýygnakda" Nunna sallahyñ ýüzüne gelip bilmedik Çerkez çakyr ýolboýy hüñürdäp gitdi.
- Şu Nunnany kethuda edinip ýalñyşdyk öýdýän. Baý, onuñ bolan bolaýşyn-aýt. Ýogsa özüniñem oñarýan goşy ýok ahyryn. Hol, tikin ussahanasynyñ başlygy Annagözele özi eýe çykmaly welin, iş oñarýan bolsa, Nunna sallah adyny aljakmy diýsene...
Käýinse käýinibersin. Ertesi "ýygnaga" ýene iliñ öñünden kim barar? Çerkez barýandyr ýorgudyklap. Beýleki sallahlaryñam ýagdaýy şeýleräkdir...
Ine, hormatly adamlar, eşitdiñiz gerek. Biziñ obamyzyñ dullar "guramasynyñ" işleýş-ä şeýleräk. Onsoñam obamyzyñ zenanlaram juda paýhaslydyr-how. Özlerem juda geçirimlidir. Ýogsa sallahlaryñ özleri baradaky "aladalary" gulaklaryna ýetýänem bolsa, eger-eger, gaty-gaýrym söz diýýän däldirler. Eşitmedik bolaýandyrlar. Aý, onsoñam olaram düşünýärler ahbetin, dul görgülilerem eýdip-beýdip günlerini geçirmeli ahyryn.
Täzelikde olar goñşy obanyñ dullary bilen tejribe alyşjakmyşlar diýen "myşam" ýaýrady. Şeýdip sallahlaryñ öz işlerini kämilleşdiräýmekleri hem gaty ähtimal. Eger oñaýly netije gazansalar o barada soñ gürrüñ bereris.
Annaguly HOJAÝEW.
Satiriki hekaýalar