20:57 Utan | |
UTAN!
Goşgular
![]() (Biwepa ýeñles zenana) ...Seni meñzedipdik Ol göwher Aýa. Arman ol bahany, Çalyşdyñ şaýa. Eý sen ýeñles zenan, Eý sen bihaýa, Özüñe taý tutan Ýoluñdan utan! Seni baýdak edip, Göterdik arşa. Jemalyñy ýaýyp, Ýetirdik arşa, Haýp, bar umydy, Göterip garşa, Tapan oýunlañdan, päliñden utan! Eliñe tutdurdyk Jylaw erkiñi. Dumana gapladyp, Nebir durkuñy, Pul üçin mazamlap, Gunça görküñi, Harama sowulan ýoluñdan utan! Ýurt sökdüñ aýlandyñ, Hajy öýdüpdik. Ile peýda berjek Bajy öýdüpdik. Hatda depämiziñ Täji öýdüpdik Umydy paltalanan salyñdan utan! Sen ojaga däl-de Baýlara aşyk. Sen ýürege däl-de Dollara aşyk Kim weşeñ pul berse Şolara aşyk, Dagmy, düzmi... selpän çölüñden utan! Başyñy eýeläp Içgi humary, Barha haram keýpiñ Bolduñ bimary Çem gelene satyp, Iñ beýik Ary, Onuñ parhyn bilmez Biliñden utan! Seýran ede-ede Dagdyr-düzüne Näme Edep berjek Ogul-gyzyña? Ah neneñ bakýarsyñ Olañ ýüzüne? Edebi parçalan halyñdan utan! Halallyk jigerde, Namysym arym Sen toba edermiñ, Bilmen hyýalyñ. Seni näletleýär Külli Diýarym Türkmen atly beýik Iliñden utan! Annaguly HOJAÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |