18:57 B.Hudaýnazarowdan | |
B.HUDAÝNAZAROWDAN
Goşgular
Juda köp zat gerek dälmiş ynsana, Hernä, Taňrym sabyr bersin ynsaba. Eger adam bolup giräýseň sana, Ojagyňda döwlet aýlansyn dursun. Her kimde umyt bar: - Gowyny görsek, Ýamandan daş bolup, ýagşyda dursak. süýji hyýallardan beslenip gursak, Arzuw tolkunlary towlansyn dursun. Kim biler, kim galyp, kimseler gitjek, Kimmiş bi dünýäni oýnajak, tutjak. Bir zat belli: ojagyňy öý etjek, Hoşgylaw söwer ýar saýlansyn dursun. Misli ganat ýasan uçar guş bolup, Ogluň-gyzyň gitse ara daş bolup. Bir gez beýgelmäge-wagtyň hoş bolup, käte halyň sorap köwlensin dursun. Öwünseň pes päli mazamlap öwün, Garaz, göwnüňde-de saklama düwün. Özem gojalmasyn çaga deý göwün, Näzikligin saklap şaýlansyn dursun. Durmuş durmuş bolup, eşret akanda, Şirin sözler nagma kakar dahanda. ...Bir dilegim bu näzenin jahanda, Diňe haýyr işler oňlansyn dursun. Annaguly HOJAÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||