12:22 Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary | |
DÜNÝÄNIŇ MEŞHUR EDEBIÝAT BAÝRAKLARY
Edebiýat täzelikleri
EDEBIÝAT BOÝUNÇA NOBEL BAÝRAGY Şwesiýaly inžener-himik, oýlap tapyjy, senagatçy Alfred Bemhard Nobeliň adyna döredilen baýrak ýazyjy-şahyrlaryň arasynda iň abraýlylarynyň biri hasaplanylýar. Baýragyň pul sylagynyň möçberi Nobel gaznasynyň girdejisiniň möçberine bagly bolýar. Alfred Nobel 1895-nji ýylyň 27-nji noýabrynda wesýetnama taýýarlan mahaly onuň emläginiň möçberi 31 million şwed kronyna barabar ekeni. Şondan bäri hem her ýyl fizika, himiýa, fiziologiýa ýa-da lukmançylyk boýunça, edebi döredijilik boýunça hem-de parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşan adamlara Nobel baýragy gowşurylýar. Ilkinji baýraklar 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda, ýagny Alfred Nobeliň aradan çykan güni gowşurylypdyr. Şonda berlen pul sylagynyň möçberi (150 müň şwed krony ) häzirki wagtdaky hümmeti boýunça 6,8 million krona deňdir. Edebiýat boýunça dalaşgärleriň atlarynyň gizlinlikde saklanylýandygyny aýtmalydyrys. «RENODO» BAÝRAGY Fransiýaly lukman Teofrasta Renodo (1586-1653 ý.) häzirki zaman žurnalistikasyny esaslandyryjylaryň biridir. Ol «La Gazette» gazetini çap etmek bilen Ýewropanyň ilkinji neşirçileriniň biri bolýar. Bu baýrak 1925-nji ýylda galamgärler tarapyndan esaslandyrylanam bolsa, ol edebiýata saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar. Ol «Gonkurdan» soň, Fransiýanyň ikinji derejeli edebiýat baýragy hasaplanýar. Ýöne olaryň ikisiniňem ýeňijileri bir günde belli edilýär. «Renodo» baýragy gowşurylandan laýyk bir ýyl soň onuň ýeňijisiniň şanyna guramaçylar tarapyndan zyýapat edilýär. Mälim bolşy ýaly, «Renoda» baýragy öz döredilen döwründen bäri ýaşy uly nesle degişli söz ussatlary bilen birlikde, ýaşlaryň arasyndan hem ussat ýazyjylaryň ýüze çykmagyna uly goşant goşýar. Özi lukman bolsa-da, fransuz edebiýatyň ösmegi üçin uly yz goýup giden Teofrasta Renodany edebýat muşdaklary häli-häzirem minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar. «GONKUR» BAÝRAGY «Gonkur» (Prix Goneourt) Fransiýanyň esasy edebiýat baýragy hasaplanýar. Bu baýrak 1896-njy ýylda esaslandyrylypdyr. 1902-nji ýyldan bäri bolsa ol ýylyň-ýylyna gowşurylyp gelinýär. Fransuz dilinde roman ýa-da nowellalar ýygyndysyny ýazýan we Fransiýada ýaşaýan ýazyjylar bu baýraga dalaşgär bolup bilýärler. Gürrüňi edilýan baýrak fransuz edebiýatynyň nusgawy ýazyjylary Edmon Lui Antuan Gonkur (1832-1896 ý.) hem-de Žýul Alfred Ýuo Gonkur (1830-1869 ý.) doganlaryň adyny göterýär. Olaryň kiçisi Edmon ägirt uly möçberli maliýe emlägini Edebiýat akademiýasynyň ygtyýaryna geçiripdir. Şonuň üçinem doganlaryň adyna baýrak döredilipdir. Gonkurlaryň baýragynyň ýeňijilerini kesgitleýän toparyň düzümine ýazyjylaryň 10-sy girip, olar örän ujypsyzja hak alýarlar, ýagny olaryň hersine ýyllyk 60 frank hak tölenilýär. Şonuň ýaly-da ýeňijä hem bary-ýogy 10 ýewro möçberinde pul sylagy berilýär. Ýöne şonda-da Gonkur iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. 2008-nji ýylda onuň düzgünlerine-de üýtgeşmeler girizilipdir. Şoňa laýyklyk-da, emin agzalarynyň hiç biriniň ýaşy 80-den geçmeli däldir. Baýrak ilkibaşda ýaşlary höweslendirmek üçin esaslandyrylanam bolsa, ýyllaryň geçmegi bilen dürli ýaşdaky ýazyjylara gowşurylyp ugralýar. «FRANS KAFKA» BAÝRAGY Çehiýada 2001-nji ýyldan bäri Frans Kafka baýragy gowşurylyp gelinýär. Ol halkara derejeli baýrak bolup, bütin dünýä boýunça edebiýatçylaryň we ýazyjylaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Bu baýrak Frans Kafkanyň adyny göterýän jemgyýeti tarapyndan esaslandyrylypdyr. Jemgyýet Praga şäherinde ýerleşýär. 1953-nji ýylda esaslandyrylan. «HÝUGO» BAÝRAGY «Hýugo» baýragy («Hugo Award») ýöriteleşdirilen ilkinji ylmy-fantastik žurnaly döreden Hýugo Gernsbekiň adyny göterýär. Iňlis dilinde fantastika žanrynda eser döredenlere her ýylda gowşurylýan bu baýragyň eýeleri okyjylar tarapyndan kesgitlenilýär. Fantastikany söýüjileriň Bütindünýä jemgyýetiniň («WorldCon» jemgyýeti) agzalarynyň ses berlişiginiň netijesi boýunça ýeňijiniň ady yglan edilýär. Baş baýrak hökmünde raketa görnüşindäki heýkeljik gowşurylýar. Esasy baýrakdan daşgary, geljegine uly umyt bildirilýän ýaş ýazyja Jon Kempbell adyndaky baýrak berilýär. Fantaziýa žanrynyň ösmegine uly goşant goşanlar bolsa «Gendalf» atly baýrak bilen tapawutlandyrylýar. «SERWANTES» ADYNDAKY BAÝRAK Serwantes adyndaky baýrak Ispaniýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 1975-nji ýylda döredilipdir. Ispan dilinde gürleýän halklaryň arasynda ol Nobel baýragyndan pes görülmeýär. «Don Kihotyň» ýazarynyň watanynda, ýagny Alkala-de-Enares şäherinde Ispaniýanyň koroly bu baýragyň eýesine 90 müň ýewro möçberinde pul sylagyny gowşurýar. Edebiýat äleminde ispan dilinde ajaýyp eserleri döredýän ýazyjylaryň köpdügi üçin baýraklar dürli yklymlaryň wekillerine gezekli-gezegine berilýär. 2004-nji ýylda ispaniýaly Rafael Sançes Ferlosio bu baýraga mynasyp görlen bolsa, 2005-nji ýylda meksikaly ýazyjy Serhio Pitol Serwantesiň adyny göterýän baýragy alypdyr. «GRINSANE KAWUR» BAÝRAGY 2001-nji ýylda UNESKO tarapyndan «Grinsane Kawur» baýragy esaslandyrylyp, ol öz adyny Turindäki (Italiýa) XIII asyra degişli galanyň adyndan alypdyr. Ýewropanyň iň abraýly edebiýat baýraklarynyň biri hasaplanýan «Grinsane Kawuryň» esasy maksady nesilleriň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin eminleriň düzümine ussat tankytçylar bilen bilelikde mekdep okuwçylary-da girizilipdir. Baýraga hödürlenenlere bolsa Fransiýa, Italiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Belgiýa, Çehiýa, ABŞ, Ýaponiýa we Kuba wekilçilik edýän ýetginjekleriň müňlerçesi ses berýär. «ORANGE PRIZE» BAÝRAGY Beýik Britaniýada 1996-njy ýyldan bäri «Orange Prize» atly baýrak hereket edýär. Ol diňe iňlis dilinde eser döredýän edebiýatçy zenanlara gowşurylýar. Onuň ýeňijisi «Bessi» atly bürünç heýkeljige we 30 müň funt sterling möçberindäki pul sylagyna eýe bolýar. 2005-nji ýyldan «Orange New Writers' Award» ady bilenem baýrak berlip başlanypdyr. 10 müň funt sterling möçberindäki pul sylagy bolan bu baýrak iňlis dilinde ýazýan zenanlaryň arasyndaky ýaş ýazyjylary höweslendirmegi maksat edinýär. Ýeňijileri kesgitlemegiň zenanlardan düzülen eminler toparyna ynanylýandygyny ýatladýarys. «JEÝMS TEÝT» BAÝRAGY Jeýmes Teýt baýragy Beýik Britaniýanyň gadymy baýraklarynyň biri hasaplanýar. Jeýms Teýt Blekiň hatyrasyna döredilen baýrak öz taryhyny 1919-njy ýyldan alyp gaýdýar. Edinburg uniwersiteti tarapyndan esaslandyrylan bu baýrak iň oňat roman we terjimehal mazmunly eser ýazanlaryň arasynda iň ussatlary mälim edýär. Dürli ýyllarda Grem Grin, Iwlon Wo, Aýris Merdok, Ien Makýuen ýaly atly ýazyjylar bu baýragyň eýesi bolupdyrlar. 2007-nji ýylda amerikaly ýazyjy Kormak Mak Karti bu baýraga «Ýol» atly romany üçin mynasyp bolupdy. Taýýarlan: Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |