18:32 Yrym | |
YRYM
Sport we turizm
Aslynda, türkmen yrymçyl halk. Islesek-islemesek özümizem bilib-u-bilmän, haýsydyr bir zady yrym edenimizi bilman galýarys. Bu meselede sportçular hiç kimden peslär yaly dal. Yadyma düşýär, üçürdikläp bökmek boýunça Sidneý Olimpiadasyna gatnaşan yeñil atletikaçymyz Wiktoriýa Brigadnaýa oýnawaç ayyjygy hiç haçan ýanyndan goymaýandygyny, onun özüne hemişe diyen ýaly üstünlik getirýändigini aýdypdy. Ildeşimiz Sergeý Agaşkow bolsa, duşuşyga gelýän wagty awtobusda oturan ýerinden ýoldaky ýazgylary okap çykýandygyny gürrüň berdi. Ol ýazgylary okamasa, şol gün ýeňiş gazanyp bilmeýändiklerini ýatlapdy. Tennis boýunça Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony Jennet Hallyyewa weli yryma kän bir üns bermeýän eken. Ol tennis meydançasynda ýeňiş gazanmak üçin tutanyerli taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdýar. Ussatlygyň, tejribäň ýeterlik bolmasa, hiç bir yrymyňam yeñiş gazanmaga kömek etmejekdigine ynanýar. Kämahal meydançadaky futbolçylary synlap, onuň ýüzüne soňky gezek haçan päki degdikä diýýänsiniz. Diñe bir futbolda däl, eýsem sportuň beýleki görnüşleriniň wekillerinde-de şeýle ýagdaý gabat gelip durandyr. Jogapkärli ýaryşlaryň birinde Muslim Agaýewi şeýle ýagdaýda gördüm. Ol şonda wajyp põkgüleri tora salyp, toparyna kömek edenem bolsa, soň agyr şikes alyp, meýdançany terk edipdi. Şondan son, ony oýun wagty sakgal-murty ösgün ýagdaýda görmek miýesser etmedi. Belki, ol muny yrym edendir. Futbolçy doganlar Begençmuhammet we Maksat Kulyýewler bolsa, her oýna gatnaşmazdan öň, garry enelerinden ak pata alyp gaýdýan ekenler. 2004-nji ýylyñ möwsüminde olaryň ilkinjisi "Nisanyň", soňkusy hem "Ahalyň" düzüminde çykyş etdi. Şu iki toparyň özara duşuşýan güni işi çykyp. Begençmuhammet enesiniň ýanyna baryp bilmändir. Şol gün enesinden ak pata alan Maksat oýnuň ahyrky minutlarynda Ahal" toparyna ýeňiş getiren pökgini öz adyna ýazypdyr. Şol oýundan ön hiç kim "Nisanyň ýeňjegine ikirjiňlenmeýär. "Nisanyň" şol syrly" ýeňlişiniň "syryny" kärdeşimiz Goçnazar Heşdekow gürrüň beripdi. Iýun aýynyň 13-ine dünýä inen derwezeçi Rinat Dasaýew bu sany gowy görýändigini aýdýar. Emma futbola, onda-da "Spartaga" (Moskwa) ölemen janköyerlik eden merhum agam Işan Apbaýew 13-lügiñ bu topar üçın düşümli däldigini subut edýän birnäçe mysallary delil getirýärdi. Onuň aýyň 13-ine 13-nji tapgyrda ya-da ýeňlişsiz dowam eden 13-nji oýunda "Spartagyň" şowsuzlyga uçrandygyny anyk mysallar bilen subut edin bereni vadvmda. Şol wagtlar bolsa, Rinat Dasaýew "Spartagyň" derwezesini goraýardy. Bu tatar ýigidiniň Kurany-Kerimi ýanyndan goýmaýandygyny hem aýtmalydyrys. Ol türgenleşige-de, oýna-da ýany bilen äkidip, keramatly Kurany derwezäniň iç ýüzünde goýup, onuň özünem, derwezänem bela-beterden goraýandygyna berk ynanýan ekeni. Şol döwürler ateizmiň gülläp ösendigini hem ýatlasak, Rinat Dasaýewiň bu hereketini hakyky gahrymançylyk hasaplap bolar. 1957-nji ýylda doglan Walentin Bubukin oýundan öň, sakgal-murtuny alyp, meýdança giripdir. Şol saparam wajyp pökgini tora salypdyr. Şondan soň bu futbolçy şol hereketini endige öwrüpdir. Aslynda, hünärmenleriň aglabasy saçyňy, sakgalyňy timarlaman meýdança çykmagy gelşiksiz hasaplaýarlar. Olar ilki bilen üst-başyňa serenjam bermegiň janköyerlere goýulýan sarpanyň, hormatyň nyşanydygyny nygtaýarlar. Meýdança sag aýagy bilen girmegi, eşik çalşylýan ýerde ýa-da awtobusda şol bir yerde oturmagy endige öwren sportçularyň yrymlaram dürli-dürli. Olaryň hersi hakynda aýratyn söhbet etmek boljak. Ýöne maksat şol yrymlaryň mazmunyny açmak däl. Esasy zat adamyň nämedir bir zada ynanýanlygynda. Ynam bolsa ýeňşiň girewidir. In gowusy-ha Rinat Dasaýew ýaly, Allatagala ynanmak. Özüni bir bilip, özüne bil baglaýan bendeleriniň dilegini keremli Alla boş goýmaýar. Her hal ynsan balasy yryma ynanmagyny dowam edýär. Belki, şonuň üçinem "yrymly yrylmaz" diýen düşünje ýörgünli bolup gelýändir. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |