00:15 Türgenleşik | |
TÜRGENLEŞIK
Sport we turizm
"Azapsyz ýeriň ady ýok" diýýär türkmen. Ynsan maksadyna ýetmek üçin zähmet çekýär. Alyn deriňi sindirip, gazanan zadyňam höziri başga bolýar. Talyplyk ýoldaşym Hojagylyç Köçekow hemişe "Meni añsatlyk bilen ýetilýän zatlar gyzyklandyranok" diýip gaýtalaýardy. Şol söz aňyma berk ornapdyr. Häli-häzirlerem şol jümläniň pelsepesi hakynda oýlanýaryn. Sporty hemra edinip, şondan nesibesini çöpleýän adamlaryňam hiç bir sepgide aňsatlyk bilen ýetmeýändigini aýtsam, özüm bilen razylaşmajak tapylar öýdemok. "Zähmet soňy rehnet" diýilmeýärmi? Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Waleriý Nepomniýaşşiý Kamerundan gaýdyp gelensoň, türgenleşikler barada söhbet açур, "boýunegmezek şirleri" kadaly türgenleşige uýgunlaşdyrmak üçin ýarym ýyla golaý wagt gerek bolandygy hakynda gürrüň beripdi. 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda geljekki dünýä çempionlaryny, ýagny, Argentinanyň ýygyndysyny ýeňip, soňlugy bilenem Afrika yklymynyň ýygyndylarynyň arasynda ilkinji gezek çärýek finala çykyp, uly gowur turuzan kamerunly futbolçylara ildeşimiz W.Nepomnýaşşiniň tälim berendigi janköýerleriň ýadyndadyr. Bu üstünligi üçin Kamerunyň ýokary döwlet sylagyna hem mynasyp bolan ildeşimiz şol wakadan 11 ýyl soň, Aşgabada geldi. Şonda ol ilkinji güni türgenleşige bary-ýogy 4 adamyň gelendigini, her kimiň bir bahana bilen türgenleşiklerden boyun towlandygyny ýatlapdy. Yöne kem-kemden berk düzgün-nyzam ýola goýlup, öňdäki jogapkärli oyunlara tutanýerli taýýarlyk görensoň, kamerunly futbolçylar owadan oyunlary bilen agza-dile düşüp başladylar. Türgenleşik baradaky söhbetimizi professional sportçularyň durmuşy, baglaşýan şertnamalary baradaky gürrüňe syrykdyrmak isleýäris. Olaryň sebäpsiz ýere türgenleşige gelmezlige-hä asla haky ýok, bardy-geldi gijä galaýsalaram ummasyz möçberde jerime tölemeli bolýarlar. Bu zatlaryň barysy ozalyndan göz öňünde tutulyp, şertnama baglaşylanda özara ylalaşyga gelinýär. Igor Belanowyň 1986-njy ýylda Ýewropanyň iň oňat futbolçysy diýlip yglan edilendigi-de köpleriň ýadyndadyr. Onuň bir edähedi bar eken. Her oýundan öň derleýänçä türgenleşip, der siňen eşigi bilen butsisini süpürip meydança çykypdyr. Ol şeýtse, meýdançada oýnunyň şowlaýandygyna ynanypdyr. Çaga wagtymyz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň "Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň" atly kitabyny ürç edip okaýardyk. Şol mahal aň etmesegem, soň-soňlar alyn deriň siňen zadyň gadyrynyň aýry bolýandygyna göz ýetirdik. Sportda hem islendik sepgide ýetmek üçin der dökmeli, zähmet çekmeli. Türkmen taekwon-doçylarynyň (ITF) Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda baýrakly, orunlary eýeläp, Watanymyza ýeňiş bilen gaýdyp gelendigini janköýerler bilýändirler. Bir gezek şeýle ýaryşlaryň birine taýýarlyk görüp ýörkäler, olar bilen duşuşmak miýesser etdi. Birnäçe gün bäri yzygiderli türgenleşik geçip, ýagşy ýadan oglanlaryň ýüz keşbinden argynlygy bildirse-de, ruhlary belentdi. Haýsy biri bilen gürleşseňem, öňdäki bäsleşikde şowly çykyş etjekdikleri hakynda söhbet edyardiler. Olar durky bilen berlip türgenleşýärdiler. Tutanýerli taýýarlyk görýärdiler. Olaryň yhlasy ýerine-de düşdi. Taekwen-doçylarymyz dünýäníň ençeme döwletinden gelen bäsdeşlerinden öñe geçip, sol gezegem üstünlikli çykyş edip geldiler. Şu günlerem öňdäki dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän taekwon-doçy oglanlaryň ýene-de ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna ynanýarsyň. Sebäbi olaryň türgenleşik geçirişlerine, her bir tilsimi irginsizlik bilen özleşdirişlerine öň ençeme sapar şaýat bolupdym. Her bir ýeňşiň sakasynda zähmet dur. Irginsizlik bilen çekilen halal zähmet bolsa zeri diñe bir yerden öndürenok. Sportçularam uly ýaryşlardan zer bilen, altyn medal bilen gaýdyp gelýärler. Olar ýene-de täze bäsleşiklere taýýarlyk görmek işleri bilen gümra. Ýene-de türgenleşikler başlanýar. Ýene-de ýaryşlara gidiler. Ýene-de der dökülip zer gazanylar. Üznüksiz dowam edip duran bu ýagdaý sportçularyň durmuşyny bezeýär. Olaram owadan çykyşlary bilen sporty bezeýär. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |