10:36 Sport sözüne düşündiriş | |
SPORT ADALGASYNA DÜŞÜNDIRIŞ
Sport we turizm
- Sowal. Sport sözüniň gelip çykyşy barada näme aýdyp bolar? - Jogap. Rus ýazyjysy we ensiklopediýaçysy Alekseý Mihelson (1836-1898) tarapyndan taýýarlanylyp, 1865-nji ýylda çap edilen kitapda rus dilinde ulanylýan daşary ýurt sözleriniň 25 000-sine düşündiriş berlipdir. Şol kitapda «desport» sözüniň gadymy fransuz dilinde kanagatlanmak, wagtyňy gyzykly geçirmek, şatlanmak manylarynyň bardygy aýdylýar. 2004-nji ýylda Aşgabatda çap edilen «Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlüginde «Şüweleň» sözüne şeýle düşündiriş berilýär: «Geçmişde aýdym-saz, dürli oýunlar, sport ýaryşlary geçirilip berilýän zyýarata, toýa şüweleň diýlipdir». Munuň özi beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem wagtyňy gyzykly geçirmek düşünjesiniň sport sözüniň aňladýan manysy bilen ugurdaşdygyny aýtmaga esas berýär. Daşary ýurt sözleriniň manysyna bagyşlanyp ýazylan makalada (www.otkudasloýo.ru) aslyýetinde «desport» sözüniň 1300-nji ýyldan bäri bellidigi hakynda maglumat berýär. XIV asyryň ahyryna çenli onuň ýokardaky manylary ýörgünli bolup, XV asyryň 20-nji ýyllaryndan başlap, «sports» iňlis sözi hökmünde ulanylyp, adamlaryň fiziki ýa-da intellektual ukyplaryny ýüze çykarýan işlere, güýmenjelere düşünilipdir. Goşmaça maglumat. Häzirki wagtda edil gadymy döwürlerde bolşy ýaly, sport ýaryşlary bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň ygtybarly usullarynyň biri hökmünde ulanylýar. Olimpiýa hereketiniň gözbaşynda duran fransuz barony Pýer de Kuberteniň «Sport parahatçylygyň ilçisidir» diýen paýhasly jümlesi bu aýdylanlary doly tassyklaýandyr. Pýer de Kuberteniň «Sporta oda» atly goşgusyndaky «О спорт, ты – мир!» diýen jümle köp çeşmelerde «sport – sen parahatçylyk» diýlip terjime edilýär. Emma Konstantin Alekseýew bilen Sergeý Ilçenkonyň 2014-nji ýylda Moskwada çap edilen «Sport žurnalistikasy» atly gollanmasynda «Мир» sözüniň parahatçylyk däl-de, dünýä manysynda alynsa has giň many berjekdigi nygtalýar. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |