13:31 Haklaşyk | |
HAKLAŞYK
Sport we turizm
Köňül beren kesbine yhlas siñdirmedik adam "kesbinden kemal tapar" diýseler, kim ynanar?! Özüm-ä ynanyp biljek däl. Hiç kimem ynanyp bilmez. Kesbine durky bilen berlip, başyna baran işini kemsiz-köstsüz ýerine ýetirýän adama sportuň dilinde professional diýilýär. Professionallar hiç mahal kesbine ikilik etmeýär, edibem bilmeýär. Bardy-geldi edäýende-de halal kesbi onuň bilen haklaşýar. Onda-da nädip?! Abraýyna tegmil salyp goýberýär. Professional hem edil Gün ýaly lowurdap durmaly, abraýyna tegmil düşürmeli däl. Şony edip bilmese, onda professionalyň işi kynlaşýar. Sportuň ýyldyzy diýlip ykrar edilenleriň, gör, näçesi kesbine ikilik edip, ýowuz haklaşyga sezewar boldy. Professional boksçy Roý Jons 8 ýylyň dowamynda 48 gezek ringe çykyp, şonuň 10-syndan özgesinde garşydaşyny nokaut bilen ýeňipdir. Özem geçiren duşuşyklarynda ýekeje raundda hem bäsdeşini öne geçirmändir. Hünärmenler ony meşhur Muhammet Ala meňzetdiler. Has dogrusy, Alydan soň şonuň ýaly ezber bokusçynyň ýüze çykmandygyny biragyzdan ykrar etdiler. 83 kg agramy bolan bu yigit dürli agramlaryň üçüsinde çempionyň guşagyna eýe bolupdyr. Soňky gezek bolsa, agyr agramda dünýä çempiony diýen ady göterýän Jon Ruizi seňseledip, uly gowur turuzdy. Professional boksda 106 ýylda hiç kim şeýle edermenligi gaýtalap bilmändir. Soň näme bolandyr öýdýaňiz?! Ol halal kesbine ikilik etdi. Ilki aýdym-sazy kesp edinen dostlary bilen täze albom çykarypdyr. Soň kompyuter oýunlarynyň üstünde işläp başlapdyr. Şol oyunlaryň baş gahrymany Roý Jonsuň özi eken. Munam az görýän ýaly, Golliwudyň bosagasyny hem torç edip, ugrapdyr. "Arwahyň aklawçysy" filmindäki ilkinji synanyşygyndan soň, 4 hepdeläp sportzala barmandyr. Sebäbi ol sol wagt "Matrisa" filminde surata düşýär eken. Bu ikilik üçin ol yowuz haklaşyga sezewar boldy. Ilki Antonio Tarweri diñe oçko boýunça ýeňip, kynlyk bilen çempionlygyny gorady. Şondan 6 ay soň jogap tutluşygynda ömründe ilkinji sapar nokauta düşdi. Ýene ara 4 aý salybam Glen Jonson bilen ringe çykdy. Bu gezek bolsa garşydaşy ony möhletinden öñ dynç alşa" ugratdy. Roý diñe garşydaşynyň urgusyndan dal, eýsem durmuşyň şarpygyndan hem aýňalyp bilmän, boks bilen ymykly hoşlaşmaly boldy. Kino surata düşmek sportuň ýyldyzlarynyň soňky wagtlar baş pişesine öwrüldi. Dewid Bekhem "Gol" filminde surata düşmek islände, "Realyň" şol wagtky baş tälimçisi Wandereý Luşemburgu oňa ygtyýar bermedi. Professional futbolçynyň ozaly bilen esasy çörek iýýän kesbi bilen meşgul bolmalydygyny nygtady. Ýöne Bekhem soňky ýyllarda özüne kinodan başga-da güýmenje tapynybilýär. Köp wagtyny bolsa mahabatlarda surata düşmäge sarp edýär. Munuň üçin gapjygyny ýagşyja galňadanam bolsa, halal kesbi onuň bilenem haklaşyp ugrady. "Ýewro-2004"-üň final böleginde Bekhemiň 11 metrlik urgyny dürs urup bilmezligini köpler adaty bir säwlik hasap etdiler. Ýöne şol şowsuzlyklar köpeliberse, sport ýyldyzynyň abraýyna tegmil düşýär. Kesbine ikilik ediberse, Bekhemiň hem Jonsuň gününe düşäýmegi gaty ahmal. Tennisçi gyz Anna Kurnikowany tanamaýan azdyr. Ýöne ony ozaly bilen owadan zenan, mahabatlaryň baş gahrymany hökmünde tanaýarlar. Onuň ökde tennisçileriň ilkinji onlugyna diýmäli, ýigrimiligine-de girmezden, dünýäniň 1-nji raketkasyndanam köp gazanç edýändigini aýdýarlar. Indi welin ol ymykly gözden uçdy. Mahabatlardaky, kliplerdäki çykyşlary Anna Kurnikowa bilen tennis meýdançasynda haklaşdy. "...Ölse Mätäjiden ikilik çykmaz" diyen jümläni mugallymlaryň biri: Mätäji hiç mahal ikilik baha almandyr diyip düşündirýän eken. Ýowuz haklaşyga uçramazlyk üçin öñi bilen orta ýa ýokary mekdepde däl, eýsem, durmuş mekdebinde ikilik almajak bolmaly. Has dogrusy, kesbiñe ikilik etmejek bolmaly. Edeniñ alnyňa gelýän dünýe bu. Ikilik etseň "ikiligem" alarsyň. Hojaberdi APBAÝEW. Suratda: Anna Kurnikowa | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |