21:17 Gündizler gysgalýar, gije uzaýar | |
GÜNDIZLER GYSGALÝAR, GIJE UZAÝAR
Sport we turizm
Düýş görüpdirin. Ejesi bilen ogly söwda edip gelýäne meňzeýär. Gelniň eli goş-golamly. 7-8 ýaşly oglanjygyň goltugynda futbol topy bar. Özem zar-zelil bolup zeýrenýär (henizem sesi gulagymdan gidenok): «Ejee, näme üçin Kriştian utuldy». Ara salym salyp: «Ol utulmajak bolup elinden gelenini etdä» diýip, naýynjarlyk bilen ejesine «arzyny» aýdýar. Şu ýerde menem oglanjyga göwünlik bermek isledim. Emma gelin aýtjak sözümi agzymdan alyp: «Onuň garşydaşlary güýçli oglum» diýdi. Oýandym. Düýnki bolan wakalary ýatladym. Futbol asmanynyň birbada iki ýyldyzynyň ilki Messiniň, soň Ronaldonyň bir günde ýaryşdan çykmagy diňe düýşdäki däl, eýsem huşdaky oglanjyklaryň – janköýerleriň gör, näçesiniň mazasyny alandyr?! Bu wakany: «Argentina üçin ýene-de bir uzak gije» diýip teswirläsiň gelýär. Çünki Argentinanyň 21-nji iýunda Horwatiýa bilen geçirilen oýundaky şowsuzlygyny beýan edip, sport žurnalisti Hajymyrat Söýünow: «21-nji iýun günüň iň uzyn güni hökmünde belli bolsa-da, şol sene argentinaylylar üçin iň uzyn gije hem boldy» diýip, sosial ulgamda ýazypdy. Ýaryşyň şerti şeýle: biri utmaly, beýleki utulmaly. Şu günler Russiýada dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty başlanmanka ýaşyl meýdançada görkeziljek şowhunly oýunlaryna garaşylan ýyldyzlaryň ençemesinden janköýerleriň tamasy çykmady. Olaryň ýygyndylary toparçadaky bäsleşikleriň synagyndan geçip bilmediler. Bu sanawa Müsüriň ýygyndysynyň «synmaz sütüni» hasaplanan Muhammet Salahy, dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda 12 top bilen Aziýanyň iň netijeli oýunçysy bolan Eýranyň ýygyndysynyň agzasy Serdar Azmuny, Nigeriýanyň düzümindäki çykyşlary bilen ýakymly täsir galdyran Ahmet Musany, polşanyň ýygyndysynyň deňsiz-taýsyz jühümçisi Robert Lewandowskini we beýlekileri goşmak bolar. Bu ýerde nemes futbolçylarynyň hiç biriniň adyny tutmadyk. Sebäbi olaryň düzümi ýyldyzly asmany ýatladýar. Toparçadaky oýunlaryň soňky tapgyrynda portugaliýa bilen deň oýnan eýranlylary, Germaniýany ýaryşdan çykaran koreýalylary, iki ýyl mundan ozal Ýewropa çempionatynda görkezen şowhunynyň ýaňy henizem gulagymyzdan gitmeýän islandiýalylary, ähli görkezijisi deň gelip, diňe alan duýduryşlarynyň sany boýunça toparçasynda ýeňiji bolup bilmedik senagallylary janköýerler uzak wagtlap ýatlaryndan çykarmazlar. Ýaryşyň utulan-çykdy tapgyrynyň ilkinji güni bolsa, Messi we Ronaldo bütin topary bilen «janköýere» öwrüldi. Olara dünýä çempionatyna indi diňe janköýer hökmünde tomaşa edäýmek galdy. Emma şol gün fransiýaly Kilian Mbappe bilen urugwaýly Edison Kawaniniň janköýerleriniň hatary uzady. 19 ýaşly Mbappe 2017-nji ýyldan bäri «Premiers de Cordees» atly haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ol şu çempionatda gatnaşan her bir oýny üçin aljak 20 müň ýewro barabar pul serişdesini jemläp, şol gazna bermegi ýüregine düwüpdir. Olar bolsa eýýäm azyndan 100 müň ýewro (toparçada 3 oýun, 1/8 finalda 1 oýun, öňde çärýek final hem bar) barabar bolan şol serişdäni sport bilen meşgullanýan maýyp çagalar üçin sarp etmegi meýilleşdiripdirler. Sport saýtlarynyň biri bu wakany nazara alyp: «Argentina janköýerlik edýänem bolsaňyz, şu gün Fransiýanyň ýeňiş gazananyna begenäýiň» diýen ýüzlenme bilen çykyş etdi. Futboluň maksady şatlyk paýlamak. Ol öz işini ýerine ýetirýär. Biziňki bolsa janköýerlik etmek. Bizem ondan kem galamzok. Çünki dünýä çempionaty dowam edýär! * * * Şu teswiriň sözbaşysyna gaýdyp gelsek, mekdep okuwçysy wagtymyz öwredilen gyş hakyndaky goşgynyň setiri şu günler janköýerleriň başdan geçirýän ahwalatyny has oňat beýan edýär. 21-nji iýundan soň tebigatyň emri bilen gündizler gysgalyp, gijeler uzap başlady. Bu tebigy hadysa janköýerler üçin 15-nji iýunda başlady. Oňa futbol atly jadyly oýun emir berdi. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |