20:46 Hile | |
HILE
Sport we turizm
Adam maksadyna ýetmek üçin nämeler etmeýär! Göreşýärem, işleýärem, ukusyz gijeleri hemra edinip, gözleglere-de gümra bolýar. Bar maksady hem maksadyna ýetmek. Sportçular barada aýdanymyzda bolsa, olar ýekeje medal gazanmak üçin, gör, näçe zähmet çekýärler. Aýlap, ýyllap türgenleşýärler. Ýöne olaryň haýsy birini alsagam, ýeňiş gazanmak üçin dine bir ussatlygyň ýeterlik däldigini aýdýar. Olaryň her biriniň öz "syrlary" bar. Synagdan geçen şol syrlaryň soňlugy bilen ýeňiş gazanmaga kömek edýän wagtlaram seýrek däl. Sportuň görnüşleri häzir ylmyň aýratyn bir pudagyna öwrülip barýar. Türgenleşikleri guramak, taktiki taýýarlyk... we ýene-ýeneler özüne düýpli çemeleşilmegini talap edýär. Şonuň üçinem tälimçileriň güýçli bäsdeşleri bilen boljak oýundan öň haýsydyr bir çala şikes alan ökde oýunçysynyň agyr şikes sebäpli oýna gatnaşyp bilmejekdigini mälim edäýmesem bar. Muňa ynanyp, arkaýynlyga ýol beren tarap, şol oýunçynyň meýdança çykandygyny görüp aňk bolýar. Sebäbi olar şeýle ýagdaýa garaşman arkaýynlyga ýol berýärler-de oýun başlansoň özlerini geregiçe tijäp bilmeýärler. Ýöne indi bu usulam öz täsirini ýitirip barýar. Beýle-beýle hilä aldanyp, aldawa düşýän az-az. Dewisiň Kubogynda Orsýetiň we Belarusyň tennisçileriniň arasyndaky duşuşygyň 3-nji oýnunyň öň ýanynda bolan waka bolsa, garşydaşyňa al salmagyň, "ajaýyp" nusgasyna öwrüldi. Şol duşuşykdan bir gün öň belaruslaryň esasy oýunçysy Wladimir Wolçkow aýagy saralgy, eli pişekli tennis meýdançasynyň gyrasynda peýda bolýar. Muny gören garşydaşlary esasy bäsdeşleriniň meýdança çykmajakdygyna göz ýetirýärler-de, ýadaw M.Safiniň ornuna ýaş hem gujurly M.Ýužnyny goýberýärler. Ertesi bolsa, garaşylmadyk ýagdaýda ol pişegini taşlaýar-da meýdança çykýar. W.Wolekowyň garşysyna meýdança çykan Mihail Ýužnynyň şol pursat nähili duýgulary basdan geçirendigini bolsa özüniz göz öňüne getiriberiň. Şol oýunda W.Wolekow Belarusa 3-2 hasabynda ýeňiş gazanmaga kömek edipdir. 2002-nji ýylda Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň 5-nji gezek dünýä çempiony bolany ýadyňyzdadyr. Şol wagt olara Luis Feline Skolari tälim berýärdi. Bu hünärmeniň meýdançanyň gyrasynda durup, onuň daşyna çykan pökgüleri getirip berýän oglanjyklar bilen "düşündiriş işlerini" geçirmek endigi bar. Ol eger Braziliýa utup duran bolsa, pökginiň yzyndan ylgamazlygy, utulyp duran mahaly welin, mähetdel etmän getirmegi sargaýar eken. Bu-da bir hile. Öň futbol mekdebine gatnan kärdeşlerimiziň biri "Stroiteliň" (häzirki "Köpetdag") çykyş eden wagty özi ýaly çagalar bilen meýdançanyň gyrasynda durup pökgi äberendiklerini, şonda ýokardaly ýaly hilä ýüz urmagy öwrenendiklerini gürrüň beripdi. Wagt saklamak hem sportuň toparlaýyn oýnalýan görnüşlerinde yoň bolan endikleriň biridir. Basketboly alyp görseňem, gandboly alyp görseňem ýa-da futboly alyp görseňem ýeňip duran tarap duşuşyk ahyrlaberende pökgini biri-birine geçirip, wagt utmaga çalyşýandyrlar. Ýöne olaryň ikinji ikisinde oýun saklandygy duşuşygyň wagty-da saklanýar. Şonuň üçinem olara şikes alanlygyny bahanalap, çarbaýlyk etmäge mümkinçilik berilmeýär. Futbolda welin, meýdançada şikes aldym bahanasy bilen näçe köp ýatyp bilseň, şonça-da bähbitli. Şeýle ýagdaýda emin duşuşygyň esasy wagtyna 5-3 minut wagt goşmaga ygtyýar edilýär. Şoňa görä-de futbolda hem oýun saklananda duşuşygyň wagtyny togtatmak düzgüni girizilse, bir hilegärligiň öňi alnardy. Aziýanyň Kubogy ugrundaky futbol ýaryşynyň saýlama oýunlarynda ildeşlerimiz Şri-Lankanyň ýygyndysyny Aşgabatda 1-0 hasabynda utupdy. Şol oýny gören janköýerleriň ýadyndadyr, myhmanlaryň jögülik edip, oýny saklaýyşlary. Dogry, olar erjel göreşdiler. Ýöne sähel bahana bolsa, ýere ýazylyp, lukman kömegini sorady durdular. Şeýdibem, oýny bökdediler. Ildeşlerimiziň badyny aldylar. Olar beýleki bäsdeşleri bilen bolan oyunlarda-da şu hilä ýüz urdular. Şeýle ýagdaýda janköýerler owadan oýun görmekden mahrum bolýarlar. 11 metrlik urgy gazanmak üçin jerime meýdançanyň içinde "ussatlyk bilen" ýykylmagy başarýanlaram az däl. Emin gözüne çöp atmaga synanyşýanlara duýduryş berýär. Bilgeşleýin güýmeň-samaň edip, pökgini oýna girizmäge howlukmaýan oýunçylara-da aglaba ýagdaýda sary petek görkezilýär. Çynlakaý şikes almasa-da, çarbaýlyk edýänler weli, köplenç temmisiz galýar. Baş tälimçileriň oýun ahyrlanda oýunçy çalyşmak edähedi bar. Oýunçy çalşylanda ýitirilýän wagtyň öwezini dolmak üçin emine esasy wagta 30 sekund goşmaga ygtyýar berilýär. Ýöne tälimçilerden emel gutulanok. Olar eminiň goşan wagtynda şeýle hilegärlige ýüz urýarlar-da wagt utmaga mümkinçilik tapýarlar. "Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde" diýilse-de, sport meýdançasynda çynlakaý göreşiň höküm sürmegini isleýärsiň. Içgysgynç oýunlar janköýerleri meýdançadan daşlaşdyrýar. Sporty owadan oyunlar, owadan çykyşlar bezeýär. Sporty şol gözellikden mahrum etmezlik, janköýerleri irizmezlik üçinem birek-birege al salynmasa ýagşy. Tälimçileriň oýnuň guralyşy, taktiki taýýarlyk babatda garşydaşlaryna salýan hilesi bir başga, bilkastlaýyn oýny saklamagam bir başga. Bu ýerde ozaly bilen janköýerleriň ynamyna al salynmaly däldigini nygtamak isleýäris. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |