14:19 Ynsanperwerlik | |
YNSANPERWERLIK
Sport we turizm
Ynsan diýen belent ady bezeýän häsiýetler hakynda näçe gürrüň etseň azdyr. Adalaty, adamkärçiligi, ynsanperwerligi hemra edinenler uly abraýdan peýdalanýar. Bu sportçular babatda-da şeýledir. Her ýylyň jemi jemlenende in az düzgüni bozan, iň az duýduryş alan toparlara ýörite bayrak gowşurylýar. Şeýle baýraga ayry-aýry futbolçylaram mynasyp bolýar. Ýöne aglaba ýagdaýda olary az duýduryş alandygy üçin däl-de, ynsanperwerligi, adalatly oýun görkezendigi üçin tapawutlandyrýarlar. Italiýaly Di Kanio ganygyzgyn oýunçy. Ol sähelçe zat üçin ýaka tutuşmagam hiç zatça görmeýär. Emma 2000-nji ýyllaryñ başynda onuň futbol meydançasynda görkezen ynsanperwerligi barada diýseň geň galmak bilen habar berlipdi. Şol wagt Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýän Di Kanio garşydaş toparyň derwezeçisiniñ şikes alandygyny görüp, amatly pursatdan peýdalanman, pökgini meýdançanyň daşyna depip goýberipdir. Ýogsam ol aýagyndaky topy tora girizibem biljek eken. Şuña menzeş ýagdaý şol döwürlerde Afrikanyň Kubogynyň final bölegindāki ýaryşda-da hasaba alnypdy. Moskwanyň "Torpedosynyň ýarymgoragçysy Igor Semşow bolsa, "Dünýä çempionaty -2002-niň" öňüsyrasynda Oleg Romansewiň tälim berýän "Spartagy" bilen geçirilen oýunda 2:0 hasabynda ýeňlíp duranam bolsalar howply hüjümi togtadypdy. Sebābi onuñ şol pursatda "Spartagyň" goragçysynyň şikes alandygyna gözi düşüpdir. Emma käbir hünärmenler I.Semşowyň Oleg Romansewiň gözüne ilmek üçin şeýle edendigini nygtamakdanam gaýtmadylar. Ýöne şol oýundan soň, Orsyýetiň futbol ýygyndysynyň baş tālimçisi O.Romansewiň "Torpedonyň" ýarymgoragçysyny dünýä çempionatynyň final bölegine gatnaşmalylaryň hataryna goşandygyny aýtmalydyrys. 11 metrlik jerime urgusyny gazanmak üçin jögülik edýänleriň ýa bolmasa, eminiň gözüne çöp atyp, garşydaşynyň gaharyny getiräýjek bir nysak tapýanlaryň özüní alyp barşyny weli, olaryň özlerinden başga aňlaýan ýokduram. Yöne Ispaniýanyň futbol çempionatynda bolan waka bu aýdanlarymyzy tersine subut etdi. Oýun wagty garşydaşyny düzgüni bozmaga iterjek hereket eden futbolçy, soňlugy bilen onuň arkasyny alypdyr. Sebäbi emin ilkinji bolup düzgüni bozanyň hereketini görmese-de, aryny ýerine saljak bolan goragça duýduryş beripdir. Emma dawanyň başyny başlan öz günäsini boýun alyp, ähli zady emine jikme-jik gürrüň beripdir. 1962-nji ýyda bolan dünýä çempionatynda önki SSSR-iň ýygyndysynyň kapitany Igor Nettonyň görkezen ynsanperwerligi, adalatlylygy barada heniz-henizlerem gürrüň edýärler. Sebäbi SSSR bilen Urugwaýyň oýnunda Igor Çislenkonyň depen pökgüsi derwezäniň torunyň gapdal sütüne birigýän yeri gowşagrak daňlansoň, şol yerden der- wezä giripdir. Bu pursat baş eminiň nazaryndan sypyp, ony gol hasaplapdyr. Emma toparbaşy Igor Netto yoldaşynyň ýanyna baryp, hakykatda nähili bolandygyny sorapdyr. Pökginiň derwezä sütüniň daş yüzünden girendigini anyklabam bu habary baş emine ýetiripdir. Şeýdibem baş eminiň kararyny üýtgetmegine sebäp bolupdyr. Diego Maradonanyň pökgini eli bilen tora salyp, soňam Hudaýyň adyna duwlanyp, özüni aklajak bolmasyna näme diýjek?! Meşhur argentinaly şondan 4 ýyl soň, ýagny 1990-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda hem derwezelerine girip gelýän pökgini eli bilen saklapdy. Emma bu ýagdaýam eminiň gözüne ilmän galypdy. 1986-njy ýyldaky dünýä birinjiliginde Belgiýanyň ýygyndysy SSSR-iň ýygyndysyny goşmaça wagtda 4-3 hasabynda ýeňipdi. Şol oýnuň esasy wagtynda belgiýalylaryň hüjümçisi Ýan Kulemans oýundan daşardaky ýagdaýdaka hasaby deňläpdi. Ol muny şol wagt boýun almasa-da, aradan birnäçe ýyl geçensoň, şonda eminiň ýalňyşandygyny aýtdy. Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlaryňam hüý-häsiýeti deň bolmaýar. Kim ýüregiň emrine boýun bolup, säwligi şobada düzedýär, kim bolsa, goýberen säwligini sübselemäge çalyşýar. Bu bolsa, birine başardýar, ýene biri onuň hötdesinden gelip bilmeýär. Şonuň üçinem in gowusy göninden gelmek. "Göni gelen keýgiň iki gözünden gaýry aýby ýok!" Jögülik edip, eminiň gözüni baglamak ýaly egsiklige baş urýanlary öz ilinde-de halap baranoklar. 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Argentina bilen Angliýa duşuşyp, olaryň ilkinjisi oýundan soňky 11 metrlik urgulary arkaly ýeňiş gazanypdy. Ýöne esasy wagtyň 47-nji minutynda argentinalylaryň kapitany Diego Simeone Bekhemi gödek oýnap ýere ýazdy. Olam ýatan yerinden göwnüne degen futbolçynyň aýagyna bilner-bilinmez galtaşdy weli, argentinaly futbolçy çarbaýlyk edip çabalanyberdi. Şol pursadam daniýaly emin Kim Mampen Nilsen D.Bekhemi maýdançadan çykardy. 2002-nji ýyldaky dünýä birinjiliginde braziliýaly Riwaldonyň jögülik edip, Hakan Ünsalyň meýdançadan kowulmagyna sebäp bolandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Eminiň esasy wagta goşan goşmaça wagtynyň 4-nji minutynda meýdançanyň çünkünde towlanyp ýatan Riwaldo nebsi agyran baş emin Kim Yun Çži (Günorta Koreýa) Türkiýäniň ýygyndysynyň meýdançada 9 adam bolup galmagyna sebäp bolupdy. Sebäbi şondan öň Alpaýa hem gyzyl petek görkezilipdi. Bu wakadan soň Riwaldony öz ýoldaşlaram ýaňsa alyp başlapdylar. Ronaldo bolsa türgenleşik wagty tekiz ýerde büdräge-de elden-aýakdan çykyp çabalanan bolup, ýoldaşynyň şol oýundaky hereketini oňlamaýandygyny ýaňzydýan ekeni. Braziliýaly janköýerlerem watandaşlarynyň professional futbolça gelişmeýän hereketini ýazgarypdylar. Horwatiýanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Zwonimir Boban tutuş Ýewropada hem tanymal futbolçylaryň biri hasaplanýar. Ýöne köpimiz ony ussat futbolçy hökmünde tanaýarys. Futbol duşuşyklarynyň biriniň soňunda iki tarapyň janköyerleri gyzyl yumruga giripdiler. Olary aralaýan polisiýa işgärleriniň rezin dürresiniň astyna bolsa, 10- 12 ýaşly oglanjygam düşüpdir. Şeýle ýagdaýda her kim goh-galmagally ýerden uzaklaşmak bilen bolýar. Z.Boban weli şol pursat ýaňky oglanjygy halas etmek üçin polisiýa işgärleriniň ýanyna ylgapdyr. Olaram öz gezeginde tanymal futbolçynyň raýyny ýykyp durmandyrlar. Şu wakadan soň, Bobana batyr diýseňem, edermen diýseňem, ynsanperwer diýseňem gelşip dur. Afiny olimpiadasynda orsýetli dzýudoçy Dmitriy Nosow bürünç medala mynasyp boldy. Ýöne onuň üçin şol medal altyna barabardy. Sebäbi ol ýarym finalda garşydaşy bilen bir elde tutluşmaly bolupdy. Beýleki elinin şikeslidigine garamazdan, D.Nosow ahyryna çenli erjel göreşmegi başardy. Olim- piýa oýunlaryndan gaýdyp gelenden soň, ol şeýle ýagdaý ýüze çykanda garşydaşynyň hut şikesli ýeriňe ýapyşýan halatlarynyňam bolýandygyny dile getirdi. Ýadyňyza düşýän bolsa, boks boýunça dünýä çempiony Witaliý Kliçko çempionlyk ugrunda ilkinji synanyşykda Lennoks Lýuisden asgyn gelipdi. Has dogrusy, ukrainaly boksçynyň gaşy ýarylanlygy sebäpli lukmanlar oňa duşuşygy dowam etdirmäge ygtyýar bermändiler. Şondan soňam Lýuis boks bilen hoşlaşdy. Öz çörek iýýän ugrundan ençeme sapar çorba sowadan hünärmenler şol gezek Lýuisiň garşydaşy bilen deň durup söweşmekden boýun gaçyryp, oňä şeýle şikes ýetirendigini nygtaýarlar. Sebäbi bu boksçy öňem ençeme gezek garşydaşynyň ýüzüne şikes düşürip, duşyşygy wagtyndan öň öz peýdasyna tamamlan eken. Dogry, munuň üçin ony ynsapsyzlykda aýyplamak niýetimiz ýok. Emma adalatly, adamkärçilikli çemeleşilmedik ýagdaýynda sport oýnunyň, ýaryşynyň gyzygynyň gaçýandygyny aýtmalydyrys. Afiny olimpiadasynyň erkekleriň arasyndaky marafon ýaryşynda italiýaly Stefano Baldini altyn medala mynasyp bolupdy. Kümüş medala ABŞ-ly Mebrahtom Keflezigi eýe çykdy. Braziliýa wekilçilik edýän Wanderley de Limo weli ylgawyň bütin dowamynda diýen ýaly, bäsdeşlerinden önde bolanam bolsa, pellehanadan 3-nji bolup geçdi. Ýöne oňä janköýeriň azap berendigini, hatda onuň başbozarlaryň ýumrugyny iýmeli bolandygyny hiç kim nazara almady. Muňa garamazdan, şeýle "synaglardan" soňam ýaryşy dowam etdirmäge, hatda baýrakly orny eyelemäge-de gujur-gaýrat tapypdyr. Bu ýerde weli Wanderleýiň bäsdeşlerini günālejegiňem, ýa bolmasa, başbozarlyk eden janköyerleri aýyplajagyňam biler ýaly däl. Belki, marafonçylaryň howpsuzlygyny üpjün edip bilmedik guramaçylar özlerini müýnli - duýmalydyrlar. Söhbetimizi iňlis hem gruzin hüjümçileri Garri Lineker bilen Boris Paýçadzäniň heniz gaýtalanmadyk, gaýtalansa-da hiç kimiň gowulandyryp bilmejek täsin görkezijisi baradaky maglumat bilen jemlemek esleýäris. Olar futbolçy hökmünde çykyş eden döwürlerinde ýekeje saparam duýduryş almandyr. Meýdançada gyzgalaňly göreş gidýän wagty bir gezek-ýarym gezegem kellesi gyzyp, gödeklige ýol bermedik sportçy juda seýrek. Dine bir futbolda däl, eýsem sportuň beýleki görnüşlerinde-de şeýle maglumata gabat gelmek aňsat däl. Şoňa görä-de, belki, şeýle sportçularyň şöhrat zalyny döretmelidir. Olaryň hatarynyň kömelek ýaly köpelip gidibermejegine gözümiz ýetse-de, sportuň ýokary tizlikde ösýän döwründe şeýle sportçularyňam bardygyndan nesillerimiziň habarly bolmagyny gazanmalydyrys. Sebäbi sportçular dine bir ussatlygy bilen däl, eýsem saýyrdyň häsiýetleri bilenem ýaşlara görelde bolýarlar. Nesil terbiyesi bolsa, göreldeden - gözbaş alýar. Hojaberdi APBAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |