09:10 Durmuş menzilleri | |
DURMUŞ MENZILLERI
Filosofiýa
MERHEMETLI REHIMDAR ALLANYŇ ADY BILEN, ONDAN KÖMEK ISLEÝÄN. Özüniň ilki mynasyp hem ululyk öwgüleri bilen ulalan, hemişelik birlik sahawaty bilen görnen, ebedilik birliginiň güwäsi bilen ýeke-täk bolan, daşyndan görnüp duran güýjüniň ululygy bilen güýçlenen, içki beýiklik güýji bilen ýeňen, haýbatly beýikligi bilen mälik-soltan bolan, berk duran güýçli mülki bilen ulalan, merhemetlilik mähriniň bezegi bilen ýaýran, mähirlilik rahmetiniň güýji bilen haýyr-yhsan eden Allatagalanyň öwgüleri gadymky ezeli öwgüleriniň beýikligi bilen bilelikde bir Allanyň özüne mahsusdyr. Allanyň rahmeti hem salamy onuň ýaradan halkynyň iň ýagşysy bolan, hezreti-Pygambere bolsun hem-de onuň sahabalaryna, maşgalasyna, ummatyna bolsun! Sen (goý, Alla öz halayan hem razy bolýan işini etmäge saňa towpyk bersin!): -"Diri kim" we "yaşaýyş näme?" – diýip soradyň. Allanyň kömegi bilen jogap şeýle: Bilip goý: ýiti gözli hem paýhaslylaryň ýanynda "diri" parahat, asuda (bir adamdyr), "dirilik, ýaşaýyş" bolsa asuda ýaşamakdyr. Ýedi asmanyň hem ýedi zeminiň halky aslynda asuda yaşamak hakda birmeňzeş pikir edýärler. Çünki her kim bir zat bilen asuda ýaşaýar hem bir zat bilen dynç, arkaýyn ömür sürýär. Ýöne olaryň dynç alýan ýeri dürlüdir. Her kimiň öz ornuna, menziline laýyk dynç alýan ýeri bolýar. Şol zatlaryň barlygy bilen ol parahat ýaşaýar, asuda hem durnukly ýagdaýa geçýär. Şol zat bolmasa tolgunýar, ynjalykdan gaçýar. Şol zat bilen köşeşip, birneme arkaýynlaşanda öz içki tolgunmalaryndan, aladalaryndan dynýar. (Hak) ýoldan ýöreýänler hem Pygamberiň yzyndan barýanlar (goý, olaryň hemmesini Alla ýalkasyn!) aýdypdyrlar: "Pylan kes pylan zat bilen diridir." Munuň özi dirini hem diriligi, ýaşaýşy tanamak üçin umumy bir kanundyr. Ýöne dirini hem diriligi, ýaşaýşy bu toparyň ýagdaýlaryna görä has ýakyndan tanamak, özara tapawutlandyrmak üçin (näme zerurdygyny) bilip goý: her kim (şu) dünýäniň ýagşy zatlaryna (gyzygyp), parahat ýaşaýan bolsa, onuň dynçlygy (mal) ýygnamaklyga, inkär etmeklige, aldamaklyga, tekepbirligiň bu saraýynda dünýä baýlyklary üçin özge zatdan ýüz öwürmeklige bagly bolsa, ol (adam diňe) dünýä (maly) bilen diridir, onuň diriligi, ýaşaýşy hem dünýädir. Munuň özi Adam alaýhyssalamyň perzentleriniň durmuş menzilleriniñ arasynda iñ pes derejesi, iñ bir ýaramaz menzilidir. Sebäbi ähli janly jandarlar: mör-möjekler, ýyrtyjylar, janawerler, guşlar, balyklar dünýäniň malyna buýsanyp, dynç, parahat ýaşamakda, bu dünýäniň tekepbirlikden doly lezzetlerinden peýdalanmakda hem onun bilen şärikdir. Şona görä-de, Ýaradan haýwanlaryñ, adamlaryň arasyndan bu dünýäniň hezilliklerine erkini berenleri ýygnapdyr. (Allatagala), (goý, Onuñ şan-şöhraty artsyn) şeýle diýipdir: "Olary goý, (zat diýme!) iýsinler. haýwanlaryň iýşi ýaly, ot olaryň mekanydyr." (47,13). Pähim-paýhas bilen belende göterlen, hormatlanan, amanat ýüki üstüne alyp, janawerleri, ýyrtyjylary, guşlary, mör-möjekleri boýun egdiren, dynç alyş mekanynda, menzilinde olar bilen şärikdeş bolan, onuň hem olaryň dynç alyş mekany, menzili barada alada eden, Adam perzentleriniň iýip-içip, nikalaşyp, mesgen hem lybas edinip, dynç hem parahat ýaşamagy üçin olaryň alada eden, öz hakyky orny hem menzili barada endişä düşmesin diýlen Adamyň kemçiligi hem aýby bardyr. (Haktagala): "Her niçik-de bolsa Adam perzentlerini belent ýaratdyk we olara çölde hem deňizde goltgy berdik." Unutsyn gamçynyň awusyny hem derdini. "Olar haýwanlardan oñly däldirler, belkem olar ýoluny has ýalňyşanlardyr" (25,44) diýipdir. (Bu manylar) olaryň janyna hem ýüregine ýetmez, olar muňa düşünmezler "...iýsinler, haýwanlaryň iýşi ýaly, ot olaryň mekanydyr" (47,13). Şu ýara derdiniň yzasyna Adam perzendi edim-gylymy, pähim-paýhasy bilen hem düşünmez. Bu biçäre, misgin, aljyraňňy (adam): "Näme üçin maña (Allatagala) ähli mahluklaryň eýesiniň, boýun egdirijisiniň lybasyny geýdirýärkä?" diýip bir gezek hem pikir etmedi. - "Bu ylmy, aň-düşünjäni, akyl-paýhasy, ähli ýaradylanlaryň arasyndan näme üçin diňe maňa berdikä? Näme üçin boýun egmeklik meniň maňlaýyma ýazylypdyr? Näme üçin meniň adymy asmanda hem zeminde mähir hem söýgi bilen meşhur etdiler? Meniň çagyryşym boýunça ähli halaýygy huzuryna elter ýaly, bir ýüz ýigrimi näçe gezek pygamberligi, ýolbaşçylyk alamatlaryny, bagt merkezini näme üçin maňa berdikä? Sahawatly kitaplarynda, mukaddes ýazgylarynda näme üçin men hakda hadys getiripdirler? Kä minnetdarlyk, kä azatlyk, käte käýinç bularyň hemmesi näme üçinkä? Näme üçin dünýäniň birnäçe ýerini ýamanladylar? Näme üçin (bu) dünýä "zyndan" diýdiler? Näme üçin onuň tekepbirliginden, pitnesinden gaçmagy buýurdylar?.. Pygamberleriň, enbiýalaryň, welileriň öňde baryjylary näme üçin oňa ähmiýet bermändirler?" Bu gapyl (adam) öz şum ykbaly hakda Haktagalanyň mukaddes Kitabyndan şeýle setirleri okamandyr: "Kim ahyret üçin ekmek islese, onuň ekinini artdyrarys, kim şu dünýä üçin ekmek islese, oňa-da dünýä hasylyny bereris, ýöne ahyretde oňa hiç zat nesip etmez". (42-19). Allatagala ýene-de aýdypdyr: "Baýlyk hem perzentler dünýädäki ýaşaýşyň bezegidir. Emma haýyr işleriň sogaby seniň Perwerdigāriň huzurynda baky durandyr, ol umytly bolmak üçin ýagşydyr" (18,44). Haktagala ýene-de şeýle diýipdir: "Baýlyk hem perzentlerden peýda bolmajak gün hudaýyň huzuryna diñe päk hem arassa ýüregini elten (adam) kömek alyp biler" (26, 88- 89). Ýene-de ol: "Bilip goýuň: baýlygyňyz hem perzentleriniz siziň üçin synagdyr". (8,28) "Soň seni olaryň baýlygy-da, perzentlerem geň galdyrmaz" (9,55) diýipdir. - "Dünýädäki ýaşaýşyň beýany asmandan inderen suwumyz ýaly bir zatdyr. Soňra (ol suw) garym-gatym bolup, ýerde adamlaryň hem janly-jandarlaryň iýýän (otlarynyň) gögermegine sebäp boldy. Haçanda zemin bezenip, gözelleşende Ýerde ýaşaýanlar hemme zady başarýandyrys öýdüp güman etdiler. Birdenem, ony harap etmek baradaky permanymyz zemine indi, gije ya gündiz, ol ekini edil düýbünden orulan ýaly ýa köki bilen sogrulan ýaly, göýä düýn hiç zat ekilmedik ýaly etdik. Şeýdip, bu tymsal arkaly pikir edýän (akylly-başly) kowumlar üçin açyk hem ýeke-ýeke görkezdik" (10,25). Hoja ÝUSUP HEMEDANY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |