19:30 Durmuş menzilleri -5: dowamy | |
5. Indi bolsa, esasy gürrüňimize gaýdyp geleliň. Bilip goý: Gymyldy-hereketleriň, pikirleriň, işleriň asudalyk mekany-şerti dindir, ol bolsa yslam bilen ýaşaýandyr, diridir. Haktagalanyň aýatlaryny görmekden, melekleriň ylhamyndan köňülleriniň galkynmagyndan, asmandan inen kitaplaryň hökmünden, wagyz-nesihatlaryndan, Allatagalanyň edilmeli we edilmesiz işlerini (ämr-o nähý) düşündirmek üçin iberlen pygamberleriň hikmetinden, Perwerdigäriň "Kun fa ýakun" ("Bol!" diýende boldy!) hökmi boýunça işlerini azda-kände berjaý etmekden lezzet alýan adam iman bilen diridir. Beden (galeb) yslamyň hyzmatyndadyr, ýürek bolsa imanyň hyzmatyndadyr. Ýüregiň kömegi bolmasa, bedeniň güýji bolmaýar, beden gatnaşmasa, ýüregiň hem didar üçin güýç-kuwwaty bolmaýar. Bedeniň ýüregiň bendiliginde bolşy ýaly, ýürek hem bedeniň bendiligindedir. Yslam ýüreksiz beden (galeb) daldir, iman bolsa bedensiz ýürek däldir. Olaryň arasyndaky tapawut şeýledir: gizlin (gaýyp) görüş gizlin (gaýyp) ýürekde bolup, soň bedene geçýär, her bir anyk (eýn) iş anyk bedende bolup, soň ýürege geçýär, Ilki anyklyk (eýn), soň gizlinlik (geýb). Şu jähtden anyk bedende bolan yslamyň asudalyk mekany (asaýeşgah) ilki gelendir, şu nukdaýnazardan gizlin bedende bolan imanyň mekany ilkinji bolup gelendir. Yslamyň asuda hem parahat äleminde imanyň asuda älemine sapar etmek şeýle bolup geçýär: Haktagalanyň adyny gaýtalamaklyk (zikr) pikirlenmä öwrülýär, iş-hereket (kerdar) didara öwrülýär, anyk (zat) gizlin (zada) öwrülýär, jan (nafs) ýürege öwrülýär, açyk zat (jähr) syrly (zada) öwrülýär, daşky zat (zäher) içki zada (baten) öwrülýär. Onuň nazar salýan ýeri Kazynyň soltanlygy hem belentligidir, onuň tomaşa edýän ýeri asmana golaýlaryň hüjreleri hem mesjitleridir, onuň meýdany Kuranyň syrlary hem manylarydyr, onuň düşelgesi pygamberleriň keremli dergähidir, onuň gorkusy Ýaradanyň kyýamat günüdir, onuň ýanyp-bişmesi kysmatynda boljak gizlin wakalaryň haybatydyr. Onuň peýdasy hem zyyany, süýjülik hem ajylygy, agyrlygy hem ýeňilligi, häkimligi hem ýesirligi, rehimi hem gahary, goşmagy hem aýyrmagy, gowuşmagy hem aýralygy, açyşy hem ýapyşy, aýby hem guwanjy, syrlylygy hem aýanlygy, anyklygy hem gizlinligi, hapalygy hem arassalygy, içi hem daşy, haýbaty hem sütemi, durmuş hem bakylygy, kemsitmegi hem ulumsylygy - bu zatlaryň hemmesi ýazgytdan hem kysmatdan gelip çykýar. Kazynyň hökümi ýazgyt hem kysmat arkaly höküm edilýäne ýetirilýär. Bende "Name bolarka?" diyip, ýazgyda seredýär, ýazgyt "Näme buýrarka?" diýip, Kaza seredýär, Kazy "Haçan aýdarka?" diýip, gulaga seredýär, Gulak "Nädip aûdarka?" diýip, güýç-gudrata seredýär. Guyc-gudrat "Name buyrarka?" diyip, erke seredýär. Erk: "Kime buýrarka?" diyip, ylma seredýär. Erk ylym hazynasyndan adamyň bagtyny ýa betbagtlygyny alýar hem güýç-gudrata tabşyrýar, gulak güýç-gudrat hazynasyndan bu bagty ya betbagtlygy alyar hem Kaza tabşyrýar. Ýazgyt Kazynyň hazynasyndan bagty ýa betbagtlygy alýar hem bendä ýetirýär. Ýazgyda gapyllyk rowa däldir, Kaza ýalňyşmak bolmaýar, gulaga ýalňyş eşitmek, güýç-gudrata töhmet gelişmeýär, erke durnuklylyk bolanok, ylma bolsa, hata goýbermek bolmaýar. Bu ýüregiň ýanýan, bagryň köýýän, didäniň aglaýan tomaşa ýeridir. Hususan-da, bedene sereden betbagtlygy görer, yurege seretse, gapyllygy görer. Akyl bolsa şu ylmy bilýär: "Kim näme üçin doglan bolsa, ol hem şoňa miýesser edýär". Ýazgyt jana zulum-sütem eder diýip gorkýaryn, çünki sütemi yglan etmek betbagtlykdyr hem ol ylma gapma-garşydyr. "Eý, gapma-garşy hem ters zatlary gözleýän (kişi), berýän soragyň näme?!" Bu ylym gizlindir, zulum-sütem hem isleg gizlindir, Kazy onuň syryny bilmez. Ony diňe garşylyklaryň usti bilen bilip bolar. Zulum-sütemiň gulaksyz hem erksiz bolmaýandygyny anyk bilip goýgun. Sebäbi gulak hem erk gizlindir (geýb), şol gizlinden hiç kimiň habary ýokdur. Gulak bilen erk gizlin ylmyň işlerine synçydyr, gulak bilen islegi ylymdan başga zat herekete getirip bilmez. Kazy hem ýazgyt gulagyň hem hökümiň seniň ýanyňa iberlen pygamberleridir. Hiç bir hammalyň bu habary götermäge güýji ýetmez. Seniň işiň azabyň hem inkär etmegiň alamatydyr, senden başga hiç kime şeýle käýinç hem azap berilýän däldir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |