22:15 Durmuş menzilleri -2: dowamy | |
2. Akyl-paýhas, pähim-düşünje bilen beslenen Adam üçin wajyp hem parz zatlaryň (biri) ol haýwanlar, ýyrtyjylar, mör-möjekler ýaly bolmakdan utanmalydyr, olaryň dynç alýan menzilinde bolmak aýp hem biabraýlykdyr. Nebsiň ugruna gidip, iýmek-içmek, egin-eşik, jynsy gatnaşyklar ýaly zatlara kowalaşmakdan saklanmalydyr, olary özüniň dynç alýan ýeri hasap etmeli däldir. Ol mukaddes Kitapdan iki aýaty özüne yol görkeziji hasap etmelidir: biri - haýwanlaryň menzillerini ýazgarýan aýat, beýlekisi adamzadyň ornuny wasp edýän aýat. Ýazgarýan aýaty ýokarda ýatlap geçipdik. Ýöne bulardan-da has giňräk aýat örän güýçli hem kuwwatly (Haktagalanyň) şu aýatydyr: "Bu dünýädäki ýaşaýyş özüne maýyl ediji peýdadan başga zat däldir" (3, 182). Bu dünýädäki özüne imrikdiriji zatlar wagtlaýyndyr, durnukly däldir, onuň geljegi bolsa mähnet hem hatardyr. Wasp ediji aýatda belent mertebeli Mälik Perwerdigär diýipdir: "Ahyret haýyrlydyr hem bakydyr. Her niçik-de bolsa bu hakda ilkinji ýazgylarda aýdypdyk, Ybraýymyň, Musanyň ýazgylarynda hem." (88,18). Belkem, birinji aýaty okamaklygyň bereketinden ýürek (bu) dünýäden sowaşar, ikinji aýatyň bereketinden ýürek ahyret mährinden ýylar. Adam özüniň daşky görnüşi hem beden agzalary bilen dünýäniň biderek işlerinden ýüz öwrüp, gaça durar: eger bazarda işleýän bolsa, zerur bolşuna görä dükanyna gider, eger söwdagär bolsa, özüne gerek egin-eşik, peýda görä söwda eder, eger hünärment bolsa özüniň hem öýüniň zeruryýetleri üçin işlär, edil şunuň ýaly halkyň dürli gatlagy - emirden hyzmatça, reýisden onuň gol astyndaka, kazydan sud edilýäne, alymdan ylym öwrenýäne çenli hem şeýle edip biler. Adamlar mal-mülk, baýlyk ýygnamak üçin hetden aşa alada etmeli däldirler, dünýäden örän zerur bolan azyk-iýmiti, egin- eşigi, ýaşamak üçin mesgeni almak, jyns gatnaşyklaryny berjaý etmek bilen çäklenmelidirler. Çünki ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, bu zatlardan asudalyk gözlemek haýwanlara mahsusdyr. Adama bu zatlar işjeň hereketdäki janyny saklamak üçin zerurdyr, zerurlyk güýçli bolsa-da çäklidir, ölçeglidir, hemişelik hem dowamly däldir. Mömün adamyň dynçlygy hem asudalygy mukaddes Kitapda ýatlanylyşy ýalydyr: "Iman getirenler we Hudaýy ýatlap ýürekleri köşeşenler bilip goýuň: ýürekler Hudaýy ýatlap köşeşýändir. Haýyr iş edip, iman getirenler eşretde ýaşarlar hem ýagşylyk mekany bolar" (13,28). (Haktagala): "Eger oňa haýyr-nygmat ýetse, şonuň bilen köşeşýär" (22,11) diýip, dünýäniň mal-mülki, baýlygy bilen ynjalýan adamlary aýyplapdyr. Ol bu dünýäde sag-salamat, aman-esen, hiç zadyň pikirini etmän, diňe lezzet almaklyga hem eşrete meşgul bolýanlary "arkaýyn ýaşap ýörler" (17,97) diýen sözler bilen ýazgarypdyr. "Iman getirenler we Hudaýy ýatlap ýürekleri köşeşenler" (13,28) diýen sözler bolsa, beýik Perwerdigāriň adyny ýatlap, parahat ýaşaýanlaryň waspydyr. Çünki dünýäniň baýlygy, dünýäniň lezzetleri bilen ýaşaýan (adam) magrypet adamlarynyň sözlerine görä, başda hem aýdyşymyz ýaly, dünýä (maly) bilen diridir, Gudraty güýçlüni onuň işlerini ýatlaýan (adam) Gudraty güýçli bilen diridir, dünçlyk, asudalyk üýtgemese, ýaşaýyş hem üýtgemeýär. Dynçlygyň hem asudalygyň üýtgemegi iki ýol bilen bolup geçýär: birinjisi - Hudaýtagalanyň pazyl-merhemeti, şan- şöhratly Allatagalanyň sahawaty arkaly bendäniň kynçylygyna hem mähnetine düşünýär we ony dünýäniň iň bir howply ýerinden dini ýaşaýşyň belentliklerine ýetirýär. Ýöne bu örän seýrek bolýar. "Seýrek zatlara düşündiriş ýok!” diýipdirler ahyryn! Emma, ikinji ýol öňki hem soňky ýolagçylaryň ýörän hem synagdan geçiren ýoludyr. - Hak ugrunda jan etmeklikdir (mujahede). Allatagala aýdypdyr: "Biziň üçin jan edenleri özümiz bilen äkideris. Dogrudan-da, Hudaý ýagşy iş edýänler bilendir" (29, 69). (Halaýyklar): "Kim öz daşky görnüşini (Hak) ugrunda jan etmeklik bilen bezese, Allatagala onuň gizlin syrlarynyň amala aşmagyna kömek eder" diýipdirler. Ýene bir aýdylan zat bar: "Daşky hereketler içki pikirlere gabat gelýändir", ýene-de: "Kim nebsiniñ ynjyklygyna üns berse, ol öz dininiň gadyryny bilmez" diýipdirler. Hak ugrunda jan etmeklik näçe güýçli bolsa, şonça-da ol dünýä (maly) bilen bagly dynçlygy hem asudalygy bütinleý harap edýändir, onuň aýp-nogsanlaryny terk etmäge, Haktagalany ýatlamaga kömek edýändir. "Kim seni kiçeltse, ol öz sylagyny kemeldýär, kim seniň at-abraýyňy artdyrsa, oňa şonça-da sylag-hormat goýulýar". Haçanda öý köşeşip, külli dünýäniň dynçlygy weýran bolanda, Allatagalanyň aram jaýy hem Perwerdigäre ynamly ýaşaýyş abadanlaşyp, "biz üçin jan edenleriň" (29, 69) äleminden "özümiz bilen äkideris" (29, 69) älemine ýetýär. Hak ýolundan barýanlaryň bu ýerde aýdýan sözleri dürli hilidir. Olardan biri: - Dünýäniň gaýgy-gamyndan saklandym, Allatagalany päklik bilen ýatlamaklyga ýetdim - diýer. Derwüş aýdar: - Özüne maýyl ediji dünýäde garyp-pakyr boldum, şatlyk dünýäsinde baý boldum. Muwahhed (Hudaýyň birligine ynanýan - G.G.): - (Günälere) şärik bolmakdan sypdym, erkin hem azat şahs boldum - diýer. Mukarrab (Hakyň ýakyn dosty - G.G.) aýdar: - Ölümden halas boldum, baky dirilige birikdim. Hak ýolundan barýan: - Weýran bolan menzilden gidip, abadan menzile geçdim - diýer. Aryf aýdar: - Şeytanyň öyünden hem döwleriň mesgeninden sypdym. Haktagalanyň bagynda janyma aram tapdym. Mukaşef (Hak yoluny açyjy - G.G.): - Nebsiň zyndanyndan ýürek tagtyna ýetdim - diýer. Bu sozler dogrudyr hem hakdyr. Hacanda (adam) bu dünýäniň asudalygyny ol dünýäniň asudalygyna öwürse, bol hemme ýagşy sypatlary özünde jemlär: hem derwüşdir, hem sufidir, hem muwahhed, hem mukaşef, hem aryf, hem Hak yolundan baryan, hem menzil eyesi, hem Hak ýoluny barlayjy. Eý, Hakyň dergähi! Onuň ýolunyň ilkinji menzili mertebelidir, belentdir. Eý, Haktagala hezretleri! Onuň golaýyndaky müň meýdanyň ilkinjisi şeýle belent mertebeli hem artykmaçdyr! Allatagala aýdypdyr: "Kim ýagşy iş etse, erkek bolsun, ayal bolsun, ol musulmandyr, dogrudan-da, ony şadyýan durmuş bilen direlderis" (16, 99). Dünýäniň dynçlygy hem asudalygy dowam edýärkä, ýaşaýşyň waspy özüne maýyl ediji zatlardyr. "Bu dünýädäki ýaşaýyş özüne maýyl ediji peýdadan başga zat däldir" (3, 182). Haçanda din dynç alyş, asudalyk mekany bolanda Haktagalanyň şerigaty şadyýan ýaşaýşyň waspyna öwrüler. "Dogrudan-da, ony şadyýan durmuş bilen direlderis" (16, 99). Dunýäni hem älemi goýup, özünden bihabar, älem-jahanyň syryndan gapyl bolan adam kör hem batyldyr. Şerigat mülküni tutuşlygyna görüp bilen (adam) gözlüdir, çünki şerigat nebsiň hem älem-jahanyň soltanydyr. Halkyň hem ýaradylmaklygyň başy, pygamberleriň hem ummatyň serweri, din hem şerigatyň saýlantgysy bu menzilde ýaşaýşy döretdi. "Yslam seniň Alladan başga hudaý yokdugyna şaýatlyk etmegiňdir, namaz okamagyňdyr, zekat bermegiñdir, Allanyň öýüne haj zyýaratyny berjaý etmegindir, oraza aýynda agyz beklemegiňdir, eger sen şu şertleri berjaý edýän bolsaň, sen - musulmansyň!" Ol ilkinji bolup din menzilleriniň bir menziliniň - yslam dininiň esasyny goýdy. Adam bu dünýäniň imrikdiriji zatlaryndan el çekýänçä, ol sözüň doly manysynda din wezipelerini, borçlaryny berjay edip bilmedi. Bir ýürek bilen - bir-birine garşy bolan iki zady gowy görüp bolmaz. Ýürek näçe dünýä lezzetlerine ýesir bolsa, şonça-da yslamyň şöhlesi hem belentligi üçin onda ýer galmaz, musulmançylygyň sütüni weýran bolar, dünýä lezzetleriniň sütüni bolsa abat hem berk durar: "Gapma-garşylykly iki zat bir yerde bolup bilmez." | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |