23:06 Durmuş menzilleri -4: dowamy | |
4. Eger: - Din wekilleriniň bu mesele boýunça dürli pikiri bar, käbirleri: "Iman bilen yslam bir zatdyr" diýseler, başgalary: "Yslam başga zat, iman bolsa başga zatdyr" diýipdirler. Bu iki pikiriň haýsynyň dogrudygyny aýdyp ber, siziň öz ýüregiňiz bu sözleriň haýsyna ynanýar? Eger "iman bilen yslam bir zatdyr" diýilyan dogry bolsa, ikinji soz dogry dal. Eger "iman başga, yslam başga” diýilýän dogry bolsa, onda beýleki söz nädogry. Bularyň delilleri näme? " diýip sorasalar, Allanyň kömegi bilen jogap şeýledir: - Eý, Öňünden görüjilik hem ygtybarly bilimler deňzinde iman göwherini gözleýji, bilip goý: şeýle sorag berýänler üçin ýörite talaplar bardyr, ýüregi öýkünme, ýeňilkellelik posundan ýuwlup, tämizlenen bolmalydyr, (Haktagalany isleýän ýürek) öýi şek-şübhäniň tikeninden hem çöp-çalamyndan päk bolmalydyr, hezzet-hormat yolunda lezzet alyanlar bilen ýakyn, ysnyşykly aragatnaşygy bolmalydyr, günde birnäçe gezek hikmet eýeleriniň öňünde bendelik kemerini guşamalydyr, haçanda “şadyýan durmuş" (16, 97) we nagmalaryň sözleri onuň gulagyna ýetende, şol sözi, nagmany agzamanka, onuň manysyna ýüregi bilen düşünmelidir. Eger (adam) şu derejä ýetmedik bolsa, diñe dogabitdi akyl-paýhasly hem düşünjeli bolsa, onda şert şeýledir: ol düşünen zadyny Haktagalanyň adyny gaýtalamak (zikr), doga okamak, şükür etmeklik, (Allatagala) öwgi-sena aytmak bilen deňeşdirip görmelidir, düşünmedik zadyny öz pähim-paýhasynyň ejizligi diýip hasap etmelidir, ony aýdýan adamyň biliminiň, düşündirişiniň üstüne atmaly däldir. Indi, bu ýagdaýy sada adamlar üçin düşnükli dilde beýan edeliň, (bu pikirleriň) ikisem dogrumy ýa diňe biri dogrumy, şony aýdyňlaşdyralyň. (Haýyr) dogasyna umydymyz bar, duşmançylyga hem ýazgarylmaga däl! Inşaallatagala, aýdylyşy ýaly "Alla kömek hem şowlulyk eçilýändir". Bilip goý: eger "Ikisem bir zat" diýseň, hakykatyň manysyny berýändigi sebapli dogrudyr. Eger "Ikisem aýra zatdyr" diýseň, sözüň hem şerigatyň ýagdaýyna görä dogrudyr. Bu iki pikiriň arasynda gapma-garşylyk ýok, şerigat bilen dine hem ters gelmeýär. Eger "Ikisem bir zať" diýsek, onda "yslam" sözüniň "teslim" (boýun egmeklik - G.G.) sözündendigi sebäpli, bende özüni tutuşlygyna, hem içinden, hem daşyndan edilmeli we edilmesiz işlere (ämr-o nähy) tabyn edende, mömin (imanly -G.G.) bolyar. Sebäbi "iman" sozi "amin" (howpsuzlyk, parahatlyk, dynçlyk G.G.) sözünden ýasalandyr. Haktagalanyň ýanynda kim musulman bolsa, ol, hökman, howpsuzlykda bolyar. Eger "Iman" "tassyklamaklyk" sözündedir" diýseň, merhemetli hem şöhratly Perwerdigäriň Ýusubyň doganlary hakdaky hekaýatda aýdyşy ýaly: "Ýöne sen bize ynanmaýarsyň" (12, 17) ýagny "biziň (sözümize) ynanaňok". Perwerdigäre ýüregini beren, dilini hem tenini beren, onuň edilmeli we edilmesiz işlerine boýun bolan musulman ýüregi bilen, dili bilen, bedeni bilen "ynama" çagyrýar, şu jähtden iman yslamdyr. Eger iman ýolundan gelseň, ýene bir zat aýdyňlaşar: her kimiň mömin bolmagy üçin, ol howpsuzlykda ýaşamaly. Howpsuz adam özi bilenem, halk bilenem däldir, ol durşuna Haktagala bilendir. Ol Hak bilen diňe özüni edilmeli we edilmesiz işleriň (ämr-o nähy) ygtyýaryna berende, dogry boýun bolanda bolup biler. Eger "iman" "tassyk" sözünden bolsa, Haktagalanyň permanyna boýun bolan (adama) ynanyp bolar. Hacanda ol özüni içi hem daşy bilen edilmeli, edilmesiz işleriň ygtyýaryna berende, Allanyň kazasyna hem hökmüne boýun bolanda ynamdar (adam) bolup biler. şu nukdaýnazardan yslam imandyr. Bu ýagdaýyň dogrulygy hakdaky deliller hezreti - Pygamberiň (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) "sünnetinde" hem-de Beýik Allanyň mukaddes Kitabynda getirilipdir: "Biz şol obadaky mömünleri çykardyk, ýöne ol ýerde musulmanlardan bir öýden başga tapmadyk" (51, 35-36). Bu ýerde ol Lut alaýhyssalamyň maşgalasyny-da mömin hem-de musulman hasaplapdyr, şol bir ýagdaýda hem şol bir wakada. Bu bolsa yslamyň imandygyna, imanyň bolsa yslamdygyna mukaddes Kitapdan delildir. Allatagala aýdypdyr: "Eger hudaýa iman getiren bolsaňyz, musulman bolsaňyz, onda oňa ynanyň" (10, 84). Bu ýerde (Haktagala) şol bir zady hem iman, hem yslam hasaplapdyr. Bu bolsa yslamyň mandygyna delildir. "Sahih ul-ahbar" atly kitapda ýazylyşyna görä, Resulalla (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) şeýle diýipdir: “Imanyň ýetmişden gowrak gapysy bardyr", başga bir hadysda bolsa ol: "Yslamyň ýetmişden gowrak şahasy bardyr" diýipdir. Bu ýerde ol şol bir zada hem "iman" diýipdir, hem "yslam". Bu bolsa imanyň yslamdygyna, yslamyň bolsa ymandygyna subutnamadyr. Indi bolsa "iman bir zat, yslam bolsa başga zat” diýilýän hem dogry hadysyň beýany hakda. Jebraýyl alaýhyssalam soraýar, Mustapa hezreti - Resulalla (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) jogap berýär. - Yslam name? diyip Jebrayyl alayhyssalam sorapdyr. Resulalla (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!): - Haçanda sen Alladan başga hudaýyň ýokdugyna, Muhammediň onuň pygamberidigine şaýatlyk edeninde, namaz okaňda, zekat bereňde, oraza tutaňda, Allanyň öýüne haj zyýaratyny berjaý edeniñse - şol yslamdyr - diýipdir. - Onda iman name? ' diýip, Jebray Ýyl alaýhyssalam sorapdyr. Hezreti-Resulalla Mustapa (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) şeýle jogap beripdir: - Haçanda sen Alla, onuň perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ölümden soňky direlişe, hasap gününe, haýryňam, şeriňem Alla tarapyndandygyna ynansaň - şol imandyr. Jebraýyl alayhyssalam hezreti-Resulalla Mustapadan (goy, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) näme jogap eşitse, ony kabul etdi, onuň dogrulygyna-da güwä geçdi hem ol "Lowhy-mahfuzyň” (ýüzüne ýaşaýşyň syrlary, ynsanlaryň ýazgydy ýazylan tagta - G.G.) sakçysy Ruhulemindir. Muhammet Mustapa (goý, Alla oňa rahmet etsin hem salam göndersin!) hakda bolsa mukaddes Kuranda şeýle ýazylypdyr: "Öz islegi boýunça geplemeýär, Kuran oňa iberlen wahydan özge (zat) däldir" (53, 3-4). Diýmek, bu iki din soltany tarapyndan esaslandyrylan kanun sorag döretmeli hem-de şek-şübhä sezewar edilmeli däldir. Biz bu kitaby şu kanuna esaslanyp ýazdyk, onuň Ilkinji söze laýyk gelýändigi bu kitabyň sahypalarynda ýene nygtalar hem-de sowal beriji ähli soragyna jogap tapyp, öz maksat-myradyna ýeter ýaly ençeme gezek düşündiriler. Enşaallatagala! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |