21:08 Durmuş menzilleri -3: dowamy | |
3. Eger biri: - Аzatlуk sözüniň manysyny yssyny-sowugy, peýdany-zyýany, açlygy-teşneligi, kemçiligi, bolçulygy, onuň bilen bagly isleg-howes, hyjuwlary gerdeninde çeken Adam alaýhyssalamyň perzentleri barada ulanmak hiç wagt dogry daldir hem dogry bolup bilmez. Dogrudan-da, olardan hiç biri yslamyň hakykatyna ýetmänmidi? - diýip sorasa, Allanyň kömegi bilen oňa jogap şeýledir: - Bilip goý: iýmek-içmek, egin-eşik, ýaşamak üçin mesgen, jyns gatnaşyklary zerurlyk boýunça bolsa, ol durşy bilen dindir, ol yslamyň hakykatyna ters hem garşy gelýän däldir. Din amallary, şerigat wezipeleri, yslamyň sütünleri musulman adam üçin esasy zat bolsa-da onuň musulman göwnündäki nebis lezzetleri oňa talh hem ajy bolup biler. Eger mümkinçilik bolsa, ony dünýäniň, zamananyň bu lezzetlerinden ayyrmaklyk uly ustunlik bolardy. Emma zerurlyk bedeniň galan bölegini iýmek, uklamak, hyjuw-isleg ýaly agyr yukler bilen olduryar. Ol nebis lezzetleriniň ajy şerbetine çydaýar, sebäbi beden diniň amanat ulagydyr, şerigat wezipelerini berjaý ediji hammaldyr, eger ol din ugrunda uruş edýän söweşijiniň atyndan, hyjuwyň düýesinden çydamly hem daýaw bolmasa, ýük göterip bilmez. Urşa hem haja gidyan ýolda ata, düýä ot bermek tagat hem dindir. Şerigat hokumlerini, din zerurlyklaryny, tagaty çekip gelýän bedeni naharlamak hem ýagşy işdir. Eger bedene nahar ony şerigatya garşy işde peýdalanmak üçin, tagatyň ýüküni çekmek üçin, nebsiň hem isleg-hyjuwyň hyzmatyny etmek ucin berilyan bolsa, yoly gecyan ata we düýä ot berip, onuň güýji bilen oňa münüp, ýol geçmekçi bolsa, ýa-da bir musulmany nahak oldurmek ucin gyljyny çalýan bolsa, onda ylym adamlarynyň pikirine görä, bu ot bermeklik hem gylyjy çalmak hem haramdyr. Iblisiň ýolundan ýöreýän ulaga ot bermek hem haramdyr. Esasy gürrüňimize gaýdyp gelýäris: Beden şerigat ýüküni, din ýüküni çekmäge taýýar bolanda, ýola düşende yslamyň wajyp şertlerini berjaý ednde, oňa iýmek-içmek, egin-eşik bermek, tagat hem haýyr işdir. Din bilen, hudaýyň adyny gaytalamak bilen, Perwerdigäri yatlamak bilen asudalyga ýeten (bu adamyň) ýedi asmanda hem zeminde garşydaşy hem ýagysy bolmaz. Şeýle-de bu kemli dünýäde, şowsuzlykdan doly jahanda, was-wasylar saraýynda imrikdiriji zatlaryň mekanynda (onuň) abat hem abadan diñe bir zady galypdy, ýagny ol kämillikde aram tapypdy. Indi, onuň hümmetiniň Humaý guşy Haktagala asmanynda perwaz edip ýör, teni (Hak yşkynda) ýanyp-bişip barýar, onuň dinden alýan lezzeti gitdikce güýçlenýär, ol şol eşreti bilen öňküden-de sag-salamat görünýär. Şu aýatyň manysy Hak ýolundan barýana degişlidir: "Ýa öleni soň direltdik" (6, 122). Şu aýatyň syry-da bu hakdadyr: "Dogrudan-da, ony şadyýan durmuş bilen direlderis" (16, 99). Yslamyň hakykaty şu sozlerdedir: "Adamyň yslama wepalylygynyň iň gowy delili onuň özüne degişli bolmadyk hemme zady inkär etmegidir". Yslamyň düýp manysy hem maňzy şu sözlerde jemlenipdir: "Musulman dili hem eli bilen beýleki musulmanlary ynjytmadyk (adamdyr)". Yslamyň miwesi şudur: "Alladan başga hudaýyň ýokdugyna şaýatlyk edýärin, namaza duruň, zekat beriň, oraza aýynda agzyňyzy bekläň, Allanyň öýüne haj zyýaratyny ediň!" Düşündirip geçen asudalyk hem dynçlyk her näçe belent mertebeli, päk hem aýdyň, göwher memleketinde iň ýokary derejeli, sada adamlaryň islegleriniň aňrybaşy bolsa-da, tassyklaýanlaryň usulynda ilkinji ädimdir, günäleriniň geçilmegini sorap, toba edýänleriň hem doga okaýanlaryň ýeňşiniň başydyr. Perwerdigäriň görkezişi ýaly, "Yslam seniň Alladan başga hudaýyň ýokdugyna şaýatlyk edýändigiňi aňladýar". Şerigat äleminde hem din dünýäsnde ikinji asudalyk mekany, şerti şerigat kanunlaryny çykaryjyny hem tarykat ýoluny açyjyny ykrar etmekdir: "Iman seniň Alla, perişdelerine, ýazgylaryna, pygamberlerine, direlişe, haýryň hem, şeriň hem Alla tarapyndandygyna ynanmagyňdyr". Haktagalanyň dergähiniň müridiniň, onuň huzuryna barýan ýoluň ýolagçysynyň älem-jahanyň lezzetlerinden el çekişi ýaly, yslam älemini açmak ugrunda hem hümmetini gaýgyrmaly daldir, ol iman älemine, bedene gerekmejek zatlardan, nebsiň aýyplaryndan, isleg-hyjuwlardan (dynmalydyr). Haktagalanyň ýolunda kämillige ýetişenleriň hemmesiniň pikirine görä, ýüregiň nafeleden (ýerine ýetirilmegi hökmany bolmadyk dini borçlardan G.G.) lezzet almaklygy bedeniň lezzet almaklygyndan ýagşyrakdyr, ýüregiň hem janyň nafeleden hezil etmegi hem bedeniňkiden gowudyr. Eger beden amallarynyň nafelelerini ýüregiňki bilen hem-de pikirlenme bilen utgaşdyryp bolsa, adam tä göre girýänçä olar bir-birine içki hem daşky garaşlylykda bolýarlar. Emma şeýle utgaşmanyň mümkin däldigi sebäpli, ýüregiň (lezzet almagyny) saklamaklyk ilerräkdir. Göreňokmy, bedeni iýmek-içmekden saklayan oraza pikirlenme bilen ýüregi bir-birine gapma-garşy goýmaýar, mürit olaryň hemmesini özünde utgaşdyryar. Payhasly adamlar aýdypdyrlar: Iman hakda pikir dörän badyna, (adam) yslam (dini boýunça) edilmeli işleri berjaý edýär. Haýsy ýerde utgaşdyrma mümkinçiligi bar bolsa utgaşdyrma zerurdyr: oraza hem pikirlenme, yekelikde doga okamaklyk hem pikirlenme. Nirede utgaşdyrma kyn bolsa: namaz hem pikirlnme, zekat hem pikirlenme, din ugrunda uruş etmek hem pikirlenme, haj zyýaraty hem pikirlenme ýaly ýagdaýlarda (Haktagalanyň) permanyny ýerine ýetirmek parzdyr, musulmançylygyň däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi bolsa sünnetdir. Pikiriň gowşak hem ejiz wagty müridiň has janlanan wagty bolsa iman äleminde ýürek ýaşaýşyny hem eşretini hetden aşyrman saklamagy, gizlin (köphudaýlylyk toparyna) gatnaşmagyň tot-tozanyny ýuwmagy müridiň ýolunyň aýdyňlygy üçin zerurdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |