11:00 Durmuş öwrümleri / hekaýa | |
DURMUŞ ÖWRÜMLERI
Hekaýalar
Maşgaladaky üç gyzyň körpesi Aýsona diýseň owadan gyz bolup ýetişdi. Ony durmuşda ömürlik taý edinmek obanyň özüne göwni ýetýän ýigitleriniň ýürek arzuwydy. Emma Aýsona olaryň ählisiniň hem söýgi kelamyny biparhlyk bilen jogapsyz galdyrýardy. Welaýat merkezindäki lukmançylyk mekdebini üstünlikli tamamlan gyz, saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işe başlady. Bu döwrüň içinde onuň gözelligi has-da artyp, daşynda perwana bolýan ýigitleriň hem sany köpelmese azalmady. Emma näme üçindir Aýsonanyň gözleri olaryň hiçisinde-de eglenmeýärdi. Görmegeý gyzyň özüne göwni ýetýärdi, şol sebäpden, özüne taý boljak ýigidiň hem hemmelerden saýlanyp duran üýtgeşik bolmagyny isleýärdi. Onuň hyýalynda besleýän «üýtgeşik» ýigidi edil, häzirlikçe-hä sataşmandy. Aýsona welin, öz hyýal edýän «üýtgeşik» ýigidine garaşmagyny dowam edýärdi... Gyş aýlarynyň bir güni işe ugran Aýsona garyň tozgalap ýagyp ugramagy bilen, sähel salymyň içinde daş-töweregiň ap-ak dona bürelen gözelliginden lezzet alyp barşyna, birden, aýagynyň typyp gidenini duýman galdy. Herne, ýykylaýmanka, bir güýçli gol ony elinden saklap ýetişdi. — Bular ýaly howada pesräk ökjeli aýakgap geýmeli ekeniňiz. Ýogsam, ýykylyp, bir ýeriňizi agyrdaýmagyňyz gaty ahmaldyr. Sypaýyçylyk bilen aýdylan bu sözlere jogap bermek hem-de edilen hemaýata minnetdarlyk bildirmek üçin ýüzüni öwren gyz birbada aýdara söz tapman, aňkaryp galdy. Gapdalynda ýylgyryp duran uzyn boýly, uçarman egin-eşigindäki görmegeý ýigide gözi düşen gyz ýüreginde gopan harasada berlip, näme diýjegini bilmän, bir pursatlyk dymansoň, çalaja baş atdy: — Sag boluň, siz dogry aýdýaňyz, hakykatdanam, şeýtmek gerek. Ol şu sözleri zordan zybanyna getirip, ýoluny dowam etdi. Ýigit onuň yzyndan galman, gapdallap ýöräberdi. Şol gelişlerine saglyk öýüniň girelgesine ýetdiler. Aýsona: — Ugradanyňyz üçin sag boluň, men gelmeli ýerime ýetdim — diýip, ýigide ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Ýigit çalaja gülüp: — Bagyşlaň, siz şu ýerde işleýäňizmi? Menem şu ýerde lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge geldim. Aýsona bu ýigidiň özüni ýörite ugradandyr diýip pikir edeni üçin utandy. Onuň öň hem aýazly howada üşäp, al öwsüp duran ýaňaklary has-da gyzardy. — Wiý, şeýlemi, bagyşlaň. — Eger ýolumyz aýry bolan bolsa, men sizi hakykatdanam ugratmakçydym. Sebäbi, siz ýaly gözel gyzyň typyp ýykylmagyna ýol berip bilmezdim. Ýöne, görşüňiz ýaly, ýolumyz ugurdaş bolup çykdy. Aýsona içinden: «Seniň ýaly ýigit bilen ömür ýolumam bile bolaýsa bolmaýamy» diýip pikir etdi. Daşyndan bolsa: «Sag boluň!» diýip hoşallyk bildirdi-de, iş otagyna tarap ýöräp gitdi. Işdensoň öýlerine ugramakçy bolup gapydan çykanda, çykalgada garaşyp duran uçarman ýigidi gören Aýsona öz gözlerine ynanmady. Ýigidiň elinde bir desse gyrmyzy bägül bardy. Oňa gözleri düşen Aýsona birbada begense-de, soň içinden: «Entek onuň saňa garaşýanyny näbilýäň, belki bu ýerde başga garaşýany bardyr?» diýip pikirlendi. Aşak bakyp, ýigidi görmedikden bolup ýöräberdi. Ýigit gyz deňesine ýetenden: — Gözel gyz, sag-aman gelýäňizmi? Sizi öýüňize çenli ugratmaga rugsat ediň. Ýogsam, garly typançak ýolda ýene-de taýmagyňyz mümkin. Alyň, bu güller size. Ýogsa-da siziň adyňyz kim? Geliň tanşalyň, meniň adym Mergen, özümem uçarman — diýip, gyza ýüzlendi. Aýsona gyzyl çog ýaly bägüllere nähili elini uzadanyny duýman galdy: — Sag boluň, adym Aýsona. Görşüňiz ýaly, şu saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýärin. — Aýsona diýseňizläň, men şeýledirem öýdüpdim. Siziň adyňyz hökman Aý bilen baglanyşykly bolaýmaly. Sebäbi siziň keşbiňiz edil Aý ýaly, hatda garaňky gijäni-de ýagtyldyp biljek. Ýigidiň meňzetmesi gyzyň göwnünden turdy. Ol göwnühoş halda çalaja ýylgyryp, gözlerini süzüp, gyrmyzy bägülleri ysgady. Aýaklarynyň aşagyna ýazylan ak gary bagta atarýan ak ýol hasaplap barýan gyz bu wagt özüni bagtyň çür depesinde saýdy. Hakykatdan hem, garaşylan «üýtgeşik» ýigidiň birden peýda bolmagy ony diýseň bagtyýar edipdi. Ýöne gyzlyk buýsanjy oňa kalbyndaky duýgulara berilmäge birbada ýol bermedi. Ýöne aşyk ýigidiň gara çyny bilen eden yhlasy ahyry ýerine düşdi. Alabahar düşensoň garlar eräp, sary-gyzyl gülälekler ýüzüni görkezip başlan mahaly bularyň söýgüsi-de gunçalap gül açdy. Aýsona Mergen bilen diýseň çalt öwrenişdi. Onuň üçin Mergeniň häsiýetinde ähli gowulyklar jemlenen ýalydy. Aýratyn-da, onuň sözleýşindäki mähirli äheň Aýsonany özüne bendi edýärdi. Aradan ýarym ýyl gowrak wagt geçensoň, güýzüň ilkinji günleriniň birinde Mergen toý tutmak barada gürrüň gozgady. Gyz birbada duýdansyz edilen teklibe näme jogap berjegini bilmedi. Ol Mergeni şeýle güýçli söýýän hem bolsa, onuň maşgala agzalaryna näbeletdi. Gyzyň özüne nätanyş adamlar bilen bir öýde ýaşamaly günlerini göz öňüne getirip howy basyldy. Onsoňam, onuň gaýynlary bilen bile ýaşamak niýeti ýokdy, toýdan soň aýratyn ýaşamagy höwes edýärdi. Aslynda, Aýsonanyň häsiýetinde biraz özdiýenlilik bardy. Bu häsiýet onuň ýeke-täk kemçiligidi. Aýsona pikirlene-pikirlene ahyry öz ýüregindäkini Mergene aýtmaly diýen netijä geldi. Mergen gyzyň şertini ýokuş gördi, onuň mydama ýylgyryp duran ýüzi kölegelendi. Şeýdip, biraz dymşyp oturanlaryndan soň, olar hoşlaşdylar... Oglunyň öýe keýpsiz halda dolanmagy Sülgün ejäni birahat etdi. Mydama şadyýan ýylgyryp ýören oglunyň bu wagtky bolup oturyşynyň aňyrsynda bir sebäbiň bardygyna düşünen ene uzak dymyp oturyp bilmedi. Oglunyň kynlyk bilen beren jogaby enäniň hem keýpine sogan dogrady. Agşama çenli pikirlenip, giçden soň ýanýoldaşy bilen maslahaty bir ýere jemlän ene irden çaýyň başynda ogluna gelen netijesini mälim etdi: — Oglum, kakaň bilen agşam maslahat etdik, eger göwneseler, agaň göçmeli jaýyna toýdan soň sizi göçüräýsek diýýäs. Şu gün olara-da sala salyp görmekçi, eger garşy bolmasalar, onda meseläniň çözüldigi hasap edäýmeli. Sen onuň üçin ruhdan düşme, balam, eger saýlan gyzyň gaýynlaryndan aýry ýaşasy gelýän bolsa, goý şeýle-de bolsun. Esasy zat ikiňiz agzybir ýaşasaňyz bolýar. Sülgün eje günorta çaýynyň başynda uly gelnine maslahat saldy. Maşgalanyň uly gelni Ogulkeýik gaýynynyň çekine-çekine aýdan sözlerini soňuna çenli diňläp, göwnündäkini dile getirdi: — Enesi, ony alada edip oturmaň. Biz-ä gaýtam siz barkaňyz arkaýyndyrys. Perman ikimiz, onsuzam, göçäýsek, sizsiz ýüregimiz-ä gysar diýip otyrdyk. Büý-ä gaty gowy bolaýdy, muňa Permanam, çagalaram begener. Uly gelniniň sözlerinden kalby rahatlyk tapan enäniň gözlerine ýaş aýlandy. Ol hoşallyk bilen gelniniň ýüzüne seredip, gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürdi. Toý uludan tutuldy. Toýdan soňky gelinlik döwri tamamlanan badyna, Aýsona bilen Mergen täze jaýa göçüp bardylar. Aýsona gelniň dünýeden göwni hoşdy. Onuň ýüregindäki arzuwy hasyl boldy. Günler yzly-yzyna tirkeşip, aýlar aýlanyp — ýyl dolandy. Täze ýyl baýramyna sanlyja günler galanda bu ýaş maşgalada ogul bäbek dünýä indi. Bäbekhanadan gelen güni dogan-garyndaş, dost-ýar çagyrylyp, pişme toýy sowlansoň, gaýyn-da, elti-de gaýtmak bilen boldy. Myhmanlary ugradyp, bäbejiginiň ýanyna dolanan Aýsona dünýeden bihabar uklap ýatan perzendiniň ýüzüne mähir bilen seredip, ondan ganyp bilenokdy... Birki gün bäri bir bimazalyk tapyp, aglaýan bäbejik hiç köşeşerli däldi. Çaga bir-de diňse, bir-de ýene aglamaga başlaýardy. Her zat etseler-de, soňa-baka bäbegiň sesi dynmady. Emmesini-de alman çyrlaýan bäbegiň sesi ýaş ene-atany aljyradýardy. Ahyry Mergen ejesinden kömek soramagy ýüregine düwdi. Gijäniň bimahal wagtydygyna garamazdan, Sülgün eje ogly bilen ýola düşdi. Ol dynman jägildeýän bäbegi gelniniň elinden aldy-da ony söýgüläp, ýagyrnysyny sypaşdyrdy, arkan ýatyryp, garnyny elleşdirip gördi. «Içi ýellenipdir» diýip, ýany bilen alyp gelen melheminden içirdi. Şondan soň aglamasyny goýan çaga ynjalyk tapdy. Sülgün eje özüne müýnli bakyp oturan gelnine seredip: «Täze dünýä inen bäbekler ýagty jahan bilen öwrenişýänçä, bular ýaly ýagdaýlar gaýtalanar durar, balam. Öňden tejribäň bolmasa, şeýdip aljyradyberýändir bular» diýdi. Soňam, rahatlyk tapyp uklan agtyjagynyň ýaňajygyndan ysgady... Mergen ejesini öýlerine düşürip gelende, näçe gün bäri rahat uky görmedik Aýsona bäbejiginiň gapdalynda uklap ýatyrdy. Ertesi irden Aýsona adamsyna ertirlik taýýarlap, onuň oýanaryna garaşdy. Gijeki birahatlyk sebäpli öňkä görä giç oýanan Mergen çaltlyk bilen ýuwnup, saçak başyna gelende, gelniniň öňküliginiň ýokdugyny aňdy. — Mergen, men öz ýalňyşyma düşündim, özbaşdak ýaşamak üçin biziň durmuş tejribämiz ýeterlik däl eken. Maşgala bolmagyň örän uly jogapkärçilikdigine, her hili pursatlarda ulularyň kömeginiň, maslahatynyň gerekdigine agşam göz ýetirdim. Men gaýynlarymy, eltimi özdiýenliligim bilen ynjytdym. Seni öz mähribanlaryňdan gabandym, Mergen, meni bagyşla — diýip, hamsykdy. Mergen onuň ýaňaklarynyň üsti bilen togalanyp gaýdan gözýaşlaryny süpürdi. Soňam, gelniniň ýüzüne söýgi bilen seredip oturyşyna: — Mähribanym, zeleliň ýaryndan gaýtmagam bir peýda diýipdirler. Seniň iru-giç düşünjegiňe ynanýardym. Ýalňyşmak aýyp däl-de, ýalňyşanyňy boýun almazlyk aýyp — diýdi. — Häzir seni işe ugradanymdan soň ejeň ýanyna gidip ötünç sorajak. Ýöne ol bizi bagyşlarmyka? — Bagyşlar, mähribanym, çünki eneleriň ýüregi üýtgeşik bolýar, olar bagyşlamagy başarýarlar. Ýalňyşyňa düşünip, öz-özüňi ýeňmekligem uly ýeňiş ahyryn! Esasy zat sen muňa özüň düşündiň... Giňden ýazylan Täze ýyl saçagynyň başyna jemlenen maşgalanyň ählisiniň hem ýüzleri bagtyýarlyk bilen ýylgyrýardy. Gaýynlarynyň ýanyna göçüp gelen Aýsona ýeňlerini çermäp, yhlas bilen hyzmat edýärdi. Gelinleriniň agzybirje ümmüldeşip girip-çykyp ýörüşlerine guwanyp oturan mährem ene ýeneki ýyllary agzybirlik bilen jem bolup garşylamagy arzuw etdi. Kümüş MÄTNIÝAZOWA, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy. # "Ahal durmuşy” gazeti, 27.11.2020 ý. | |
|
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |