ÝORUNJA GÜLLI KÖÝNEK
Tomsuň ilkinji aýydy. Gyzaryp dogan Gün howanyň bu günem yssy boljakdygyndan habar berýärdi. Men ýolagçy ulagynyň açyk aýnasyndan girýän salkynjak şemala ýüzümi tutup, daşaryny synlap otyryn. Ugrum işe — welaýat merkezine tarap bolansoň, ýolum ýaýylyp ýatan ekinzarlygyň üstünden düşýärdi. Bugdaýy orlan meýdandan göwnüňe hoş ýakýan ys gelip durdy. Ene toprakdan göterilýän bu ýakymly ysdan doýma ýokdy...
Gidip barşymyza bugdaýly meýdanlar yzda galyp, ýoluň iki tarapynda-da ýaýylyp ýatan ýorunjaly meýdan başlandy. Ýorunjalar gülläpdir. Öňler ýaşyl öwsüp görünýän ýorunjaly meýdan bu gün ýaşyl reňk bilen benewşe reňkiň garyşmagy bilen, çalaja öwüsýän şemala iki ýana yraň atyp, täsin bir görnüşi emele getirýärdi. Ýapragy-da, güli-de, tohumy-da derman bolan bu ösümligiň ysy-da jana ýakymlydy. Gülläp oturan ýorunjaly meýdany synlap oturşyma, çagalyk ýyllarymda bolup geçen ýorunja güli bilen baglanyşykly, has dogrusy, ýorunja gülli köýnek bilen baglanyşykly bir waka ýadyma düşdi.
Ol wagtlar men ýaňy bir gulpajygyny tasadyp ýören dokuz-on ýaşlaryndaky gyzjagazdym. Tomusky dynç alyş möwsüminde obada ýaşaýan mamamyň ýanynda bir hepde bolup, öýümize gaýdyp gelipdim. Öýümiziň ýanynda ulagdan düşüp durkam, gapdalymyzdaky äpet tut agajynyň kölegesinde bäşdaş oýnap oturan joralarym ylgap gelip, daşymy galladylar. Olar «Geldiňmi-de-geldiňmi?» bolşup, meni göresleriniň gelendigini biri-birinden öň aýtjak bolup jedirdeşýärdiler. Soň bolsa olar ýoklugymda bolup geçen täzeliklere geçdiler. Kimsi dynç alyş möwsüminde şäheriň gözel ýerlerine gezelençleri barada aýtsa, ýene biri täze öwrenen el işleri barada aýtmaga howlugýardy. Gyzlaryň iň körpejesi Jemaljyk bolsa tahýasyny eline alyp, näçe ýalbarsa-da, diňlemän, öýündäkileriň saçyny syrandyklaryny aglaýjak-aglaýjak bolup gürrüň berdi. Menden bir ýaş uly Tumar bolsa eýläk-beýläk öwrülip, egnindäki täze köýnegini mahabatlandyrdy. Köýnek, dogrudan-da, örän owadandy. Melemtilden goňur matanyň ýüzünde benewşe reňkli ýorunja gülleri edil hakyky gülleri ýatladyp durdy. Onuň täze köýnegine gözüm gitse-de, hiç kime bildirmän, «Gutly bolsun, gaty owadan eken!» diýdim. Ol «Sag bol!» diýip, köýnegini sypalady.
Pikirlere gümra bolup, howlymyzyň gapysyndan ätledim. Ejem howlymyzyň töründe meni öýümize getiren daýym bilen hal-ahwal soraşyp duran eken. Ejem gözi düşen badyna, daýymdan ünsüni sowup, maňa tarap ýöneldi. Men ylgap baryp, ejemiň gujagyna doldum. Ol «Sary maýam gelipdir-ä!» diýip, meni bagryna basdy. Saçlarymy sypap, ýüzgözümden ogşap, täzeden gujagyna gysan pursady saklanyp bilmän, aglap goýberdim. Ejem: «Wiý, muňa serediň-ä, heý, ullakan gyzam bir şeýdip aglarmy? Goýaweri, gyzym, daýyňam ýegen-ä gaty ejiz eken diýer-dä! Hany, aglamaňy bes et-de, el-ýüzüňi ýuwup gel, men ýap-ýaňyja süýt bişirdim, sowamanka gaýmaklyja ýerinden guýup bereýin» diýip, elleri bilen gözýaşlarymy süpürdi.
Aglamamy bes edip, çalaja sojap durşuma, öýümize tarap ýöneldim. Gidip barşyma näme üçin ejizläp aglandygyma özümem düşünip bilmedim. Boýnuma alaýyn, şonda näme üçin aglandygyma henizem düşünip bilemok. Mähriban käbämi, öýümizi göresimiň gelenindenmikä? Ýa şol ýorunja gülli köýnege gaty göwnüm gidip, onam edinip bilmejegime gözüm ýetenligi üçinmikä?!.
Çaga kalbymy düşnüksiz duýgulara gaplap, öýümize girdim. Egin-eşiklerimi çalşyrmak üçin uýalarym bilen bile bolýan otagymyza bardym. Barsam, penjirä tutulan galyň tuty goýberilipdir-de, otagyň içi alagaraňkyrak eken. Öýde näme üçindir, hiç kim ýokdy. Her kimiň bir iş bilen bir ýerlere çykan bolmagy mümkindi. Boýunjygymy sallap, töre ýöneldim. Ol ýerde egin-eşik goýulýan ýer bilen, üstüne ýorgan-düşek galdyrylýan sandyk bardy. Niýetim, eşik çalşyrynmak bolansoň, şol tarapa ýöredim. Birdenkä, galdyrylgy ýüküň üstünde ýazylgy duran köýnege gözüm düşdi. Ýorunja gülli köýnek! Kimiňkikä? Ylgap baryp, ony elime aldym-da, boýuma deňäp gördüm. Ýakasy akgaýma nagyşly köýnek edil maňa ölçenip biçilen ýalydy. Onda-da gözlerime ynanyp bilmedim. «Uýama tikilendir-le» diýen pikir kelläme geldi-de, ony ýerinde goýmakçy boldum. Şol wagt ejem gapydan girdi. Ol mähirli ýylgyryp gelşine: «Haladyňmy, gyzym, nesip etsin!» diýdi. Şol pursatdaky begenjimi hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Guş bolup uçmaga taýýardym. Emaý bilen başymy ejemiň döşüne goýup, hoşallygymy beýan etdim. Ejem: «Hany täze köýnegiňi geý-de, çyk! Daýyňam görsün! Onsoňam, saňa bir käse süýt guýup goýdum, sowamanka iç, balam!» diýip, çykyp gitdi. Men bolsa geýmäge-de dözmän, ýorunja gülli köýnegimi şo-ol sypap otyrdym...
Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Hekaýalar