03:21 Durmuş pelsepesi | |
DURMUŞ PELSEPESI
Goşgular
Bildirmänjik akyp barýan aý-ýyllar Duýdurmanjyk seni dünýä getirer... Ýeteniňde söýgi atly menzile Başga bar zat manysyny ýitirer. Kimler atly ýöräp, kimler pyýada Agyr-agyr alaňlardan ötüler. Rysgalyň yzynda ylgaşlap ýörseň Allaň özi aç-hor etmez, ýetirer. Durmuş göreş däl-de, belki oýundyr, Biri utar, başga biri utular. Arzuw çenden-çakdan aşa bolmasa Irde-giçde şol arzuwa ýetiler. Ýokuş görüp Ýerde bolýan işleri Aý agyllyr, günler bolsa tutular. Kesek atýan diňe duşmanyň däldir, Dost diýjegiň elindenem atylar. Aý bölegi ýaly owadan gyzlar Aýna bakyp öz görkünden utanar. Kösener durmuşuň näsazlygyndan Nadanlar däl - kämillige ýetenler. Ykballaram durmaz duran ýerinde, Käte peselerde, käte göterler.. Arman, kän kişiler özgäni däl-de, Öz-özüni ýeňip bilmän öterler.. ▶ BIZDEN SOŇKULARA ...Ýene-de geler ýazlar, Ýene-de geler gyşlar... Durmuşda umyt diýlen Bir zat bardyr, gardaşlar. Goý, ýaradan ýalkasyn Arzuw, umytly ýaşaň. Ömrüň gadryn bilip Boş däl, suwytly ýaşaň. Hapalanýan dünýäde Siz bir arassa boluň. Biribaryň öňünde Mydam neresse boluň. Günä, sogap diýlen zat Saklanarmy ýa-da ýok. Haýyr-sahawat näder - Onçasyny bilemok. Ýöne aýlanar durar Gadym pelegiň çarhy. Yraň atar ahlaklar, Üýtgär ynsanyň nyrhy. Muňa bakman, howlukman Geler, Luw ýyly geler. Ýagyşdan serhoş bolan Düzler lälezar bolar. Ýaşyl donun ýapynar Ýagyrnylak depeler. Şonda belki bizi-de Ýa-da salan tapylar. Gözlerinden ýaş dökýän Çöl asmanyň astynda Ruhum pel-pelläp durar Daşly guýyň üstünde. Haýyş edýän, adamlar, Başarsaňyz ýat ediň. Bolmasak-da özümiz - Ruhumyzy şat ediň. Şeýdilende ruhuň Taparmyşyn ynjalyk. Görüň: ol ýere gitseň Ýene tamakinçilik. Goja taryhyň çarhyn Aýlap oturan ýyllar! Bizi alyp gidip dur Bizi getiren ýyllar. * * * Gün gökden garap dursa Doňan gar eräp dursa, Iýenim ýarap dursa Başga näme gerekmiş. Kän utsam, az utulsam Syrkawlamda gutylsam Ynansam hem ymtylsam Başga näme gerekmiş. Bolmajysy boluplar Ýagyp dursa bulutlar, Hezil etsem gülüpler Başga näme gerekmiş. Garrylyga garaman Gije geçse oýarman, Daňlar atsa sag-aman Başga näme gerekmiş. Kişä gitmese paýym Yraň atmasa jaýym, Sylap dursa Hudaýym Başga näme gerekmiş. Goý ýalkansyn gowular Zowal tapsyn ýowuzlar. Aman bolsa ogullar Başga näme gerekmiş. Soňy puç bu dünýäniň.. Ykbaly bu hemmäniň. Hemra bolsa imanyň Başga näme gerekmiş. * * * Meger dünýä ýegşerip Agyr günäň astynda, Yraň atyp zordan dur Aýagynyň üstünde.. Käte sowuk gar bolup Dökýär ýürek awusyn. Apy tupan turanda Eşidýärin agysyn.. Mahal-mahal gobsunýar Agyr ýüke çydaman. Zemin lerzana gelýär, Biz diýýäris "eý aman!" Gara daglar çat açýar. Ýyldyzlar ýere gaçýar. Gözi ýaşly bulutlar Ejräp üstüňden geçýär. Bu näme, bu eý alla Bu nämeden alamat? Zaman ýakyn geldimi, Gopup ýörmi kyýamat? Goja Zeminiň üsti Ýanyp duran gyzyl ot. Bu zatlary özüňden Göreňokmy, Adamzat?! ▶ DÄNELER Asmanyň açygyn söýdüm, Gyzlaryň alçagyn söýdüm, Müň öýüň duzuny datdym, - Öýümiň saçagyn söýdüm. * * * Agşam ýatdym mukam diňläp, Säher turdum mukam diňläp. Piker etdim, saz bolmasa Goja heňňam gider heňläp. * * * Takdyr maňa şeýle dosty bersedi, Görünsin halymyň agyr pursady. Diýýänimden biri bardy hem welin, Olam indi özün tutdy, dürsedi… * * * Bilip bolmaz çöllük çykar alnyňdan, Öňräginden guýy gazmany öwren. Bilip bolmaz, suwa gabat gelersiň Öňräginden suwda ýüzmäni öwren. Göge garaberme ganatlam bolsaň, Gerek bor, pyýada gezmäni öwren. * * * Küren obaň, uly iliň içinde Onuň birje kişä göwni ýetýärdi. Şol göwni ýetýäni del adam däldi, Ol özüni göz öňünde tutýardy. * * * Jenaýat kodeksin maddama-madda Ýatdan aýytmaga gelýärdi hötde. Öýünde-hä şol kitabam ýok welin, Başga ýerde okandyr-da, elbetde. * * * Şu gün aladaňdan ýüzümden öpdi, Täsin tebigatyň al ýaňäk gyzy, Mawumtyl asmanyň mübärek bolsun, Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy! Dürli öwsüp duran jadygöý kimin, Agyr ukusyndan oýandy zemin, Hem-ä şat men, hemem azajyk gamgyn, Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy! Tolgunan bulutlr kakanda deprek, Ak çagbaň astynda bugarsyn toprak, Gök otuň üstüne gereýin kükrek, Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy! Galyň buzlar eräp gitdi demiňden, Gelmeýän zat ýok ýalyla eliňden, Bir çümmük ber eminden, Hoş geldiň ömrümiň ellinji ýazy! Gülaply göwsüňden soraýyn gana, Sylag, serpaý diýip şunça ýaşana, Diýýän dermanymdan ýekeje däne, Bersen-e ömrümiň ellinji ýazy! | |
|
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |