18:23 Durnagözüñ umgasy / hekaýa | |
DURNAGÖZÜŇ UMGASY
Hekaýalar
Durnagöz çeşmesiniň jülgesinde bolan bu täsin waka barada eşidip, Gurbanmyrat bilen ýörite duşuşmaga bardym. Gaýraky obada ýaşaýan Gurbanmyrat bilen içgin gatnaşygymyz bolmasa-da toýda-tomaşada duşuşanymyzda salam-helik alşardyk. Aşgabatda ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýarkam Gurbanmyrat goşun gullugyny tamamlapdy. Etrapdaky gurluşyk kärhanasynda işleýärdi. Ondan bäri birnäçe ýyl geçdi. Indi on ýylyň içidir, Gurbanmyrat keselbent bolup gaty horlandy. Onuň bir wagtky pälwan sypatyndan nam-nyşan galmady. Kyrk ýaşynda işden galmak oňa ýokuş degdi. Öýde oturyp-turup karar tapmady. Ökde lukmanlardan bejergi alsa-da, aýňalyp gitmedi. Baýak Mara, soňra Daşoguza gidip geldi. Kesel Gurbanmyradyň ýakasyndan ebşitläp tutana meňzeýärdi. Hojalygyndaky on-onbäş geçisini jemlän Gurbanmyrat dagdaky Durnagöz diýip atlandyrylýan çeşmede mesgen tutmagy ýüregine düwdi. Bir mahallar mähellesi ýetik bolan bu ýerde Gurbanmyradyň ata-babasy-da ýaşapdyr. Gurbanmyradyň maksadyny oňlap durmasalar-da ol özdiýenli adamdy. Üstesine kesel ony sähel zady göwnüne alýan ynjyk adama öwüripdi. Häzirki pursatda onuň bilen ylalaşmakdan gowy çäre ýokdy. Durnagöziň boýundaky goja daragtlar janly-jemendäni yssysyndan goraýar. Tomsuň ýandyryjy jowzaly günlerde by ýer jenneti mekana öwrülipdi. Obanyň on-on bäş sany degenek jahyly haşar edip, bu ýerde kiçiräk bir ýaşaýyş jaýy taba getirdiler. Geçilere günden-ýagyşdan goranar ýaly taşa, towuklara ketek gurdylar. Ikibaşdan Gurbanmyrady daga göçürmäge razy bolan obadaşlary indi ol bu ýerde ymykly mekan tutansoň owlak-geçilerini oňa tabşyrmagy müwessa bildiler. Dagyň dere-jülgelerini syryp, belende gitdigiňçe ter maýsaly çemenzarlar duş gelýär. Şol ýere çykan geçiler basym daýanýarlar. Geçileri irden örä çykarsaň iňrik garalyberende ýatagyna dolanýarlar. Bu jelegaýda setanda-seýranda duş gelýän möjek, şagal, tilki ýaly ýyrtyjylardan mallary gormak garamaty bolsa çopan bilen itleriň boýnuna düşýär. Şeýdip, Gurbanmyradyň dagy mesgen edinip, özüni bejerip ýörenine dört-bäş ýyl boldy. Bir gezek men haýsydyr bir saýry jandar zerarly onuň bir topar obadaşlary bilen agzynyň alaranyny, indi onuň diňe öz mallaryny bakýandygyny eşitdim. Bilesigelijiligim şondan soň günüme goýmady. Aslynda tebigat täsinliklerini toplap, goşhaltama ýygnamak meniň ömürlik güýmenjäm. Onsoňam Gurbanmyrat ýaly sypaýy adamyň nädip onça adam bilen gyňralyşyp biljegine aňym çatanokdy. Şeýdip, bir dynç günüm Durnagöze baka atlandym. Men ol ýere ýaşlyk ýyllarymda-da baryp görüpdim. Gysylardan awtoulagly geçip bolmaýar. Çeşmäniň golaýynda sürüji bilen hoşlaşyp, dagyň jülgelerinde aýaklarymyň hözürini gördim. Günorta çagynda çeşmäniň başyna geldim. Jaýyň kölegesini eýeläp ýatan garry köpek yzgytsyz garşylady. Haý-küş diýip ylalaşyga geljek boldym. Daşymda köw-söw edip, asla pälinden gaýtmady. Nätanyş myhmana gytak seredip, kümäniň üstünde wakgyldaşýan towuklaryňky näme diýsene. Olaryň zenzelesiniň üstüni gyzyl horaz ýetirdi. Jenjelden daş duranymy kem görmedim. Selçeň ýaprakly başga bir bagyň kölegesine geçdim. Gurbanmyrady baýyrlykdan inende bada-bat tanadym. Çal eşeginde dik oturyşy onuň sagatlygyndan habar berýärdi. Ýüzündäki bir wagtky tukatlykdan nam-nyşan galmandy. Uzyndan gelen inçe tumşykly, uzyn aýakly tazy ondan galanokdy. Teblehanada eşegini daňyp, horjundan bir towşanyň läşini çykardy-da, dalbardan asdy. Meniň bilen gadyrly salamlaşdy. -- Şun-a oňaraýypsyň. Tüýs wagtynda geldiň. Geç düşek üstüne! Häzir gömme çörek bilen towşan çorbasyny iýeris. Gurbanmyrat bilen gürrüňimiz dessine alşyp gitdi. Garry köpek bilen tazy biziň söhbetimize düşünýän ýaly gulaklaryny keýkerdip diňleýärdiler. Ümsümligi diňe mis tüňçäniň şyggyldygy bozýardy. -- “Allajan özüň hemaýat edeweri!” diýip, kalbymy ýagşy niýetlere besläp şu ýere gelelime indi bäş ýyl boldy. Şondan bäri diňe otlardan taýýarlanan çaýy içýärin. Iýmitim süýt-gatyk, mesge, ýumurtga, içgim dag ösümlikleriniň toşaby boldy. Gelenime sähel wagtdan süňňüm ýeňläp, ýüzüm nurlanyp ugrady.Keremli daglarymyzyň şypaly howasy, ot-çöpleri müň derdiň dermany eken. Dagda undur şekerden özge iýmit ýeterlik tapylýar. Çeşmäniň boýunda eken erik, alma baglarym oňat boý aldy. Ho-ol goja daragtlary bolsa, bilşiň ýaly, birwagtlar bu ýerde ýaşan adamlar ekipdirler. Geçileri azandan örä çykaryp, gaýdyşyn dag derelerinden, çeşmäniň degresinden dermanlyk otlary ýygnaýaryn. Haýsy otuň nähili kesele em bolýandygyny kitaplardan okap öwrenýärin. Kölegede guradan otlaryny şol haltajykara gaplap bellik edýärin. Dermanlyk ot sorap geleni boş gaýtaramok. Kyrk-elli çemesi geçi maňa uly güýmenje bolýar. Öň obanyň geçilerini hem bakardym. Indi özümkiler ýeterlik. -- Ikibaşdan bärde ýaşap ýören bolsaň, obadaşlaryň mal-garasyna kömek edäýmeli ekeniň. Arkalaşybersiň bolmadymy? – diýip, men gürrüňi öz gyzyklanýan ugruma sowup goýberdim. -- Wah, şol wawwaly meseläni kime aýtjagymy, kim bilen derdinişjegimi bilmän ýördim. Obadaşlarymyň mallaryny tabşyrmagymyň sebäbini düýp-özeni bilen gürrüň bereýin. Bir gezek tazymy ýanyma alyp şikara çykdym. Dereden ýykylyp, çep gapdalym durşuna zerzaw boldy. “Gapyrgam döwülmedik bolsa-da biridir” diýip agsaklap öýe geldim. “Halyň şeýlekä, aw nämäňe derkar seniň” diýip öz ýanymdan hüňürdedim. Dogrusy, şol gün öriden gelen geçileri gözden geçirmäge-de ýaramadym. Ertesi gär geçimiň ýokdugyny bilip galdym. Soň bir gün şol geçini mallarymyň arasynda görüp geň galdym. Her ýyla ekiz guzlaýan şol gär geçimiz owlaklanda ähli zat aýn boldy. Onuň ýalky owlagy beýlekilerden üýtgeşikdi. Agyn keýige meňzäp durdy. Sürüdäki geçileriň köpüsi soňky ýyllarda şol daýaw, edenli jandardan höwürden çykdy. Gytyk çöpürli owlaklary gören mal eýeleri nägileliklerini aýdyp ugradylar. Bir sapar obamyzyň dükançysy Gaýly yzyna bir topar adamy ýygnap geldi-de: -- Isleseň gymmat bahadan satyp bereýin. Bolmasa-da soýup, owarra et şuny - diýip nagyl okady. Sabyr käsäm püre-pür boldy. Gepe-söze düşmez adamlar bilen kejeleşip durmagy uslyp bilmän, meseläni çöp döwen ýaly etdim: -- Besdir indi, meniň malym bilen işiňiz bolmasyn. Hiý şeýle-de bir naýynsaplyk bolarmy? Ýygnaň mallaryňyzy – diýdim. Şeýdip, mal eýeleri geçilerini saýladylar. Bir gezek hem kelläme“Dogrudanam, soýup dynaýsammykam janawary?!” diýen pikir geldi. Ýöne elim barmady. Ahyrsoňy ol umgany sürüden kowup goýbermekçi boldum. Gitmejek bolup köwlendi. Onsoň çybyk bilen birki gezek saýgyladym. Janawar şonda ýokuş görüp, ümdüzine tutup gitdi. Onda bäri iki aýa golaý wagt geçdi. Ol käte süriniň golaýynda görünýär-de, soň zym-zyýat bolýar. Damarynda dag jerenleriniň buýsanjaň gany bar. Öý maly bolsa her gün taýak iýse-de, sürüde gezer ýörerdi. -- Aý, howa-da, Magtymguly atamyz aýtmanmydyr: “Är geler är ýanyna mylakat tapsa, Ýüz tapmasa gelmez, çagyrmak bilen” diýip. Ýüz berilmese, haýwanam bolsa duýup, ötägidýändir-dä—diýip, men öz pikirimi aýtdym — Dogrusy, indi bu sarç janawary çagyrybam sürä goşup bolmasa gerek. Ol ýabanylaşyp ýören bolsa gerek. -- Dogry aýdýaň. Ynha, tagamlarymyz hem taýýar boldy -- diýip, Gurbanmyrat gazandaky çorbany tabaga guýdy. Aw etiniň batyrmasynyň ysy tämiz howa ýaýrap gitdi. Dagyň şypaly otlary garylyp bişirilip, gyzgyn çörek dogralan owmaç hem saçaga goýuldy. Durmuşdaky köp meseläniň başyny agyrdyp, daňa golaý irkildik. Seresap ädimläp Gurbanmyrat ýanyma gelende oýaly-ukyda ýatyrdym. -- Seret! – diýende, onuň ümlän tarapyna garadym. Taýakýetim aralykda ullakan bir dag umgasy kowumdaşlary bilen ysgaşyp durdy. Bu täsin görnüşe nazar dikip, ymyzganyp barýarkam“Eý, Allajan! Dogrudanam şeýle gözel jandara tyg çekmäge kimiň ýüregi dözüp bilerkä?” diýen pikir serimde aýlanýardy. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |