21:38 Düşnüksizlik | |
DÜŞNÜKSİZLİK
Goşgular
![]() Atdaş! Seň bilen gürrüňdeşlik... Meni saňa ýetirýär, Seni maňa getirýär, Gulagymda ýaňlanýan: R&B, Bruno Mars, "Talking to the moon" hemem men, Notalara siňen duýgymy guçýaryn, Men saňa uçýaryn. *** Atdaş! Ýata dogupsyň-la? Biraz solupsyň-la? Ýa irdiňmi menden? Gelmesem özüň barmakdan, Her gün gije penjirämden bakmakdan. Gijelerne boş asmana derdinýän Men ýaly akmajykdan ýadadyňmy? Ýa her aglanymda saňa gelýänim, ýadyňdamydy? Şoň üçin gyýa jyklap durmuň dar penjirämden? Bilýäňmi näme, indi öňkim ýaly kejir däl-ä men. Indi dertlerime boýun egip bilýän, Bagtym bilen oýun edip bilýän. Ýetmeli menzilme ýetmä:ni bilýän, Käte ýalan gepläbem bilýän, Hat-da ynanýarlaram, Ynanmaýanlaram... Aýsapar EMELOWA | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |