05:43 Duýgularym | |
DUÝGULARYM
Goşgular
Içde mesgen tutdy, ýaşady olar Barlygyny duýdurdylar söz bilen. Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz, Asla-asla görülmedi göz bilen. Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän Söz açdylar edil garrylar ýaly. Bagtly günleri-de boldy-la welin, Muşakgatly hem-de görgüler ýary. Eden-etdilikler ýoluny kesip, Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna. Dogryçyl bolany üçindir, belki, Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna. Ýük etdiler, aladany, gussany Bir pursadam ýaşamandy keşiksiz. Ýetim olar, söýgä, mähre zar mydam Hem afrikaly çaga deý eşiksiz. 2021.12 | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |