16:34 Duýgy | |
DUÝGY
Goşgular
Özbaşyna ýaşap ýören dünýedim Dogrydym men. Hem kejirdim. Keçjaldym Gurşap durka daşym - imi-salalyk, Öz içimi ýonup ýören neçjardym Mynçgalap durka ýüregimi ünji, Şadyhorram gezip ýören ýalydym Göýäki men, Ýer şarynda ýeketäk, Ýalňyzlygyň aýrylmajak ýarydym Meýin içip yşgyň, sermest halatym Başarmadym ötenleri saýpallap Wagtlaýyn hyýalda kosmasa uçdum, Hakykatda gezdim-ýördim pelpelläp Sabyra atlandym, umytdan düşmän Ähli zady ynam bilen sözledim Durmuş gizlenpeçek oýny ýalydy, Duýgy bilen söýgi, şatlyk gözledim Ömrümi mydama duýga bagladym, Netijesin gören ýaly gurradan Duýgy - maňa baky ýaşlygy beren, Duýgy - meni juwanlykda garradan... Ylham GURBANALYÝEW. 2022.12 | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |