18:11

Edebi däp, döwrüñ ruhy, döwrüñ sesi

Edebi tankyt
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 753 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024
Söýginiň tarypy - 14.10.2024
Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024
Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024
A.M.Gorkä hat - 19.10.2024
Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024
Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Dogry! Edebiýatda döwrebap äheň meselesi hemişe-de bolupdyr, indem bolar. Sebäbi edebiýat ýaly günsaýyn çalt üýtgeýän sungat megerem ýok bolsa gerek. Mysal, saz üçinem, täze mukam döretmek üçin ep-esliň ýarysy ýaly wagt gerek, teatr üçinem, ilki drama eseri ýazylmaly, režissýor tapylmaly, artistler saýlanylmaly, dekorasiýalar taýýarlanylmaly, spektakla serişde meýilleşdirilmeli, çeperçilik adminstrasiýasy spektaklyň haýsydyr bir teatrda goýulmagyna ygtyýar bermeli...Kino hakda gepläp oturasy işem ýok. Edilmeli iş ummasyz. Suratkeşlik bilen nakgaşlyk hem şeýle. Nähilem bolsa döredijiniň aňynda emele gelen täze pikiriň döwrebap görnüşe girmegine çenli ep-esli maddy çykdajy hem wagt ýatyr, reňk, çotga, surat çekilýän  kendir mata (holst), lokga mermer bölegi...Edebiýatda bolsa şygyr ýa-da kyssa eserini ýazmak üçin, hezillik, awtoryň özi bilen kompýuterden başga hiç zat gerek däl. Kompýuter ýok ýerinde bolsa sygryň dili ýaly kagyz bilen ujy gemrilen ruçka ýetik. Onsoň edebiýat şol sebäpli pursatsaýyn üýtgäp durýar. Edebiýatşynaslar, ýaňybir edebiýaty öwreniş ylmynyň syrdam nazaryýetini emele getirip dynýarlar-da, maňlaýlarynyň ajy derini sylyp, dynç almaga oturýarlar. Sebäbi olaryň okuw kitabynda, eýýäm, şoňa çenli ähli zat ýazylgy, öwrenilgi. Goşgy nähili bolmaly, onuň nähili görnüşleri bar, haýsy zat hakda nähili formada şygyr düzmeli. Proza eseriniň göwrümi, düzüm gurluşy nähili bolmaly...äý garaz, ähli sowalyň jogaby bar! Emma, birdenkä, niredendir bir ýerden haýsydyr bir öň itiň spiseginde ady ýok Milorad Pawiç zömmerip çykýar-da kyssa eseriniň başyny ahyryndan başlaýar, ondanam mojugyny tapyp, başyndan okasaň bir zat barada, soňundan okasaň başga bir zat barada, ortasyndan iki taraplygyna okap başlasaň üçünji bir zat baradaky düşnüksiz eserleri ýazaga-da, edebiýatşynaslaryň bar eden işini biderek edýär oturyberýär. Ýa-da Gurbannazar ýaly hakdan içen şahyr döreýär-de kyssany şygra öwrüp, tutuş şygryýetiň mazmunyny üýtgedýär...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]