10:36 Edebi ýañsylama | |
EDEBI ÝAÑSYLAMA
• POEZIÝA ...Pyragydy onuň ady birmahal, Soň Kemine boldy, Zelili boldy. Kerim, Berdinazar diýdiler oňa, Gurbannazar – ýene bir ady boldy. Topragmy ýylydyp oturan ot ol, Ynanýan ýene-de geler kän ärler. Türkmeniň giň kalby onuň mekany, Bu gün oňa Nobatguly diýýärler. Agageldi Allanazarow / “Poeziýa” (“Türkmenistan” gazeti, 2023-nji ýylyň 17-nji fewraly). * * * Şu “goşgyňy” okap-okap hezil etdik, Bizem seň adyňy Poeziýa dakjak. Senem Nobat ýaly şahyryň biri, “Oturan ot ýaly” kalplary ýakjak. Keminäniň ady Mämmetwelidir, Magtymgulyň ady Magtymguludyr. Gurbandurdy – Zeliliniň çyn ady, Gurbannazar Eziz agaň ogludyr. Poeziýa grek sözi, bilmeseň, Türkmen ady onuň şygyrdyr, belki. Şahyrlara dakyp täze bir ady, Maslahatym, bolma illere gülki. Dostum, “Goşgy ýazma” diýip biljek däl, Uly höwesiň bar goşgy ýazmaga. Goşgumy ýa däl, iller ölçeýär, Belet muňa Allanazar aga-da. 18.02.2023. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |