10:17 Edepnama: Ata-ene we ululara hormat barada | |
ATA-ENE WE ULULARA HORMAT BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
Şahyr aýtmyşlaýyn, "edebiň ýagşysy ulyny sylamakdyr". Onda-da çagany dünýä inderen ata-ene öz çagasynyň hormatyna tüýs mynasyp ynsanlardyr. Ata-enäniň sarpasyny belent tutup, olaryň buýran ýumuşlaryny birkemsiz we öz wagtynda berjaý etmegi ýaşlykdan endige öwürmek gerek. Çagasy şadyýan we mähirli bolsa, ata-enäniň hem wagty hoşdur. Şonuň üçin irden turanyňyzda, ata-ene bilen bir otagda ýatmaýan bolsaňyz, olara edep bilen salam bermek, agşam ýatjak bolanyňyzda hem olaryň rahat ýatyp turmagyny arzuw etmek gerek. Eger olaryň haýsydyr biri syrkowlasa, oňa köp üns beriň, wagtal-wagtal halyny sorap duruň, göwnüniň küýseýän zadynyň dessine tapmagyň aladasyny ediň. Atañ ýa eneň keselhanada ýatan bolsa, günde bir-iki gezek onuň halyny soramaga wagt tapyň. Puluňyzy gysganmaň, miweleriň we olaryň halaýan iýmitleriniň iň gowusyny satyn alyp, yzyndan ertiň. Olar «getirme» diýse-de, syrkawyň yzyndan eliňiz boş barmaň, çünki elten zadyňy eneň ýa ataň iýmese-de olaryň ýanynda ýatan beýleki syrkawlar iýip, olar hem size alkyş aýdarlar. Ata-enä azgarylmak, olaryň ýüzüni almak gelşiksizdir. Magtymguly şahyr aýtmyşlaýyn: "Tilinde öwürmiş haky-senany, Agyrtmagyl ata bilen enäni, Daglardan, daşlardan uly günäni, Agyrdyr günähin, çeke bilmez sen." Ýa-da: "Ata-ene agyrdanyň günleri, Içi-daşy otdan bolar donlary, Halka ryswa, ala bolar tenleri, Suw ýerine zäher berler, ýaranlar." «Şerigatda-da» «ata-enesine azar beren perzent jennete dahyl bolmaz» diýlipdir (Şerigat, 10 sah). Muhammet pygamberiň hadyslarynda bolsa «Ata hormat etmek – Taňra hormat etmek bilen barabardyr. Onuň öňünde ýazykly bolmak – Taňrynyň öňünde asy (günäkär) bolmak bilen deňdir» diýlip ýazylypdyr (Hadys, 14 sah). Enäniň göwni has-da ýuka bolýar, öýüň ähli hysyrdysy onuň boýnuna düşýär. Şonuň üçin kömegi ýeten gyz-gelinleriň ýok ýerinde ogullar hem enäniň öý işlerine kömekleşmelidirler. Enä kömekleşip edilýän hiç bir işiň utanjy ýokdur. Pygamberimiz hem: «Eneňe ýagşylyk et, eneňe ýagşylyk et, eneňe ýagşylyk et, soň ataňa ýagşylyk et!» diýip nesihat edipdir (Hadys, 6 sah). Ähli wagtda, ylaýta-da, ata-ene gartaşan, öz perzendiniň kömegine mätäç bolan döwründe, olardan zadyňy, pulyňy gysganmak, el we dil kömegiňi aýamak seniň adamçylyk sypatyňyň juda pesligini (hatda ýoklugyny) görkezýär. Muhammet pygamber bu babatda: «Ogul, seniň özüň hem, gazanan mal-mülküň hem atanyňkydyr. Şonuň üçin ataňdan özüňi we halal malyňy aýama» diýip wesýet edipdir (Hadys Şerh. I bölüm, 69 sah). Sende bar bolan haýsydyr bir närse ata-eneňe zerur bolsa, ony gysganman, ak ýürek bilen ata-enä bermeli, eger şol zat sende iki bolsa, onda olara gowusyny, täzesini bermek ogul-gyzyň borjudyr. Zat tapylar, ata-ene tapylmaz, olar müdimi däldirler. Çagalarynda şeýle edepliligi terbiýelemek bolsa ata-enäniň ilkinji borjudyr. Muhammet pygamberiň hadyslaryna bu babatda şeýle diýilýär: «Nesilleriňe ylym we edep galdyryp giden atalar olara dünýä baýlygyny miras goýup giden atalardan müň mertebe belentdir. Atadan edep miras alan perzendiň dünýäsi abat we maly tükenmezdir, emma bizden perzende miras galan ummasyz mal onuň başyna beladyr» (Hadys. Şerh, 2 bölüm, 67 sah). Okuw, iş ýa-da gaýry sebäplere görä ata-enesinden aýra düşen, olardan aýra ýaşaýan çagalar wagtal-wagtal ata-enesinden habar almaga, hat ýa-da telefon arkaly olaryň halyny sorap durmaga borçludyrlar. Ata-ene bilen mähirli gepleşmegi, olaryň soraglaryna aýyl-saýyl jogap bermegi endige öwürmek gerek. Eger bir ýazykly iş edeniňde-de, ata-enä düşündirip aýtsaň, günäňi boýnuňa alsaň, olar seni bagyşlar. Ata-enäni aldamak bolmaýar. Ýüregiňi ünjä goýýan syryň bar bolsa, eneň ýa-da ataň bilen maslahatlaşsaň, olaryň saňa dogry ýol salgy berjegi ikuçsyzdyr. Ýetişen ogul-gyz bir tutumly iş etjek (öýlenjek, jaý saljak, ulag satyn aljak, bir ýerden başga bir ýere göçjek, okuwa girjek...) bolanlarynda, ata-enesi bilen maslahatlaşyp, işi oňuna bolar ýaly, olardan ak pata almalydyrlar, çünki ata-enäniň gözýetimi giňdir we durmuş tejribesi çagalarynyňkydan artykdyr, şonuň üçinem olar dogry ýoly salgy bererler. Ata-enäniň razy bolmadyk işinden gaça duruň, çünki olar siziň bähbidiňizi öz bähbidinden ýokary goýýandyrlar, siziň geljegiňiziň gowy bolmagy olaryň esasy aladasydyr. Çagasyna seredende, ata-ene oňat we erbet adamlary gowy tanaýarlar. Şonuň üçin olaryň hormat goýýan adamlaryny we dostlaryny siz hem sylamalysyňyz, gatnaşmagy maslahat bermeýän adamlaryndan bolsa gaça durmalysyňyz. Bu babatda pygamberiň adyndan aýdylýan hadysalara şeýle diýilýär: "ýagşy işleriň içinde iň gowusy perzendiň öz ata-enesiniň dostlaryny özüne dost tutunyp, olar bilen ýakyn gatnaşykda bolmagydyr." (Hadys. Şerh, 1 bölüm, 67 sah.). Ata-enäniň eý gören adamlaryny unutmaň, wagtal-wagtal olaryň halyndan habar almaly, ýygy-ýygydan myhmançylyga çagyryp, olara hezzet-hormat etmeli. Ene-ataňa olaryň adyny tutup ýüzlenmek gelşiksizdir. Bu babatda il içinde teýeneli ýomak bar. Bir adam özüniň samsygrak ogluny öýlendiripdir. Aradan birnäçe gün geçenden soň, bu ýoknasyz ogul atasynyň ýanyna gelip: «Eý, menem öýli-işikli, aýally boldum, seniň bilen deňleşdim. Henizem saňa ata diýmelimi ýa indi adyňy tutubermelimi?» diýenmiş. Elbetde bu – anekdot. Ýöne şol ýoknasyz meňzemezlik üçin, ata-enäniň adyny tutmak, olara «mamaý, babaý, pahan» ýaly kemsidiji sözler bilen ýüzlenmek baryp ýatan edepsizlik bolýar. Ata-enä (umuman adamlara) ýüz tutulanda, «eý, ahaw» ýaly ümlüklerden hem gaça durmaly. Çagasynyň öz ata-enesine ýüzlenmegi üçin obaňyzda haýsy mähirli söz ulanylýan bolsa (ata, aba, däde, kaka, ene, eje, apa) şol söz arkaly olara ýüzlenmek gerek. Özbegistanda, Türkmenistanda (umuman musulman ýurtlarynyň aglabasynda), biziň ýurdumyzda bolsa Lebap welaýatynda çagalar öz ata-enelerine «siz» diýip ýüzlenýärler. Bu ýagdaý edepliligi we ata-enä hormaty aňladýar. Umuman ýaşululara, özüňden uly adamlara, mugallymlara «sen» diýip ýa-da adyny tutup ýüzlenmek edepsizligiň alamatydyr. Şu ýerde Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» poemasynda perzentleriň öz ata-enesiniň öňündäki kyrk borjy baradaky ýazanlary artykmaçlyk etmese gerek. Azady şeýle diýýär: Ata we ene görejiň nurydyr, olaryň haky taňrynyň haky bilen deňdir. Ol haklary ödemek bolsa musulman perzendiň borjudyr. Ata-enäniň haky (ýagny çaganyň ödemeli borçlary) jemi 40 bolup, ol dört topara bölünýär: 1) Ten haky. 2) Dile (söze) degişli haklar. 3) Köňül bilen bagly haklar. 4) Mal haky. Bularyň hersi 10 borçdan ybarat: Ten (beden) bilen baglanyşykly haklar şulardan: 1. Ata-enä gowy hyzmat etmek. 2. Olary hormatlamak, sarpasyny belent tutmak. 3. Ata-enäniň buýruklaryny ýerine ýetirmek. 4. Ata-enäniň käýinjinden yrak (daş) durmak. 5. Ata-enäniň razylygy bolmasa, sapara (gezelenje) gitmezlik. 6. Ata-ene nirden gelse-de, olaryň öňünden çykyp garşy almak. 7. Ata-ene ýola gitse, olar bilen bile gitmek, ugratmak. 8. Ata-ene çagyranda dessine ýanyna gelmek. 9. Ata-enäniň möhümini birkemsiz we aýny wagtynda bitirmek. Dile (söze) dahylly haklar şulardyr: 1. Perzent ata-enesiniň owazyndan (sesinden) belent sesde däl-de, pes äheňde geplemeli. 2. Ata-enäniň näzini (degişmesini) götermeli. 3. Ata-enäniň ýanynda utanç-haýasyz, edepsiz (hapa) sözleri agza almaly däl. 4. Ata-enäniň adyny tutup çagyrmaly däl. 5. Ata-enä gaty-gaýrym söz diýmeli däl, olary gaty gördürmeli däl. Ata-enäniň ýüzüne bakyp sözlemeli däl. 6. Hoşluk (hoşamaý) we ýumşaklyk bilen gepleşmeli. 7. «Bir işi et» ýa-da «etme» ýaly sözler diýmeli däl (ýagny ata-ene bilen «siz» diýip sözleşmeli). 8. Ata-enäniň lakamyny we adyny tutmaly däl. 9. Ata-enäniň ýüzüne tarap tüýkürmeli däl. 10. Ata-enäniň ýanynda gaty gülmeli däl, asla pyňkyrmaly däl. Köňül bilen baglanyşykly haklar (borçlar) şulardyr: 1. Ata-enä ak göwünden mähirli bolmaly. 2. Ata-eneňi özüňe dost tutunmaly, olary öz göwnüniň soltany hasaplamaly. 3. Perzendi şadyýan bolsa, ata-ene şat bolýandyr. 4. Gaýgylanmaň. Çagasy gam-gussa çekse, ata-ene tukat bolýar. 5. Atam-enem köp gepledi diýip dargursaklyk etmäň. 6. Ata-enäniň beren jebir-jepasyna gaharyňyz gelmesin. 7. Ata-enäniň derdini çekişmeli, olara hemaýat etmeli. 8. «ata-enemi ynjydaýmaýyn» diýip mydama ätiýäçli bolmaly. 9. Ata-enäniň niýet-pyglyna, ýüregine düwen zadyna garşy gelýän zady etmäň. 10. Ataň näçe garrap, ejiz düşse-de, onuň ölümin dileme, oňa uzak ýaşy dile. Mal-mülk we zat bilen dahylly bolan borçlar aşakdakylardyr: 1. Atanyň örtgüsini (eşigini) özüňkiden gowy etmek. 2. Ata-enäni tagamly naharlar bilen naharlamak. 3. Ata-enäniň her hili arzuwyny ýüzüňi çytman ýerine ýetirmek. 4. Ata-enäniň gündelik durmuşda gerek ähli zatlaryny tapmaga ymtylmak we olary tapyp bermek. 5. Dünýäde bar zadyňy ata-enäniň hajaty üçin sarp etmek. 6. Ata-ene üçin golaçyk (sahy, jomart) bolmak. 7. Ata-enäni razy etmek üçin, olaryň hatyrasyna, ruhuna sadaka bermek. 8. Ata-enäniň gardaşlarydyr dost-ýarlaryny sylap, olary myhmanlamak. 9. Ata-ene syrkawlasa, olaryň saglygyny islemek we bu barada alada etmek. 10. Ata-enäniň hatyrasyna doga edip durmak, sadaka bermek. Döwletmämmet Azady şu kyrk borjy ýerine ýetirenden Alla tagalanyň razy boljakdygyny nygtapdyr (Azady 122-124 sah.). Diýmek, «Kowusnamanyň» sözleri bilen aýtsak, «ata-enesini jan-dil bilen ösdürip ýetişdiren adamlardyr. Sen olaryň göwnüne degseň, hiç haçan ýagşylyk garasyny görmersiň... Perzentleriň saňa nähili rakyp (dost)bolmaklaryny isleseň, senem ata-eneňe şonça rakyp bolgun! Seni dogran nämäni arzuw edýän bolsa, senden önjek şony arzuw eder». «Ata-enäniň göwnüne degmegin, olaryň ýüregine bitmez ýara salmagyn, çünki ýaradan ata bilen enäni ynjydana agyr jeza berýändir» (Kowusnama, 25 sah). Ata-enäniň gargyşynyň Taňrynyň oky bilen deň saýmagy ýöne ýerden däldir, şol gargyşy gazanan perzendiniň giç bir bela ýolugýar. Bu babatda yslamyň ýoluny oňat bilýän molla we talantly improwizator (dessine goşgy goşmagy başarýan) şahyr Annadurdy Eýeberen şeýle diýýär: "Perzent ata gargyşyny almasyn, Taňry gazap kylar, şepagat bolmaz. Bardy-geldi, ata-ene dünýäden ötäýse, olary il içinde kabul edilen däp-dessurlar boýunça atly-abraýly jaýlamak, degişli sadakalaryny bermek perzentleriniň borjudyr. Ýagşy ogullar ata-enesiniň aradan çykan günlerinde gurbunyň çatdygyndan sadaka berip, olary ýatlaýarlar, olaryň ruhyna doga okaýarlar. Ata-enäniň gabyrlaryny abat saklamak, wagtal-wagtal olardan habar almak hem asylly perzende mahsus sypatdyr. Ýaşuly dogan-garyndaşlary sylamak, olaryň sarpasyny belent tutmak, hal-ýagdaýlaryndan habar almak hem ata-babalarymyzyň gowy däbidir, çünki garyndaşyň gadyryny bilmedik adamyň özi hem sarpaly bolup bilmez. Galyberse-de, biri-biri bilen ylalaşykly, agzybir garyndaşyň sany näçe köp bolsa, ol garyndaşlaryň ählisine güýç berýär, uly il olara hormat bilen seredýär. Garyndaşlaryňy unutmazlyk, olaryň haýsynyň saňa näderejede ýakyndygyny bilmek üçin, ýaşululardan öz şejeräňizi, nesil daragtyňyzy ýazyp alyň, öwreniň, ony kiçilere-de öwrediň. «Ýedi arkaňy bilmek – wajyp» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Il içinde «ýerden ýeke çykan» diýen erbet ady almazlyk üçin, galyberse-de, garyndaşlardan araňy üzmeziň ýaly, olaryň kimlerdigini, haýsy tarapdan saňa ýakyndygyny bilmeli, çünki gan-garyndaşyňy sylamaýan adam öz dogan iline we halkyna-da wepa bermez (Halys. Şerh, I bölüm, 124 sah). Galybersede Magtymguly aýtmyşlaýyn: "Ýigidiň ady tutular, Garyndaş, hossar bilen." Türkmen däbine görä, ata-eneň we ganybir aga-inileriňden soňra sarpasyny saklamaly ynsanlar gaýyn ata we gaýyn enedir. Giewiň olaryň öňündäki borçlary barada Döwletmämmet Azady şu zatlary belläpdir: giew öz gaýyn atasyna uly hormat etmeli; onuň ýanynda biedeplik etmeli däl, biderek we paýyş sözleri aýtmaly däl; olary ynjytmazlyga çalyşmaly. Soňra Azady ussatlary, halypalary, özüne ylym öwredýän we terbiýe berýän mugallymlaryny sylamak barada şulary ýazýar: Malyňy, janyňy ussadyňdan aýamaly däl; gerek bolsa malyňy, janyňy onuň hyzmatynda gurban etmeli; şägirt öz halypasynyň ýolunda düşek bolmaly; ussatyň hyzmatyny ata-enäniň hyzmatyndan hem ileri tutmaly; ussadyňa hyzmat etseň, barjak ýeriň hakyň jenneti bolar; ussadyňa dik gözlemeli däl; ussadyň ýanynda edepli oturyp-turmaly; onuň ýanynda otyrkaň, başga birini ýanyňa çagyrmaly däl; ussady teniňdäki janyňdan hem eziz görmeli; ýazy-gyşda onuň hyzmatynda gul ýaly durmaly, çünki ussadyň seniň hojaňdyr (hojaýynyňdyr) , islese satsyn seni, islese hak üçin azat etsin seni. Elgaraz, ussadyň öňündäki borçlaryny jany-teni bilen ödemek her kişiniň öňünde parzdyr (Azady, 125 sah). Ýaşaýan iliňde atly abraýly bolmak we alkyş almak isleseňiz, ýaşululara hormat goýmagy unutmaň. Ýaşulularyň maslahaty bilen edilen iş ýalňyş bolmaýar, olaryň öwüt-nesihaty hem çagalara dogry ýoly salgy berýär. Tanyşlygyna, kesekiligine, milletine, aýal-erkekligine, haýsy dilde gürleýändigine seretmezden, ýaşulular öňüňizden çykanda, olara edep bilen salam bermek gerek. Ýaşulynyň özi elini uzatmasa, görüşmek üçin oňa eliňi uzatmak bolmaýar. Eger ol elini uzadaýsa, onda iki eliň bilen görüşmeli. Öňüňden çykan ýaşula ýol bermekligi unutmaň. Ýolda koridorda öňüňizden ýaşuly (ýaşulular) çyksa, bir tarapa çekilip, olara ýol bermek we salam bermek derwaýysdyr. Şu ýerde bir zady ýatlap geçeýin. Özbegistanda we Türkmenistanda bolanymda, okuwçylaryň ulagly ýa-da pyýada ýaşululara pete-pet gelenlerinde, ýoldan çykyp, edep bilen çep elini döşüne goýup salam berişlerini görüp, olaryň edepliligine guwanypdym. Ýaşulular duşdan geçenden soň, olar ýoluny dowam edýärler. Ulagly barýakaň öňüňden çykan ýaşula, wagtyň bolsa, ulagdan düşüp salam bermek gerek, gyssanýan bolsaňyz, onda ulagy biraz ýuwaşadyp geçmek arkaly siz oňa öz hormatyňyzy aňladarsyňyz. Şu ýerde dagystanly şahyr Rasul Gamzatowyň bir goşgusynda öňe sürülýän pikir ýadyma düşýär: atyňy ýüzin salyp çapdyryp barýanam bolsa, obanyň duşuna gelende, atdan düşüp, ony idip geçmek asylly daglylaryň däbidir. Obadan çykandan soň, atyňy ýene çapyber. Bu, elbetde, obanyň hormaty üçin aýdylan zat. Ýaşulularyň hormaty hem şeýle bolmalydyr. Ýolda bir ýa-da birnäçe ýaşulynyň yzyndan ýetseňiz, dessine olardan öňe düşüp, ozup gidibermäň-de, ilki salamlaşyň. Wagtyňyz bolsa, bile ýa-da yzyndan ýöräň, gyssanýan bolsaňyz, olardan rugsat alyp, ötüp geçiň. Ulagly (maşynly) bolsaňyz, olary mümkin bolan ýerine çenli alyp gidiň, ýöne olaryň deňinde ulagy haýallatman, ýaşululary çaňa-tozana garyp gitmek düýbinden gelşiksizdir. Ýaşula kömekleşmek, agyr ýükin göterişmek, awtobusda, märekede turup orun bermek hem edepli kişiniň etjek işidir. Toýa, märekä gelen ýaşulularyň öňünden çykyp, garşylamagy, edep bilen salam bermegi, elini ýuwmakçy bolsa, kündigi iki eliň bilen tutup eline suw akytmagy, el süpürilýän hem alyp bermegi unutmaly däl. Ýaşulularyň orny tördedir. Çaý-nahar çekilende-de, ilkinji nobat şolaryňkydyr. Nahar çekiljek bolanda: «indi nahar getirsek nähili bolar?» diýip, olardan soramalydyr. Ýaşulularyň rugsadyndan soň, mal soýlup edilýän zyýapatlarda malyň kellebaşyny törde oturan iň hormatly gojanyň öňünde goýmak gerek. Nahardan soň töwir etmek hem ýaşululara ynanylýandyr. Ýaşuly gaýtmakçy bolsa, onuň elini ýuwduryp, öýden belli bir aralyga çenli ugradyp, hoşlaşyp goýbermeli. Oturyşlykda ýaşulularyň gürrüňini diňlemegi, olaryň sözlerini bölmezligi endik edinmek gerek. Olaryň sözi göwnüňe ýaramasa-da, onuň garşysyna girmek, sözüni ýalana çykarmak, iň beteri-de, ýaşuly bilen hetjikleşip, sanaşyp oturmak ýaş kiçi adamyň edepsizligini görkezýär. «Kowusnamada» bu barada şeýle diýilýär: «Gojalara hormat goýgun, olara ýakymsyz söz aýtmagyn, çünki garrylar almytyňy berse, aşagyndan çykmak kyn bolar» (55 sah). Ýaşululara «siz» diýip ýüzlenmeli, olaryň adyny gysgaltmaly däl, doly adyny hormat bilen tutmaly, adynyň yzyna-da «aga, daýy, baba» ýaly hormaty bildirýän sözleri goşup ýüzlenmeli. Umuman, ýaşulularyň döwresinde oturmaklyk ýaşlardan belli bir jogapkärçiligi, edepliligi, salyhatlylygy talap edýär, gojalar bolsa ýaşlaryň märekede özlerini alyp baryşlaryna syn edip, olara dogry baha kesmegi başarýarlar. Şeýle-de bolsa, ýaşulular bilen oturup-turuşmagy, olaryň pähim-paýhasa ýugrulan gürrüňlerini, durmuşy we hojalygy ýöretmek baradaky maslahatlaryny gowy diňlemegi hem-de olary durmuşda peýdalanmagy başarmak gerek. Pähim-paýhasly abraýly gojalar bilen köp tirkeşýän, dilini tapýan, olara hormat edip, maslahatyny diňleýän ýaş ýigitleriň gözýetimi öz deň-duşlarynyňkydan giňdir, düşünjesi hem ýokarydyr. Kitabyň şu babyndaky söhbetimizi şahyr Kerim Gurbannepesowyň sözleri bilen jemläliň: Uly hormatlansyn, kiçi sylansyn, Ulyny sylamak däp bolsun kiçä, Ululara hormat azalýan ýerde, Kämillik diýen zat galarmyş gijä. Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |