15:37 Anuşirwan adylyñ nesihatlary | |
ANUŞIRWAN ADYLYŇ NESIHATLARY
Sözler
(«Kowusnama» kitabyndan alyndy) 1. Gije bilen gündiz çalyşyp durka, pelegiň gerdişine geňirgenmäň. 2. Adamlar näme üçin bir gezek ökünen zatlaryna ýene ökünmelimişler? 3. Patyşa belet adam näme üçin arkaýyn ýatýarka? 4. Durmuşy arzuw edişi ýaly geçmeýän adam näme üçin özüni diri soýýarka? 5. Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün. 6. Peýdasyz zada gulak gabardanyň başy başsaglygy berlen adamyňkydan has beter agyrar. 7. Köp zyýan çeken adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin. 8. Bokurdagynyň guly bolan adama garnynda, alnyp-satylýan guly has azat görgün. 9. Ylmy bolup, akyly bolmadyk adama ylmyndan zyýan ýeter. 10. Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar. 11. Nadana öz nadanlygyndan häzir bolandan her bir zatdan seresap bolan aňsatdyr. 12. Özüňi iliň öwmegini isleseň, senem iliňi öwgün. 13. Adamlara çeken azabyň köýmesin diýseň, adamlaryň sana çeken azabyny hem reýgan etmegin. 14. Dostlaryň az bolmagyny islemeseň, göwnünde kine saklamagyn. 15. Gam-gussa batmajak bolsaň, görüplik etmegin. 16. Göwnüňe degilmesin diýseň, özüňe rowa görmedik zadyňy ile-de rowa görme. 17. Asuda ýaşaýyn diýseň, özüňi işleriň gidişine uýgunlaşdyrgyn. 18. Özüňe telbe diýdirmejek bolsaň, tapylmajak zady gözlemegin. 19. Sylagly-sarpaly ýaşaýyn diýseň, özgeleri ryswa kylmagyn. 20. Aldanasyň gelmese, edilmedik işi etdim diýip hasap etmegin. 21. Syryň başgalara äşgär bolmasyn diýseň, başgalaryň syryn açmagyn. 22. Ýeňsäňden güldürmejek bolsaň, gol astyňdakylara mylaýym bolgun. 23. Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň, nebsiň ýesiri bolmagyn. 24. Aklyň kesgir bolsun diýseň, öz-özüňe iliň gözi bilen garagyn. 25. Mydam bükgüldide bolmajak bolsaň, ile ýamanlyk etmegin, iliň gadryny bilgin. 26. Gadyrly bolaryn diýseň, iliň gadyryny bilgin. 27. Diýeniň edilsin diýseň, öz diýeniňi özüň etgin. 28. Iliňe akylly görünjek bolsaň, akmaga syr bermegin. 29. Adamlardan saýlanaýyn diýseň, duz-çörekli bolgun. 30. Iliň göwnüne degmäni edermenlik saýýan adamy sen näme üçin duşman saýaňok? 31. Duşmanlaryň bilen arasyndan gyl geçmeýän adamy näme üçin dost saýýaň? 32. Kütek adam bilen dostlaşmagyn, kütek adam dostlugada ýaraýan däldir, duşmanlyga-da. 33. Özüni dana saýýan nadandan daşrakda bolgun. 34. Adyl sud gözlemez ýaly, özüň adalatly bolgun. 35. Her näçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir. 36. Duşman syryň bilmesin diýseň, syryňy dostuňa aýtmagyn. 37. Ownuk-uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin. 38. Mertebesini bilmeýän adamlary diri hasap etmegin. 39. Baýlygy ýok döwletli adam boljak bolsaň, gözüň dok bolsun. 40. Biderek diýip satmaz ýaly, biderek zady satyn almagyn. 41. Deň-duşa mätäç bolandan ölen ýagşydyr. 42. Milletli adamyň çöregini iýeniňden, aç gezeniň gowudyr. 43. Her bir derdiňi görene jar edip ýörmegin, ýöne dostuňdan gizlemegin. 44. Özüňçe ýok adama mätäç bolmaklyk uly betbagytlykdyr, näkesden delalat isländen gark bolup ölen ýagşydyr. 45. Bu dünýä üçin jan çekýän pälipes jalaý o dünýä üçin jan çekýän yzgytsyz takwadan ýagşydyr. 46. Baryp ýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur. 47. Bilmeýän zadyňy bilýärin diýip ýer depip durmakdan, soňam ol tassyklanman, ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur. 48. Nagty nesýä çalyşýan adamdan aldawa düşýän adam ýokdur. 49. Işi düşen adamyň möhümini bitirip bilýän halyňa bitirmeýän adamdan näkes ýokdur. 50. Adyllar arasynda adym agzalsyn diýseň, elgaramaýagyňdaky adamlara, mümkin boldugyça, ýagşylyk etgin. 51. Asylly adam saýylaýyn diýseň, nebisjeň bolmagyn, asyl nebisjeňligi oýuna-da getirmegin. 52. Garamaýak halkyň gözünden düşmejek bolsaň, olaryň işlerini öwgün. 53. Özüňe ýüreklerden orun alyp sylanaýyn diýseň we il senden ynjamasyn diýseň, hemişe iliň bähbidini aragyn. 54. Uly iliň öňünde iň gowy we iň öwgüli adam bolaýyn diýseň, öz unamaýan zadyňy beýlekilere maslahat bermegin. 55. Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn. 56. Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrmagyn. 57. Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysgarak saklagyn. Toplan: Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |