15:29 Edepnama: Rehimdarlyk, ýüregi ýukalyk, ynsanperwerlik we tebigata söýgi barada | |
REHIMDARLYK, ÝÜREGI ÝUKALYK, YNSANPERWERLIK WE TEBIGATA SÖÝGI BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
Ýüreginde rehimi bolmadyk adama zalym diýilýär. Zalymlyk bolsa ynsanyň iň ýigrenji sypatydyr. Eýsem zalymlyk näme? Adamlara, haýwanlara, ösümliklere, tebigata bilkastlaýyn zyýan bermek, zulum etmek, adamlaryň tenine, kalbyna öçmez ýara salmak, öz sähelçe bähbidiňi göz öňüne tutup, il bähbitli zatlara zyýan ýetirmek, ýowuzlyk bilen tebigaty zaýalamak ýaly işler zalymlykdyr. Zähmet çekmän, iliň gazananyna göz dikip ýaşanlar, ogrylar, talaňçylar, garyp-gasarlara, hossarsyzlara, ejizlere, tebigy şikesli adamlara, maýyp-müjrüplere ýowuzlyk bilen sütem edýänler hem zalymlaryň hataryna girýär. Gelejekki zyýany görnüp dursa-da, özünden uly hökümdarlaryň buýrugyna köre-körlük bilen tabyn bolup, Aral deňzini guradan, Garabogaza bent basan, Günbatar Türkmenistanyň nebit alynýan giň territoriýasyny asyrlaryň dowamynda öňki kaddyna getirip bolmajak derejede hatardan çykaran, Jeýhunyň ýakasyndaky jeňňellikleri ýok eden, ýeri, suwy, howany zaýalan we netijede Türkmenistany çaga ölümi öňki Soýuzda birinji oruna çykaran ýerli ýolbaşçylar, eýsem, zalym dälmidir? Bular uly çygyrdaky zalymlardyr, olar bu gün bolmasa erte halkyň we öz wyjdanynyň öňünde degişli jezasyny çekseler gerek. Uly zalymlyk kiçi zalymlykdan gelip çykýar. It-pişigi, guşlary zalymlyk bilen gynaýan çaga ulalansoň adamlara hem edil şonuň ýaly zulum edip biler. Şonuň üçin, öňi bilen, ene-atalar, galyberse-de ýaşulular we mugallymlar çagalarda rehimdarlygy, ejize ganym bolmazlygy, ýüregi ýoklugy terbiýelemäge borçludyrlar. Ýaşlara çagalykdan rehimdarlygy öz göreldäň bilen öwretmeli. Kişiniň maly bolsa-da, çolaşan malyň çolaşygyny aýyrmak, günde durany kölegede daňmak, çukura gaçanlary azat etmek, höwürtgesinden gaçan guş jüýjelerini ýerinde goýmak, köpçüligiň peýdalanýan baglaryndaky ýykylan nahallary dikeldip, öser ýaly etmek we şuňa meňzeş işler arkaly rehimdarlyk terbiýelenýär. Şu ýerde men başlangyç klaslarda okaýan döwrümde bolan bir wakany gürrüň bereýin. Amyderýanyň güýçli joşan döwrüdi. Suw gaçylardan agjak bolýardy. Obanyň ähli adamlary gaçylary berkitmek bilen meşguldy. Biziň ýaly ýaş oglanlar gije-gündiziň bütin dowamyny gaçynyň üstünde geçirýän atalaryna günde bir wagt çaý-çörek daşaýardy. Biz jeňňeliň suw basan ýerlerinden aýlanyp geçip, gaçynyň üstüne çykdyk we traktorlaryň sesine tarap ýöräp ugradyk. Ynha, gaçynyň düýbinden derýa bolup akyp ýatan suwyň aňyrsynda, diňe çür depesini suw basmadyk bir tümmegiň üstünde birnäçe towşan titreşip otyr. Biz towlanyp akýan suwdan geçmegiň we ol towşanlary tutmagyň aladasyny edýärdik. Şol wagt biziň ýanymyza obamyzyň ýaşulysy Gaýyr Haknazarow geldi. Nämäniň nämeligine göz ýetirensoň, ol eşiklerini çykardy, biziň çörekli haltalarymyzyň birini boşadyp aldy-da, özüni suwa urdy. Ol tümmegiň ýanyna ýüzüp bardy we gorkusyna özüni suwa oklan towşanlaryň gulagyndan tutup, ýeke-ýeke halta saldy. Ýedi towşan ekeni. Ony biziň ýanymyza getirdi. Biz her kime bir diri towşan bermegini haýyş etdik. Gaýyr aga haltanyň içindäki bir towşany çykardy-da: - Ýok oglanlar, görüň, bu towşan ýene sanlyja günden guzlamaly. Janawerleri guzlaýan döwrinde tutmak we iýmek külli günädir. Günä gazanmazlyk üçin keýigi, towşany dine güýz-de we gyşda awlamaly-diýdi-de, haltany başaşak edip, towşanlaryň ählisini goýberdi. Ýaşulularyň şeýle şahsy göreldesi ýaşlara ähli öwüt-ündewden gowy täsir edýär. Geçmişde ata-babalarymyz uly ýollaryň ugrunda mugt kerwensaraýlar, haýyr-sogap jaýlaryny salypdyrlar. Türkmenistanda Haýrabat («Haýyr-sogap üçin abat edilen ýer») diýen orta asyr binalarynyň birnäçesi bar. Häzirki döwürde-de şeýle niýet bilen ösdürilip ýetişdirilen baglara we gazylan süýji suwly guýulara gabat gelýäris. Ynha Çärjew-Kerki şosse ýolunyň 140-150 kilometrinde, Garagumyň jümmüşinden geçýän şosse ýolunyň ugrunda seleňläp oturan Köseguýy diýen gür baglyga gözüň düşýär. Ony 1905-nji ýylda Pelwert obasynda doglan Köse lakamly Begmyrat aga Weli ogly öz eli bilen gazan guýusynyň suwy bilen suwaryp ýetişdiripdir. Şeýle niýet bilen gazylan guýulara Hojambaz etrabynyň Beşir we Gultak obalarynda hem duş gelýäris. (Taganguýy we Ýahguýy. Olar hem Kerkiçi-Farap ýolunyň şosse ýolunyň ugrunda ýerleşýärler). Geçmişde ilatyň peýdalanmagy üçin gurlan desgalar: köprüler, kerwensaraýlar, serdabalar, gazylan guýular, ötegçiler üçin bejerilen düşleghanalar eýesi üçin sogap getirýän zat hasaplanypdyr, ata-babalarymyzyň «Müň metjitden bir geçjit (köpri), müň geçitden bir içit (guýy)» diýen nakyly hem muňa güwä geçýär. Diýmek il bähbidi üçin edilýän işleriň ählisi rehimdarlygyň nyşany bolup, ony eden adam alkyşa mynasyp bolýar. Şonuň üçin miweli baglar ýetişdirmäge, köpçüligiň ulanýan zatlaryny abat saklamaga, geljekgi nesiller üçin tebigaty, taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga hemmämiz ymtylmalydyrys,ony özümizden kiçilere-de öwretmelidiris. Bu babatda Şerigatda «Haýsy bir mömün-musulman bir agaç ekse ýa-da miweli agaja kök urdursa, olardan guşlar, adamlar hem haýwanlar iýse, bu onuň üçin sadaka hökmünde bolýar» diýlipdir. (Şerigat, 27 sah) Häzirki döwürde il bähbitli binalary köpçülik bolup, pul çykarşyp gurmak ýoň bolup barýar. Şeýle işlerden çetde durman, oňa öz goşandyňy goşmak gerek. Ýoluň ugrunda ötegçilere päsgel berjek zat bolsa (meselem, tikenli şaha, sim, büdüreder ýaly başga zat bolsa), ony ýoldan aýyrmak hökmandyr, köprüniň, paýapylyň bibat ýerlerini bejermek işleri hem alkyşa mynasyp işdir. Rehimdarlygyň ýene bir görnüşi-saňa mätäç bolan garyp-gasarlara, ýetimlere, maýyp-müjriklere maddy we ruhy kömek etmekdir. Tebigi taýdan kemçiligi bolan adamlaryň göwni kem bolýar. Olaryň şol kemçiligi bilen baglanşykly «kel, kör, agsak, çolok» ýaly lakamlaryny agzyňa almak, degşibem bolsa, olaryň üstünden gülmek bolmaýar. Magtymguly hem: Ýoluksa gözüňe günü sagyrlar, Olaryň halyga gülüji bolma- Diýýär. Şonuň üçin şeýle adamlara nirede duş gelseňiz, olaryň sarpasyny belent tutuň, hormat bilen salam beriň, diňe onuň kemçiligi bilen baglanşykly däl zatlar barada gürrüň beriň, göwnüni göteriň. Ýolda-yzda duş gelen maýyplaryň ýüküni göterişiň, awtobusda turup orun beriň. Kör adama gabat gelseňiz, onuň elinden tutup, hatarly ýerlerden geçiriň. Muhammet pygamber: «Kimde-kim gözi ahmal adamyň elinden tutup, kyrk ädim ýola ugrukdyrsa, onuň jennete girjegi anykdyr» diýip wesiýet edipdir (Hadys, 29 sah). Hemme kişä, hatda bir wagt göwnüne degen adam-da diňe ýagşylygy niýetleýän adamlar iň rehimli we kalby päk ynsanlardyr. Diýmek, eliňden gelse, ähli adama ýagşylyk etmeli, eliňden gelmese-de, ýagşylyk üçin ymtylmaly, özüňe rowa görmedik zadyňy ile-de rowa görmeli däl. Ýöne göz üçin (ýagny köpçülige bildirip) edilýän ýagşylygyň, şeýle-de minnetli ýagşylygyň hümmeti pesdir. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen nakylda hatda ýamanlyk edenlere-de ýagşylyk etmek ündelýär. Ýagşylyk ýerde ýatmaýar, ony ile jar edip ýörmeli däl, öňi-soňy ol şonsuzam bilinýär we bir gün hökman ýagşylyk bolup öňüňden çykar. «Ýagşylyk et-de, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, halyk (Alla) biler» diýilmesi ýöne ýerden däl. Bu babatda «Gurhanda», şerigatda we Muhammet Pygamberiň adyna aýdylan hadyslarda-da mysallara näçe diýseň duş gelinýär. Muňa öz durmuşuňyzdan hem mysal tapyp bilersiňiz. Garrygaladaky Ýokary Sumbar jülgeleriniň bir obasynda ýaşaýan ýaşulynyň beren gürrüňi ýadyma düşýär (arman, men onuň adyny ýazyp almandyryn) . gürrüňiň gysga mazmuny şeýle. Öýde hiç kimiň ýok güni men yssy günortan biraz irkilipdirin. Bir haýwanyň yňranýan sesine oýandym. Ýerimden galyp seretsem, ýarysy açyk gapynyň daş ýüzünde ullakan tüýlek haýwan bosagany ýassanyp, ýüzüňi gapdala tutup ýatyr. Sag öň aýagyny içirik atypdyr. Zähräm ýarylara geldi. Duran ýerimde doňup galdym. Özümi dürsäp, siňe seretsem, bars. Käwagt ýuwaşja yňranýar. Içeri atan aýagyna seretdim. Uly penjäniň aýasyndan çümen syh onuň arkasyndan çykypdyr. Kem-kemden barsyň delalat isläp gelendigine düşündim. Assa-ýuwaş oňa ýakynlaşyp başladym. Ol ýüzüni kese sowdy-da, yňranmasynam goýdy. Aýagyny ellänimde-de sesini çykarmady. Men aýa tarapyndan syhy çekip aldym. Şonda bir iňňildedi, ýöne aýagyny çekmedi. Gan we iriň köp akdy. Men ýaraly aýagyny ýuwdum we iki tarapyna-da ýod çaldym. Ýene bir yňrandy. Soň men ýaraly aýagy howul-hara hasa bilen daňdym-da, bosaganyň daşyna çykardym. Bars sesini çykarman, maňa tarap seretdi, soňra ýuwaşlyk bilen ýerinden galdy-da dagyň etegindäki tokaýa tarap ugrady. Men seredip durun. Tokaýa ýetensoň, ýene bir seretdi-de, agaçlaryň arasyna siňip gitdi. Men bu wakany obadaşlara gürrüň berdim, hiç kim ynanmady. Köp wagtdan soň bir ýoldaşym bilen daga oduna gitdik. Oduny ýükläp, oba ugranymyzda, eşekler hokranyşyp, öňe ýöränoklar. Ýoldaşym elli metr çemesinden bir arçanyň aşagynda barsyň ýatandygyny görkezdi. Ähtimal, şol maňa tanyş bars. Men elimdäki taýagymy taşlap, dört-bäş metr eşekden uzaklaşdym-da ellerimi salgap, «Tur, aňry git» diýip gygyrdym. Edil dile düşünýän ýaly, bars aňyrsyndaky agaçlyga siňip gitdi. Soňam men ol barsa iki-üç gezek duş geldim. Bir gezeg-ä ol ilerki dagda duş gelip. Hut şu deňdäki tokaýyň etegine çenli yzymdan garama-gara geldi. Rowaýata çalymdaş bu gürrüňiň hakykatdygyna ýa däldigine güwä geçmek kyn. Ýöne ol gürrüň ýagşylygy haýwanlaryňam unutmaýandygyna kepil geçýär. Eger haýwan ýagşylygy bilýän bolsa, onda adam oglunyň ony biljegi öz-özünden düşniklidir. Muhammet pygamber (s.a.w): «Ýagşylyk könelip, tozup gitmez» diýipdir (Hadys, Şerh. 1 bölüm, 115 sah). Şonuň üçin niýetiňi ýagşylyga tutmaly, ýat we ýakynlara diňe ýagşylyk etmeli, şonda özüňem diňe ýagşylyk görersiň. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi ör-boýuna galdy. Deňagramlylygyň bozulandygy üçin, tebigat hiç zady bagyşlamaýar: ol dessine ar alýar. Indi döwletimiz özbaşdak boldy, tebigy baýlyklar hem öz halkymyzyň garamagyna geçdi. Şuny nazara alyp, bir asyrdan gowrak wagtyň içinde ýitiren zatlarymyzy täzeden dikeldip, tebigatyň baýlyklaryny, ösümlikler we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, bu barada akylly-başly hereket etmek uludan-kiçä hemmämiziň borjumyzdyr. Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |