09:15 Edepnama: Geplemek, sözlemek, dilewarlyk barada | |
GEPLEMEK, SÖZLEMEK, DILEWARLYK BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
Köpçüligi agzyna garadyp bilýän guýmagursak dilewarlyk, suhanwerlik her kese ýetdirmeýär, ýöne weli süýji dilli bolmak, her bir adam bilen mylakatly gepleşmek ählimiziň borjumyzdyr, çünki ýagşy söz ýylany hinden çykaryp bilýän bolsa, jaýsyz aýdylan ýaman söz gylyjy gyndan çykaryp bilýändir. Magtymguly bu babatda: Ýaman dil ýol ýitirer, Ýagşy – rähmet getirer – diýýär. Gowy gepläp bilmek, pikiriňi düşnükli sözler bilen ile ýetirmegi başarmak – bu sungatdyr. Oňa ýaşlykdan endik etmek gerek. ilki bilen, howlukman, alňasaman salyhatly aýyl-saýyl gürlemeli, sözleri, sözlemleriň yzyny «ýuwutmaly» däl (eşidilmez ýaly içiňden aýtmaly däl), geplände, sakynmajak bolmaly, eliňi hereketlendirmeli däl. Galyberse-de, käbir ýaşuly adamlarda bolşy ýaly, aýdýan sözleriňiziň arasyna «däninim, hawa» ýaly artykmaç sözleri goşup ulanmakdan gaça durmaly. Häzirki döwürlerde türkmen sözleriniň arasyna orus sözlerini goşup, sözleri duruşde edip ulanýan adamlara köp duş gelinýär. Ene diliniň arassalygy ugrunda göreşýän her bir adam öz sözlerini duruşdesiz ulanmaga çalyşmalydyr. Sözleýşiňiz babatda ata-eneňiziň we mugallymlaryňyzyň berýän nesihatlaryny doly ýerine ýetirmeli (çagalaryň sözleýşindäki kemçilikleri düzetmegiň ýoluny salgy bermek ata-eneleriň, mugallymlaryň we ýaşulularyň borjudyr). Geplände agyz boş bolmaly, çünki agzyňdaky iýmit diliň agyz boşlugynda erkin hereket etmegine päsgel berýär, şonuň üçinem sözlenýän soz aýyl-saýyl däl-de, diňleýänler üçin düşnüksiz bolýar. Galyberse-de, agzy iýmitli adamyň çeýneýän zadynyň bölejiklerini we tüýküligini oturanlaryň üstüne syçratmagy mümkindir. Bu bolsa medeniýetsizligiň nyşanydyr. Şeýle adamlar babatda ýaşulular «agzyňda aş gatyklama» diýýändirler. Eger agzyňyz zatly wagty biri size sorog beräýse, ilki lukmaňyzy ýuwudyp, soň jogap beriň. «Dile gelen sözler göwün nagşydyr» diýlişi ýaly, adam märekede sözleýän sözleri, gürrüň berşi arkaly özüniň kimdigini köpçülige äşgär edýär. Şonuň üçin özüňize erbet diýdirmejek bolsaňyz, märekede sözleýän sözüňize ätiýaçly çemeleşmeli. Bu babatda «Kowusnamanyň» awtory ogluna şeýle nesihat edýär: «Märekäniň öňünde sözleýän sözüňi halkyň göwnünden turar ýaly, mümkin boldugyça, gowy sözlegin, sözlände zehiniňiň derejesi görner ýaly sözlegin, çünki beýik hem dana adamlary gep uruşlaryna görä tanalýar. Her adam öz sözüniň aldynda durandyr» (42 sah) Gyzykly bir zady gürrüň berýänem bolsaňyz, ilden öňürti özüňiz gülmäň. Bu babatda Stawropol türkmenlerinde «Özi gepläp, il güldiren heýran (ajaýyp) ýigit, özi gepläp, özi gülen weýran ýigit» diýen nakyl bar. Umuman märekede köp gülmeklik ýeňlesligiň, samsyklygyň nyşanydyr. Muhammet pygamber: «Köp gülme. Köp gülmek kalbyňy öldürýär» diýip nesihat etse (Hadys. 3 sah), şerigatda bisebäp köp gülmeklik, onda-da «biriniň üstünden söz tapyp, kiniýa bilen gülmek» mekruw (günä) iş hasap edilýär (Şerigat, 38 sah). «Kowusnamanyň» awtory märekede sözleýän sözleri dört topara bölýär. Olaryň birinjisi – bilinmegi we aýdylmagy gerek däl söz; ikinjisi – bilinmegi we aýdylmagy gerek söz; üçinji gürrüň berilse bolýan, emma bilmeklik hökman däl söz; dördünjisi bolsa bilmeli, emma gürrüň bermeli däl sözdür (42 sah). Köpçülikde gürrüň edeniňizde şulardan hökman ugur alyň: nämäni gürrüň bermek bolýandygy we bolmaýandygy barada öňden pikir ediň. Ilkinji nobatda, süýji dilli, şirin zyban boluň. Siziň aýdýan zatlaryňyz kimdir biriniň şahsyýetini kemsitmesin, onuň göwnüne degmesin. Ikinjiden, lap edibem ýalan sözlemän, çünki ýalanyň üsti tiz açylýar. Soňra siziň çyn sözüňizde-de adamlar pitiwa etmezler. Bu babatda «Kowusnamada» şeýle sözler bar: «Oglum, sen dogry sözlegin, kezzap bolmagyn, zeruryýetçilik çykyp, ýalan sözlemi bolanyňda-da, gepiňe ynanylar ýaly, dogruçyllyk babatda meşhurlyk gazangyn. Aýdýan zatlaryňyň bary çyn bolsa» (40 sah). Üçinjiden, köpçülikde özüňizi we ýakynlaryňyzy öwmäň, «özüni öweniň tanapynyň çüýrükdigini» il derrew aňar. Onsoňam öz sözüňi «men» diýip başlamaň, bu babatda Magtymgulynyň: «Akyl ýigit söz başlamaz «men» bile» diýen öwüdini berjaý ediň, çünki «men» bilen başlanýan söz siziň men-menligiňizi, öwünjeňligiňizi görkezer. Dördünjiden, öz sözüniň märekede diňlenýän-diňlenmänine üns beriň. Eger sözüňizi kesiberseler ýa-da märekäniň içindäkileriň belli bir bölegiň sizi diňlemän, özara gürrüň etseler, sözüňizi bes ediň. Lakgy adyny almazlyk üçin, köp sözläp, märekäniň ýüregine düşmäň. Bäşinjiden, söhbetdeşleriňiziň gürrüňini diňlemegi başaryň, olaryň sözlerini bölmäň. Bu babatda il içinde şeýle aýtgy bar: bir danadan sorapdyrlar: «Näme üçin adamyň gözi iki, gulagy iki, emma dili bir?» Dana şeýle jogap beripdir: «Sebäbi adam dili bilen aýdýan sözünden iki esse köp eşitsin, görsün diýip, Alla oňa bir dil, emma iki gulak we göz beripdir». Şu aýtgydan çykýan netijä görä, adam sözleýän sözünden iki esse köp diňlemeli we görmeli. Söhbetdeşiň sözüni ünsli diňlemek babatda XI asyrda goja Hazaryň kenarynda ýaşap geçen alym Keý-Kowus öz ogluna şeýle nesihat berýär: «Aýdylan her bir sözi dykgat bilen diňlegin, ýöne onuň ugruna gitmäge howlukmagyn mazaly pikir etgin. Aýdan sözüň üçin puşman etmeli bolmagyň, çünki ätiýaçlyk paýhaslylyň alamatydyr. Peýdaňa bolsa-bolmasa, her bir sözi diňlemekden irinmegin, şeýtseň, öňüňde söz gapysy bagly durmaz hem sözüň nepinden mehrum bolmarsyň... Sözlenen sözüň aýybyna we mynasybetine göz ýetirýänçäň, hiç haçan onuň arasyny bölmegin we ony taryplap arşa çykarmagyn» («Kowusnama» 44-45 sah). Altynjydan, märekede (umuman, hiç ýerde) gybat etmäň. Gybatkeşler il içinde gowy görülýän däldir. Ylaýta-da, iliň hormatlaýan we sylaýan adamlary barada gürrüň edeniňizde ägä boluň: olar barada aýdýan erbet sözleriňiz, gybatlaryňyz gürrüňini edýän adamlaryňyzyň abraýyna zeper ýetirmez, tersine, siz özüňiziň näkesdigiňizi, gybatkeşligiňizi, adamçylygyňyzyň hem pesdigini ile äşgär edersiňiz. Bu babatda beýik Magtymgulynyň öwüt-nesihatyna gulak asyň: Aklyň bolsa, abyraýly kişiniň, Ýamanyn örtübän, ýaýyň ýagşysyn. Adamlaryň arasy bozuljak ýerinde dogry sözi aýtmakdanam saklanyň, ara bozar bolmaň. Ýedinjiden, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşiň, ýöne çagalar bilen gürleşeniňizde-de olaryň sarpasyny belent tutuň, mylaýym boluň. Haýsydyr bir temadan köpçüligiň öňünde çykyş etmeli ýa söz sözlemeli bolsaňyz, märekäniň ýaş tapawudyna we kärine göz aýlap, öz gürrüňiňizi şoňa laýyk görüň. Sekizinjiden, ikiçäk ýa-da köpçülikleýin söhbetdeşlikde göwünli-göwünsiz gürleşmäň, içgin, dykgatly boluň, gürrüň berýäniň özüne we sözüne hormat ediň, çünki, keý-kowusyň berýän bahasyna görä, «göwünli-göwünsiz gürleşmek tohumyndan duşmanlyk gögerýän bir zatdyr» («Kowusnama», 44 sah). Galyberse-de, söhbetdeşiň gürrüňine üns bermezlik ony äsgermezligi aňladýar. Eger özüňizde dilewarlyk ukybynyň bardygyna gözüňiz ýetse, sözüňiz köpçülikde diňlenýän we ruhy lezzet getirýän bolsa, onda gepiň gerdişine görä gyzykly gürrüň etmegi, köpüň göwnüni awlamagy özüňize ýük bilmäň. Ol il içinde siziň abyraýyňyzy ýokary galdyrar. Ýöne näçe suhanber hem bolsaň, ony mazamlap ýöremeli däl, dilewarlygyňy kimdir birini kemsitmek üçin ulanmaly däl, aýdýan zatlaryň ili aýdyberse, sözüni kesmäni başarmaly. Kitapçamyzyň şu babynda tanyş we nätanyş adamlaryň biri-birine ýüzlenmekdäki tertip-düzgünleri we edepleri babatda käbir zatlary ýatlatmak artykmaçlyk etmese gerek. Tanyş adamlaryňyz ýaşuly adamlar bolsa, olaryň adynyň yzyndan «aga, baba, daýy, daýza, ene, eje» ýaly sözleri goşuň, kiçilere «inim, jigim, uýam, keýgim, aý gyz, ogul» ýaly sözler bilen ýüzlenmek hem bolýar. Tanalmaýan adamlara ýüzlenmek ýüzlenýän adamlardan akyl-paýhasy talap edýär. Özüň bilen deň-duşlara «aga» diýseň köp türkmen taýpalarynyň wekilleri gaty görýär. Ýaş gelinlere «daýza» diýseňiz, olaryň ýüzüňizi alaýmagy mümkindir. Nätanyşlar deň-duş ýa-da özüňden kiçi bolaýanda-da, olara «Eý, ala köýnek», «Ahow, şlýapa» ýaly gödek sözler bilen ýüzlenmek gelşiksizdir. Şu ýerde ýaşuly we ýaşykiçi nesle ýüzlenende, türkmen şiwelerinde duş gelýän aýratynlyklary bilip goýmak gerek. Ýaşuly erkek adamlaryň adynyň yzyna Türkmenistanyň aglaba obalarynda «aga» sözi goşulýar. Saryklar, esgiler şol manyda «akga», Çärjew şäheriniň töwerekleri we nohurlar «eke», garyndaş ýaşulular babatda tekeler «kaka», çowdurlar «äke», ýomutlar hem «kaka» we «däde» sözlerini ulanýarlar. Kiçi oglanlar üçin teke şiwesinde «jigi» (bu söz gyzlara-da degişli), «ini» ärsarylaryň ýabany urugynda bolsa «uýa» (gyzlara-da degişli), Çärjew şäheriniň töwereklerinde «uke» (oglan-gyzlaryň ikisine-de degişli) sözleri ulanylýar. Uly aýal doganlara we gartaşan aýallara köne edebiýatda «siňli», Balkan etraplarynda «bajy», ärsary şiwesinde «eke», esgi, gökleň şiwelerinde we öwlat taýpalarda «bibi», olam şiwesinde «dada» (da:da) sözleri ýörgünlidir. Diýmek, tanyş we nätanyş adamlara ýüzlenende, olary ynjytmajak mähirli sözler tapyp ýüz tutmaly. Şu bölümde gürrüňiň geplemek, sözlemek barada diýilýändigi üçin, şu ýerde türkmen diliniň şiwe aýratynlyklary şeýle-de çet dilleri bilmegiň ähmiýeti hakynda hem kelamagyz aýtmagymyz gerek. Türkmen dili – köp şiweli däl. Şiwe wekilleri biri-birilerine gowy düşünişýän bolsalar-da, olaryň gepleşigin-de, ulanýan sözlerinde azda kände aýratynlyklara duş gelinýär. Meselem, Hazaryň kenarynda we Amyderýa boýlarynda ýaşaýan ilatyň gepleşiginde balykçylyk hem-de derýa-deňiz bilen baglanyşykly leksika has ösen bolsa, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň ilaty ekerançylyk, Garagumdaky ilat bolsa maldarçylyk leksikasyna baýdyr. Eýsem şu aýratynlyklara nähili seretmeli? Ilki bilen, türkmen taýpalaryndaky haly gölleriniň köp dürliligi milli amaly-haşam sungatymyzyň uly baýlygy, onuň baýlaşyş gözbaşy hasaplanýan bolsa, şiwelerimizdäki aýratynlyklar hem milli dilimiziň genji-hazynasy, ony baýlaşdyryjy esasy çeşme sanylmalydyr, çünki biz edebi dilde bolmadyk sözleri we dil serişdelerini şiwelerden susup alýarys. Şu aýdylanlary nazara alyp, türkmen şiwelerine we olary ulanýanlara uly hormat bilen seretmelidiris, şiwe sözlerini ulanýanlaryň diliniň üstünden gülmek, gepleýşine at dakmak we kemsitmek baryp ýatan medeniýetsizlikdir, öz köküňe palta urmaklykdyr. Türkmen taýpalarynyň bir kökden döränligine gözi ýetmeýän nadanlar şiwe aýratynlyklaryna öýkünip, onda gepleýänlere gelşiksiz at dakyp, tire-taýpa agzalalygyny döredýärler. Şeýle näkeslere berk temmi berilmelidir we halkymyzyň bitewiligine zarba urýan bu ýaramaz ýagdaýyň çalt öňüni almak hökümetimiziň, ýuridik organlary we ähli adamlaryň mukaddes borjudyr. Diýmek ilatyň şiwe aýratynlyklaryna we ony ulanýanlara uly hormat bilen seretmelidiris, emma geplänimizde, türkmen edebi dilinde sowatly geplemegi başarmalydyrys. Bilimli, sowatly bolmagyň özeni, onuň hamyrmaýasy öz ene diliňi gowy öwrenmekdir, oňa gürgen bolmakdyr. Ene dilini çala bilýän, ony äsgermeýän adamyň (okuwçynyň, talybyň), köplenç beýleki predmetlerden hem gowy başy çykmaýar. Şonuň üçin ilki bilen öz ene diliňizi gowy öwreniň, onuň kada-kanunlaryny göwnejaý özleşdiriň. Şu aýdylany berjaý etseňiz, siz sowatly ýazmagy, sözlem agzalaryny ýerli-ýerinde getirmegi başararsyňyz. Sowet häkimýetiniň ýyllary içinde türkmen diliniň hak-hukugy görnetin kemsidildi, soňky 40-50 ýylyň içinde ýokary we orta okuw jaýlarynda ähli predmetler diňe ors dilinde okadyldy, türkmen dilinden giriş ekzamenlerini tabşyrmak ýatyryldy, edaralarda we guramalarda ähli iş kagyzlary we ýygnaklar diňe orus dilinde alnyp baryldy. Netijede, türkmen dili gerekmejek dile öwrüldi duruberdi. Okuwa girjek ýaşlar urç edip diňe orus dilini öwrendiler, şäherlerdäki köp türkmen maşgalalarynda orus dili maşgalanyň aragatnaşyk diline öwrüldi. Şonuň üçin şäherlerimiziň köçelerinde orus dilinde gepleşip barýan milli eşikli türkmen gyzlaryna köp duş gelýändigimizi geň-taň görüp oturasy iş ýok. Şäherlerdäki türkmen intelligensiýasynyň belli bir bölegi türkmençe geplemegä beýlede dursun, eýsem bu dile düşünmeýärem. Ene dilinde gepleşmegi özüne kiçilik bilýän türkmenler ýok däl. Halkyň dilini bilmezden bolsa onuň psihologiýasyna, edim-gylymyna, däp-dessurlaryna we taryhy geçmişine doly düşünmek asla mümkin däl, çünki ökde terjimeçilerem terjime edilýän diliň inçeliklerini, onuň dürli many öwüşgünlerini asyl nusgadaky ýaly edip berip bilmeýärler, asla dildäki idiomalaryň, frazeologizmleriň, nakyllaryň, ýomakdyr, şorta sözleriň belli bir mukdaryny terjime etmek mümkin däl. Olar terjime edilende, käbiriniň manysy dübünden üýtgeýär («at ýaly aýal», «goýun ýaly adam», diýen durnukly söz düzümleriniň manysyny olaryň «женщина как лошадь», «человек как баран» ýaly orusça terjimeleriniň aňladýan manysy bilen deňeşdirip görüň). Diýmek, milli dil halky halk edýän esasy sypatlaryň biridir, ony suwara bilmek bolsa ähli türkmeniň we Türkmenistanda ýaşaýan beýleki millet wekilleriniň jana-jan borjudyr. Beýleki milletiň wekilleri bilen hem türkmençe gepleşmäge ýykgyn etmeli, şeýdilede, olar türkmen dilini çat öwrenerler. Ýöne beýleki millet wekilleriniň türkmençe gepländäki ýalňyşlarynyň üstünden gülmäň, her bir ýalňyşyny düzetjek bolup azara galmaň. Türkmenistan özbaşdak, garaşsyz döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna kabul edildi we ony ýüzden köp ýurt ykrar etdi. Häzir Aşgabatda yzly-yzyna çet ýurtlaryň ilçihanalary açylýar, goňşy we alys ýurtlar bilen ysnyşykly aragatnaşyk barha ýygjamlaşýar. Bu ýagdaý çet dilleri gowy bilýän kadyrlaryň ýetmezçiligini döretdi. Şonuň üçin her bir adam çet dilleriniň birnäçesini hiç bolmanda birkisini öwrenmäge ymtylmalydyr, çünki haýsy bir halkyň ene dilinde gürläp bilýän adam şol halkyň wekili bilen, dil bilmeýäne seredende, çalt düşünişýär, ysnyşýar, dostlaşýar. Türkmen dilinde gepleýän beýleki halklaryň wekillerini biz hem bu dile düşünmeýänlere seredende, özümize has ýakyn saýýarys. «Dilini bilen halkyň özüňki» diýen pähimi döreden estonlar gaty mamla. «Leýli-Mejnun» dessanynda, meýdan haýwanlarynyň diline düşünmeýändigi üçin, Mejnunyň olar bilen dostlaşyp, şol haýwanlaryň arasynda ýaşaýşy barada döredilen sýujet ýöne bir hyýaly zat bolman, eýsem köp dili bilmäge çagyryşdyr. Bu babatda Magtymguly şahyryň: «Munus (ýagny dost, mähriban, ysnyşykly) bolar dilin bilseň, wagşynyň» diýip ýazmasy ýöne ýerden däldir. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da onuň düşünjesi artýar, pikiri baýlaşýar. Şeýle adamlar öz pikirlerini logiki taýdan yzygider beýän etmegi hem gowy başarýarlar. Şonuň üçin çet dilleri öwreniň. Geplemegiň, söhbetdeşligiň we gürrüňdeşiň diňlemegiň medeniýeti babatda klassyk şahyrlarymyzyň döredijiliginde bahasyna ýetip bolmajak öwütler hem köp duş gelýär. Aşakda beýik Magtymgulynyň goşgularyndan şeýle nesihatlary okyjylaryň dykgatyna hödürleýäris. Geplemek, sözlemek barada Magtymgulynyň aýdanlary: Magtymguly sözle her ne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň. Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar. («Zor bolar»). Sözlese, dürler saçylar, Dilleri bilbile meňzär. («Güle meňzär»). Ýagşy sözler jaý eýleýir til içre. («Gulguzar oýnaşar»). Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir tillerim, Arş içre mekan tutan ajap destanym bar meniň. («Bar meniň»). Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan. («Gymmat ýagşydyr»). Til senuber – şekeristan, Älem-jahan gül-gülistan. («Bu gün»). Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň, Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň. («Baş bolmaň»). Onuň gara, ardyň gözle, Hoş sözüň diý, gaharyň gelse. Sözläbilseň, ýagşy sözle, Halk ýamaniň bizarydyr. («Reftarydyr»). Gepin tapyp, ýagşy sözlän, Misli dur saçan ýalydyr. («Içen ýalydyr»). Ýagşy söz jan ýarar, Ýagşy bilen ýoldaş bolan. («Ýoldaş bolan»). Adam bolsaň, gulak goýgun öwüde. Adamlar ýanynda söhbet ýagşdyr. («Söhbet ýagşdyr»). Eý, ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň, Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez. Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň, Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň, Ýaý çekeňde, dogry garap atmasaň, Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez. Magtymguly, sözüň bilene sözdür, Bilmegen adama gury owazdyr. («Janyna degmez»). Bu hünärler geler-gelmez eliňden, Tilden gelen bu jüretli söz nedir, Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen, Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir. («Depe nedir, düz nedir»). Jahan içre musulmana, Hoş sözler ýagşy sanawer. («Eýmenewer»). Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym, Sen mylaýym bolsaň, gülüň bolaýym, Gulagyma bergen pendiň alaýym, Kişige gaty söz aýdyjy bolma. Bir ýüzi barukdyr, bir ýüzi çirik, Çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma. Mert ogludyr ile ýazar desterhan, Dogry söz üstünde berer şirin jan, Ömrüni ötgürip, diýmesdir ýalan, Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma. Eger çendi bolsaň sahyby mansap, Sözüň diňle, köňül bozgynça teňläp. Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bol hiff.., ...Geler-gelmez özi aýdyjy bolma. («Gidiji bolma»). Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl. («Gul bolgul»). Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle, Uzatmagyl her näkese tiliňi. Doga eýläp, haýyr sözläp ýaşagyn... Sözüňe ber jowap, her kes sorasa... («Iliňi»). Kazylar betpäldir, uzyndyr tili, Bir lakgy çaşyrar ol küren ili. («Amana geler»). Sözlegil bileniň tilden... («Mert bolmaz»). Hiç ýersiz gürrüňler, manysyz sözler Hylwatdan daş çykar, günü lal gözlär. («Il gözlär»). Ajaýypdyr dursa ol hak beren göz, Diýer bolsaň, daýym sözlegin sen düz. Uzak il içinde gezmez ýalan söz, Ýaman niýet bilen uzaga gitmez. («Gulagyn tutmaz»). Sözlegende, söz manysyn bilmeýen, Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden- Ondan ki bir şuwlap öten el ýagşy. («Mal ýagşy»). Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dur bolsun daýyma sözlegen sözüň, Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen. («Bolar sen»). Asla adamzada ajy söz urmaň, Pakyra, misgine delalat ýagşy. Bir gamly görende, şirin söz bergil, Entäni goldara hemaýat ýagşy. («Delalat ýagşy»). Hoş sözlegil bir mysapyr duş gelse. («Al eder»). Tilge gelen sözler köňül nagşydyr. («Golda bary bolmasa»). Sarp kyl päk teliňni ki, hulky hoş benzede bol. («Gurulmasdan burun»). Gulak bardyr eşitgenin bilmäge, Kim düzeder tilde söz hem bolmasa. Söz bilenler bilen sözüň gizlemez. («Duz hem bolmasa»). Sözleseň, her ýana öwser bu tiller. («Bili bolmasa»). Sözlegen sözleri misli bal kibi. («Durasyň geler»). Alymlar sözün diňle, nesihatyn al, göter. («Köňlüm»). Aryf akyl sözün sözlär. Akyl söze güler nadan, Söz manysyn bilmeginçe. («Söz manysyn bilmeginçe»). Sözlemän oturmak, bilseň, akyldyr. («Syn bilen»). Akylly az gürlär, gorkar tilinden. («Märekä barmaz»). Magny söz aňlamaz biakyl adam, Danalaryň aýdan sözüne degmez. Bimagnynyň sözi janyndan öter. Gybat edip, özi günäge batar. («Sazyna degmez»). Akyl bolsaň, söz aýtmagyn, Nobat berilmegen ýerde. Magtymguly, diliň sakla, Habar soralmagan ýerde. («Görüm görülmegen ýerde»). Bir sözüň ornunda söýleý bilmeýen, Adam diýen beýle ynsan bolarmy. («Ynsan bolarmy»). Bir eblähiň näkes sözi, Barabardyr nar biläni. («Ýör biläni»). Akylsyz, ýaňra ýigidiň Ilde gadry az bolar. Ýagşy dost bir (ýaman) söz diýse, Janyň içre duz bolar. («Ýüz bolar»). Biakyl, gezegen, nadan zenanlar, Işden juda düşer, ilde gep bolsa. («Köp bolsa»). Samsam adam bilen oturma, turma, Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma. («Paş eder seni»). Ümsüm otur, halk içinde sözleme, Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy. («Ýat ýagşy»). Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp, Müşgil budur-sözleşende deň bolar. («Gara reň bolar»). Bir nadana aýdan sözüň Ösüp giden badça bolmaz. («Atça bolmaz»). Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil, Ne bar manysyz söz uzamak bilen. («Gezmek bilen»). Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa, Tiken bolup, dürtüp geçer donuňdan. Bir ýaman söz jana ýylan dişidir, Soksa, zähri asan çykmaz iniňden. («Sözi geçer janyňdan»). Märekede bir jaýsyz söz, Çermenip syçan ýalydyr. («Içen ýalydyr»). Söz manysyn aňmaz adam Bir guýruksyz ite meňzär. («Ata meňzär»). Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň, Bendesi men söze hyrydar guluň. Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň, Şereňňiz köp tilli kethudalardan. («Biwepalardan»). Bir ýaman söz ýürek bular, Ýagşyny älem arzuwlar. («Ýoldaş bolan»). Magtymguly, hergiz tapmady aman, Til ýarasy tygdan, teberden ýaman. Ýaman til ýanynda zähri çoh ýylan Çaksa-da bir çybyn çakança bolmaz. («Ýakança bolmaz»). Aklyň bolsa, märekede az sözle, Köp söz seni il içinde har eýlär. («Ýar eýlär»). Kimse sözi adam janyna batmaz, Kimseleriň sözün kesabat kyldyň. («Mert kyldyň»). Ol ýigitler adam tilli haýwandyr, Söz adamsa hem ykrary bolmasa. («Golda bary bolmasa»). Ýigit bar, gepletseň, çölüň haýwany, Ýigit bar, gepletseň, jaňyň söýeni. («Al eder»). Bilseň, hoş guftar açawer, Bilmeseň, äm-säm geçewer. Söz ýarasyndan gaçawer, Tyg ýarasy biter gider. («Öter gider»). Til bilmez bela duş etme, Sada til bolsun-turkana. («Her ýana»). Köp sözleýip, çykmaz derde düşüp men. («Merdan haýsy, bilmedim»). Diller ýagşy-ýaman saçar, Her kişiden döwran geçer. Namart ýigit aýbyn açar, Syzdyryp dişden dogrusy. («Başdan dogrusy»). Her kim ýamanlasa deňi-duşyny, Özi muşgil eder asan işini. («Zor bolar»). Hezil eýlemez söz aslyna ýetmeýen. Zatynda söz pähimin bilmez adamga, Müň magny söýleseň, gadryn näbilsin. («Gadryn näbilsin»). Ruzygär geçse halaldan, Aryflar söhbeti gerek, («Aty gerek»). Her kim tapylmasa aýdan sözünde, Diňe müňkür bolan ýezit ýagşydyr, Hudany unudyp, ýalan sözländen, Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr. («Gymmat ýagşydyr»). Geler-gelmez sözi aýdyjy bolma. («Ýykmaýan ärden»). Kethudalyk ýyrak gider, Ýaman söz çekmeýen ýerden. Öz-özünden akly ýetmez, Akyllaryň sözün tutmaz. Magtymguly, ýangyl, öçgül, Ýa lal otur, ýa dur saçgyl. Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, Nesihat ýokmaýan ýerden. («Ýykmaýan ýerden»). Ýaman söz aýradyr ýagşy dostuňdan, Günähiň agramy basar üstünden. Tiliňni çekmeseň haram sözüňden, Belli bibat bolar diniň, gybatkeş. («Gybatkeş»). Garnyňy doldurma haram nygmatdan, Tiliňi saklagyl dürli gybatdan. («Daşy syndyrar»). Bildigiňçe, mydam ýagşy sözlegin, Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup. («Jem bolup»). Aş-suw bilen gerçe tapar ten maza. Şirin sözdür jan gulagna geň maza. Jan öýünden hoş nesihat aňzama, Gara daşa degen suw dek ötmez hiç. («Köňül ýatmaz hiç»). Magtymguly, dogry söze ten bergil. («Kär bile»). Ýamana öwüt hebesdir, Ýagşy äre bir söz besdir. Magtymguly, ýoldan çykmaz, Ýamana ýagşy söz ýakmaz, Müň söz aýtsaň, biri ýokmaz Taňrysy guýman ýigide. («Köýmän ýigide»). Ýaman dil ýol ýitirer, Ýagşy-rähmet getirer. («Diş gitmek»). Ýagşylaryň sözün jana noş eýle. («Çyka bilmez sen»). Magtymguly, sözlerim Saza goşsaň uz bolar. («Ýüz bolar»). Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |