17:46 Biziñ günlerimiziñ nesihatlaryndan | |
BIZIŇ GÜNLERIMIZIŇ NESIHATLARYNDAN
Sözler
(A.Hudaýberdiýewiň «Ogluma wesýetlerim» diýen kitapçasyndan alyndy) 1. Salamlaşylýan wagty saglyk-amanlyk soraşmak gezegini ýaşula ber. 2. Salamlaşanyňda, iki eliň bilen görüşmegi öwrenjek bol. 3. Salamlaşanyňda, özüňden ýaşy uly adamlara we aýal-gyzlara ilki bolup eliňi uzatma. 4. Salamlaşýan adam bilen görüşeniňde, onuň elini gaty gysma, oňa eliňi parhsyzlyk bilen göwünli-göwünsiz däl-de, mähirlilik bilen uzat. 5. Salamlaşanyňda, gözüňden tutuksy äýnegiňi aýyr. 6. Salamlaşanyňda, görüşýän eliňden elligiňi çykar we şol eliňde hiç zat bolmasyn. 7. Salamlaşanyňda, agzyňda zat bolmasyn. 8. Uly oturulyşyklarda, ýas tutulýan ýerlerde, hajathanalarda, gapynyň agzynda, resmi mejlislerde, ertir ukydan turup ýuwunmankaň, telefonda gepleşýän wagtyň elleşip salamlaşmakdan saklanjak bol. 9. Birine telefon edýän bolsaň, ilki salam ber, soňra kimligiňi aýt. Meni tanadyňmy diýip dyzap durma, jogap berýän adam seni tanamaga borçly däldir. 10. Biriniň öýüne baranyňda «essalamwaleýkim» diýip içeri girmegi özüňe kiçilik bilme. 11. Telegepleşiklere, teleoýunlara, telereportažlara tomaşa edeniňde, janköýerlik edip ygtyýarsyz gygyrma, gaty gülme. 12. Oňarmaýan bolsaň, spirtli içgileri içme. Ony oňarýandygyňy ýa-da oňarmaýandygyňy ýoldaşlaryň ýaňzydybrak aýtyandyrlar. 13. Öz edýän işiňe yhlasly bol. Adamkärçilik borjuňy öde. 14. Ýat ýere baranyňda, oglana oýun etme. Oglanly öý süýjidir kökeli barsaň gowy bolar. 15. Garşydaşyňy diňlemegi we düşünmegi başar. 16. Şowsuzlyga duçar bolsaň, günäni ilki özüňden gözle. 17. Öýlenseň, halaýan gyzyňa öýlen. Ýöne uly toý etjek bolup azara galma, sebäbi toýuň çykdaýjysy seniň öz gazanjyň däldir. 18. Öýlenenden soň, aýalyňdan aýryljak bolup küýlenme. Sebäbi soňky alan aýalyň öňki alan gyzyňça ýa bolýar, ýa bolmaz. 19. Toýda ýa ýasda ile hyzmat etmegi özüňe kiçilik bilme. 20. Maşyndyr, motosiklet sürmegi, suwda ýüzmegi, mal soýmagy, uly çakylyklar üçin nahar bişirmegi, aýat okamagy hökman öwren. 21. Biriniň başyna iş düşende, duşmanam bolsa, eliňden gelen kömegi et. 22. Döwleti zähmetden gözle. 23. Biri bilen melallaşýan bolsaň, iň soňky aýtmaly sözi ilki aýtma. Söz ursaň seljerip, manysyna ýetip ur. 24. Adalatsyz akyl-paýhasa dogry gelmeýän işi etmek üçin çalyşma. Islendik meselede öz pikiriň, öz ýörelgäň, öz esaslanmaň bolsun. 25. Saçagyň başynda çilim çekme, nas atma, kartdyr küşt oýnama. Gelen bilen salamlaşyp, giden bilen hem sagbollaşyp, mesawy gürrüň edip oturmagy öwrenjek bol. 26. Agşam sagat 11-den soň myhmançylykda oturma. 27. Agşam sagat10-dan soň başganyň gapysyny kakmazlyga çalyş. 28. Saz çalsaň, aýdym aýtsaň, tans etseň, gözüňde tutuksy äýnek, agzyňda çilimdir nas bolmasyn. 29. Ýygralyk etme. Öz pikiriňi erkin, aljyraman, gaharlanman beýan etmegi öwrenjek bol. 30. Özüňi tana. Sen özüň barada nähili pikir edýän bolsaň, edil şonuň ýaly adama dälsiň. Seniň nähili adamdygyňy il arasynda gündelik aladalaryň häsiýetlendirýändir. 31. Telewizoryňy ýa-da radioňy gaty aýtdyryp maşynyňy ýa-da motosikletiňi wagt-biwagt gaty gygyrdyp, goňşularyňa azar berme. 32. Goňşyňdan, garyndaşyňdan, dostuňdan köp gezek dileg edip, olary özünden irizme. 33. Ata kesbini ýöretjek bol. Ondan galan baýlyklary: puly (maly), bilimi, kitaby köpeltjek bol. 34. Beren sözüňde tapylmaga endik edin. 35. Islendik oýunda utulanyňy garşydaşyňdan öň aňmak üçin çalyş. 36. Içki eşikde (maýkaly) öz ýatýan otagyňdan daşary çykma. 37. Ak köýnegiň içinden reňki ak maýka geýmäge çalyş. 38. Brija geýmeli bolsaň, onuň içinde türsi däl-de, plawka geýilýändigini unutma. 39. Çakylyga wagtynda bar. Eger baryp bilmeseň, ynamdar ýoldaşyňdan habaryňy, sowgat salamyňy iber. Gutlag telegrammasyny ýollamak hem gowy zat. 40. Ýas tutulýan ýerde gülme. Başgalary güldürmek üçin çalyşma. 41. Ýeňil maşynyň bar bolsa, ony gaty sürme. Wagt-biwagt ýola çykyp, ony gazanç çesmesine öwürme. 42. Eger özüňde erbet häsiýetň bardygyny bilseň, ony ýok etmek üçin dowamly wagytlap çalyş. Özüňi düzetjek bol. 43. Öz işleýän ýeriňde özüňden ökdäni ýerliksiz tankyt edip, abraý gazanjak bolma. Bu görüplikdir. 44. Hiç kim bilen hiç wagt gohlaşma. Mydama işjeň gürleşmegi başar. «Iki adam uruşsa, hiç bolmanda, olaryň biri samsykdyr» diýen pähimden ugur al. 45. Gohlaşmak üçin yrsaraýan adamyň ýanyndan gitmek akyllylykdyr. 46. Ötünç soramagy öwren. Eger biri senden çyny bilen ötünç sorasa, sen onuň ýazygyny ýalka. Gaýdybam onuň şol ýazygyny ýatlama. «Geçilmez günä bolmazmyş» diýen pähimden ugur al. Günä geçmegi kyýamata, magşar günüňe çenli goýma. 47. Öz tebigy ukybyňdan agyr bolan işlere baş goşma. Başarýan işiňi et. Bu saňa abraý getirer. 48. Özüňe ynamyň bolmasa suwa bökme. 49. Öýüňe myhman bilen barýan bolsaň, içeri ilki özüň girmeli, myhman gaýdanda, öýden ondan soň çykmaly. 50. Serhoş ýagdaýda geçeni ýatlap, başga biriniň göwnüne degme. Bu nalajedeýinlikdir. 51. Serhoş bolup, aýalyň ýa-da çagalaryň bilen şowhunlaşma. 52. Biri ilen degişýän bolsaň ýa-da şeýleräk melallaşýan bolsaň, onuň tebigy ýetmezçiligini (betbagytçylygyny) agzama bu peslikdir. 53. Hiç kime hiç haçan müňkürlik etme. Islendik ýagdaýda hakykata göz ýetirmän, belli bir karara gelme. 54. Oturylyşyklarda käbir aýdanyňy tassyklatmak üçin «kak bäşi» diýip, ýanyňdaky ýoldaşyňa gaýta-gaýta eliňi serip durma. 55. Iýmek üçin ýaşama, ýaşamak üçin iý. Özüňi ete basdyrma. 56. Aýalyň bilen gaharlaşan bolsaň, başga düşekde ýatsaň hem, başga öýe gidip ýatma. 57. Ölen kişä «tüweleme» diýme. 58. Oturylyşykda, toýda, sadakada hemmelere nahar goýulýança iýip başlama. 59. Myhmançylyga gideniňde tämizlenip git. Hiç bolmanda aýagyňdaky jorabyňy arassa joraba çalyşjak bol. 60. Öz etmeziňi ilden gizlejek bolup azar galma. 61. Ýalançylykda özüňi tanadandan soň dogry sözüňe-de ynanmazlar. 62. Kitapdaky wesiýetleri berjaý etjek bol. Berjaý edip bilýän bolsaň, onda seniň gowy adam bolup ýetişenligiň. Toplan: Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |