12:27 Edepnama: Hünär öwrenmek, bilim almak barada | |
HÜNÄR ÖWRENMEK, BILIM ALMAK HAKYNDA
Pedagogika we edep-terbiýe
Söhbetimizi «Kowusnamanyň» sözleri bilen dowam etdireliň: «Maly-döwlet jähtden garyp bolsaň-da, akyl-paýhas tarapyndan baý bolmaga çalyş, çünki akyl paýhas baýlygy mal baýlygyndan has gowudyr. Akyl bilen mal toplap bolar welin, mal bilen akyl toplap bolmaz. Nadan adam tiz garyp düşer, emma akyl-paýhasy ogry hem alyp gidip bilmez, suwdyr ot hem mizedip bilmez. Akylyň bolsa, hünär öwrengin, çünki bilimsiz akyl lybassyz tendir ýa-da bikemal adamdyr. «Bilim akylyň aýnasydyr» diýip dogry aýdypdyrlar». Muhammet pygamberiň adyndan aýdylýan hadyslarda-da ylymly-bilimli bolmak babatda şeýle diýilýär: «Alym bolmaga ymtyl, şonuň üçin ylymly-bilimli adamlary özüňe halypa tutun (olaryň okuwçysy bol), ylma degişli gürrüňleri diňle we ýatda sakla, ylmy söý. Eger bu dört zat saňa başartmadyk ýagdaýynda-da, ylmy özüňe duşman saýma, ondan ýüzüňi öwürme, heläk bolarsyň» (Hadys. Şerh, I bölüm, 47-48 sah). Ata-babalarymyz hem «bilegi zor birini ýykar, bilimi zor-müňüni» diýipdirler. Şonuň üçin ýaşlykdan bilim almaga, mekdepde öwredilýän predmetleri gowy özleşdirmäge çalyşmak zerurdyr, çünki dürli ugurlardan başy çykýan adamlar durmuşda kynçylyk çekmeýärler. Olar üçin ähli işiň ebeteýi tapylýar. Mekdepde gowy okamazdan ökde hünärli, abraýly adam, ylaýta-da ylmy ýetik alym bolmak çetindir. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet bolmak üçin, ýaşlykdan kitaby söýmek, köp okamak gerek, çünki her bir okalan kitap adamyň gözýetimini giňeldýär, akyl-paýhasyny artdyrýar, ýagşy-ýamany seljermegi öwredýär. Sowatly we kitaphon adamlaryň, köplenç, kalby, niýeti päk, ýüregi arassa bolýar. Bu barada Magtymguly şahyr şeýle diýýär: Kitap gören gullar magnydan dokdur, Anlaryň kalbynda şeýtan bolarmy? Bilimi diňe bir mugallymlardan we kitaplardan däl, eýsem akylly-paýhasly ýaşululardan, öz hünärine ökde adamlardan hem öwrenmeli. Hatda gylyk-häsiýeti saňa ýaramaýan adamlardan hem köp zat öwrenmek mümkindir. Munyň üçin şeýle adamlaryň erbet gylyklaryny paýhas eleginden geçirmeli we şeýle häsiýetleriňde özünde bolmazlygy üçin çalyşmaly. Ata-babalarymyz hem bu babatda: «Ýagşyny göreniňde pikir et, ýamany göreniňde şükür et!» diýipdirler. Diýmek, bilmeýän zatlaryňy, şeýle-de edep-tertibi, durmuşda gerek boljak edim-gylymlary paýhasly, akylly adamlardan-da, akmak nadan, kişilerden-de öwrenmeli, çünki, gadymy grek filosofy Sokrat aýtmyşlaýyn, «bilimden zyýat genji-hazyna, hünärden belent sarpa, haýadan ýakymly zynat ýokdur». Öwrenen gowy zatlaryňy ilden gizlemeli däl, çünki beýle etmeklik görüplik we içigaralyk bolýar. Ylym-bilimden ýüki ýetik ýaşlara hünär öwrenmek ýeňil düşýär. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýen pähimden ugur alyp, mekdepde dürli predmetlerden sapak alýan döwründe durmuşa zerur bolan hünärleri ele almagyň aladasyny etmeli. Meselem, fizika sapaklaryny durmuşda ulanylýan tehniki enjamlardan we elektrik gurallardan başyň çykar ýaly, olaryň ownuk kemçiliklerini ussa çagyrmazdan düzeder ýaly peýdalanmaly. Oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň oba hojalyk tehnikasyndan başy çykmaly. Biologiýa, botanika sapaklary geçilende, haýsy ekinleriň haçan we nähili usulda ekiliş tärlerini, olaryň bejeriliş usullaryny, nahallary idetmegiň ýollaryny, sapmagy we şuňa meňzeşleri ymykly öwrenmeli, çünki bu hünärlere geljekde zerurluk ýüze çykmagy mümkindir. Hünärli adam hor bolýan däldir, şonuň üçin mümkin bolan wagty her dürli hünärleri öwrenmek gerek. «Bu iş – aýal-gyzlaryň işi» diýip, çörek, nahar bişirmegi, eşiginiň ýyrtylan, sökülen ýerini tikmegi, ýamamagy öwrenmegi özüne kiçilik bilen erkekleriň durmuşda kösenjegi ikuçsyzdyr. Hojalyk we durmuş gurallarynyň remontyndan (pyçagy ýitilemek, palta, pil, kätmen saplamal, pyçga, oraga diş kesmek, gapa, penjirä petle oturtmak, jaý agartmak we ş.m. işlerden) başy çykmaýan erkekler nalajedeýindirler. Olar barada Magtymguly: Köňül istän işiň çykmaz, Han ýagysy-kärsiz ärden- diýip ýazýar. Gyzlar hem durmuşda gerek boljak hünärleri ürç edip öwrenmelidirler. Çörek bişirmegi, tagamly we dürli naharlar taýýarlamagy, eşik tikmegi, keşde, nagyş etmegi, ýüň daramagy, ik egirmegi, haly, palas dokamagy her bir gyzyň başarmagy gerekdir. Hünäriň erbedi, käriň ýaramazy ýokdur. Adamy onuň käriniň ululygy-kiçiligi däl-de, eýsem şol käri onuň başaryşy bezeýändir. Şonuň üçin yhlas bilen öwrenilen her bir hünär adamyň bezegidir. «Hünäri öwren-de ýigren» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. (bu ýerde öwrenilen hünäri ýigrenmek babatda däl-de, köp hünärli bolmak barada gürrüň gidýär). «Kowusnamada»: «Hünär öwrenmek bilen sen iki dünýäniň eşretine eýe bolarsyň. Iki dünýäniň eşreti bolsa hünärde, ähli hünärleriň açary hem ylym bilen terbiýededir» diýilýär. Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |