08:37 Burkazlar barada / kitapdan parça | |
BURKAZLAR BARADA
Taryhy makalalar
(BURKAZ, WARKAZ, GERKEZ, ÇERKEZ) Dörtleme goşgularda sazlaşykly kapyýany hasyl edip biljek bu etnonimler söz ýasalyş ýollary, ýagny gurluşlary boýunça-da biri-birine ýakyndyrlar. Beýik Watançylyk urşunda Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada ilkinji mynasyp bolan Gurban Durdy ýaly gerçegi ösdürip ýetişdiren burkazlar sany boýunça ortagürp türkmen taýpalarynyň biridir, olaryň wekilleri Mary, Murgap, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala we Tejen raýonlarynda ýaşaýarlar. Burkaz diýen etnik at bize mälim bolan çeşmelerde ilkinji gezek Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda duş gelýär. Abylgazy bu taýpanyň (burkas iliniň) döreýşi barada şeýle ýazýar: Salyrlardan Timur Toglyhan atly bir kişi bardy. Ol bir ýerden gelip, atdan düşdi. Görse, Esik Ysmaýyl atly bir salyr göçjek bolup, zatlaryny ýygnap ýör. Ol göçüp gidenden soň, Timur “göçülen ýurtda bir närse galan bolgaý” diýen umyt bilen ol ýere barýar. Görse, ojagyň içinde bir ogul çaga uklap ýatyr. Timuryň ogly ýok eken. Ol bu çagany özüne ogullyga alýar we oňa Burkas diýip at goýýar. Burkas ili şu oglanyň nebereleridir. Abylgazy ýaly uly alymyň kitabynda anyk adamlaryň atlary tutulyp gürrüň berilýändigine seretmezden, çyna berimsiz bu rowaýata ynanmak kyn, çünki burkazlar salyrlaryň Maňgyşlakda oturan döwürlerinden has öň dörän bolsalar gerek. Muny subut edýän käbir tutaryklarymyz bar. 1973-nji ýylda Türkiýede bolanymyzda, Stambulyň gämi duralgasynda “Burkaz” atly uly okean gämisine gözümiz düşdi. Biz ýolbeledimiz Mehmetden bu gämi we onuň ady barada soradyk. Ol Türkiýäniň käbir welaýatlarynda, hatda Stambulyň ýakynynda hem burkaz türkmenleriniň ýaşaýanlygyny, bu gäminiň bir burkazla degişlidigini gürrüň berdi. Bolgariýanyň Gara deňiz kenarynda, Stambuldan uzak bolmadyk aralykda Burgaz (Burkaz) diýen uly port şäheriň bardygyny hem şu ýerde ýatlap geçeliň. Burkazlar Türkiýe etraplaryna seljuklaryň hereketi döwründe (XI asyrda) gelendigini nazarda alsak, onda burkazlaryň has öň dörändigine göz ýetirmek kyn däl. Etnograf alymlar hem bu etnonimiň juda irkidigine güwa geçýärler. Meselem, türkmen alymy G.I. Karpow burkaz sözüniň aslyny bükdüz ýa-da Bekdili diýen türkmen taýpasynyň adyndan gözlese, orus alymy A.P.Kowaleýwskiý ony Wolga boýlarynda ýaşan gadymy bulgar diýen türki halkyň adyna syrykdyrýar. Onuň pikiriçe, Syrderýa sähralarynda ýaşan gadymy türkleriň r sesine derek z sesini ulanýan toparynyň dilinde bu at şeýle ösüşi we üýtgeşmäni başdan geçiripdir: bulgar (a sesi gysga) –bolgar-balgar-brgz-bargaz-burgaz-burkaz. Burkaz etnoniminiň manysy barada ýene-de käbir çaklamalary ýatlap geçeliň. Burkaz ýaşululary, şeýle-de şu taýpadan çykan edebiýatçy alym Baba Weliýew burkaz sözüni “böri oguz” sözleriniň fonetik taýdan biraz üýtgän görnüşi hasap edýärler. Ýene bir çaklama. Gadymy türki eýýamda (biziň eramyzyň başlarynda) Baýkal kölüniň kenarynda bargutlar diýen türki taýpa ýaşapdyr. Türkmenleriň ata-babalarynyň şol etrapda ýaşanlygyny nazara alsak, burkaz etnonimini bargutlar bilen baglanyşdyrmak hem maksadalaýykdyr. Bargut sözüniň burkaza geçişini bolsa dil nukdaýnazardan delillendirmek aňsat: bargut-borgut-burgut-burgat-burgaz-burkaz. Bargut sözüniň ahryndaky –t, burkazyň yzyndaky –z (-s) goşulmalary gadymy türki dillerde jemi, köplügi aňladypdyr. Eger burkaz etnonimini warkaz, gerkez, çerkez sözleri bilen bir morfologik hatary düzýän at hasaplasak, onda ony bur we kaz diýen iki bölege bölmeli bolar, ýöne bu ýagdaýda bur sözüniň manysy düşnüksiz bolup galýar. Adyň yzyndaky kaz bölegi, biziň pikirimizçe, -k we –z diýen iki sany gadymy türki goşulmanyň biri-biri bilen sepleşip, kebşirlenip giden görnüşi bolsa gerek. Ol sözbaşyda sanalýan beýleki etnonimlerde hem gaýtalanýar: war-kaz, ger-kez, çer-kez. BURKAZ Ýerli ýaşulularymyzdan ýazyp alan maglumatlarymyza görä, burkazlar bersin, bö:ri, ýo:luň (ýo:luň) diýen üç urugdan, öz gezeginde olar hem birnäçe tireden durýar: BERSIN—beg-dessa:ly, a:ýabakar, ýary (ak ýary we gara ýary), tekem. BÖ:RI—bitli, da:ban, şyh, a:luw. ÝO:LUŇ—ýassy, garai:njik. © Soltanşa Atanyýazow. ŞEJERE (Türkmeniň nesil daragty), Aşgabat: “Turan-1” - 1994. Sah. 85, 259. https://kitaphana.net/book/1691/read. 19.05.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||