20:17 Edepnama: Dostluk barada | |
DOSTLUK BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
Adam dostsuz ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin her kim dostyny köpeltmäge çalyşmalydyr. Islendik adam bilen mylakatly we hoşniýetli aragatnaşyk etmeli, olaryň içinden dünýägaraýşy, gözýetimi, gylyk-häsiýeti seniňki bilen deň gelýän deň-duşyňy dost tutunmaly. Kalby päk, eli arassa, niýeti düzüw, köpçülikde özüni alyp baryşy gowy, medeniýetli, edepli, üstesine-de ene-atasy il içinde abraýly deň-duşlaryň bilen dostlaşsaň, olar seniň gowy şahsyýet hökmünde kemala gelmegiňe kömek eder. Dostlugyň uzak gitmegi we berk bolmagy üçin, her kimiň öz dostlarynyň öňündäki borçlaryny we wezipelerini bilmegi gerek. Ilkinji nobatda, dostuňy hiç wagt aldamaly däl, ýalan sözlemeli däl, oňa beren wadaňda tapylmaly. Eger bir sebäp bilen ony başarmadyk ýagdaýyňda, dostuňdan ötünç soramaly we sebäbini düşündirmeli. Ýalňyşmaýan adam ýok. Dostuň öňünde bir ýalňyş iş edeniňde-de, günäňi boýnuňa alyp, ötünç sorasaň, ol seni bagyşlar. Dostuň eý görýän tanyşlaryny hormatlap, onuň ata-enesini we dogan-garyndaşlaryny özüňkiler bilen deň derejede sylamaly. Käbir zatlara (meselem, sungata, sporta...) garaýşyňyz çapraz geläýende-de, ony uly meselä öwürmäň, käýerde eglişik etmeli. Dostuňda bar bolan kemçilige gowy göz ýetiren ýagdaýyňda, ony mylaýymlyk bilen, onda-da öz hereketleriňi, işiňi nusga edip düzetmäge çalyşmaly, «dost dostuň aýnasy» bolmaly. Onuň ownuk säwliklerini bolsa görmezlige çalyşmaly. Dostuňyň başarmaýan işlerine, ylaýta-da onuň seniň kömegiňe mätäç ýerinde oňa kömek bermeli, ýöne hiç wagt beren kömegiňi, eden ýagşylygyňy diliňe çolap, minnet etmeli däl. Özüň ýa dostuň okuwa ýa-da goşun gullugyna gidip aýrylyşmaly bolaýan ýagdaýyňda, ilki bilen özüň hat ýazmaly, jan etmeli. «Özi ýazýança, menem hat ýazmaýyn» diýseň, dostluk ýiter (belki, dostuň hat ýazmaga mümkinçiligi ýokdur, eli degýän däldir). Ýakyn dostuň bilen algy-bergi edişmezlige çalyşmaly, çünki karzyň wagtynda gaýtarylmazlygy ýa ýatdan çykarylmagy dostlugyň sowaşmagyna we bozulmagyna getirýär. Şu zatlar nazara alnyp, il içinde «Algyly bergiliniň iti bolar» diýen pähim döräpdir. Bardy-geldi, dostdan (umuman hut aýdylan möhletde gaýtarmaga çalyşyň. Ýene bir wajyp borçlaryň biri – ol-da özüne rowa görmedik zadyňy beýleki kişilere, ylaýta-da dosta rowa görmeli däl, oňa görüplik etmeli däl, eliňden geleniçe ýagşylyk etmeli. Dostuň şatlygyna şatlanyp, gamly gününde onuň gamyny deň çekişmeli. Ylaýta-da, dostuň bir ýakyny aýrylan ýagdaýynda, köp wagtyňy onuň ýanynda geçirmeli, gussasyny bölüşmeli we hemaýat etmeli. Dostuň şatlykly günlerini (meselem, ýaşy dolanda, okuwy gutaranda, öýlenende...) hemmeden öňürti sowgatly gutlamaga çalyşmaly. Dostuň bir ýana gidende onuň ene-atasyna we maşgalasyna kömek bermegi, olardan tiz-tiz habar alyp durmagy unutmaly däl. Dostuň çagalaryna hem mähirli bolmaly. Kerim şahyr aýtmyşlaýyn, «dostlar» üç topara bölünýär: 1. Aş «dosty», ýagny aş-nanyň baýlygyň üçin «dost» bolýan adamlar. 2. Galam-gaş «dosty», ýagny öýüňdäki gyz-gelinlere göz gyzdyrýan «dost». 3. Baş dosty, ýagny hakyky dostluk. 1-nji we 2-nji orunlarda getirilýän tipler bilen dostlaşmak akmaklykdyr, olar il içinde saňa abraý getirmez, tersine, abraýyňy döker. Emma baş dostlarynyň gadyryny bilmek hökmandyr, hatda olaryň dostlaryny hem özüňe dost saýmalysyň. «Donuň täzesi ýagşy, dostuň könesi» diýen dana nakyl bar. Eger biri bilen dostlaşsaňyz, ony synagdan geçen köne dostlaryňyz bilen tanyşdyryp, olaryň dostlaşmagyna hemaýat ediň. «Kowusnamanyň» sözleri bilen aýdaňda, «Täze dost tutunsaň, köne dostdan-da geçmegin, şeýtseň, dostlaryň köp bolar. Köneler aýtmyşlaýyn, «Gowy dost uly hazynadyr». Şonuň üçin saňa dostlukly garaýan adamlaryň, dostlaryň gadyryny bilgin, olara ýagşylyk etgin, seniň mürewwetiňi gördükleri olar saňa öňküdenem mährem bolarlar». Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |