12:14 Edepnama: Goñşuçylyk barada | |
GOŇŞUÇYLYK BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
«Kyýamat güni goňşydan» diýen dana nakyl bar. Başyňa ýagşy ýaman iş düşende, uzakdaky dogan-garyndaşyň ýetişmezden öň möhümiňi gadyrly goňşyň bitirip berýär. Şonuň üçin türkmenler «Öý alma, goňşy al» diýýändirler. «Kowusnama-da» bu babatda şeýle ýazylypdyr: «Goňşyň ygtybarly bolmagyna üns bergin, jaý satyn alansoň, goňşyňa sarpa goýgun, onuň mertebesini saklagyn, çünki«Goňşy mertebesi hemmäňkiden beýikdir» diýipdirler» (108 sah). Ertir- agşam ýüz-ýüze duşup duransoň, goňşy goňşynyň üstün taraplaryny we kemçiliklerini her kesden gowy bilýär, ýöne goňşynyň asgyn taraplaryny ile ýaýmak, onuň gybatyny etmek adamçylykdan däldir. Hadysa-da bu babatda «Goňşular bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak yslam dininiň uly ähmiýet berýän zatlarynyň biridir. Ýagşy bolsun, ýaman bolsun – tapawudy ýok, goňşuçylyk haky üçin olaryň kemçiliginden gözüňi ýummak musulmançylykdandyr» diýilýär (Hadys. Şerh, 1 bölüm, 17 sah). Magtymguly hem «Hakyn nähak eýlemegin goňşynyň» diýip nesihat edýär. Il içinde «goňşy okara bolmak» diýen ýörgünli we durnukly söz düzümi bar. Onuň manysy goňşy bilen düzemekli, ysnyşykly aragatnaşyk etmegi aňladýar. Öýüňde bişen nahardan goňşa dadyrmak, myhman gelende goňşyny hem zyýapata çagyrmak gowy goňşylaryň däbidir. Türkmen obalarynda häli-hezire çenli soýlan malyň kellebaşaýagy bişirilende ýakyn goňşylar çagyrylyp, bile naharlanmak däbi dowam edýär, täze guzlan sygryň owuzyndan, ýaňy bişen gawun-garpyzdan we miwelerden goňşa dadyrylýar. Derwaýys gerek, emma özüňde ýok zatlar (meselem, hojalyk gurallary) köplenç goňşydan soralýar, iki goňşy arasynda algy-bergi hem edilýär. Ýöne ownuk zatlary zol-zol goňşudan sorap, onuň ýüregine düşmeli däl. Iň gowusy, özüňden oňjak bolmaly. Bardy-geldi, haýsydyr bir zady goňşylardan amanat almaga ýa-da karz soramaga mejbur bolan ýagdaýyňda alan zadyňy hiç hili zyýan ýetirmän yzyna gaýtarmaly, onda-da «özi sorap geler» diýip arkaýynlanman, wagtynda «Taňry ýalkasyn» aýdyp eltip bermeli. «Goňşynyň haky – Taňrynyň oky» diýen nakyla eýermeli. Goňşularyň özüne, mal-mülküne, ýerine zyýan ýetirjek zatlaryň öňüni almak gowy goňşynyň borjudyr. Oba ýerlerinde goňşy öýde ýok wagty onuň maly çolaşan bolsa ýa ýerine suw ýykyp gidip duran bolsa, ony dessine düzetmeli, boşan malyny tutup daňmaly. Goňşyň köpüň kömegine mätäç tutumly iş edýän bolsa (meselem, jaý salýan bolsa, keçe etse we ş.m), oňa hökman kömekleşmeli. Baýramçylyk günlerinde ýada öýünde dabaraly seneleri (doglan günleriňizi) belläniňizde, goňşulary çagyryň. Eger olar sizi çagyraýsa, hökman baryň, onda-da sowgatly barmagy unutmaň. Goňşulara azar berýän, olary bimaza edýän zatlardan gaça duruň. Gijesi bilen galmagal edip, bagşy ýa magnitofon aýtdyryp, goňşa azaryny ýetirmek, olaryň çagalaryny we garrylaryny ukudan goýmak ýa-da oýarmak juda ýaramaz işidir. Öýüňizdäki çagalar goňşynyň çagalary bilen sene-mene edýän ýagdaýynda-da salyhatlylygy elden bermeli däl, bolan wakany mylaýymlyk we gowy söz bilen düzetmäge çalyşmaly. Çaganyň urşany üçin onuň ene-atasy bilen gygyryşmak ýa-da göwnüne geler ýaly gaty-gaýrym söz aýtmak ynsana gelişmeýär, çünki çagalar uruşsa-da, tiz ýaraşýar, emma ulularyň arasyndaky kine uzaga gidýär. Goňşynyň çagalary bilenem mylaýym gürleşmeli, garrylaryny hormatlamaly. Olaryň biri syrkowlaýsa, halyny sorap durmaly, eliňden gelse kömek etmeli. Şäherleriň köp gatly jaýlarynda bir gapydan girip çykýan goňşularyň biri-birini tanamaýanlary-da az däl, hatda biri-biri bilen salamlaşmaýan goňşular hem duş gelýär. Her kim şeýle zatlaryň öňüni almaga ymtylmaly, özi salam bermese, sen oňa salam bermeli. Telewizory, magnitofony gaty açyp, goňşulara azar bermeli däl. Olary dynç alýan wagtlarynda bimaza etmek hem dogry bolmaz. Jaýyňyzy ýa öý goşlaryňyzy remont edeniňizde-de, siziň takyrdy-güpürdiňiz goňşularyňyzyň asudalygyny bozmajak wagtyny saýlamaly we bu babatda goňşular bilen ylalaşmaly. Köp gatly jaýda siziň aşagyňyzda ýaşaýan goňşyňyz barada mydama alada etmeli, biwagt takyrdy-güpürdi edip olaryň ynjalygyny bozmaly däl, olaryň üstünden suw geçirmeli däl. Bardy-geldi, suw geçiräýseňiz, dessine olardan ötünç soramaly we ýetiren zyýanyňyzy özüňiz düzedip bermeli. Diňe bir ýakyn goňşylar bilen däl, eýsem töweregiňde, köçäňde ýaşaýanlar bilen ysnyşykly aragatnaşyk ediň. Olaryň toý-tomgusyna, hudaýolusyna, sadakasyna gatnaşyp eliňizden gelen kömegi ediň. Syrkawlarynyň halyny sorap duruň. Bardy-geldi, olardan biri aradan çykaýsa, aýak üstünde durup hyzmat ediň, jynazasyna, aýatlaryna, juma agşamlaryna hökman gatnaşyň. Merhumyň jaýlanan güni öýüňizde nahar bişirdip, olara nahar eltiň. Jemläp aýdylanda, siz öz goňşy-golamlaryňyza hormat etseňiz, size-de şeýle hormat ediler, olaryň ýanynda mertebäňiz belent bolar. Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |