22:10 Edepnama: Myhman almak we myhman bolmak barada | |
MYHMAN ALMAK WE MYHMAN BOLMAK BARADA
Pedagogika we edep-terbiýe
«Myhman ataňdan uly» diýen ajaýyp nakyly döreden ata-babalarymyz bütin Gündogar ýurtlarynda özleriniň myhmanparazlygy bilen tanalypdyr. Orta asyr arap alymlary, şeýle-de türkmenleriň arasynda XVIII-XIX asyrlarda bolup gören Borns, Wamberi ýaly ençeme Ýewropa alymlary türkmenleriň myhmansöýerligine geň galyp, bu babatda öwgüli sözleri ýazyp galdyrypdyrlar. Eždatlarymyzyň bu gowy däbini mydama dowam etdirmek möhümdir. Şerigatda-da «Alla tagallany sylaýan we ahyrýet gününe iman gazanmak isleýän adam myhmanyny hormatlasyn, oňa elinde baryndan zyýapat etsin» diýlipdir (Hadys. Şerh, 1 bölüm, 28 sah, II bölüm, 109 sah.). Myhman almak we myhman bolmak aýry zatlar, bularda öý eýesiniň we myhmanyň borçlary hem-de özüňi alyp baryş düzgünleri tapawutlydyr. Öňi bilen, myhman almak barada gürrüň edeliň. Myhman isle çagyrylyp gelsin, isle-de çagyrylman ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň borjydyr. «Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden» diýilýändir. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp garşylamak gerek. Ýanyňda gelin we çagalary bar bolsa, onda ony maşgala bolup garşy alyň. Nahara çagyrylan myhmanlar öýe girmezden öňürti, olaryň elini ýuwdurmak gerek. El ýuwulýanyň ýok ýerinde, ylaýta-da ýaşuly adamlar gelende, olaryň elini kündükden ýuwdurmak, elini ýuwan dessine-de el süpürilýäni äbermek siziň olara hormatyňyzy aňladýar. Öýe girilende, ilki özüňiz girip, myhmanlary içeri çagyryň, üstki eşiklerini çykarsalar, ony asmaga kömekleşiň. Saglyk-amanlykdan soň myhmanlaryň öňüne saçak ýazyp, çaý goýuň, süýji, miwe ýaly zatlar getiriň. Biraz wagt geçirip, myhmanlara nahar hem çekseňiz bolar. «Alyň, iýip oturyň» diýip zol gaýtalap durmak we myhmanlary gyssamak gelşiksizdir. «Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý» diýlip, ýöne ýerden aýdylýan däldir. Nahar iýýän myhmanyň eline, agzyna göz dikip, oňa aşa üns berip oturmak hem gowy görülmeýär, çünki myhmanyň çekinmegi mümkindir. Dökülen çaý, saçagyň üstüne ýa düşege gaçyrylan et, miwe, çemçe ýaly zatlary hem görmezlige salyň. Tötänlikde myhman saçagyň üstündäki käsäni ýa başga zady döwäýende-de, oňa bu babatda igenmek salyhatlylygyň nyşany däldir. Myhman göwne ýaramaz ýaly bir zat aýdanda-da ýa ýerliksiz degişende-de, öý eýesi oňa gatyrganyp, bir zat diýmeli däldir, geçirimli bolmalydyr. Magtymgulyda bu babatda has ýiti setirler bar: Ganly bolsa, geç ganyndan, Bir garyp myhman ýigide. Myhmanlaryň, ylaýta-da ýaşulularyň we aýal-gyzlaryň ýanynda öý eýesine içki eşikde, maýkaly oturmak bolmaýar. Ol sada we hyzmat etmek üçin oňaýly eşik geýmelidir. Çagyrylyp getirilen myhmanlardan bezemen geýinmek, öz baýlygyny güjeňlemek maksady bilen, öýden gelin-gyzlaryň myhmanlaryňkydan has gymmat şaý-sepleriň dakynmagy we geýinmegi kelpezligiň, kilçikligiň nyşanydyr. Oturyşlyk, özüniň ýa öýdäkileriň biriniň doglan güni we şuňa meňzeşler üçin ýörüte çakylyk etseňiz, geljek myhmanlaryň sanyna görä öňünden alada ediň. Gelen myhmanlaryň hemmesiniň göwnüni tapmaga çalyşyň. Nahar iýlip, töwür edilenden soň, saçagyň üstündäki artykmaç zatlary ýygnap, oturanlaryň elini ýuwduryň. Munda el ýuwdurylýan saçagyň üstünde däl-de, oturanlaryň arka tarapynda (gapdalynda) tutup ýuwdyrmak gerek. Soňra myhmanlara çaý berilýändir. Gitjek myhmanlaryň köwşüni oňaýly edip goýmagy, üstki eşiklerini äbermegi we geýmäge kömekleşmegi, olary howlyňyzdan çykýança ugratmagy hem-de «Hoş geldiň» aýdyp göýbermegi endik ediniň. Ugradýan myhmanlaryňyzyň öňüne duşman, onuň yzyndan ýörän, gapydan hem soňundan çykyň. Çagyrylman gelen myhmanyň çaý-naharyndan öňürti dessine habaryny almak gelşiksizdir. Ol gyssanýan bolsa, habaryny özi aýdar, ýogsa-da çaý-nahardan soň matlabyny özi aýdýança garaşmak gerek (gadymy edep kitaplarynda «üç güne çenli, myhmanyň habaryny almak bolmaýar» diýlip ýazylmagy ýöne ýerden däldir. edip bilseňiz, gelen myhmanyň möhümini bitirmek gerek, eger ol başartmasa, onda ony ýagşy söz bilen razy etmeli we gaty gördürmän ugratmaly. Myhmana hezzeti öz gurbyňa görä etmeli, bar zadyňy aýamaly däl, ýöne atylyp-çapylyp, karz-kowal edip, öýdäki çagalaryň iýjegini agzyndan alyp, myhmana zyýapat etmeklik şerigatda günä bilen deň saýylýar. Myhman hakynda «Ataňdan uly, çagaňdan kiçi» diýilen aýtgynyň döremegi hem ýöne ýerden däl. Onsoňam, Magtymguly aýtmyşlaýyn: Hatam bolup, günde gyzyl berenden, Köňülden edilen hümmet ýagşydyr. Şeýle-de bolsa, myhmany zyýapatsyz, diňe gury söz gaýtarmak ýagşy däl. Magtymgulynyň «Sahylar şat bolar myhman gelende» diýşi ýaly, geleni elde baryndan iýdirip-içirmek öý eýesiniň borjudyr, çünki şahyryň sözleri bilen aýtsak: Myhman geler alys ýerden, Garşylasaň söwüş bile. Gelen myhman az otursa-da, köp syn edýändir, şonuň üçin oňa güler ýüzli, bugdaý sözli, mylakatly bolmaga çalyşmaly. Ulagly gelen myhmanyň ulagyna seretmeli, çagalary bilen gelen bolsa, olara-da hezzet-hormat etmeli. Jemläp aýtsak, bir gelen myhmany ýene-de gelip durmagy küýsär ýaly edip goýbermeli. Ýene-de bir zady bilip goýuň: biriniňkä gelen adamy (myhmany) sizem öýüňize çagyrmakçy bolsaňyz, diňe myhmana ýüzlenip: «Pylan wagty meniňkä myhmançylyga geliň» diýmek bolmaýar. Onuň üçin öý eýesine: «Menem siziň myhmanyňyzy öýe çagyrmakçy. Mümkin bolsa, plan wagty meniňkä myhmanhanalaryňyzy alyp baryň» diýmeli. Öý eýesiniň wagty bolmadyk ýagdaýynda, ondan rugsat alyp myhman öýüňe äkitmeli. Bardy-geldi, öýüňiz biriniň myhmany bolsaňyz, onuň goňşy-golamyndan ýa-da tanyşlaryňyzdan biri myhmançylyga çagyrsa, diňe myhman ýeriňizden rugsat alyp gitmeli. Özüňiz gaýtmakçy bolanyňyzda-da, soňky myhman bolan ýerinden däl, eýsem ilki myhmançylyga düşen ýeriňden gaýtmaly. Ata-babalarymyz «Myhman gelen ýerinden gider» diýýändirler. Indi myhman bolmak barada. Biriniňkä myhmançylyga gitjek bolanyňyzda, ilki bilen özüňize we eşikleriňize timar bermegi unutmaň: saç sakgalyňyzy, dyrnagyňyzy ösdürip barman, arassa eşik geýiň. Munuň özi myhmançylyga baryljak ýeriň hormaty üçin edilýär. Eger myhmançylyga çagyrylan bolsaňyz, çakylygyň näme üçin edilýänini biliň: sünnet toýuňa barýan bolsaňyz, jübiňiz pully bolsun, jaý toýy, ýaş toýy ýaly çakylyklara niýetlän sowgadyňyzy ýa-da pul alyp baryň. Sowgadyň gymmaty onuň bahasynda däl-de, maksada laýyklygyndadyr. Öý eýesiniň gyzyklanýan temasyna degişli kitap gowy görýän aýdym-sazy ýazylan plastika ýa-da kasseta ýaly zatlar ýeri gelende gymmat sowgatdan eý görülýändir. Iň gowy sowgat öz eliň bilen taýýarlan zadyňdyr (çeken suratyň, bejeren ýaglygyň ýa tahýaň, çagalar üçin tiken eşigiň, öz ýazan kitabyň, alan fotosuratyň we başga ş.m.). Myhmançylyga çagyrylan ýeriňize 5-10 minut öň baryň, wagtyndan has ir ýa-da has giç barmak gelşiksizdir (umuman, mejbur bolmasaňyz, biriniňkä agşam sagat 9-10-dan soň myhmançylyga barmaň, hatda telefonam etmäň. «Ýassyn gelen myhmandan gork, daňdan turan gaýdan» diýen nakyl ýöne ýerden döremändir ahbetin. Eý görýän garyndaşyňyň ýa dostuňyň öýi bolanda-da, myhmançylykda özüňi salyhatly alyp barmagy başarmaly, hojaýynlyk satyp, öýdäki kiçilere ýa öý eýesine abyr-zabyr etmek, olary gyssamak, öýüň içindäki zatlary sorag-idegsiz elläp görmek ýaly hereketler salyhatlylygyň nyşany däldir. Öý eýesi bilen medeniýetsiz degişmek hem bolmaýar. Getirlen nahar göwnüňizden turmasa-da, bu babatdaky pikiriňizi daşyňyza çykarmaň. Myhmançylykda özüňizi şadyýan alyp barmaga çalyşyň, beýleki myhmanlar bilen girişikli boluň, olaryň edýän gürrüňlerine goşulyň. Eger dilewar bolsaňyz, oturanlaryň gürrüňine kybapdaş gelýän ýerlikli ýomaklary, şorta sözleri aýdyp, märekä şüweleň bermek gerek, ýöne köp ýaňramakdan, ýersiz-ýere köp gülmekden ägä boluň: size «medeniýetsiz ekeni» diýmesinler. Köpçülikde asgyrjak, üsgürjek bolsaňyz ýa-da pallasaňyz, hökman agyz-burnuňyzy elýaglyk (hiç bolmanda eliňiz) bilen ýapyň. Asgyryp-üsgüreniňizde tersiňize bakyň. Ýatmaga niýet edip gelmedik bolsaňyz, hoşlaşyp, çakylyk we hezzet-hormat üçin minnetdarlyk bildirip, myhmançylykdan öz wagtynda turuň, çünki öý eýeleriniň myhmanlaryň yzyny ýygnap, ýuwup-artyp goýmalydygyny unutmaň. Uzakdaky tanşyňyzyňkyda myhman bolup, ol ýere ýatymlyk gelen bolsaňyz, öý eýesiniň görkezen ýerinde oturyň we ýatyp turuň. «Men daşarda oturjak» ýa-da «başga jaýda ýatjak» diýip, myhman ýeriňizi artykmaç alada goýmaň. «Myhmançylyk – üç, gün, üç günden soň göçgün» diýen nakyl bar. Myhman ýeriňi irizmeli däl. Eger üç günden soňam şol öýde galynmaly bolsa, onda öý eýesiniň hojalyk işlerine, hat-da dükandan ýa bazardan getirilýän azyk harytlaryny satyn alyşmaga hem kömekleşmek gerek. Myhmançylykda bolnanda, öý eýesiniň öz hojalygynda ýöredýän düzgün-tertibine tabyn bolmaly, onuň ekinlerine, miwelerine zyýan bermeli däl. Wannada, duşda, hajathanada gigiýenany berjaý etmeli, jaýlary, howlyny, hajathanany hapalamaly däl. Gepiň keltesi, myhman almak we myhman bolmak adamlaryň arasynda mylakatly gatnaşygyň möhim serişdesidir. Myhman gelinmeýän öý gowy görülýän däldir. Şonuň üçin myhmançylyga çagyryp duruň. Özüňiz hem wagtyňyzyň belli bir bölegini myhmançylykda geçiriň. Soltanşa ATANYÝAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |