09:23 "Eje, meniñem obada ýaşasym gelýär!" / hekaýa | |
“EJE, MENIŇEM OBADA ÝAŞASYM GELÝÄR!"
Çagalar edebiýaty
Birinji synpy gutaryp, tomusky dynç alyş rugsadynda mamalarynyňka gezmäge gelen Zülpi birbada deň-duşlary, synpdaş gyzlary bolmasa, içgysgynç oba durmuşy bilen öwrenişmek kyn bolar öýdüpdi. Ýöne ähli zat başgaça boldy, Zülpi oba gezmäge gelenine birjigem ökünmedi. Ätlän ädimi tasinliklerden, hezilliklerden doly bolansoň, asyl gününiň nähili geçeninem bilmän galýardy. Dogrusy, täsin durmuş Zülpiniň oba gelen gününiň ertesi, horazlaryň daň atanyny buşlap yzly-yzyna gygyran seslerine oýanmagy bilen başlandy. Şäherde welin beýle däldi. Ony hemişeler ejesi oýarardy. ”Tur gyzym, tur. Mekdebe gitmeli. Ýuwunýançaň, dişleriňi arassalap, iýip-içýänçäňem wagt gerek” diýip, käte-käteler ýalbarma ýalbaryp turuzmalam bolýardy. Ejesi işe giden mahallaram, ol öňden gurlup goýlan sagadyň jaňynyň dynuwsyz sesine oýanmaly bolardy. Ol häzir ukudan oýandy, ine-gana ýuwnup, dişini arassalap gelibem özüni oýaran horazy görmek isledi. Dessine howlyň içine birlaý aýlanyp çykdy. Dogrusy, ol bu ýerde göleli sygyr hem gördi, gazygyna daňylgy eşege-de duşdy. Olardan gorkjagam, çekinjegem bolmady. Ýöne, ine, on, on bäş ädim çemesi uzaklykda welin ullakan galpak gulakly bir daýaw it bardy. Zülpi ony görenden yza serpikdi. Ol it özünden gözüni aýyrmaýardy. Şondan heder etdimi nämemi, gyzjagaz horazly ketegiň ýanyna golaýlajagam bolman, yzyna dolandy. Soňam mamasynyň “Geçi süýdi adamyň saglygy üçin peýdalydyr. Iç, guzym, iç” diýensoň tamdyrda bişirilen mele myssyk nan bilen öňünde goýlan geçi süýdünden mazalyja garnyny doýurdy. Şol günüň özünde-de mamalaryna goňşy bolup oturýan Arzuw atly bir gyzjagaz bilen tanyşdy, jora boldy. Onsoň iki jora nirä gitseler, bileje giderdiler. Mellekdäki üljeden, ir bişýän eriklerden iýip gördüler. Bir günem Arzuw: - Zülpi, howa-da yssy. Sumbaryň süwuna düşseg-a birneme salkynlardyk. Neneň görýäň? – diýip, jorasyna sala saldy. Şonda Zülpi: - Düşsem düşerdim welin...- diýip, diňşirgendi. - Weliniň näme, ýüzüp bileňokmy, gorkma, çuň ýerine barmarys. - Ýok, suwda ýüzmege ökde welin, ýöne ýanyma pul almamsoň aýdaýdym gyz. Ýogsa-da, munuň üçin Sumbara näçe pul tölemeli?--diýip sorady. Arzuw jorasynyň bu bolşuna haýran galyp, bir geňsi jak-jaklap güldi. - Ýok, jora jan, bärde tölegli suwa düşülýän howuz ýok, hanha, Sumbaryň gije-gündizläp dynman akyp duran suwly ýaby bar, munuň üçin senden pul sorajak adam ýok, näçe düşseň düşübermeli. - Onda biz nämä durus, gitdik. Olar şol gün hezil edip suwa düşdüler... Şeýdip Zülpiniň her güni, her sagady gyzykly geçdi. Oba bilen, onuň adamlarynyň ýaşaýyş-durmuşy, jorasy Arzuw bilen halys öwrenişdi gitdi. Şähere gaýdasy gelmedi. Haýp, bir günem tomus rugsady ahyrlaberende, kakasy ony şähere alyp gaýtmak üçin yzyndan geldi. Ol maşyna münmezden, baryp howludaky owlak-guzulardyr güjük-pişijekler bilen, özüni her gün oýarýan gyzyl mäheklije horaz bilen sagbolaşyp gaýtdy. Garry mamasynyň ýüz-gözünden ogşady. Soňam özüne garap duran jorasynyň ýanyna bardy: - Arzuw, biz gaýdýarys, sag bol. Senem Aşgabada barsaň, bize-de bargyn. Bolýamy? Seniň bilen şäherimiziň iň gözel ýerlerine bileje aýlanarys. Arzuw: - Hökman bararyn. Ol ýeri hem gözel ýermişin... Basym olaryň münen maşyny Sumbar jülgesini ýakalap, şähere bakan ýola düşdi. Ýolboýy baglarynda heniz bişip ýetişmedik, hersi goşa ýumruk deý, Günüň ýaňagy ýaly bolşup duran narlary, sallanyşyp baldagyna agram berip oturan gelinbarmak üzümlerdir injir-garalylaryny, daglarynda bilmen niçe ýaşlaryndaky gojaman çynarlardyr hasyla bürenip oturan hoz agaçlaryny synlap gelýän Zülpi häzir hyýalynda ejesine nämedir bir zatlary gürrüň berýärdi: “Eje, obanyň üýtgeşik howasy bar eken, üýtgeşik adamlary hem bar eken. Hemmeler horazyň sesine oýanýar eken. Obada ýaşamak hezil. Eje, meniňem obada ýaşasym gelýär! Oba ir-iýmişiň, bag-bakjaň bol bitýän ýeri eken. Maňa gürrüňini beren ho-ol ertekileriňdäki göledir köşejik, kürredir taýçanak, owlakdyr guzy, güjüjekdir pişijek dagylar hem mamamlarda ýaşaýar ekeni, olaryň ýanlarynda ejelerem bar....” Şondan soňam Zülpiniň gulagyna ajaýyp howaly obanyň şildiräp akýan çeşmeleriniň, o şahadan beýleki bir şaha gonuşyp ýören guş-gumrularyň näzijek sesleri eşidilýän ýaly boldy durdy. Mahlasy, Zülpide gürrüň berere zat kändi. Ol häzirem özüni heýjana salan şol täsinliklerdir hezilliklerden saplanyp bilmän, tükeniksiz oý-hyýallara çümüp otyrdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |