13:38 "Tamda gulak bar" / gülküli hekaýa | |
"TAMDA GULAK BAR"
Satiriki hekaýalar
Meniň golaý goňşularymyň ikisem dul hatyn, ikisi birigip, agyzlary bir diňläne diňlärçerägem gürrüňler edilýär welin, oturyp diňläre hany olar ýaly üýşüp ýatan wagt barmy. Özlerem haýran galaýmaly, ed-dil biziň işigimiziň agzynda oturyp gürleşýäler. Kölgeli ýer, salkynyrak ýer diýýändirler-dä. Myhman-meduwan geläýmese, olaryň gürrüňem gutarmaz, gybatam. Onsoň, men gel şulaň ýekeje günki gürrüňini bir diňläýin diýäge-de, eýwanymdan magnitafonyň mikrofonyny olara bakan çykaryp goýdum-da, işe ugradym. Özem hemişekim ýaly olaryň deňinden salamlaşyp geçip gitdim. Işden gelibem, magnitofony öçürdim. Lenta dolupdyr, näme diýseňem olaryň gürrüňiniň arasy kesilendir, ýogsam olar hiç mahalam bir lenta laýyklyklap gürleşenoklar-a. Sizem diňlejekmi, geliň üýşüp diňläliň. Şonda gyzykly bolar. Onda men magnitafonyň nurbatyny towlaýan. - Salam goňşular. - Salam, salam, gurgunmysyňyz, sag-aman ördüňizmi? - Şükür. - Özüňizem, sag-salamatmy? - Taňryýalkasyn, oňuşmazça däl. Tyrk-tyrk… - Goňşy diýýän-ä şu goňşam uly ýakabagy daňynyp, goltugynda papka göterinen bolup, uly bir ýerde işleýär öýdýän. - Uly iş nämişlesin, uly işde işlese ony maşyn gatnadardy, bu-la işine-de pyýada gidip-gelýä, köne bir maşynam bar, tüssesi on ädim bäriden gözüňi gamaşdyrýa, içinde oturaňda dagy tä barynçaň kelemäňi öwrüp barmaly, könäňem waragy, düýnem uly ogly nirädir bir ýerik süýräp äkitdi. - Aý, näme diýseňem şular ýöne-möne adamlar däl-how, waragam bolsa maşynlaram bar, tilpunlaram, kömelek ýaly ahtenalaram bar, nirelerdir bir ýerde daçalaram barmyşyn. -Öýleri-hä on ýyldan bäri abatlanana meňzänok, diwarlaram zer-zaýa. Kim bilýä, göz üçin beşertmeýän bolsalar. - Beýle däl bolaýmasyn. Aýaly tam süpüriji bolup işleýär, görgüli kesel halyna köçe süpürýä. Şolam keýpine işlemez, çagalary köp, ýetirinip bilýän däldir. - Şu gezek rugsadynda, äri bilen kurorta-ha gitjekmişin. - Artyp, illeňki şeýle bolaýýar. A sen ogluň bilen oňuşýaňmy, şo bir bolşudyr-la, ol düzelmez, düzelmejegini men saňa aýtdym-a. - Iýeňde öküziň iýeni ýaly iýip, göläniň ýerinde ýatsaň, boljagyň şudur diýýän men oňa. - Ýogsam näme, miweli agajy yralamasaň miwesiniň döküljek gümany barmy? - Ogly eklän tanar, aty saklan diýip men munuň gulagyny kamata getirýän-how. Muňa hiç ar bolanok. Özüňi är bilseň, özgäni şir bil diýýän. Dostuň tuduny kes welin duşmanyň erigini kesäýmegin diýip tabşyrýän. Öňem içi ýananyň biri günüm üçin günimiň oglanyny allalaryn diýmänmi. Bolmanda-da bägül solandan soň, onuň ysam uçýandyr. Eklenip bilmeseň, aýal al diýýän. O näme diýýä? - Omy? Aňňyrmak ýakymly bolsady, eşekden gymmatly haýwan bolmazdy diýýä. - Ýeri, bu dara-direlikde onuň diline eşekli gürrüň nireden geldi diýsene. Ýa-da onuň seni eşege meňzetdigimikä? Toba, tob-eý, daş edewersin, ene diýmegiň özi perzendiň dilindäki we ýüregindäki hudaýyň ady bolmaly, onsoň bi onuň hudaýa dil ýetirdigi dälmikä, gyz?! Çagam ýok diýip ýörün welin, şular ýaly çagaň dogandan dogmany kem dälmikän diýýän. - Bilmedim-dä, gyz, çagaly gowumy çagasyz. Ýöne her sözi-hä bir ýerden gelýä, ýogsam, syçana ölüm, pişige gülkili-hä anykla gyz. Men-ä o samsygy öýeribem bir göreýin diýýýädim, olam boljak däl öýdýän, meniň saýlan, salgysyny beren gyzlarymyň hersine bir at dakyp çykdy. Boýy kelte ýa uzyn, çişik, geplemsek, dymma, gözleri çaşy, aý, garaz bir zadyny atyp galýar. Ho-ol, gaýraky Jemalyň gyzy bardyr-la, ata-enesem gyzyl ýaly adamlar, gyzlaram gowy, ellerinden dür dökülýä. Tikin-çatyn bolsun, haly dokamak bolsun, onuň golun gowşuryp duran wagtyny görmersiň. Şoňa-da bir zatlar diýdi-dä. - Näme diýdi? - Neme diýdi, wah şumadam dilimiň ujundady, hä, hä, ýadyma düşdi. ˝Seniň diýýän gyzyň ýylgyranda siňňin synlap bir gör eje, hakyt agzy bir gapdala gyşarýan ýaly˝ diýdi. Eý, toba, hakyt biriniň gül ýaly çagasyna nähak töhmet atýa. Muňkam öňde bir düýäniň öz boýnunyň egriligini bilmän, ýylana egri diýerine barýar. Saňa durmuşa çykan gyzyň gününe it aglar diýýän. - Hawa-da, itiň boýnundan göwher daksaň, item aglarmyş, göwherem diýilmänmi? Bolsa-da ogul-a ýetişdirip bilipsiň. Sen ony golaýdan öýerjek bolup azar edinme, ýene kösenjek özüňsiň. Aýaly daşdan al, ekin meýdanyny golaýdan al diýilýändir. - Könelerimiz ˝Ilki gyzyňy çykar, soňra ogluňy öýer˝ diýendir. Gyzymy çykaranyma telim ýyl geçdi. Şunymy bir öýerip bilsemdim, başyma gelenini çekibermeli borun-da. Bolmanda-da aýak eýesi nirä gitmek islese, olam şol tarapa gidýändir. Gelen gelniň bilen gelin, ogluň bilen ogul ýaly bolmagam başarmak gerek. Agzyňa gelenini aýdyberseň, öýde gelinem oturmaz, gyzam. Dil süňksüz hem bolsa, süňkleri owradýar ahyryn. - Beýdip özüňi horlap ýörenden sen ogluň bilen egri oturyp, dogry gürleşseň bolmaýamy, arpanyň dänesi bolandan, bugdaýyň samany bol diýseň bolmaýamy. Daýyň begi bolandan, ataň guly bol diýseň bolmaýamy. Tütün töňňeden çykar diýleni çyn bol-dow. - Tütün diýeňde ýadyma düşdi, gyz. Ähli tütünem bir tünündir welin, ala-böle samanyň tütüni adam öldürermişin diýýärler, şol dogrumyka? Munuň soraýan zadyny. On-a bilmedim welin, ýöne kyrk ýyl gyran gelse-de, ajaly ýeten ölermişin diýib-ä eşidipdim. - Wah, oňa bu zatlary diýe-diýe agzymdan tüý çykdy. Menem oňa köne dostlaryňdan ýüz öwürme, köne dost – eýerli atdyr diýýän. Olary täzelejek bolma diýibem tabşyrýan. Oňa-da gulak gabardanok. Gaýta itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende birigýändir diýýä. Birigende näme, öňýetende bergisi bar, jübünde it uwlaýar. - Algyly bergiliniň itidir. - Şeýle diýsem näme diýýär diýsene, item arryklygyn gurda bildirmez diýýä. Derman üçin iýseň itiň etem halaldyr diýýä. Aç it arryk itiň guýrugyny ýalar diýýä. - Eý, toba, haýsy ýandan barsaň-da, jogaby taýyn dur. Senem gyz bagtyňdan gör, seniň onyň düzederden ötüşipdir. Siňegem öl ýere gonýandyr. - Hawa-la, siňegiň öl ýere gonýanynam, kädiniň boýny bolsa-da, hünji-monjuk asylmaýanynam men bilýän. Oglum bilenok, asla biljegem bolanok. Bar bilýäni gezmek, myhmançylykda öýme-öý aýlanyp ýörmek. - Ol gowy pişe-hä däl, gyz. Heý-de myhmançylykda bolubam, günüňi ötürip bolarmy, gyz? Öňem bir dana kişi ˝Her gün säher öýüňden örmekden başga uly bagt bar diýseler men ynanmaryn˝ diýipdir-ä. Onsoňam, myhman birinji gün – gyzyl, ikinji gün – kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis bolýandyr. - Üç günden artyk myhmançylyga barmamam bolmaz, myhman kabul etmämem. Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün diýilýändir. Ol şuny bir bilmeli ahyryn. Dördünji günden soň gaýtmasa, ol myhmanyň öňünde sowuk nan bilen sogan, bolmasa gyzgyn nan bilen garpyz goýaýmalydyr. Nädersiň, derrew gaýtmak bilen boluberse. -Bä, seniň bu sözüňi-hä hakyt bir düwüne daňyp goýaýmaly eken-ow. Halanmadyk myhmana agşam ýatanda ýumurtga ber, bolmasa gawun iýdir, basym bellisi bolar diýib-ä eşidipdim. - Gawun iýseň säher iý, säher iýmeseň zäher iý. Bizden öň aýdylmadyk zat galmandyr ahyryn. Iň ýamanam şumada çenli munuň belli bir tutan işi, käri ýok, elinden gelýän zat ýok. Gürletseň welin eýderin, beýderin, tütjar baý bolaryn, şonda meni tanamarsyňyzam diýýä. - Wah-wah-eý, dilem bir öl ýere biten zat-da, bylara gury öwün diýseň, agzynda aş gatyklamaga ökde, dilden gelen elden gelse, bar gedaýlar baý bolardy diýseň bolmaýamy? - Wah, diýýän-le, ýok ýerinden bolsady ekýä bi, atasyna çekipdir, pahyr tä ölinçä bir ýerden ummasyz pul düşjek di-ýi-pler geçdi. Şonyň-a pulunam görmedik, gaýta… Ynha, okyjylam, goňşularymyň gürrüňi-hä eşitdiňiz, armaň onuň arasy ne bir gyzykly ýerinde kesildi oturyberdi. Zyýany ýok, men ertir lentanyň ha-a-s uluragyny satyn alaryn. Onsoň biz jem bolup, olaryň ertirki gürrüňlerinem dolulygyna diňläris. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |