22:51 Dogduk depe / hekaýa | |
DOGDUK DEPE
Hekaýalar
Bu mahal ýolagçy ulagy asfalt ýoly külterläp, daglaryň arasyna siňipdi. Öňki oturgyçlaryň birinde jaýlaşykly oturan ýaşuly bu ýerlere ilkinji gezek gelen adamyň bolşy ýaly töweregi geňgalyjylyk bilen synlap gelýärdi. Jardan akýan suwlaram ho-ol gaýalarda ornan käkiliklerdir olaryň birenaýy jükgüldileri hem onuň ünsünden düşmeýärdi. Ulag gelip uly obany ikä bölen ýoluň çatrygynaýetende saklandy. Ulagdan düşenler möý pytran ýaly her kim bir tarapa duw-dagyn boldy. Ulagdan iň soňky bolup düşen uzyndan agajet, ýaşy segseni sermeläp ýören ýany agyr goşly bir ýaşuly welin uzak wagtlap başky duran ýerinden hiç ýana butnaman durşuna uludan gerindi-de, obanyň hoştap howasyny işdämenlik bilen demine dartdy. Birsalymdansürüji ýigidiň gözleri henizem töweregine garanjaklap duran bu ýaşula kaklyşdy: - Ýaşuly, siz birine garaşýaňyzmy? Garşylan bolmady welin, belki myhmanyň geljeginden habarsyz galandyrlar!?—diýip sorady. Ýaşuly oňa birbada jogap bermedi. Ýüzüne ýylgyrjaklap garady-da oňaýdy. Sürüji ýigit sowalyny ikinji gezek gaýtalady. - Siz öň bu oba gelip görüpmidiňiz? Ýalňyşmasam, bu ýere siz görme-görşe gelen bolmaly. Ýaşuly şo dem: “Aslynda, men hiç kimiňkä-de gelmedim, görme-görşe-de gelmedim. Öz öýümüze geldim” diýip içini gepletdi. Soňam: - Oglum, obaňyz bütinleý üýtgäpdir eken. Ýogsam, meniňem doglup, önüp-ösen ýerim şu oba bolmaly. Ata-enelerimizem Myratberdi ahunyň gonamçylygynda jaýlanandyr. Şäherde ýaşap ýörenime altmyş ýyl boldy. Walla, ynan, häzir men garry öýmüzi hem tapjak däl. - Garry öýňüz nirede bolmaly? - Ýeke tutda. - Ýeke tutda? Ýeke tud-aobaň gaýrasynda, bu ýerden esli aralyk bar ahyryn. Ýüküňizem agyr. - Oglum, meni şol ýerik eltip bilmezmiň? - Elterin. eltmän näme, münüň ýaşuly! Aýberdi aga ýaňadan ulaga mündi. Sürüji ony ýeke tuduň deňinde düşürdi. - Sag bol, köşek. Ýeke tuda geldim, ol üýtgemändir –diýip, şahalary burum-burum bolup oturan tut agajyna garady.-- Ýogsa-da sen kimlerden borsuň, ýaş ýigit?! Ataň adyna kim diýerler? --Adym Ilaman, Kerim Abdylyň ogly. Atamyň ady Abdyl sopy bolmaly. - Abdyl sopynyň agtygy diýsene. Aslyň halalhon adamlardan ekeniň. Ömrüň uzak bolsun, ýamanlyk ýüzüni görme, taňryýalkasyn. Kerim mugallymam tanaýardym. Ýaş gitdi. Adamyň gowusydy. Mekdep müdirleriniň okuwlarynda-dabileje bolupdyk, bäsleşiklere gatnaşypdyk. Öýmüze-de barardy. Asyl meniň Kerim bilen bile düşen suratlarymam bolmaly. Ilamanyň soranjaňlygy galmady. - Ýaşuly, size kim diýýärler? - Meni hemmeler Aýberdi mugallym diýip tanaýarlar. Sen ýöne Aýberdi aga diýseňem bor. - Aýberdi aga, ýeke tuda-ha geldiňiz, indiki gitjek ýeriňiz nire,sizi kimlere eltmeli. Belki bize bararys. - Oglum, meniň bu obada hiç kimim ýok. Ýöne senmeni gaýgy etme. Ine,şu ýerdäki köneje jaýy görýäňmi? Bu biziň garry öýümiz bolmaly—diýip, köneje jaýy görkezdi. Aslynda bu jaý iki otaglydy. Bir-ä ymykly ýykylybam ugrapdyr. Men mundan beýläkki ömrümi şu toprakdageçirmek üçin geldim.Indi meniňem öz arabamy özüm tigirlemeli döwrüm geldi. - Ýaşamak üçindiýdiňizmi? Şu ýerdemi? Aýberdi aga, bu jaýyňkelle sokarlyk abat ýeriýok, mal ýatagyna-da ýarajak däl. Abatlanyňdan söküp, ony täzeden dikeldeniň müň paý gowy bolmazmy?! - Ýok, oglum, sökmek diýlen zat bolmaz. Häzirlikçe maňa şulam bolar. “Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” diýlendir. Şükür, heniz akyl-huşum ýerinde, gujur-gaýratymam bar. Şäherdäki jaýymy geçen ýerine sataryn. Onuň puly jaýy abatlamaga-da, gapdalyndan täzesini salmaga-da ýeter. Men häzirden işe başlaryn. Aýberdi aga üstki eşiklerini köneleri bilen çalşyryndy. Soňam jaýyň daşynda salnan agyldan çaň basan, gum basan pildir kätmenleri çykaryşdyrdy. Olaryň abadyndan bibady köpdi. Gözleriýerde ýatan sapsyz palta düşdi.Soňam: - Bu palta Süleýmanguly ussanyň bejeren paltasy bolmaly. Agzy ýiteldilip, muňa sap geýdirilse, entek-entekler ulanmak bolar. Ine, bu-da Metjit ussanyň elinden çykan orak bolmaly–diýip, ony Ilamana görkezdi. Aý, garaz eline ilen zady onuň geçmişini ýatlatdy durdy. Bu gurallar üçin Aýberdi aganyň bu iki ägirt ussanyň ýanyna baryp nobat belläni şu günki ýaly ýadynda galypdyr. Ýogsam ondan bäri altmyş ýyldanam köp wagt geçipdi. Ilaman öýlerine gelensoňam aýagy ýer tutmady. ”Ýeke tutda ýaşulynyň bir özüni, ýalňyz özüni galdyryp gaýtdym. Ondan habar tutmazlyga wyjdanym çatmaz” diýip, halys ynjalmady. Tamdyrda çörek ýapyp oturan ejesiniň ýanyna ugrady. Ilamanýeke tudagaýdyp gelensoň bu ýerde bolup geçýän zatlara ynanasy gelmedi. Daşarda iki daşy üst-üste goýup, ojak ýasalypdy. Onda oturdylan tüňçe bolsa lakyr-lakyr edip gaýnap durdy. Aýberdi aga bolsa bilini bek guşap, uzyn taýak bilen ikinji otagdaky möýüň ýasan kereplerini syrmak bilen ber-başagaýdy. Jaýyň beýleki otagynyň üstüni eýýämden açybam ýetişipdi. Ol diýseň iş janly adamdy. - Aýberdi aga, armaweri? - Hä, köşek senmidiň? Bar bol, arym aran zadym ýok. Ýöne işe-hä kän. “Türkmen goşy dura-bara” diýlendir. Birneme wagt gerek. Saňa aýtsam, ýaňy Aşgabada jaň etdim, aýal doganym bilen gürleşdim. Aman-sag oba geldim diýdim. Oba gelip ilkinji tanşan ýigidimem Kerim mugallymyň ogly bolup çykdy diýdim. Olar kakaň pahyry hem gowy tanaýardylar. El telefonynyň gadyry başga bolar eken-ow! Basym, öý-goşlarym gelmeli. Bäşim ýegen getirýärmişin. Onuň ullakan ýük göterýän ulagy bar. “Daýymyň ähli zadyny göçürip äkiderin, arkaýyn bolsun!” diýipdir. Aýberdi aga, Ilamanyň ýanyna geldi. - Oglum, maňa seniňem kömegiň gerek boljak.Obaň elektrigi bilen gürleşseň. Öý-goşlarym gelmezden öň içerde hem daşarda çyra ýanar ýaly etmeli. Bolmasa pelteli çyra nepýag gözlemeli bolar. - Ony gaýgy etmäň. Häzir obaň elektrik ussasyny taparynam, getirerinem. - Berekella. Şol işi bitirseň bolýar. Aýberdi aga, ynha, ejem size gyzgynjak tamdyr çöreginem iberdi. - Taňryýalkasyn. Azara galmaly däl ekeni. Obada çörek dükany hem bar diýdiler-ä. - Hawa, Aýberdi aga, oba dükanynda islän zadyň bar. - Arman obada meniň deň-duşlarymdan hiç kim galmandyr. Menden bäş-üç ýaş kiçi Begmyrat doktor bilen Atageldi doktor bar diýdiler. Elim degse, olary hökman görüp gaýdaryn, oba dolananymy eşitseler-hä ikisem begener. - Aýberdi aga, oba bir özüňiz gelipsiňiz welin çagalaryňyzyň obada ýaşaslary gelenokmy? Aýberdi aga dymdy.Ol uzyn kesewi bilen ojagyň oduny gorjaşdyrmaga durdy. Tas ol ody öçüripdi. Soňam: - “Oguldyr döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy” diýendir Magtymguly atamyz. Haýp, bizde olaryň ikisem ýok. Gelnejeň bilen ömürboýyçagaň arzuwynda gezdik. Çaga welin gözümiz düşmedi.Altmyş ýyllap bile ýaşadyk. Öten ýyl pahyr boldy görgüli. “Men bolmasam seniň günüň hor bolar” diýipdi.Dogry ekeni. “Ýekelik hudaýa ýaraşar” diýipdirler. Halys ýeke galdym. Dogduk obama dolananymam şonuň üçin. Daga daşa gözüm düşse, şildiräp akyp ýatan çeşmeden suw içsem, eşrepi deý howasyndan dem alsam, ýaşlyk ýyllaryma dolanan ýaly bolaryn diýidim. Adamyň ömrüne ömür goýşan zatlaram şular-da!. Bu entek hemmesi däl, oba gelip başga-da bir etsem-goýsamym bar. Belki ol arzuwymyň-da amala aşmagyna ýetişerin. Onsoňam, oglum, halys ýerden ýeke çykanam däldirin, elli ýyllap mekdepde mugallymçylyk etdim.Ýüzlerçe-müňlerçe okuwçylarym bar.Olar meni ýekesiretmedi.Dynç alyşa çykanymdan soňam olar meni idäp-sorap durlar. Höküwmet ýokary pensiýa berýär.Zähmet weterany diýibem hormat-sylaglap dur. Kem zadym ýok. Siz bagtly zamanaň bagtly ýaşlary. Biziň çagalygymyz nälet siňmiş uruş ýyllaryna gabat geldi. Bir garnymyz aç, bir garnymyz dok. Doýa garna ýatan mahallarymyz bolmandy. Bol-elinligi düýşümizde görerdik. Obada bir düzüwli mekdebem ýokdy. Hojamämmet mollanyň at saraýyna ýygnanardyk. Şol ýerde-de bize sapak berlerdi. Gör-ä, dört gatly mekdep binasy alyslardanam seleňläp görünýär. - Az-kem dem-dynç alyň. Çaýyňyzy içiň, birneme garbanyň. Menem Aşyr elektrigigiň ugruna çykaýyn. Bolmaýarmy?—diýip, Ilaman ýerinden turdy. - Şeýt oglum, “Gürrüň süýji—samança ýok güýji”. Aýberdi aga çaý-nahara köp wagtyny sarp etmeli bolmady.Ol derhal garbanyp töwirini galdyrdy. Ilaman Aşyr elektrigi gözläp ýörkä-de, kän oýlandy.Aýberdi aganyň “Oba gelip başga-da bir etsem-goýsamym bar. Belki ol arzuwymyň-da amala aşmagyna ýetişerin” diýen sözleri ony ymykly oýlandyrypdy. “Başga näme sebäp bolup biler? Belki, haýsydyr biriniň çagasyny özüne ogullyk edip almakçydyr. Ýogsa-da, täzeden öýlenmekçi bolýandyr”. Ilaman kellesini näçe döwse-de, ol Aýberdi aganyň ýüregindäki arzuwyny aňlap bilmedi. Ony özünden sorap görmeli diýen netijä geldi. Soramaga welin maý tapmady. Şondan soňAýberdi aganyň işlerem kem-kemden ugrukdy gidiberdi. Halypa mugallymy sarpalap bütin oba onuň töwereginden aýrylmady. Onuň öýi adamsyz bolmady. Wagtal-wagtal mekdebe-de çagyryp elterdiler. Toý-märeke, duşuşyklar Aýberdi agasyz geçmeýärdi. Ony soraglap uzak obalardanam gelýänlerbardy. Aýberdi aganyňka iň köp gatnaýanam Ilaman boldy. Olar ylla ataly-ogul ýaly bolup gatnaşdylar.Bir günem Ilaman Aýberdi aganyň oba gelmegine başga-da bir sebäbiň bolandygyny bilesi geldi. - Dogry, men saňa bu hakda ýaňzydypdym. - Gizlin zatmy? - Ýok-la. Mende il-günden gizlin zat bolmaz. Onda-da, oglum, senden zat gizlemen. Aýtsam, uzak durmuşýolunygeçdim. Durmuşyň ajysynam, süýjüsinem gördüm. Bu zatlary indiki össürimlere ýetirsem diýýän. Dogrusy, men indi bu arzuwyýyllarboýy hyýalymda göterip gelim. Ýöne hiç elim barmady.Indem nesip etse,şol arzuwymy şu ýerde, dogduk obamda amala aşyrmakçy. Öz-ä başladym. Gijelerine basa oturyp iýleýän. Gündizlerine-de wagt tapsam başyna geçýän. Öňünden bir zat aýtmak çetin. Haçan, nä wagt ahyrlajagyny welin bilemok. Düýn neşirýatyň ýolbaşçysy jaň edip, işiň gidişi bilen gyzyklandy. Ol meniň eser ýazýanymdan habarly. Menden beter howlugýar.Aý, onsoňam “Oglan howlugar, tudana wagtgynda bişer” diýilýändir. Plan zat diýip bolmaz. Oňa biraz zaman gerek. Owalam bir horazyň daşyna üýşüp, ondangowy edip bir daňdanky ýalygygyryp bermegini haýyş edenmişinler. Horaz hem “Hemme zadyň öz wagty bar”diýip jogap berenmiş. Şonuň ýaly menem saňa gutarnykly jogap berip bilemok. Ony wagt görkezer. Wagt diýeniňem suw ýaly akyp dur. Ýöne bir zady bilýän. Meniň tijenmegim gerek. Ilaman yzyna dolandy. Özi-de Aýberdi aganyň ýanyndan uly ynam, uly umyt bilen dolandy.Ol Aýberdi aganyň kitap ýazjagynabirjigem şübhelenmedi, oňasabyrsyz garaşdy. Ilamanyň özem kitabyň ölemen aşygydy. Onuň öýünde toplan kitaplaram müňden geçýärdi... Şol gün mekdepde uly dabara boldy. Dabarada Aýberdi aganyň segsen ýaşy bellenilýärdi. Oňa uzak obalardan, paýtagtdan hem köp adamlar gelipdi. Aýberdi aga ortada özi üçin ýörite taýýarlanylyp goýlan kürsä geçip jaýlaşykly oturdy. Çykyp geplän adamlar köp boldy. Olaryň ählisem Aýberdi aganyň adyna iň gowy sözleri aýtdylar. Neşirýatdanam wekil bar eken. Ol Aýberdi agany täze kitabynyň çapdan çykanlygy bilen gutlady hem-de oňa kitabyň buşluk sanyny gowşurdy. Muňa hemmeden beter Ilaman begendi. Aýberdi aganyň elindäki kitaby görüp gözleri jöwherlendi, ony okamaga howlukdy. Şonuň üçinem dabara gutaran dessine, ony hemmeden öň gutlan Ilaman boldy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |