22:11 Goşgular | |
GEÇMIŞIM ŞÖHRATLY, GELJEGIM ÝAGTY
Goşgular
Türkmen ilim toý toýlaýar, bagtyýar, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Ýurdumyz Garaşsyz, Bitarap Diýar, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Akyldardyr danalaryň torç eden, Aýak basan,ýaşan, açyşlar eden, Ösen medeniýetli, berkarar Watan, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Gadym Köneürgenç, beýik minara, Bu şäheri gören galýar haýrana, Geçmiş şöhradyna edip seýrana, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Sen mydama juwan ýaşly, Daşoguz, Toýuňa gelipdir, külli içoguz, Hödür edýär gonaklara çörek-duz, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Daşoguzyň geçmişdäki şöhrady, Dünýä aýan boldy, birdir binýady, Bu gün çagyrýar ol ýakyny-ýady, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Oguz hanyň şöhratyna beslenip, Göroglynyň gaýratyna beslenip, Bagtyýar halkym bar, bilýärin anyk, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. “Döwlet adam üçindir!” şygarym bilen, Dana atam, şahyr Pyragym bilen, Arkadaga ynam-ygrarym bilen, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. Taryhy geçmişim, şäher-galam bar, Bagtyýar durmuşym, säher hem şam bar, Arkadagly ýurdum, hossar-penam bar, Geçmişim şöhratly, geljegim ýagty. ÝAŞASAŇ ÝAŞASYŇ GELÝÄN ZAMANDA Gökde göwün guşum kakýar ganatyn, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Bagtyýarlyk kakýar bagtyň şelpesin, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Bu gün gören gözler Aşgabadymy, Meňzedýär jennetiň aý parçasyna. Kalplar joşa gelip, aýdýas aýdymy, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Aşgabadym göwünleriň seresi, Görki meňzeş gözel mahy-tabana. Bir göreniň ýene geler göresi, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Buýsanjym çäksizdir gözel Diýara, Ülkäm döndi toý-baýramly mekana. Ak mermer Aşgabat gözel, nurana, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Magtymgulyň arzuw-hyýaly deýin, Geliň, gözel şähre, Türkmenistana. Günüm çogly, gör-ä, nurlydyr Aýym, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Bu gün türkmen agaň çüwdi ykbaly, Ýurdum beslenipdir toýa-toýhana. Jahana ýaň salan şöhratly-şanly, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Garaşsyzlyk Diýarymyň kuwwaty, Ýetirendir bu eşretli döwrana. Baky bolsun, egsilmesin şöhraty, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Goýnuň içi seniň jenneti-umman, Ýürekler galkynýar şatlykdan ýaňa, Halkyň bedew batly geljege barýar, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Bagty çüwen halkym Watan goýnunda, Kalby bilen uýýar Arkadag dana, Ýaşaýas Berkarar-bagtyýar günde, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Watan bilen deň urýandyr ýüregmiz, Watan bolup bagtly bakýas çar ýana, Tagzym edip şu topraga, zemine, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTANDA Durmuşy gül açan Watan özgerýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Emeli hemramyz arşa ýol salýar, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Garaşsyzlyk buýsanjydyr halkymyň, Bitaraplyk guwanjydyr halkymyň, Dünýä nurun saçýar, türkmen, ýalkymyň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Asudadyr, şükür, türkmen Diýarym, Gün-günden görk alýar, özgerýär halym, Ylymlydyr oglan-gyzlarmyz, barym, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Geçmişiň şöhratly, geljegiň ýagty, Arkadagly Watan,gül açýar, bagty, Joşgunly her güni, her bir pursaty, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Al-asmanda pasyrdaýan tugum bar, Iline guwanýan bagtly halkym bar, Şöhratyňa guwanmaga hakym bar, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Bagtly ogul-gyzlaň, bagtly eneleň, Döwran süren ýurdy boldy erenleň, Haýran galýar bu gün seni görenler, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Aslyňa aşyk men, aşyk nesliňe, Asly halallykdan gurlan kesbiňe, Arkadagym bilen ümzügmiz öňe, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Lowurdap durandyr Aşgabadymyz, Haýran edýär bu gün bedew badymyz, Äleme ýaýrandyr şan-şöhratymyz, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Aksakgal gojalar paýhas mekdebi, Mähriban eneler nusga edebi, Goý, ýaşasyn türkmen halky ebedi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. Bagtyýarlyk gözbaşynda Arkadag, Ähli işleň öň başynda Arkadag, Şa gadamyň gül yşgynda Arkadag, Ýaşa sen, ýaşa sen, eziz Arkadag, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda. TÜRKMENISTAN - GARAŞSYZ HEM BITARAP Arkadagyň gije-gündiz yhlasy, Eşret-döwran berdi akyl-paýhasy, Guran jennetiniň ýokdur bahasy, Türkmenistan - Garaşsyz hem Bitarap! Goňşa mährin paýlap, uzadýar elin, Öý töründe myhmanyna bar orun, Dost-doganlyk sazy dünýä salýar ýaň, Türkmenistan - Garaşsyz hem Bitarap! Diýarym asuda, ýurdum parahat, Bitaraplyk halkaeçildi şöhrat, Gözellige mahsus kän-kän ymarat, Türkmenistan - Garaşsyz hem Bitarap! Aşgabadym göwün şadyň paýtagty, Köňüllere barýan ýollaryň ýagty, Bagtyýarlyk bagty, ömrümiň bagty, Türkmenistan - Garaşsyz hem Bitarap! Pyragynyň arzuw eden zamany, Agzybirdir halkym, hakyň halany, Arkadagly ýurdum bagy-bossanly, Türkmenistan --Garaşsyz hem Bitarap! Ýurt - asuda, ilim rahat, ülkäm - baý, Dünýä içre hormatym bar, sarpam bar, Watanym - parahat, ilim - bagtyýar, Türkmenistan - Garaşsyz hem Bitarap! WASPYŇ ÝÜREGE SENA Bu gün jennet islän, saňa sygynýar, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Söýüp hem söýülýär, yşga uçraýar, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Sen meniň ýaşlygym, bagtym, çyragym, Senden ylham aldym, ösdüm-ulaldym, Yşka düşen ýerim, şanym-şöhratym, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Sende zähmet çekýäs el berip ele, Goýnuň içi meňzär sähraýy güle, Ömrüme penasyň, penasyň ile, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Çar ýandan doganlar, gelerler myhman, Gören haýran galar, görmedik arman, Mydam açyk, dost-dogana desterhan, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Seň goýnuňda eser ýazdym, döretdim, Älem gowluklarna sende esetdim, Tarypyň wasp edip, bir gez beýgeldim, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. Jana şypalydyr, daňyň-säheriň, Merjenisiň dünýe barça şäheriň, Ýada salyp Arkadagyň eserin, Gözümiň göreji, jan Aşgabadym. TÄZE ÝÜPEK ÝOLY—ARKADAG ÝOLY Ertirime, şu günüme nusgalyk, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Türkmene mahsusdyr öňden hoş-gylyk, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Kerwen geçen, sagyň-soluň ýol-ýoda, Erem bagyn ýada salýar taryhda, Geliň, görüň, synlaň ene toprakda, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Ümmülmez Watanym, jigerim-janym, Töre geçer iň arzyly myhmanym, Türkmenistan - baky şöhratym-şanym, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Demir ýollar, gara ýollar sende bar, Deňiz ýollar, howa ýollar, sende bar, Ähli zada diňe sensiň howandar, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Gözel Diýar baky bagtyň eýesi, Kalplara nur çaýýar çaga gülküsi, Gadym kerwenleriň jaňynyň sesi, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. Ilim toý toýlaýar, giň ýazyp saçak, Dost-dogana sary çuň gerip gujak, Türkmenistan—öçmez mukaddes ojak, Täze Ýüpek ýoly—Arkadag ýoly. TÜRKMENISTAN—BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI Taryha ser salan beýgeler bir gez, Jana-jan Watanym, akyl çyragy. Başyn egip tagzym eder gerçekler, Kerwen geçen, bu mukaddes topragy. Munda çar tarapa uzapdyr ýollar, Howalanyp asyrlardan-asyra. Il oňlasa, atyn soýan ynsanlar, Keşt eýlän Zemine, jümle-jahana. Lebizli-ygrarly halalhon halkym, Uzak ýyllar guran onlarça şäher. Nusaý, Altyndepe, Daňdanakandan, Yklymy aýlanyp, gijemi-säher. Sagatsaýyn öňe galkynýar ülkäm, Türkmenistan--Ýüpek ýoluň ýüregi. Ady arşa dolan dagdandyr arkam, Nura besläp bu giň Älemi-Ýeri. Arzyly Watanym, genji-hazyna, Bu güni abadan, ertiri ajap. Gapymyz açykdyr dünýäň ýüzüne, Il asuda, ýurdum baky Bitarap. Kuwwatlanýan, juwanlaşýan göwnüm bar, Ýaşasaň ýaşasyň gelýän zamanda. Ümmülmez baýlykly, topragym nurdur, Parlaýan Tugum bar dünýäň öňünde. Ertirime, şu günüme nusgadyr, Kerwen bilen asyrlardan aşanlar, Arkadagyň bina eden ýurdunda Oň bolsun, başlanan haýyrly işler. Ülkäm toý toýlaýar, çar-tarap myhman, Garaşsyz Watanym Türkmenistanda, Gadym Ýüpek Ýolun gurýas ýaňadan, Berk binýatly, erem bagly Diýarda. DIÝARDA Şükürim bar, saba säher örenme, Ili aman, binýady berk Diýarda. Bagtyýar men gözlerimiň görenne, Ili aman, binýady berk Diýarda. Garaşsyzlyk—erkinlige atardy, Bitaraplyk-beýik maksatlar tutdy, Mirasy Watanyn özgerden ýurdy, Ili aman, binýady berk Diýarda. Garaşsyzlyk ähli baýramlaň başy, Baky Bitaraplyk göwünleň hoşy, Gonupdyr depäme bir Döwlet guşy, Ili aman, binýady berk Diýarda. Suw damjasy altyn dänä öwrülen, Nurdan topragyň bar zerler öndüren, Ýurdumyz durşuna jennetdir, begen, Ili aman, binýady berk Diýarda. Dana Akyldaryň öňden görmesi, "Ilkinji daýanjym halkym“ diýmesi, Bagty çüwen halkyn çuňdan söýmesi, Ili aman, binýady berk Diýarda. Aziýada oýunlary - Diýarda, Göreşmekde, at çapmakda,ylgawda, Türgenler ulaşar şöhrata-ada, Ili aman, binýady berk Diýarda. Garaşsyz, Bitarap genji-hazynam, Arzyly Watanym ýetilmez synam, Gara başym saňa, goý, bolsun gurban, Ili aman, binýady berk Diýarda. Her günüm sapaly, bagtly ertäm bar, Halkyň ýüreginde berkän Arkam bar, Halkyny söýýäne uly sarpam bar, Ili aman, binýady berk Diýarda. GÖZEL DIÝARYM MENIŇ Dosta gujagyn açýar, Gözel Diýarym meniň. Dünýä nuruny saçýar, Gözel Diýarym meniň. Ulaldym saýasynda, Göterip aýasynda, Çogly Günüň astynda, Gözel Diýarym meniň. Deňiz-derýa munda bar, Çarbagly dag munda bar, Bagta uçranlara ýar, Gözel Diýarym meniň. Sensiz daňlar atylmaz, Sensiz guşlar saýramaz, Seni harlan baýramaz, Gözel Diýarym meniň. Sensiň bagtym-ykrarym, Saňa bagly ykbalym, Dogduk depäm her daýym, Gözel Diýarym meniň. Arkadag paýhasyndan, Kalbymyň owazyndan, Rowaçlanýar gün-günden, Gözel Diýarym meniň. Barýarys bedew batly, Nesillermiz gaýratly, Belent aýdym sungatly, Gazal - Diýarym meniň, Gözel Diýarym meniň. WATAN WASPY Myhmanlydyr törümiz, Bol saçagmyz ýazylgy. Dosta elin uzadýan, Türkmen ilim bagtly. Sagdyn durmuş ýurdumyň, Altyn, genji-känidir. Ruhuňy belent tutmak, Ynsan göwün täjidir. Ak şäherim Aşgabat, Dünýä belli zynatly. Haly, bedew, şaý-sepler... Mukaddes hem gymmatly. Şöhrata baý geçmişim, Şu döwrümiz bagtly. Belent sarpaly ýurduň, Ertiri has-da ýagty. Arkadag saýasynda, Ýurdum ajap, owadan. Türkmenistan Watanym, Gözel, rahat, abadan. TÜRKMENISTAN—ROWAÇLYGYŇ WATANY Durmuşy gül açan Watan özgerýär, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Emeli hemramyz arşa ýol salýar, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Garaşsyzlyk buýsanjydyr halkymyň, Bitaraplyk guwanjydyr halkymyň, Dünýä nurun saçýar, türkmen, ýalkymyň, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Asudadyr, şükür, türkmen Diýarym, Gün-günden görk alýar, özgerýär halym, Ylymlydyr oglan-gyzlarmyz, barym, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Geçmişiň şöhratly, geljegiň ýagty, Arkadagly Watan,gül açýar, bagty, Joşgunly her güni, her bir pursaty, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Al-asmanda pasyrdaýan tugum bar, Iline guwanýan bagtly halkym bar, Şöhratyňa guwanmaga hakym bar, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Bagtly ogul-gyzlaň, bagtly eneleň, Döwran süren ýurdy boldy erenleň, Haýran galýar bu gün seni görenler, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Aslyňa aşyk men, aşyk nesliňe, Asly halallykdan gurlan kesbiňe, Arkadagym bilen barýarys öňe, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Lowurdap durandyr Aşgabadymyz, Haýran edýär bu gün bedew badymyz, Äleme ýaýrandyr şan-şöhratymyz, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Aksakgal gojalar paýhas mekdebi, Mähriban eneler nusga edebi, Goý, ýaşasyn türkmen halky ebedi, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. Bagtyýarlyk gözbaşynda Arkadag, Ähli işleň öň başynda Arkadag, Şa gadamyň gül yşgynda Arkadag, Ýaşa sen, ýaşa sen, eziz Arkadag, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany. GELIŇ GÖRÜŇ, GÜLLEÝÄN GÜL DIÝARY Arkadagyň akyl-paýhas sözünde, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Beýlejennet ýokdur ýeriň ýüzünde, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. Goňşa mährin paýlan uzalar eller, Myhmanyň oruny törde görüler, Toýa bezeg gyz-gelinler, eneler, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. Diýarym asuda, ýurdum parahat, Bitaraplyk halkagetirdi şöhrat, Gözel görke taý ýok--kän-kän ymarat, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. Aşgabadym göwün şadyň paýtagty, Köňüllere barýan ýollaryň ýagty, Bagtyýarlyk bagty, ömrümiň bagty, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. Pyragynyň arzuw eden zamany, Berkarar döwletli, hakyň halany, Dünýä içre barçabagy-bossanly, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. Ýurt - asuda, ilim abat, arkam bar, Dünýä içre hormatym bar, sarpam bar, Kuwwatly Watanyň ili bagtyýar, Geliň görüň, gülleýän gül Diýary. Ata Watan, Eziz Türkmenistany. BAKY BITARAPLYK Türkmenistan ýurdy, bagtyýar Diýar, Bitarap Watanym baky bagtymdyr. Ilim parahatlyk ýolundan barýar, Bitarap Watanym baky bagtymdyr. Bu gün haýran saňa bütin ýer ýüzi, Bu gün seýran saňa Älemiň özi. Tarypa mynasyp dagy hem düzi, Gutly bolsun, Bitaraplyk baýramy. Belentde parlay ýaşyl baýdagym, Waspyny ýetirsin dilde aýdymym, Ýürekdäki köňül sözün aýdaýyn, Bitarap Wasyasnym baky bagtymdyr. Halkym toýa barýar, gadamy batly, Nurana ýollary şöhratly, ýagty. Arkadagym peşgeş berdi bu bagty, Bitarap Watanym baky bagtymdyr. Arkadagyň yhlasyndan beýgelen, Arkadagyň paýhasyndan eýlenen, Alkyş alar il-gününden söýlenen, Bitarap Wasyasnym baky bagtymdyr. Gerçek Ogul geçip döwlet başyna, Külli türkmen ilin jemläp daşyna, Dünýä ýüzi haýran eden işine, Bitarap Watanym baky bagtymdyr. WATANYM Gezip ýörseň, jahan içre, jennet gören mysaly, Türkmenistan—dogduk mekan, jana-janym, Watanym. Bize baky nusgalykdyr, pederleriň ykbaly, Türkmenistan—dogduk mekan, jana-janym, Watanym. Bitaraplyk buýsanjymyz, Garaşsyzlyk şanymyz, Parahatlyk, ynanyşmak, jigerimiz-janymyz, Ilim-günüm bagtyýardyr, arşa ýar şöhradymyz, Türkmenistan—dogduk mekan, jana-janym, Watanym. “Döwlet adam üçindir!” belentdir halk şygary, Türkmenistan - gadymy ýurt, Ýüpek ýoluň ýüregi, Arkalydyr, adyl ýurduň synmaz erki-ygrary, Türkmenistan—dogduk mekan, jana-janym, Watanym. Bu nä gudrat, bu nä jady, göýä erteki ýaly, Hasyl bolar her bir kişiň, etsem-goýsam hyýaly, Dagy-düzi, ymgyr çöli, bagy-bakjaly - bary, Türkmenistan—dogduk mekan, jana-janym, Watanym. | |
|
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |