17:36 Ýazuw stoly / gülküli hekaýa | |
ÝAZUW STOLY
Satiriki hekaýalar
Şol gün meni şäheriň kaşaň teatrlarynyň birinde aktýor bolup işleýän dostum Halnazar teatrda agşamky görkeziljek spektakla tomaşa etmäge çagyrypdy. Özem hökman gelmegimi haýyş etdi. Men onuň çakylygyny kabul etdim. Işden çykan dessime göni teatra bardym. Şo mahallar sagadyň dili ýaňy bir altydan agyberipdi. Oýun sagat ýedide başlanýardy. Heniz daşarda güýmeň-süýmeň edere wagt bardy. Ine, şo mahalam teatryň gabat garşysynda egni gyrmyzy donly, başy gaba telpekli, ak sakaly özüne gelşip duran nurana ýüzli bir goja kişi elini galgap durşuna meni yoluň aňyrky tarapyna çagyrdy. Men ony tanamasam-da, ýoluň pyýada geçilýän ýerinden geçip, onuň bilen salamlaşdym. - Oglum, gurgunjamyň, men bir ýazuw stolyny edindim. Ulag-beýleki tutmaga-da wagtym ýok. Kyn görmeseň, maňa şu stoluň bir ujundan göterişsene? Han-ha, şo-ol ýerik—diýip, ýanynda duran ýazuw stoluny görkezdi. - Bular ýaly işiň meniň ýanymda müşgüli bolmaz, ýaşuly?! Ony ýeke özümem götererin—diýdim-de, stoly egnime ataga-da, onuň öňüne düşdüm. - Berekella. Hydyr ata bolup sataşdyň, menem ýaşkam şeýledim. Hany o günler, hany ýigrim bäşiň bili-kuwwaty? Ýaşulynyň ýaňy maňa elini salgap görkezen aralygy uzak däldi, ädimiňi sanap ýöreseň, ýüz, ýüz elli ädimden köp däldi. Asyl ol ýerden biziň ýaşaýan jaýymyzam açyk-aýdyň görnüp durdy. Ýaşuly ýolboýy gürläp gelýärdi. - Inilerden biri täze jaý edindi, muny men oňa niýetläp aldym. Ozallar bular ýaly mebelleri ýurduň aňry çetinden getirerdiler. Tüweleme, indi ýurduma döneýin, bular ýaly mebeller özümizde öndürilýär. Gör-ä, hiç bir ýurduňkydan peslär ýaly däl. Owadan hem ykjam, hemem haýsy otagyňda goýsaňam gelişmän durjak däl. Bahasam elýeterli. Bu mahal biziň ýöräp barýan ýanýodamyz mähelleden doludy. Stoluň agramy ýokdy, ýöne göwresi uludy. Şonuň üçin deňimden ýöräp barýan adamlara-da bir çeti degýärdi. “Seresap bolsana, oglan!“, “Gözüňe seret!“ diýýänlerem bardy. Men bolsam olara degiremjek bolup, stoly häli-şindi bir egnimden beýleki egnime geçirmeli bolýardym.“Şundan birini menem edinäýmelimä diýýän. Ýogsam, hatymy hem bagrymy ýere berip ýazýaryn“ diýibem oýlanýardym. - Ýaşuly, ine, aýdan ýeriňe geldik, şu ýerde goýaýynmy?—diýdim. Emma meniň sowalyma "hä“ beren bolmady. Men stoly ýerde goýdum-da, yzyma seretdim. Yzymda welin ýaşuly ýok, iki-baka gezmeleşip ýörenlerem nätanyş. Meni gara der basdy. Şol halda ep-esli wagtlap durupdyryn.“Bu nä ahwalat. Ýaşuly nirä ýitirim boldy? Aý, ýok, näme-de bolsa, men oňa garaşaýyn. Men gitsem, ýaşuly meni gözläp hökman şu ýere geler“. Haýp, näçe garaşsamam bu ýere ne ýaşuly geldi, ne-de stola eýe çykan boldy. Ejesiniň elinden tutup duşumdan geçip barýan bir gyzjagaz welin: - Eje, bu daýyny tanaýarmyň?—diýip maňa bakan elini uzatdy. - Ýok, gyzym, ýör, basym bol, oýna gijä galýas. - Ol daýy mekdebimize gelip goşgam okady, gyzykly ertekilerem okap berdi. - Şeýlemi? Olar şeýdibem geçip gutdiler. Olaryň yzýany bilen barýan başga bir oglanjyk kakasyna garap: - Kaka, bu adam ýoluň ortasynda näme işleýär? Stol satýançymy?—diýdi. Aý, garaz, az salymam bolsa, şular ýaly gören-eşiden zatlarym, hyşy-wyşylarym kän boldy. Ýöne men bir zady bilýärdim, howlukmalydym, oýnuň başlanmagyna juda az wagt galypdy. Ine, şo mahalam jübi telefonym jyňňyrdady. Jaň edýän dostum Halnazar eken. Ol meni oýna çagyrýan bolmaly diýdim-de, telefony açdym. Biziň aramyzda şeýle gürrüňler boldy. - Ýer-ow, Batyr dost, neneň ýagdaýlar,ýazuw stoly saňa ýaradymy? - Nämäniň ýazuw stoly? - Ýaňy egniňde göterip barýan stoluň gürrüňini edýän-laý. - Ol meňki däldi, bir ýaşulyňky. Ýöne nirä gürüm-jürüm boldy, bilmedim. Häzirem ony ýol üstünde saklap oturşym, ol henizem gelenok. Oýnuňyza-da ýetişerin öýdemok. - Oýnuň işi haýyr, bu gün görmeseň, ertir görersiň. Ýadyňdamy, sen arada maňa täze jaýa göçeniňi aýdypdyň. Onsoň menem täze jaýyňy gutlap näme alsamkam diýip ýördüm. Döredijilik bilen meşgullanýan adam üçin ýazuw stolundan gowy sowgat bolmaz diýdim. Ýazýan eserleriňi okaýan, höwri köp bolsun. Saňa aýtsam, häzirki görkeziljek oýunda men ýaşuly bir adamyň keşbinde çykyş etmeli. Şonuň üçin men sagat bäşlere geýindim, seniň ýanyňa-da şol geýim-gejim bilen barmaly boldum. Hawa, hawa, o "ýaşuly“ mendim. Sen-ä tanamadyň, menem saňa özümi tanatmadym. Oýun başlaýmasyn diýibem derhal yzyma dolanmaly boldum. Indi düşnükli boldumy? Eger düşünen bolsaň, şol ýazuw stoly seniňki, ol menden saňa sowgat. Gutly bolsun! Indem garaşyp oturma-da stol-a eýe çyk, çagalaryňa-da menden salam aýt! Şondan soň telefon guguldysy kesildi. Men bu bolýan zatlara haýran bolup galypdyryn. Hatda dostum Halnazara sowgady üçin sag bolsun aýtmalydyrynam öýtmändirin. Men şondan kän eglenmedim,sowgat berlen stoly egnime atdym-da, öýümi nazarlap ýola düşdüm. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |