07:51 Şaplaşyp dur, ýöne... / gülküli hekaýa | |
ŞAPLAŞYP DUR, ÝÖNE...
Satiriki hekaýalar
Ogullarym doglan günüme gabatlap dükandan täzeje bir ulag satyn alyp getirdiler. Özem ap ak, reňki dagy gözüň ýagyny iýip barýar. Aýal halkynyň üşükli bolýar diýleni çyn eken. Men turyançam, keýwany eýýämden üstüne un sepibem, ruluna alaja dakybam ýetişipdir. Indem göz degmesin diýip, üzärlik tütetmegiň aladasyny edip ýör. Talyp agtygym bolsa ulagyň ýanyndan aýrylmady: - Ata, ulag gutly bolsun, Ulagyň-a ulag jan eken welin, toýda mün! - diýdi. - Sag bol oglum, munça bolanyna görä, şuňa 19-53 sanly döwlet belgisem bolaýsa!—diýdim. Ol munuň sebäbinem soramady. Ýüzüniň ugruna: - Onuň gürrüňi bolmaz, ata. Ertire çykaly, özümjik alyp gaýdaryn. Onsoňam, onuň ýaly çylşyrymly belgilere sizden başga höwes edýänem ýok--diýdi. Men bu işiň aňsat çözüljegine öz ýanymdan az begenmedim. Bu gürrüň şu ýerde galyberdi. Aslynda men onuň sebäbini agtygyma aýtmalydym, aýtmadym. Dogruda, egindeşlerim Oraztagandyr Myradam ulaglaryna doglan ýyllaryny aňladýan döwlet belgilerini dakyşdyryp sürüp ýörler-ä. Biziň olardan nämämiz kem. Ynha, agtygymam beren sözünde tapyldy. Has dogrusy, şol günüň ertesi öýe eli döwlet belgili geldi. Maňa-da görkezmejek bolup arkasynda bukýar. Ýüz-gözem ýyrş-ýyrş edip dur. Atasyny begendirjegi çyny bolmaly. - Neneň, oglum, gurtmy tilki?—diýdim. Meniň bu sözüme ne keýwany düşdi, ne-de ogullarym. Agtygym welin: - Gurtdyryn ata!—diýip, ýylgyrdy-da, hemmeleriň öňünde täze getiren belgilerini ulagyň öňüne-yzyna dakyşdyrmaga durdy. Men belgilere seredip, ylla tok uran ýaly doňup galypdyryn. 18-53. Gözlerime ynanman, äýnek dakyp, ine-gana seretdim. Dogrudanam, 18-53 eken. Men şol aljyraňňylygym bilen: - Oglum, hany biz seniň bilen on dokuzlygy gürleşipdig-ä!—diýdim. Agtygymyň bolsa aşygy alçy gopan ýaly: - Ata, sen nädýäň-aý, muny. Täze ulaga bir san uly boldy näme, kiçi boldy. Gaýta 18-lik 19-lykdan has gowy gelişdi, seret, edil şaplaşyp dur! —diýdi. - Dogrudanam, on sekizlik gowy gelişdi, oglum, şaplaşyp dur! – diýip, agtygymyň sözlerini gaýtaladym. Syr bermedim, ýöne, ynanaýyň, bu maňa aýratyn täsir etdi, göýä şo pille özümi altmyş ýaşly adam däl-de, ýüz altmyş ýaşly gojalan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |