19:19 Ekinçi eşek / satiriki hekaýa | |
EKINÇI EŞEK
Satiriki hekaýalar
Hapyz aga has-has edip, eşek ýençýärdi. Agaja pugta daňlan biçäre haýwan her gezek taýak aşak inende, onuň badyny gowşatjak bolup, biline ýaý berýärdi. Eşegiň üst aşyry paýhynlanan üzüme, hyýar peline, pomidora gözi düşende ýaşuly taýagyň badyny has-da güýçlendirýärdi... hemem ýetişip bildiginden ýüzüniň derini sylýardy. Eşek her näçe jyrtlasa-da, taýak jaýdar degýärdi. — Hass, seniň bir eş-şek... — Arma how, byradar — diýip, oba mugallymy Durdyguly ýuwaşlyk bilen gelip, Hapyz aga salam berdi. Durdyguly Hapyz aganyñ duşdaşy hem gürründeşidi. Ýöne mugallym häzir biwagt gelipdi. Çünki Hapyz aga gaty işlidi, ol eşek ýençýärdi. Durdyguly paýhynlanan ekini görüp, eşegiň nähak ýenjilmeýändigini bildi. Emma içini ýakaýyn diýen ýaly başga köçeden gopdy. — Ýäk, byradar, bikär bolmasan-aý. Heý, eşegi ýenjip toba getirip bilermiň? Gury janyňy ýakanyň galar. Bu gezegem Hapyz agadan jogap bolmady. Onsoň mugallym eşekler hakda umumy pikir öwürdi-de: — Skladçymyzam-a ýene-de gapjapdyrlar — diýip, göýä ýeke özi küşt oýnaýan ýaly, özbaşyna gürledi.— Öňem ol maňlaýy gaty iki sapar dagy oturyp gelipdem-le. Her gezek gelende sadakajyk--beýlekem eden bolardy. «Indiberi tutulmaýyn-da hernä» diýer özem. «Indi beri ogurlamaýyn» diýýen däldir-dä, elbetde. Soň ýene-de tutulaýardy görgüsi ýaman. Bu gürruň Hapyz aganyň gulagyna çalarak ilen bolarly. Ynha ol az-kem demini dürsedi. Şonda häzir gerşinde taýak döwülen eşegiň ilkinji gezek ekine düşüşi ýadyna düşdi. Eşek ekinçidi. Ol telim gezek Hapyz aganyň ekinine düşüp, ony halys edipdi. Ekiniň daşy berk simlidirem weli, nädip girenini bilmersiň, bir görseň, ekini paýhynlap ýörendir. Birinji gezek Hapyz aga ony çalak-çulak awundyryp goýberipdi. — Birinji ýola oturyp gelip sadakajyk edende oba ýaşululary oňa: «Gutdy, senem indi päk zähmet çek» diýipdilerem. «Aý, hawa, indi beri tutulmaýyn-da hernä» diýse-de, petigara, soň ikinji gezegem ele düşüpdi — diýip, mugallym ýenjilip duran eşege seredip oturyşyna sözüni dowam edýärdi. Ikinji gezek ekine düşende Hapyz aga ol eşegi üç gün aç saklapdy. Soňam ony suwasalma ýenjipdi. — Bar, özi jähennem diýeli. Jezasyny çekýärem. Emma bolýa--bolýa çul çagalaryna bolýa. Neressejiklere kakalarynyň etmişi ýetimlikden beter degýär. Gutda welin toba ýok-da. Ikinji gezek gelip, sadakajyk edende-de: «Indiberi tutulmaýyn-da hernä» diýip, şol bir öňki heňi-dä, netikazanyň. Hol-ha, indi ýene tutulypdyr — diýip, Durdyguly göwni bir ýaly, öz gürrüňiniň hözirini özi görup otyrdy. Ahyry ýüregi ýag ýaly bolandyr-da, Hapyz aga ýaňky ekinçi eşegi boşadyp goýberdi. Eşek biçäre zut gitdi. — Hol-ha, şol eşegem seň Gutdyň ýaly-da. Agzynyň tagam tapan zadyndan öljegini bilse-de aýrylanok — diýip, Hapyz aga aýtdy. Soňam gahary ýatyşyp — Gurgunçylykmy, Durdyguly. — diýdi. Soň ondan-mundan gep urup, gürrüňe gyzanlaryny özlerem duýmadylar. Bir çen bolansoň, sakgaldaşlar ýerlerinden turup öýlerine ýönelenlerinde, Hapyz aganyň gözleri ekinçi eşege düşdi. Asyl ol ýene-de ekiniň içinde bolsa nätjek. Ýaşulynyň on iki suňňi lagşap gitdi. Jany ýandy. Sandyrap durşuna: — Haý, haramzada! Senem indi Gutdyň ýanyna iberäýmesek, alaç boljak däl öýdýän! — diýip, lampa aşak oturyberdi. Bapba GÖKLEÑ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |