12:07 Elden gider | |
ELDEN GIDER
Goşgular
Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider, Nury didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider; Aýyp kylmañ, eý ýaranlar, namydar elden gider, Gözlerimniñ röwşeni, bikarar elden gider. Serimni söwdaga salgan serwime arzym aýdaýyn. Semender deý sargaryp, ataş şerabyn dadaýyn, Dostlarym, deñ-duşlarym duşman bolupdyr nädeýin, Şol sebäpden aglaýyr men näzli ýar elden gider. Gözlerim görmez diýip göwnüme getirmedim, Sagdyýu, Seýpelmelekniñ yzyny ýitirmedim, Sarnaýyp şamu-säherler, illeri ýatyrmadym, Neýleýin, sabrym bilen hem karar elden gider, Men oña sadka bolaý hem dahy çopany, guly, Agyr märeke era üm bilen düşir dili, Onub ysy müşki-anbar, istemes men her güli, Engury, injiri, hurma, alma-nar elden gider. Bezenip beýge çykanda, begleri berbat kylasy, Saglary telbe kylyp, telbeler syçrap galasy, Ele düşüp ekdi bolgan boz keýikniñ balasy, Awçylaryñ awlagy ak maral elden gider. Men bu gün matam tutup, Mätäji goýdum adyma, Perwana dek pyrlanyp, peýker ýanadyr oduma, Her zaman yhlas bilen ismi düşedi ýadyma, Aýralyga döze bilmen, zary-zar elden gider. ■ BILEN BARMY? Eý ýaranlar, halaýyklar, Bu derdimden bilen barmy? Yşkyñ ody ýaman, janlar, Garyp köñlüm alan barmy? Ir düşüpdir gyşyñ, ýazyñ, Sonaly ördekli gazyñ, Hally bilen Aman gyzyñ Obasyndan gelen barmy? Ak ýüzünde haly kiçi, Syýadan garadyr saçy, Şu oturan uly-kiçi, Bu sözümde ýalan barmy? Jerenim awlatdym düzden, Ganly ýaşym akar gözden, Heý habaryñ barmy bizden, Gara bagrym dilen barmy? Gerdeniñde biten güller, Gyldan näzik inçe biller, Bilezikli ap-ak gollar, Dolap goýna salan barmy? Mätäji diýr, boldum geda, Ýar ýolunda janym pida, Ahyrynda berse huda, Söwdügini alan barmy? ■ Yrakda durma* Näzli dilber, bir dilegim bar saña, Aýdaýyn arzymny, yrakda durma; Niçe wagtdan bäri boldum zar saña, Köýüñde köýüp men, köñlümi burma. Aşyk owal çeker jebri-jepany, Ahyrynda görer mähri-wepany, Gutarmagyl gelgen zowky-sapany, Bikär gezip, ömrüñ ýele sowurma. Arzuw eýlär eşdip, görmedik adam, Sen Şiringe manend, men hem Perhadam, Müjgäniñ hanjardyr, gabagyñ badam, Zybanyñ şerbetdir, lebleriñ hurma. Görsem gül ýüzüñni, köñlüm hoş bolur, Ýatganymda, ýar, jemalyñ düýş bolur, Diýsem bimekana, ile paş bolur, Her ýeter-ýetmeze syryñny berme. Gara saçyñ gara dagyñ şamary, Şol sebäpden boldum yşkyñ bimary, Säher turup, ber özüñe timary, Gola hyna ýakyp, gözlere sürme. Bende bolan beg tutanda bir hany, Eýlemezmi ilatynyñ tarhany. Men bolup men şeýle ýoluñ porhany, Perwana dek jismim ýakyp, gowurma. Ger sözlesem, rakyplara tañ bolar, Sözlemesem, gaýta işim teñ bolar, Ýalançyda ýagşy-ýaman geñ bolar Goja Mätäjini goluñdan berme. _________________________ * Mätäjiniñ bu goşgusy Keminäniñ ''Salma gözümden'' şygrynyñ täsiri esasynda ýazylypdyr. | |
|
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |