03:19 Gara göz gelin | |
GARA GÖZ GELIN
Goşgular
![]() Tomaşa eýläp toýlarda görenler ýagşy diýdi, Ýylgyrşyñ janym aldy, gözle, gara göz gelin; Zer-ziwerden bahaly, simu-zerden don geýseñ, Şähdi-şeker dillerden, sözle, gara göz gelin. Özge gyzdan-gelinden, zyýat görner gözüme, A gyz, derdiñden öldüm, indi ynan sözüme, Ähtiýajym ýok senden, haýa gelmez ýüzüme, Meni bir pynhan ýerde gizle, gara göz gelin. Ýigidiñ bil kuwwaty-at-esbaby, ýaragy, Iki aşyk dünýäde bir-biriniñ geregi, Säher tursa golunda şirmaýydan daragy, Şana urup zülpüñe, çözle, gara göz gelin. Eý söwdügim, sallanyp, ýörişiñ bar ýollarda Şemle guşap, al geýip, hub ýaraşar billerde, Seniñ deý näzli dilber, gezsem ýokdur illerde, Hanjar alyp bagrymy, duzla, gara göz gelin. Gulak goýsun sözüme her kimiñki bolsa aryp, Seniñ deý ýok dünýäde, gezdim jahan agtaryp, Mätäji diýr, sen Şasenem, men aşygy kel Garyp, Öñki aşyklar ýolun, yzla, gara göz gelin. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |