17:01 Gözel | |
GÖZEL
Goşgular
Gel köñlümiz açylsyn baga baraly, gözel, Çyg düşen çemenleri ýygyp düýreli, gözel, Ýokarsyndan aýylan, gaşy garaly, gözel, Daşdan gören bir diýsin, golaý ýöräli, gözel, Dünýä bäş gündür, öter, döwran süräli, gözel. Bilgeşleýin gelip men meýhanadan içmäge, Içeñsoñ içe sygman, durdum depder açmaga, Wähm eder men bu jandan, ganatym ýok uçmaga, Daşymyz duşman aldy, kaýda duraly, gözel. Perhatdan bäri boldy, şu daglaryñ diligi, Adyn äşgär eýlemiş ㅡ aşyklaryñ gylygy, Bizi betnam eýleme, birewläniñ läligi, Tokaýlaryñ turajy, akar suwuñ balygy, Saýat boldum yzyñda, çölüñ maraly, gözel. Islegenim sende bar, pakyr bende dilegi, Agzyñ aby imesmi teşne köñlüm suwlagy, Mahal-mahal ýörär sen görmän agy-ýowlagy, Memmeleriñ mazymy, ýa Hytaýyñ tüwlegi, Ýalançy ýel dek öter, ysgap göräli, gözel. Gähi-gähi sallanyp, ýörirsen biziñ sary, Elbet, durmaz ornunda gamgyn köñlüm karary, Selbinýazym, sal bazar, satar sen alma-nary, Diýmegil dag kişä, Mätäji hyrydary, Gadagyna müñ tümen baha guraly, gözel. • MEÑZÄR BAGYÑ GÜLÜNE* Byradarlar, bu gün bir gözel gördüm, Zenehdany meñzär bagyñ gülüne; Görgejin köp boldy ah bilen derdim, Aralaşdym aşyklaryñ ýoluna. Gümanymdyr bag eremniñ perisi, Aýdylmaz waspynyñ müñden birisi, Eý ýaranlar, sözlerimiñ dürüsi, Haýyp, güftar olmaz şirin diline. Sagd-u Seýpelmelek deñizde akar, Aşyk Perhat ala daglarny ýykar, Leýli diýip, Mejnun çöllere çykar, Rowan boldum şolar gezen çölüne. Ýa bilmen howanyñ älem-göşesi, Şasenemiñ çekilendir nijesi, Men bolsaýdym Mazenderan peşesi, Ölsem arman imes gonup gülüne. Görünmez gözüme belentler, pesler, Zerre aýyp ýokdur, tapylmaz kösler, Bäşiç, Ata, Gurban eşidiñ, doslar, Malym sadka bolsun şeýle geline. ''Elip'', med, ''dal''astyn, ''nuna'' howala, ''Käbe'' otur, bolar ''lamdan'' soñ läle, Mätäji diýr, ismi geler kemala, Kätip ýazar galam alyp goluna. • DIŞLERIÑE (Amman-amman) Nägehandan gözüm düşdi Lebiñ bilen dişleriñe; Ýöriberdik, ýürek joşdy, Talwas edip gaşlaryña. Günde görnüşe geleýdim, Ýüzüñden posa alaýdym, Gündiz pikriñ men bolaýdym, Gije girip düýşleriñe. Ilkiagşam içeli şerap, Dalaşaly oýun gurap, Dañdan turup zülpüñ darap, Timar bergin saçlaryña. Jem bolanda gelin-gyzlar, Seniñ tarypyñy sözlär, Eli çeper hünärbazlar, Degmez eden işleriñe. Halaýyk haýran oýnuña, Golum bukawly boýnuña, Mätäjini sal goýnuña, Teññe dakyp döşleriñe. ______________ * Bagşylar bu şygry ''teşnit'' diýip aýdýarlar. | |
|
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |