22:31 Aýperi | |
AÝPERI
Goşgular
Sebäp bilen sataşdyñ, saldyñ nazar, Aýperi, Gamzañ oky ýetişdi, berdiñ azar, Aýperi, Bu jismim köýüp-bişdi, müjgäniñ bagrym deşdi, Bu gün üstüñden düşdi biziñ güzer, Aýperi Gähi-gähi sallanyp, biziñ sary ýörer sen, Şitdeýi-şemle guşak inçe bile orar sen, Asal kimin-garylyp, rowgan kimin erär sen, Istegenim sende bar, dürli bazar, Aýperi. Perwana dek pyrlanyp, çyragyña muştakam, Eswetil-aýn içinde garagyña muştakam, Şirmaýydan ýasalan daragyña muştakam, Ertir-agşam sypasam, zülpüñ uzar, Aýperi. Säher senaga dursa, tüketmez bilbil dilni, Sen bolmasañ neýlär men açylgan bagyñ gülni, Adyñy aýdabilmen, özüñ amanşa gelni. Aýralyga nu janym niçik dözer, Aýperi. Bu hünäre baş goşan şamu-säher oturmaz, Girer-çykar zowzuldar, belli bir iş bitirmez, Ugursyz öýke edip, ýol suduryn ýitirmez, Karkarasyn ykjydyp, özün bezär, Aýperi. Baglarda ýok iýmişler seniñ goýnuñda bitse, Bir köýnekde jaý bolsak, burçak-burçak der gitse, Zerdaly saýasynda Mätäji taryp etse, Galam alyp goluna, kätip ýazar, Aýperi. ■ DILBER Serwim saña sadaga, sallangyn bäri, dilber, Göwsüñ küwhi-Bulgurnyñ, gümanym, gary, dilber, Didaryña muştak men, derdime däri, dilber, Täze ýylyñ nowruzy, pasly-bahary, dilber, Täze açylgan nowgül sen, men hyrydary dilber. Danyşsak hylwat ýerde, dilleriñ ne ajaýyp, Zenehdana dökülgen telleriñ ne ajaýyp, Guçsam inçe biliñden, billeriñ ne ajaýyp, Ary kimin aýrylman, ballaryñ ne ajaýyp, Seniñ mazañy bermez bagyñ engury, dilber. Päkize ýer, per ýassyk salyngan jaý sendedir, Perizada meñzeş sen, perişan muý sendedir, Roýuñ şeýle rewşenli, elbetde, eý sendedir, Jellat deý janym algan, ok bilen ýaý sendedir. Gazap bilen gezeldiñ kemany-tiri, dilber. Hiç rehimiñ gelmezmi men hastaga pylany, Men teşnäni bir gandyr lebiñ suwy biläni, Gahryñ harap eýleýir, salsam demir galany, Jan kastyna saklap sen ýanyñda du ýylany, Ýatyr dalyn ýassanyp, gaýanyñ mary, dilber. Köýüñde köşgi-eýwan salsam, danyşarmu sen? Set müñ kenize soltan kylsam, danyşarmu sen? Garyp kimin gaçgagyñ bolsam, danyşarmu sen? Ýedi ýyldan öwrülip gelsem, danyşarmu sen? Akja bilen Senemiñ mysaly biri, dilber. Aşyklaryñ adaty oýun bilen bazydyr, Öýke-kine etseler, kereşmeýu-näzidir, Bir-birewniñ yzynda ölüp gitse razydyr, Ger gülseñ, gulagyma bilbiliñ owazydyr, Ýüz öwürmen, ýüz kişi çalsa dutary, dilber. Aýdar men hana bir gün, bu arzymny bitirse, Diýinçäm diñläp sözüm, gulak berip otursa, Magşugyny beýebar, birew bazar getirse, Şol mahfel gurlan ýere möwlam bizi ýetirse, Bolsa pulum müñ harwar, goýman bid miri dilber. Günde görküñ görmesem, bolar men däli-beññi, Agýar halky aýdarlar: ''ol pylankes ýel-ýaññy'', Gyzlaryñ gylyklysy, gelinleriñ serheññi, Agzym arzuw eýleýir lagla manend dolaññy, Gara gözüm garaýyr dowam sen sary, dilber. Boýnum burup delmursam, hiç günähim ötülmez, Aýga manend aý peri, adyñ äşgär edilmez, Yklymyñ halypasy, eliñden iş gutulmaz, Meşhur etdiñ äleme dürli hünäri, dilber. Saýyllykda sataşdym, bu söwdaga men ýeser, Serpilmedi serimden, deraz boldy derdeser, ''Elipge'' med goýmaly, ''dalga'' zir, ''nunga'' ziber, ''Käbe'' otur, ''lam-säkin'' ismiñ alsalar habar. Namyñ diýip ýyglasam, eşitgil zary, dilber. Alamylla adamyny, alga salyp atsalar, Märeke era meýdanda belli betnam etseler, Birehneýi-ten kylyp, oýan-buýan iýtseler, Mätäjini, beýewar, Mansur kimin atsalar, Arzym budur: algaý sen, men günäkäri dilber. ■ GYZYÑ Bir bölek näzenin seýle çykypdyr, Gitdi gözüm belli birine gyzyñ. Syýa zülpün zenehdana döküpdir, Baglanypdyr boýnum taryna gyzyñ. Gerdeni tylladyr, tumardyr, bentdir, Ýuka dodaklary nabatdyr, gantdyr, Byradarlar, biliñ, şoña manentdir, Synasy daglaryñ garyna gyzyñ. Aýny bir ahudyr sogup ýörände, Jahyl-jümri jöwlan urar görende, Saçlaryny darap-darap örende, Meñzeýir gaýanyñ maryna gyzyñ. Bu yşkyñ belasy otdan ýamandyr, Çendan-çendan gözläp göwnüm emendir, Kirpikleri okdur, gaşy kemandyr, Nyşan boldum atan tirine gyzyñ. Alsa bir är-goç ýigidiñ bagtydyr, Ol gözelniñ döwran sürer wagtydyr, Ýylgyranda gijelerim ýagtydyr, Seretsem ýüzüniñ nuruna gyzyñ. Gün ýaşansoñ gujagyna gysylsam, Dañ atansoñ dilim-dilim kesilsem, Mansur kimin işiginde asylsam, ''Dat'' diýmen dartylsam daryna gyzyñ. Mätäji diýr, özge bilen bolmanam, Köp ýygylsa, tehosyny almanam, Eý agalar, ölsem-ýitsem bilmenem, Ýetse elim alma, naryna gyzyñ. | |
|
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||