18:26 Emir Temiriň başdan geçirmeleri: Emir Ýahmak | |
EMIR ÝAHMAK
Taryhy makalalar
Şol wagtlar Samarkantda Emir Ýahmak (Maruf emir Ýahmak) atly bir ýetmiş ýaşly emir bardy. Onuň iki sany ogly ýaş wagtynda ölüpdirler. Onuň mirasdüşeri ýokdy. Diňe doganynyň bir ogly bardy. Emir Ýahmak onuňam özüni öldürmeginden çekinýärdi. Emir Ýahmak meniň dädemi tanaýardy. Men oňa: ”Eger Kabul etse men onuň hyzmatyna gireýin” diýip habar iberdim. Emir Ýahmak meni öz ýanyna çagyrdy. Men baranymda ol meni görüp, haýran galdy. — Men Targaýynyň beýle ýaş, gujurly oglunyň bardygyny bilemokdym — diýdi we soň ýene maňa ýüzlendi: —Teýmir, sen name iş başarýaň? Men: — Meniň ýazmakda, okamakda, gylyç urmakda iň güýçli ukybym bardyr. Men siziň diwan işleriňiziň we goşun işleriňiziňem hötdesinden gelerin — diýdim. — Sen edara işlerini ederden ýaş görünýäň. Emma oňa derek men saňa goşun işlerini tabşyraýyn. Men şeýdibem Samarkantda emir Ýahmagyň goşun işlerine seretmegi boýun aldym. Şol wagt men 19 ýaşymdadym. Emir Ýahmagyň goşunynyň başlygy bolan adamyň ady Gullar Kemaldy. Ol bir betgylyk adamdy. Daşyndan seredenimde onuň 50 ýaşdan geçendigini çakladym. Ol emir Ýahmagyň meni goşun başlygy edip iberenini eşideninde birbada meniň ýüzüme garap durdy. Soňam güldi-de, serbazlara garap: — Emir Ýahmak bize wagtymyzy hoş bolup ýatyp-turup geçirer ýaly bir owadan oglan iberipdir — diýdi. Şol sözi eşidenimden men gylyjymy gynyndan çykaryp, oňa batly sesim bilen gygyryp aýtdym: — Men şu gün saňa kimdigimi bildirerin. Seniň bu aýdan sözüň jezasyny başujuňda goýaryn. Dessine Gullar bege garşy hüjüm etdim. Ol howpy duýup, gylyjyny gynyndan çykardy. Men bolsa onuň hereketiniň gowşaklygyndan, eýýäm onuň meniň awumdygyny duýdum. Men gylyjymy onuň çep gerdeninden goýberdim. Meniň gylyjym onuň ýeňsedamaryny kesip, süňke baryp durdy. Gullar Kemal ýere ýykyldy. Onuň gany atylyp akdy. Men gylyjymyň ganyny Gullar begiň eşigine süpürip, soň gynyna saldym. Soňam serbazlara ýüzlendim: — Men Teýmir, özümem Targaýyň ogly. Keş şäherinden. Şu günden başlap men siziň goşun başlygyňyzdyryn. Siz meniň buýruklaryma boýun bolarsyňyz. Kim boýun bolmasa meniň gylyjymdan heläk bolar. Muny eşidende serbazlar diňe biri-biriniň ýüzüne seredişip goýdular. Başga hiç hili gep-söz bolmady. Soň-soňlar şeýle owadan hem takwa oglanlar şunuň ýaly bet niýetden azat bolup, arkaýyn ýaşar ýaly düzgün girizdim. Meniň bu işimden ýekeje-de ýalňyş tapyp bilmezler. Bu yslam şerigatyna daýanýan bir işdir. Meniň bu işde berk durmagymyň sebäbi, görk-görmek, owadanlyk Allanyň bir nygmatydyr. Bu nygmata ters göz, bet niýet bilen garaýan adamlaryň jezasy ölümdir. Ine, şeýle perman çykardym. Meniň bu permanym hökümimiň ýöreýän ýerindäki owadan oglanlara rahat ýaşaýşy bagyş edendir. Gullar Kemaly öldürenimden soň, emir Ýahmak şol gün meni ýanyna çagyrdy. Ol meniň ony name üçin öldürenimden habarly ekeni. O hili nälaýyk, bet niýetli adamlaryň jezasy ölümdir — diýip, ol maňa “Berekella” berdi. Men emire aýtdym: — Seniň goşunyňda tertip-düzgün ýok. Rugsat berseň, bu goşuny tertip-düzgüne getirsem. Emir maňa doly ygtyýar berdi. Men her on serbazy bir topara jemledim. Onuň başlygyna Onbaşy diýip at goýdum. On topary bir ýere jemläp, onuň ýolbaşçysyna Ýüzbaşy diýip at berdim. Ýene on sany ýüzlügi bir ýere jemläp, onuň ýolbaşçysyna Müňbaşy diýip atlandyrdym. Maňa çenli emir Ýahmagyň goşunynda türgenleşik ýokdy. Serbazlaryň işi diňe iýip ýatmak ekeni. Men serbazlaryň sähra çykyp, her gün irden-agşama çenli tälim-türgenleşikde bolup, namazlaryny wagtynda okamaklary barada buýryk berdim. Meniň bu buýrugymyň olara ýaramajakdygyny bilýärdim. Emma iki hepdeden olaryň düzeljekdigini-de duýýardym. Emir Ýahmagyň serbazlary şol günden başlap, sähra gidip, türgenleşik geçip, namazlaryny wagtynda okap başladylar. Biziň şeýdip işläp ýörenimize bir aý töweregi bolupdy. Emir Ýahmagyň raýatlarynyň birnäçesi sähradan Samarkanda gelip, aglap emire arz etdiler. Samarkandyň demirgazygynda ýerleşen garahytaýlylar olaryň üstüne çozup, üç çopanyny öldürip, alty müň goýnuny alyp gidendiklerini habar berdiler. Men şol ogrularyň jezasyny berip, goýunlary yzyna alyp gelmäge döwtalap boldum. Emir Ýahmak: — Eý, Teýmir! Garahytaýlylar hatarly taýpadyr. Olaryň söweşijisiniň sanynyň 20 müňden geçýändigini bilýärmiň? — diýdi. Men: — Men goýunlary olardan alyp getirerin, diňe siz rugsat beriň! — diýdim. Men 200 sany serbazy alyp gaýtjak bolanymda, emir Ýahmak: — Sen 20 müň adamyň garşysyna 200 adam bilen söweşjek bolýarmyň? — diýdi. Men: — Ogrularyň jezasyny berip, goýunlary yzyna almak üçin 200 serbaz ýeterlik — diýdim. Şeýdibem 200 serbaz bilen Samarkantdan çykyp, demirgazyga tarap ugradym. Garahytaýlylar bilen Samarkandyň arasy 20 farsahdy (120 kilometr). Men olaryň bir obasyna baryp, şol obanyň ýaşulularyny çagyrdyp, olara aýtdym: — Men emir Ýahmagyň goşun başlygy. Siziň taýpaňyzdan birtopar adam emiriň alty müň goýnuny alyp, üç çopanyny öldürip gaýdypdyrlar. Men sizden şol goýunlary we ogrulary maňa bermegiňizi isleýärin. Ol ýaşulular: — Garahytaýlylar on bir sany tiredir. Biz ogrularyň haýsy tiredendigini bilmeýäris — diýdiler. — Her taýpada belli ogrular bardyr. Siz şolaryň maňa atlaryny aýdyň, onsoň meniň siziň bilen işim ýok. Olar: — Biz ogrulary tanamaýarys — diýdiler. Men bularyň ýumşak söz bilen öz taýpa ogrularyny satmajagyny bildim. Soň men olara aýtdym: — Bir älham süresi okalýança wagt berýärin. Şoňa çenli ogrularyň atlaryny aýtmasaňyz, men sizi para-para keserin. Olar meniň bu gepime güldüler. Ol ýaşulularyň arasynda gyzyl ýüzli bip murtly daýaw adam bardy. Ol maňa: — Eý, oglan, sen beýle gürlärden ýaşsyň, sabyr et, murtuň meniňki ýaly bolanda şondan soň sözleşersiň — diýdi. Men serbazlaryma bu adamy tutup, açyk meýdana çykarmaga buýruk berdim. Ony ýerde ýatyryp, ýanyndan sowulmagy buýurdym. Olar aýdýşym ýaly etdiler. Beýleki garahytaýly ýaşulular meniň name niýetimiň bardygyny bilmeýärdiler. Men oňa gymyldamaga-da maý bermän, ussadym Semerterhanyň öwredişi ýaly çaltlyk bilen gylyjymy depesinden inderip, kellesini kesip taşladym. Onuň gany boýnundan çüwdürim ýaly atylyp çykdy. Men ynsanyň boýny kesilende ganynyň beýle atylýandygyny görmändim. Men bu görnüşden lezzet aldym. Şol tomaşa garap durşuma beýleki adamlaryň maňa hüjüm edendiklerini duýman galypdyryn. Iň soňky pursatda yza çekilip, gapdalda duran serbazyň gylyjyny hem aldym. Şeýdip iki gylyç bilen bu dört adamyň garşysyna durdum. Kömege geljek bolan serbazlara hem goşulmazlygy duýdurdym. Men iki gylyçly iki el bilen hereket edip ugradym. Men şeýle bir gylyja ussatdym, garşymdakylardan gorkyny duýmazdym. Eger deňeşdirmeli bolsa, bir tikinçi hem iňňesini meniň gylyjym ýaly oýnadyp bilmezdi. Gylyç jansyzdy, emma meniň elimde janlydy. Heniz bir minut geçmänkä olaryň biriniň elini ýaraladym. Beýleki üçüsiniň gözlerinde gorky göründi. Olaryň biri türkçe gürläp, menden aman isledi. Men oňa gylyjyny ýerde goýup gyra çekilmegi tabşyrdym. Ondan soňra beýleki ikisi hem aman diläp, onuň hereketini gaýtaladylar. Serbazlaryma olaryň gylyçlaryny almalydgyny aýtdym. Ol ýaraly we aman dilän üç adama öýe girmeklerini teklip etdim. Ol üç ýoldaşyna ýaralynyň elini daňmaga rugsat berdim. Elini daňandan soň olara bakyp: — Indi meni tanadyňyz. Eger ogrularyň haýsy tiredendigini aýtmasaňyz, sizi öldürjekdigime şek ýokdur — diýdim. Olar: — Biz ogrularyň atlaryny bilemizok, ýöne eşidişimize görä, ogrular “akmerbuç” tiresinden bolmaly — diýdiler. — Ol tiräniň ýolbaşçysynyň ady kim? — Onuň ady Jöwdet Gultu. Men olara: — Sizi girew hökmünde alyp gitjek. Aýdanlaryňyzyň dogrudygy aýan bolansoň azat ederin — diýdim. Şondan soň serbazlaryma ol dördüsini hem atlarynyň ardyna mündürmegi buýurdym. Biz ýola düşdük. Şol ýerde meniň dogumly hereketlerime serbazlarymyň göwnüniň ýetendigini olaryň garaýşyndan syzdym. Biz barmaly ýerimize ertirki ýola düşenimizden, tä ikindinara baryp ýetdik. Men öňümden çykan birinji adamdan soradym: — Jöwdet Gultu nirede? Ol adam maňa elini uzadyp görkezdi. — Şol görnüp duran ak gupbaly öý şonuňkydyr. Men ol tirebaşyny gapyllykda basmak üçin, serbazlaryma çalt herekete geçmegi buýurdym. Onuň öýüne baryp, men atdan düşdüm. Soň ony tanaýan girewdäkileriň birini ýanyma bile alyp, içeri girdim. Öýde çal saçly, takmynan, 60 ýaşlaryndaky bir kişi iki sany ýaş ogly hem aýaly bilen saçak başynda otyrdy. Meniň ýanymdaky bu adamyň şol tirebaşydygyny üm bilen düşündirdi. Men yzdaky serbazlara şol adamy iki ogly bilen tutmaklygy buýurdym. Meniň eger ol ýerde uruşmaly bolsak, sanymyzyň azlygy üçin gyryljakdygymyza gözüm ýetýärdi. Şonuň üçin töwerekdäkiler nämäniň nämedigini aňşyryp ýetişmänkäler, tirebaşyny iki ogly bilen obadan daşa alyp çykdym. Şol gidişimize obadan ýagşy ara açandan soň saklandyk. Men özümi Jöwdet Gulta tanyşdyrdym. Ol: — Meni näme üçin alyp gaýtdyň? Menden name isleýäň?—diýdi. Men: —Seniň tiräň adamlary emir Ýahmagyň üç çopanyny öldürip, alty müň goýnuny alyp gaýdypdyrlar. Men ol goýunlary we şol üç çopanyň ganyny senden talap edýärin — diýdim. Jöwdet Gultu: — Meniň ol işlerden habarym ýok — diýip, özüni bihabar kişi edip görkezjek boldy. Men oňa: — Seniň adamlaryň şunça ýol söküp, Samarkanda gidip, üç çopany öldürip, alty müň goýny sürüp gaýdar-da, ondanam seniň habaryň bolmasa, sen nädip tirebaşy bolýarsyň?! Eger sen alty müň goýny berseň, üç çopanyň hununy töleseň, onda çagalaryňa we öz janyňa rehim edip, ganyňy geçerin. Bolmasa, gözüň alnynda ilki oglanlaryňy öldürip, soňam oz kelläňi göwräňden aýraryn — diýdim. Jöwdet Gultu birbada ümsüm oturdy. Men oňa ýene-de: —Näme üçin seniň ogullaryňy seniň gözüň alnynda öldürjekdigimi bilýärmiň? Sebäbi men şol talaňçylaryň baştutanynyň seniň şu uly ogluňdygyny duýup durun. Eger sen musulman bolup, Gurhan okaýan bolsaň bilýänsiň, şerigatda ol ogrularyň jezasy ölümdir. Olar adamam öldüripdirler. Jöwdet Gultu: — Sen biziň tirämiziň söweşijileriniň sanyny bir bilýärmiň? — diýdi —Diňe biziň öz tirämizdäkileriň sany bäş müňden geçýär. Eger meni, oglanlarymy öldürseň, olar gan almaga aýaga galyp, emir Ýahmagy we seni öldürerler. Men: — Seniň söweşijileriň sany ýüz müňden geçse-de, onuň maňa parhy ýok. Men seni we ogullaryňy öldürerin. Meniň haýbatym ol adama täsir etmedi. Serbazlara onuň uly oglunyň boýnuna tanap salmagy buýurdym. Soňam ony iki tarapa çekmegi tabşyrdym. Olar aýdyşym ýaly etdiler. Onuň ogly şu ýagdaýda el-aýagyny kakyp ýatyrka, Jöwdet Gultu gygyrdy: — Bereýin. Bereýin. Men tanapy çözmegi buýurdym. Emma eýýäm boljak iş bolup, ol oglan ölüpdir. Tanap işini bitiren ekeni. Jöwdet Gultu oglunyň jesedini görüp, aglap başlady. Men gylyjymy gynyndan çykarman, onuň arkasyndan üç gezek dürtdüm. — Eý, aýalsypat adam! Sen beýle ejizläp, ogluň ölenine aglajak bolsaň, näme üçin ogurlyk edýäň? Eger ikinji ogluň diri galmagyny isleýän bolsaň, alty müň goýun bilen üç çopanyň hununy töle. Jöwdet Gultu: — Çopanlaryň hun bahasy näçe? — diýdi. — Allatagala Gurhany Kerimde aýdypdyr. Bir adam bir adamy säwlik bilen öldürse, ýüz düýe tölemeli. Emma bilkastlaýyn öldürse, her adama 300 düýe tölemeli. Seniň adamlaryň çopanlary bilkastlaýyn öldürdi. 900 düýe bilen 6 müň goýny taýýarla. Ol: —Meniň 900 sany düýäm ýok — diýdi. — Onda 900 sany at ber. — Atlar tiredeşlerimiňki. —Şol tiredeşleriň atlaryndan ber. Ol oglunyň we özüniň öljekdigine doly göz ýetirdi. Soň töwerekde gezip ýören bir çopanyny oba ugratdy. Ol şol çopandan eger obadaşlary 6 müň goýun bilen 900 aty getirmeseler, özüniň we oglunyň öldüriljekdigini habar berip goýberdi. Obadaşlary 6 müň goýun bilen 900 aty getirdiler. Olar getirenden soňam men ol Jöwdet Gultu bilen ogluny goýbermedim. Bu ýalňyşlyk boljakdy. Sebäbi onuň adamlary bilen birleşip, meniň üstüme goşun çekjekdigine akylym çatýardy. Soňra men serbazlarymy ikä böldum. 100 sany serbaza goýunlary we atlary berip goýberip, tä olaryň Samarkanda cag-aman barandyklary baradaky habar gelýänçä özüm 100 serbaz bilen bärde galdym. Şol habar gelenden soňra Jöwdet Gultu bilen ogluny boşadyp, 100 serbazym bilen Samarkanda tarap ugradym. Men heniz garahytaýlylaryň ýurdunyň çäginden çykmankam, bir çetde çarwa öýüni gördum. Ol öýde bir gyza gözüm düşdi. Ol biziň geçip baryşymyzy tomaşa edip durdy. Şol pursatda meniň ýagdaýym üýtgäp, ýüregim çalt urup başlady. Biygtyýar Şirazynyň şygry ýadyma düşdi. Seniň yşkyň meň ýüregimden daşa çykmady, Ol asmanyň kazasydyr, onuň üýtgemezligi. Men ol öýüň deňinden geçdim. Soň gaňrylyp yzyma garasam, ol gyz henizem şol duran ýerinden maňa garap durdy. Tä gözden ýitýänçäm, her gezek yzyma gaňrylyp garanymda onuň henizem şol durşunda durandygyny görerdim. Ol gyz gözümden ýitse-de, men ony pikirimden aýryp taşlamagy welin başarmadym. Bir gyzyň garaýşyny undup bilmez ýaly derejä ýeterden men özümi ýokary we güýçli saýýardym. Bu ýagdaýy ýatladygymça öz bolşumdan özüm utanýardym. Özümi gylyç bilen uraýasym gelýärdi. Şeýdip özümiň nebsiň garşysyndaky ejizligimi ýeňmek isleýärdim. Men Samarkanda gelenimden soň tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada emir Ýahmaga doly gürrüň berip, 6 müň goýun bilen 900 sany aty tabşyrdym. Emir Ýahmak meniň eden işime haýran galdy. —Eý, Teýmir, seniň bitirip bilen işiň ýaly işi şeýle bitiren adamy şu ýaşyma çenli göremok — diýip, ol maňa 100 sany aty serpaý berdi. Men ondan birnäçe gün öýe gitmäge rugsat soradym. Emir Ýahmak maňa minnetdarlyk bildirip öýe gitmäge rugsat berdi. Öýe dolananymda ilkinji mugallymym Abdylla Gotbuň ýanyna bardym. Ol meni görüp begendi. — Tüweleme, güýçli, pälwan ýigit bolup ýetişipsiň — diýdi. Men: — Eý, ussat! Seniň bu pälwan diýýän ýigidiň bir çaga çenli-de ýok. Men nebsimiň garşysynda ejiz bolup, şermende bolandygymy, käte munuň üçin özüme gylyç salyp öldüresimiň gelýändigini aýtmaga geldim. — diýdim. Ussat: — Ol name üçin özüňe kast etjek bolýaň? — diýip, sebäbini sorady. Men oňa bolan wakany bolşy ýaly aýdyp berdim. Ol: — Eý, Teýmir! Ol seniň başyňa düşen iş şeýle bir yşkdyr. Ony Allatagala barça juwan oglanlarda-gyzlarda goýandyr. Sebäbi bu olar nikalaşyp, zynadan aýrylyp, Allanyň bendeleri köpeler ýaly niýet bilen edilendir. Eger bu yşk bolmasa, juwanlyk göwni galkynmasa, hiç bir juwan aýal almaz, gyzlaram äre barmaz. Sen hiç wagt ol bolan waka üçin ökünme. Gaýta indi şol gyzy saňa alyp bermeli — diýdi. — Men bu wakany dädeme aýdyp bilmeýärin. — Men bu wakany özüm dädeňe aýdaryn we ol gyzy gudaçylyga baryp, saňa alyp bereris. Şonluk bilen şol gyz meniň nikama girdi. Ol Jahangir, Şyh Omar, Miranşa ogullarymyň enesidir… Men öýlenenimden soňra köşeşip, agraslanandygymy duýdum. Ýüregimiň howlukmasy aýryldy. Şeýle-de emir Ýahmagyň goşunyna ukyply ýolbaşçylyk etmegi başarýardym. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |