14:53 Emir Teýmiriň başdan geçirmeleri: Juwanlyk we uruş tälimi | |
JUWANLYK WE URUŞ TÄLIMI
Taryhy makalalar
Men 16 ýaşyma baranymda ähli deň-duşlarymdan saýlanardym. Olar meniň bilen bäsleşip bilmezdiler. Olaryň atan oklary meniň oklarymyň yzyndan ýetip bilmezdi. Men käwagt ýaýymy asmana tarap çenäp ok atanymda, ol okum gözüň görer çäginden ýitip gidip, soň dolanardy. Men göwräm boýunça beýleki daýaw adamlar ýaly bolmasam-da, ýöne çalasynlykda olardan ötürýärdim. Sebäbi türgenleşik mahaly üç aty ýanba-ýan goýup çapyp, ylgaýan pursatynda ol atdan beýleki ata böküp geçip bilýärdim. Biziň atlarymyza öz meýdanlarymyzda gezýärkä nal gerek däldi. Emma başga ýurtlara gidenimizde welin nal gerek bolýardy. Men bir elim bilen atyň aýagyny saklap, beýleki elim bilen nal kakyp bilýärdim. Bu şeýle seretseň, her kimiň başaryp bilýän ýeňil işi däldi. Türgenleşikde çapyp barýan atyň sag ýa çep gapdalynda onuň göwresi bilen kybapdaş ýatyp bilýärdim. Şol öwrenen usulym soň söweşlerde köp gezek meni ölüm howply oklardan halas edipdi. Elbetde atlarym ölerdi, ýöne men diri galardym. Diňe bir at münmekde däl, suwda ýüzmekde-de has kämilleşdim. Hatda Mawerannahrdan akyp geçýän Jeýhun derýasy ýaz aýlary daşanda, men ondan ýüzüp geçip bilýärdim. Suwda ýüzenimde özümi suwuň akymynyň ugruna goýberip, ondan sag-aman geçerdim. Meniň ýene-de has ussatlyk bilen türgenleşen zadym kement oklamakdy. Başbermezek atlary tutjak bolanymda, bir aty münüp, şonuň üstünde oturan ýerimden kement oklap, beýleki aty tutardym. Men 16 ýaşyma baranymda ylmyň köp ugurlaryndan habarly bolup, köp syrlaryna aň ýetirdim. Diňe lukmançylyk ugry boýunça hiç zat bilemokdym. Oglanlykdan bu ugra höwesim bolmady. Şu mahal ömrümden ýetmiş ýyl geçip barýanam bolsa, men bu ugurdan entegem hiç zat bilemok. 16 ýaşymy dolduranymdan soň dädem meni atamyň mazarynyň başyna alyp gitdi. Atamyň mazarynyň gapdalynda salan kümmedini görkezdi. Ol: —Eý, Teýmir! Biz Joktaýyň neberesindendiris we Nuh aleýhyssalamyň Ýafes diýen oglundan gaýdýan urugydyrys. Birinji biziň ejdadymyzda musulman bolan Keraşendir. Ol Joktaý hanyň giýewisidir. Şonuň üçinem oňa “köreken” diýerdiler. Şol adam biziň neberämize galypdyr. Şol sebäpli bize-de “körekenler” diýilýär. Menden soňra bu at saňa-da galar. Bu ýatan biziň ejdatlarymyzyň hemmesi-de, iman getirip, musulman bolandyrlar. Senem yslam dinine çynyň bilen göwün bermelisiň. Pygamberimiz Muhammediň dininden kämil din ýokdur. Köp dinlerde bu dünýä üns berlipdir, ol dünýä ýok ýaly, köp dinlerde ol dünýä üns berlendir, göýä bu dünýä ýok ýaly, emma yslam dininde iki dünýä hem aýdyň edilýär. Yslam dini iki dünýäniň hem dinidir. Şonuň üçinem Pygamberimiz Muhammediň dininden hiç wagt dänmegin. Bu dine gulluk eden ulamalara, pirlere, döwrüň şahyrlaryna hemişe hormat goýmagy, akyldarlara, alymlara azar bermezligi, metjit, medrese saldyrmagy wesýet edýärin — diýdi. Soňam: — Şu görüp duran dünýäň bir altyn käsedir. Onuň içi durşy bilen ýylan-içýandyr. Şonuň üçin bu käseden diňe zäher damýandyr. Diňe ölenden sön özünden salyh perzent goýup giden adamlara bagtly adamlar diýilýär — diýip, sözüni jemledi. Men şol gün dädeme yslam dininden dänmejekdigime we bu dinde bolan ulamalara hormat goýjakdygyma, güýjümiň ýetdiginden metjit, medrese salyp, malymdan sadaka berjkdigigme söz berdim. Dädem ýene aýtdy: — Eý, Teýmir! Sen on alty ýaşan bolsaň-da, tüweleme, ýigrimi ýaşly ýigidiň gujury ýaly gujuryň we görnüşiň bar. Boýuň uzyn, döşleriň öňe çykyp dur. Edil şu wagt seni öýeräýsem näder? Men : — Edil häzir öýlenmäge höwesim ýok — diýdim. — Ol nähili, şunça gujur-gaýratyň bilen öýlenmäge höwesiň bolmaýşy geň? — Meniň ata, ok-ýaýa, gylyç-galkana bolan höwesim has güýçli. Olar özünden başga zada höwes etmäge ýer goýanok. — Ol zatlaryň höwesi başgadyr, ýöne aýal almagyň hem öz orny bardyr. Ýigit öýlenmelidir. Ýaş wagtyňda önen nesil gowy bolýandyr. Men dädemden bu öýlenmek meselesini bir ýa iki ýyl yza çekmegini haýyş etdim. Sebäbi men ýaraglar bilen iş salyşmakda has kämil derejelere ýetmegi isleýärdim. Naýza urmak, gylyç çapmak, ýaý atmakda has kämilleşmek islegi meni öz günüme goýanokdy. Men adam öýlenenden soňra onuň bedeniniň güyji ejizlär diýip piker edýärdim. Emma soňra bir mesihi alym bilen gürrüňdeş bolanymda şu meselede ýalňyşýandygymy bildim. Öýlenmek adamyň güýjüni azaltman, gaýta güýç berýän ekeni. Meniň 16 ýaşymda başymdan geçiren täsirli wakalarymyň ýene-de biri Samarkanda gidip, Emir Kulal (Mirkulal) bilen duşuşmagymdyr. Ol ylymda iň ýokary dereja yeten pirdi. Onuň köp şägirtleri bardy. Ondan haýyr tapardylar. Men heniz Samarkanda gitmänkäm, ugramazymyň öň ýany ussadym Abdylla Gotb bir nama ýazyp, elime berip: — Şu namany Samarkanda baranyňda Mirkulaly tapyp, eline berersiň. Ol seni gowy garşylar — diýdi. Samarkanda baryp, ýoluň tozanlary aýrylar ýaly hammama girdim. Şondan soňra Mirkulalyň ýanyna baryp, Abdyllanyň namasyny oňa gowşurdym. Mirkulal şol mahallar çen bilen segsen ýaşlaryndady. Onuň uly ak sakaly bardy. Onuň gözlerinde şeýle bir röwşen, mähir bardy welin, bu meni juda haýrana goýdy. Ol Abdylla Gotbyň namasyny okap bolandan soň, meniň ýüzüme ünsli seredip oturdy-da, soňam mejlisiň gyrasynda oturan ýerimden öz ýanyna çagyrdy. — Gel, ýigit, men seni ýakyndan göreýin. Men piriň ýanyna baryp oturdym. Pir: — Men seniň dädeň adyny eşitdim, emma özüni göremok. Abdylla Gotb sen hakda: ”Gurhany Kerimiň hemmesini, ondan başga-da araby-ajamy akyldarlarynyň we şahyrlarynyň goşgularyny-da ýatdan bilýär” diýip ýazypdyr — diýdi-de, maňa soragly garaýyş bilen seretdi. Men: — Hawa, bilýärin — diýip, jogap berdim — Allatagala maňa şeýle bir ýatkeşlik berdi. Eger bir şygry birnäçe gezek ýanymda okasalar, soň ony men ýatdan aýdyp bilýärin. Mirkulal: —Sen Aşykynyň şygyrlaryndan bilýärmiň?—diýip sorady. —Aşyky belli arap şahyrlarynyň biridir. Ýöne men onuň şygyrlaryndan hiç zat bilemok. Men ol şygyrlary okamok. —Näme üçin okamadyň? —Aşyky gazallarynda juwanlyk yşkyndan söz açýar. Men bolsa beýle zatlary halamok. —Sen bir juwan, jahyl oglan halyňa name üçin onuň gazallaryny halaňok. —Gazallar ylmyň syrlaryna aralaşmaly. Emma ol ýere göz, gaş, hal ýaly nämährem zatlary aralaşdyrmaly däl. Men bu goşgulary okamok. Ylmyň syrlaryna bolsa, arassa aralaşmaly. Şondan soňra Mirkulal pir Aşykynyň şygyrlaryndan birirni maňa okap berdi. Ol gazaly okap bolup, soň maňa: —Hany, ýatkeş bolsaň, şu gazaly maňa aýdyp ber. —diýdi. Piriň okan gazaly on bentden ybaratdy. Men ony gaýtalap aýdyp berdim. Şonda piriň ýanynda oturan alymlaryň biri ýerinden turup: —Bu ýigit bu şygry öň okap, ýatlan bolmaly. Sebäbi hemme arap dilini bilýänler Aşykynyň gazallaryny okandyrlar, eşidendirler. Emma men bir arapça gazal bilýän. Ony hiç kim eşidenok. Muny men özüm düzdüm. Eger şu juwan şu gazalam gaýtalap bilse, onda onuň ýatkeşliginiň iň ýokary derejededigi tassyk bolar — diýip, ýedi bentden ybarat gazalyny okap başlady. Okap bolandan soň maňa ýüzlendi: —Eý, juwan, hany oka! Men hemmesini bolşy ýaly gaýtalap berdim. Mejlisde oturanlaryň arasynda dymyşlyk hokum sürdi. Emir Kulal elini meniň kellämiň üstüne goýup, Ýüzüme dykgatly gözledi. Beýlekilere garap: —Men şu juwanyň ýüzünde bir uly nur görýärin. Bu bir derejä ýetjek, mundan öňküler heniz emelde bu derejä ýeten däldirler. Ýöne bu waka çenli meniň ömrüm ýetmez. Emma şu mejlisde oturan adamlar bu juwanyň Teýmir adynyň älemi tutjakdygyny görerler ýa-da eşiderler. —diýdi. Soňam pir hyzmatçy hadymlaryň birine külçe getirmegi tabşyrdy. Ol getirdi. Pir onuň getiren jamynyň içinden ýedi sany külçäni maňa berdi-de: —Obaň Keşe baranyňdan soň, şu külçeleriň her haýsysyndan bir döwüm iýersiň, galanyny saklarsyň. Meniň duýgularymyň maňa habar berşine görä, jahanyň ýedi ýklymy saňa boýun bolar — diýdi. Piriň şu sözleri aýdýan mahaly, Pygamberimiziň hijretinden (Mekgeden Medinä göçen ýylyndan) 750 ýyl geçipdi. Men şol wagt ol piriň öňdengörüjiliginiň hakykata öwrüljekdigine ynanmadym. Soňra Keşe baranymda dädem Mirkulalyň uly pirdigini, onuň ägirt kerematlarynyň bardygyny aýdyp, onuň sargaýşy ýaly sargytlaryny berjaý etmelidigimi tabşyrdy. Men piriň aýdyşy ýaly, her külçeden azajyk iýip, galanyny goýdum. Men indi ýetmiş ýaşap, ol alym piriň öňdengörüjilik bilen aýdan zatlarynyň hemmesine şol wagty doly düşünmändigime göz ýetirdim. Haçan-da bu aýdylanlar, hakykatdanam, iş ýüzünde amal bolanda, piriň öňdengörüjidigine gözüm ýetdi. Ýedi yklym maňa boýun boldy. Men Keşe baranymda dädem gylyç ýaragyny ulanmakda şol döwrüň ussatlarynyň biri bolan Smerterhan diýenini çagyryp, maňa gylyç urşundan tälim bermegi haýyş etdi. Dogry meniň gylyç işletmekden başym çyksa-da, heniz ussadyň tälimini almandym. Semerterhan türgenleşigiň ilkinji güni meniň sag elimi göwräme daňdy. Soňam: — Sen şu wagt bir elli adama meňzeýäň. Ýadyňda bolsun, söweşde duşman gylyçly sag eliňi işden galdyrjak bolup dalaş eder. Ol eliňi naýza ýa-da ýaý oky bilen urup biler. Şonda ýeke eliň bilen gylyç urýan bolsaň, olam hatardan çyksa, seniň ölüden parhyň bolmaz. Şonuň üçin iki eliň bilen gylyç ursaň, edil iki adam ýalysyň — diýdi. Şeýdibem Semerterhan iki elimde-de gylyç urup, ýaý atmaga has kämilleşdirdi. Men belent derejä ýetenimde Semerterhan has garrap, dişleri dökülipdi. Ol hatda naryň dänesini hem çeýnäp bilmezdi. Men şonda onuň maňa eden ýagşylyklaryny ýatlap, galan ömrüni rahatlykda geçirer ýaly ähli gerek zadyny üpjün etdim. Ýaşlygymda ýagşylyk eden ussatlarymy hiç mahal unutmadym. Olara belent derejä ýetenimde rahat ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdim. Ýaşlygymda maňa duşman bolanlara-da belent derejede otyrkam ar almak üçin hiç zat etmedim, degmedim. Allatagala Gurhany Kerimde aýdypdyr: “Ilsin bilsin wel izn, bil izn”. Bu dişiň ýerine diş döwmek, gulak ýerine gulak kesmek barada aýdylan bolsa-da, men ar almak duýgusyny ýeňip geçdim. Sebäbi ol wagt meniň duşmanlarym ejiz haldady. Olar meni görenlerinde özleri öz hallaryndan utanýardylar. Ynsan ejiz wagtynda onuň duşmanlary güýçli görünýär. Emma Allatagala ol adamyň mertebesini beýgeltse, onuň duşmanlary oňa ejiz bolup görünýär. Semerterhan bir ýyllap, meniň sag elimi göwräme daňyp, çep elim bilen gylyç urmagy öwretdi. Edil öňki aýdyşym ýaly ýazmakda tapawudyň bolmaýşy deý, gylyç urmakda-da iki elimiň tapawudy bolmady. Men Osman imperiýasynyň soltany Baýezit Ýyldyrym bilen söweşenimde 66 ýaşymdadym. Meniň goşunym Engurynyň (häzirki Ankaranyň) golaýyna barypdy. Onuň goşuny bilen şol ýerde söweşmeli boldum. Men oňa: ”Gel ikimiz başa-baş söweşeli, kim ýeňse şonuň goşunynyň yeňdigi bolsun” diýip, habar iberdim. Sebäbi men iki elimde ol bolsa, bir elinde gylyç urýardy. Men 66 ýaşymda bolsamam ony ýeňjekdgime ynanýardym. Ýogsam Baýezidiň ýaş hem güýçli wagtydy. Ol başarmady, çekindi. Sebäbi ol meniň bir elimdäki gylyjym bilen garşydaşymy güýmäp, pursat bolanda ikinji elimdäki gylyjym bilen urup bilýändigimi eşidipdi. Meniň ýaşlygymdan at münmegiň, naýza zyňmagyň, ýaý atmagyň iň söýgüli hünärim bolandygyny ýene bir gezek ýatladýaryn. Şol bir wagtda ylymdanam gapyl däldim. Ýaş wagtymda pars dilinde ýazylan iki sany kitap okadym. Ol kitaplaryň biri Jelaletdin Rumynyň “Mesnewi”, beýlekisi şyh Mahmyt Şebsteriniň “Gülşen Razy” atly kitaplarydy. Iki kitabam şygyr bilen ýazylandy. Men “Mesnewini” okap halamadym. Emma “Gülşen Razyny” okanymda gowy gördüm. Sebäbi “Mesnewide” barça mezhepler deň tutulýardy. Onda hiç bir mezhebiň beýleki mezheplerden artykmaçlygy ýokdur diýlipdir. Emma meniň pikirimde we ynanjymda yslam dini ähli dinlerden ýokarydy. Men ony öz dinim bolany üçin däl-de, hakykatyň hatyrasyna aýdýaryn. Men muny deliller arkaly subutam edip bilerdim. Meselem; Musanyň ýa Isanyň dinleriniň şerigatlary bilen deňeşdireniňde yslam şerigatynyň has üstündigi we laýykdygy aýdyň görünýär. Musanyň dininde diňe şu dünýä seredilipdir, beýan edilipdir, göýä, ol dünýä ýok ýaly. Emma Isanyň dininde tersine diňe ol dünýä syn berlipdir, göýä, bu dünýä ýok ýaly. Bulardan tapawutly biziň, ýagny Pygamberimiz Muhammediň yslam dininde iki dünýäde seredilip, seljerme berilipdir. Ýogsam şyh Mahmyt Şebsteri şaýylar mezhebine degişli edip ýazanam bolsa, onuň kitabyny haladym. Hatda şol kitabyň täsirinden, oňa bolan hormatymdan ýaňa Azerbaýjany basyp alanymda, şol kitabyň ýazary Şebsteriniň obasyna kast etmekden özümi sakladym. Sebäbi bu oba “Gülşen Razynyň” ýazarynyň ady dakylan Şebster obasydy. Şebsteriniň ýaşaýjylary men baranymda gorkup, gaçyp gitdiler. Men şonda Şebster obasynyň adamlarynyň gaýdyp gelse, malyna, janyna, aman berjekdigimi aýdyp, jar çekdirdim. Olar Gündogaryň we Günbataryň emiriniň wadasynyň ýalan däldigine ynandylar. Olar geldiler. Men Şebsteriň ýaşaýjylarynyň hemmesini hasaba almaklyga buýruk berdim. Olaryň 15 ýaşdan ýokarysy hasaba alyndy. Meniň adamlarym olaryň aýal-erkek jeminiň 3891 sanydygyny aýtdylar. Men:”Olaryň hersine bäş mysgal altyn beriň!” diýen buýrugy berdim. Şeýlelikde 18505 mysgal altyny Şebsteriniň ilatyna paýladym. Olaram, meniň öz adamlarymam name üçin olara altyn berendigimi bilmeýärdiler. Menem niýetimi olara bildirmedim. Sebäbi ýönekeý, adaty adamlar akyldarlaryň syrlaryna, olaryň ylmyna düşünmekden juda ejizdirler. Şebsteriniň ýaşaýjylary nädyp meniň sylag-hormatyma, haýyr-yhsanyma mynasyp bolandyklaryna haýran galýardylar. Men birinji gezek basyp alan ýurtlarymda eden ýagşy işlerimden şu işimi ýatlaýaryn. Sebäbi “Gülşen Razy” diýen kitap meniň zehinimi açdy. Birentek çözülmedik hikmetleri çözüp berdi. Men 18 ýaşa ýetenimde dädem hojalygyň ähli aladalaryny maňa tabşyrdy. Özi öýde oturyp, Alla ybadat etmäge meşgul boldy. Öňem aýdyşym ýaly, Keş diýen oba ýalyrak, kiçiräk şäherde güni özünden geçip duran hojalykda ýaşaýardyk. Artykmaç mal-mülkümiz ýokdy. Men dädemiň malyny artdyraýyn diýip niýet etdim. Sebäbi şahyr Saadynyň kitaplaryny okap, alan nesihatym: ”Ynsan tä diri mahalynda mal ýygnamaga we ylym öwrenmäge dalaş etmelidir” diýen pikirdi. Çünki nadan adamlar ynsana maly üçin hormat göýýarlar. Emma danalar ynsana ylmy we hünäri üçin hormat goýmagy özlerine wajyp bilýärler. Men atamyň baýlygyny köpeltmek üçin, namedir bir iş etmelidim. Şonuň üçin Mawerannahryň uly adamlarynyň biriniň hyzmatyna girmegi göwnüme düwdüm. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |